10:26 Guýrukly ýyldyz ýaly | |
GUÝRUKLY ÝYLDYZ ÝALY
Oýlanmalar
• Toprak we biz Adam ogly dogulýar, ömür sürýär we ölýär. Ýagny, ötegçi dünýä gelýär-de, geçip gidýär. Yzynda galdyranlary bolsa ýatlama bolup galýar we ýatlama biziñ illerde geçmiş diýilýär. Hamana bärde ownuk başdansowmalyk, ätläp geçmeler bar ýaly. Sebäbini sorar bolsañyz, aslynda geçmiş geçmeýän zat. Sebäp, geçmiş hiç geçenok. Şindiziñ içinde eýle ýa beýle görnüşde ýaşar ýörer. Munuñ iñ aýdyñ yşaraty-da ýatlamalar. Olar hemişe adamda ýaşaýar. Käbirlerini ýatdan çykarsak-da, käbirleri hiç ýatdan çykarylmaýar. Käte olary gürrüñ berýäris, käte-de ýazýarys. Käte ýazýanlaryñ tama edenleriñdir, hyýalyña düwenleriñdir, käte-de geçmişde başdan geçirenleriñdir.... Şol pursat topragyñ gözi sendedir, toprak ýatdan çykarmaýar, toprak bagyşlamaýar, ol hemişe amatly pursadyny peýleýär. Wagt geçer durar, garrarsyñ we ahyrynda topragyñ gujagyna dolarsyñ. Toprak ölümiñ gözi, ol bizi elmydama synlar ýörer. Ahyrynda etjegini eder, berenini yzyna gaýdyp alar, alybam bizi äkider. Toprakdan gelen topraga-da gider. Sorag şu: Geldiñ, ömür sürdüñ, göçdüñ, gitdiñ: a ýöne yzyñda näme goýduñ? • Ýaşlyk we geljek Muny ýaşka hiç kimem ýadyna salmaýar. Ep-esli ýaşandan soñ ýadyña düşýär. Sebäpmi? Çünki indi yzda galan wagt köpelip, öñdäkisi bolsa mazaly azaldy. Hemme zat üstüñe çalt gelýär. Ine, edil şol pursatda-dam adam aladalanyp başlaýar. - Bäý-bä, gelenim ýañy ýalydy, eýýäm gidip barýaryn. Ýöne yzymda näme galdy? Nämüçin geldim, nämüçin gidýärin? Bu ömrüñ näme manysy bar? Barybir öljek bolsam, başda nämüçin doguldym, ikibaşdan doglan bolsam, nämüçin ölýärin? Adam şu soraglara suwutly jogap tapyp bilmese, yzymda näme goýup gidýärin diýip gam çekýär. Ýöne, belki-de, muña biraz gijä galansyñ we salam. Çünki wagt seniñ islemeýän görnüşiñde ylgap barýan keýgiñ şahynda saýalan ýaly zymdyrylyp geçip gitdi, sen bolsa soraglar bilen başa-baş galdyñ. Çapyp barýan aty şol sagatdan soñ duruzmak mümkin däl. Şol pursat nämedir bir zat etmäge-de puryja ýok. Geçdigi bolsun. Sen ony has öñ oýlanmalydyñ. • Garramak... Bu eýýäm garrylyk perdesiniñ göreçlere inen wagtydyr. Garramak... Ah, garramak... Ýanyk sesli ozan Aýdyn "Käşgä, ölüm bolup, garrylyk bolmasady" diýip perýady-pygan tartar stranında. Söýýän aýaly saçynyñ çalaran iki taryny görende "Garrapsyñ" diýýär, olam muña gynanýar. Ýogsam bolmasa, adam ýaşan her ýaşynyñ özüne görä owadanlygy bolýar diýip pikir etmeli. Hiç kim köp ýaşandygy üçin garramaýar. Adamlar ýaşaberse, garrandyrys öýdüp pikir edýär. Ýogsam bolmasa, ýaşamadygyksaýy garralýar. Bärde öñe saýlanýan zat batyrgaýlykdyr, umytdyr, ylhamdyr. Adam batyrgaýlygynyñ derejesinde ýaş, gorkularynyñ derejesinde garrydyr. Ine, şundan soñky iñ uly gorky ölmek däl-de, nämüçin ýaşandygyny bilmän geçip gitmekdir bu pany dünýäden... Hiç hili gymmatlyk döretmän... Jemgyýete, adamzada dyrnagyñ ujy ýalyjak hiç zat goşman... Şonsuzam garramagyñ özi özbaşyna gussaly gutulgysyzlyk. Geçip gidip wagt-a köp, galan wagtam az ýa-da gitdigiçe azalýar, ine, şol wagtam ruhunda gopýan harasat bir ýandan adamy gemrip barýar, bir ýandanam alada-gaýgy ýykyp barýar. Adam islese, islemese oýlanýar. Hernä galan böleginiñ energiýasynyñ azdygyna garamazdan, geçip giden wagtyñ köplügi ep-esli tejribe gazandyrypdyr. Garramak belent dagyñ depesine dyrmaşýan ýalydyr. Dyrmaşdygyñça ýadarsyñ, ýöne dünýägaraýşyñ we gözýetimiñ giñär. Çür depede görnüş başga. Ýaşlykda ýokary energiýa derek tejribäñ az bolsa, indi munuñ tersine bolýar. Durmuş şeýdip deñeçerligini saklaýar. Soñra ölüm gelýär, soñ bosaga, hawa, soñky bosaga ölümdir. Hem "nähili ýaşadyñ, nämüçin ýaşadyñ?" soraglary aýlanyp durar söbügiñi sypdyrman... • Ölüm we ýaşaýyş Gorky adam oglunyñ iñ esasy duýgularynyñ biridir. Gorky adamyñ beýleki birnäçe hereketini formulirleýär. Gorkularyñ içinde iñ ulusy bolsa ölüm gorkusydyr. Ýaşaýyşy eýle ýa beýle görnüşde şekillendirýänem ýaşaýyş däl-de ölümdir, ölüm gorkusydyr. Ähli oýlap tapyşlara, ylymlara, dinlere degişli näme bar bolsa, olaryñ hemmesiniñ kökünde şu duýgy ýatyr. Adamyñ durmuşyny kesgitleýän, durmuş tejribelerine täsirini ýetirýänem (ha parhynda bol, ha bolma) şodur. Başy göge direse-de, adamyñ aýagy ýerden hiç üzülmeýär we toprak ony hemişe özüne dartyp durýar. Şonuñ üçinem "Ölüm topragyñ gözi, toprak hemişe bizi synlap durýar" diýýärin. Şu duýgyny, şu manyny hemme kişi bilýärmi? Hususanam ýaşlar?.. Orson Uells gussa ýükli gojalşan sesi bilen ýaş birine şeýle diýýär: - Men ýaşlygyñ nähili bolýanyny gowy bilýärin. Ýöne sen garrylygyñ nähili bolýanyny bilýän dälsiñ. Tomusdan soñ gyş geler, ýyllar geçer. Senem bir gün garrarsyñ, belki, bir gün senem şu zatlary aýdarsyñ. • Ýaşlyk we ýaşaýyş Ýaş wagtyñ ýaşyña üns berip durañok. Çünki öñüñde görjek günüñ kän. Emma ol günlerem suw ýaly geçip gidensoñ, senem garraýarsyñ. Ýatlar ýaly ýatlamalaryñ bolar. Olary gürrüñ berersiñ. Gürrüñ bermek bilen ondan sapak alynmagyny islärsiñ. Çagalaryña gürrüñ bererdiñ, belki-de, agtyklaryñ okar ýaly ýazar gidersiñ, olaram okar we olaram, belkäm señ ýaly gürrüñ bererler. Belki-de, aýdar ýaly zatlaryñam bolar. Namalara, romanlara girizersiñ. Bir aýdymda dillenersiñ, bir mukamda hiñlenersiñ. Ýa-da içiñi iki setire dökersiñ. Özüñ hakda ýa-da başgalar hakda. Soñra aýlaw tamamlanar. Hem ýene aýlaw dowam eder. Biri gider, biri geler. Biri öler, biri dogular. • Ýazmak ýa-da gürrüñ bermek Diñe ölüm-galym aýlawynda ýer alma yok. Ýazýarkañam, ýaşaýarkañam, okaýarkañam, gürrüñ berýärkäñem bar. Ýazyjylyk etmek üçin başgalaryñam ýerine geçmeli bolýar. Romandaky gahrymanlaryñ duýgularyny, oý-pikirlerini açyp görkezmek üçin "şonuñ özi bolmaly". Munuñ özi okap edinilýän ukyp. Okamak üçinem başganyñ ýerine geçmeli bolýar. Okap durkañ, az salymlygam bolsa özüñiz bolmakdan çykyp, çeper eserdäki gahrymanyñ ýerine geçýärsiñiz, gürrüñ berilýän ýerleri gezýärsiñiz, olar bilen deñine aglap, deñine gülýärsiñiz. Ýazmagyñ okuwy okamakdadyr, emma welin bu okuw biziñ bilýän okuwlarymyza meñzemeýär. Bu okuw uçurym bolunýan okuwlardanam däl. Okumyşlyk we ýazyjylyk çeper edebiýatyñ goşa sütünidir. Edebiýaty üstünde beýgeldýän iki esasy sütün. Medalyñ iki ýüzi ýaly, biri bolmasa, beýlekisi-de bolmaýar. Biri beýlekisiz bolmaýan iki ýüz. • Doglan, ýaşan, ölen ýeriñ Doglan, ýaşan ýeriñem möhüm. Çünki toprak geografiýadyr, geografiýa bolsa ykbaldyr. Ýaşaýan döwrüñem halka ýaly daş-töweregiñi gurşap alandyr. Adam öz ýaşaýan geografiýasyna meñzeýär we ýaşaýan döwrüne örklenen bolýar. Edebiýat bizi bu bendilikden halas edýän güýç... Halas bolmagyñ mümkin däl ýeke-täk hakykaty bar ahyrynda, olam ölümdir... Hemme kişiñ gapysyny deñ kakýan we hemme kişini hökmany suratda deñleşdirýän ölüm. Ölüm näme? Bilýän bir barmy... Çünkiläýin, ölüm ýaşaýyşa dahylly däl. Epikuryñ aýdyşy ýaly: "Ölüm barka men ýok. Men barka ölüm ýok". Toprak ölümiñ gözi ýaly, nirde bolsagam bizi çagyryp durýar... Üstesine, şu adalatsyz durmuşda muny kimdigiñe seretmezden, adam saýlamazdan edýär. Ölümiñ ýaşa sylagy ýok. Jañ bilen, tanyş-biliş bilenem çözüp bolmaýar. Juwanmyñ, garrymyñ... seljerip durmaýar. Ras geldimi, alman gitmeýär. Diýmek, mesele şunda: gideniñden soñ yzyñda näme galýar? • Guýrukly ýyldyz ýaly Nämüçin ortada şunça syr, şunça hikmet, nämüçin şunça gorky bar? Nämälimligiñ döz gelip bolmajak özüneçekijiligi hem-de gaharyñy depäñe çykarýan endişesi!.. Ölüm näme, syry näme, nähili garralýar, hiç kim bilenok. Aýdylýanlaram şobir zatlar. Çünki ölüm ýaşaýyşa dahylly däl. Ölüm barka sen ýok, sen barkañ - ölüm ýok. Ýagny, ölüm ýaşaýyşyñ parçasy däl, ol başga ahwal, başga ýer. Şonda-da gizlin güýç kimin sessizlik bilen ýaşaýşy şol dolandyrýar. Ýöne şuny-da ýatdan çykarmalyñ: ýaşaýşyñ gözelligi ölümdedir. Ölüm bolmasa ýaşaýyş şular ýaly özüneçekiji bolarmydy? Diýmek, ölmek däl-de, ýaşamak möhüm. Möhüm zat seniñ nähili ýaşanlygyñ. Hemmeler bir gün ölmeli, ölmejek adam ýok. Ýöne hemme kişi hakykatda ýaşamaýar. Şonuñ üçin nähili ölenligiñ däl-de, nähili ýaşanlygyñ möhüm bolaýmasyn? Bu dünýäden geçip barýarkañ guýrukly ýyldyz ýaly yzyñda yz galdyryp bilýärmiñ? Munuñ üçin zamana aman berip, günüñi boş geçirme. Professor Ahmet ÖZER, sosiolog, syýasaty öwreniji. @ahmetozer1 ahmet.ozer@toros.edu.tr Penşenbe 28.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |