08:59 Sürgün we Gazagystanda emele gelen diaspora | |
SÜRGÜN we GAZAGYSTANDA EMELE GELEN DIASPORA
Publisistika
Surat professor Ahmet Özeriñ "Watanyny gözleýän halk. Gazagystan kürtleri" atly kitabynyñ sahabyndan alyndy Öñki Sowet Soýuzynda ýaşaýan kürtler üç gezek sürgüne ýollanypdyr. Göçegçi guşlar ýaly ondan-oña, mundan-muña şeýle bir köp sürlüpdirler welin, belli bir ýerde iki arka ata-babasynyñ mazary-da ýok. Olaryñ göçhä-göçlük, gaçha-gaçlyk, horluk-kösençlikler bilen doly durmuşlary bar. Elmydama öweý çaga ýaly görlüpdirler. Galyñ diwarlaryñ, tikenekli simleriñ, minaly meýdanlaryñ añyrsynda bolup geçen horluklary birnäçe ýyllap bilenem bolmady. "Adam seretmeýän tarapyna kördür" diýilýär. Bizem ençeme ýyllap bular barada bilmeýärdik. Şonuñ üçin bu tümlügi ýagtyltmak gerekdi. Çünki birnäçe ýyllap o tarapa seretmändik, seredäýenimizde-de, berk düzgünlerden ötri nämeleriñ bolup geçýändigini görmeýärdik, bilmeýärdik. Wagt tapyp gitdik, gördük, şonda bu adamlaryñ nämeleri başdan geçirendiklerini bilip galdyk. • Üç uly sürgün 1937-nji ýyl. Bir gün sowet ýolbaşçylary Araz derýasynyñ añyrsynda ýaşaýan kürtleriñ obalaryny basyp alyp, "taýýarlanyñ, sizi bärden äkideris" diýipdir. Nämüçin, nirä... hiç kim bilmändir. Bu karar bilen Stalin Nahçewan kürtlerini Orta Aziýanyñ sowuk sähralaryna, Gazagystana sürgün edipdir. Haýwan daşamak üçin ulanylýan, bar ýeri eleme-deşik bolan hapa wagonlara üst-üstüne ýüklenipdir. Soñra sürgün ýolagçylygy başlapdyr. Birnäçe güne çeken nämälim ýolagçylykdan soñ ölen ölýär, diri galanlary-da garly gyş gününiñ ortasynda çöle taşlanýar: "Şu ýerde ýaşaberiñ" diýip ötägidilýär. Şol sürgünde ençeme ýyl geçensoñ "nebit-gaz ylmynyñ atasy" diýip at aljak professor Nadir Nadirow ýañy bäş ýaşynda eken. Kiçijik çaga özüni sürgün edenleriñ içini ýakyp ölmän galýar, birnäçe ýyldan soñ sürgün edilen ýurduny baýlaşdyryp, "nebit-gazyñ marşaly" derejesini alýar. Doñýürek zalymlar şonda şol gara wagonlarda ýyldyz äkidip barýanlaryny nirden bilsin? Hawa, olar gara deşikli gara wagonlarda sürgüne wagry-sagady gelende dünýä ýalkym saçjak yldyz äkidip barýardylar. Soñra ýene bir sürgün boldy. Bu gezek 1944-nji ýyldy. Ikinji jahan uruşynyñ iñ aldym-berdimli ýylydy. Stalin eli ýarag tutýan erkek göbekli bolsa, barsyny fronta çagyrdy. Kürtleriñ erkekleri-de gitdi. Gitlere garşy etden diwar emele getirdiler. Bir günde müñlerçe, on müñlerçe adam ölýärdi. Emma, görseñizläñ bolýan zatlary, onlar frontda söweşip ýörkä, Ahyskadaky maşgalalarynyñ daşy gije ýarymdan soñ duýdansyz gabalýar. Olara "boluñ, gidýäñiz" diýilýär. Ylla kyýamat gopan ýaly bolýar. Soñra otlulara balyk ýükleýän ýaly ýüklenýär, çaga-çuga üst-üste. Wagonlaryñ gapysy kilitlenýär we on müñlerçe kilometrlik ýolagçylyk başlanýar. Ýene kürtler, ýene Orta Aziýa, ýene Gazagystan. Jeñ meýdanynyñ ölmän galan gahrymanlary frontdan gaýdyp gelýär welin, çaga-çugalary-da ýok, öý-öwzarlarynyñ ýerinde-de ýeller öwüsýär... Näme üçinmi? Jogap ýok, jogap Kamýu aýtmyşlatyn, "joyap berip bolmajak derejede absurd". 1989-njy ýyl. Garabagda azeri-ermeni uruşy başlaýar. Jebir çekenler kim? Jebir çekenler ýene kürtler... Uruş turanda döwleti barlar döwletine gidýär. Döwleti ýok bidöwlet kürtler ýene ortada näderini bilmän galyberýär. Olaryñ paýyna ýene sürgünlik düşüpdir. Ata-baba ýerlerini taşlap gaýtmaga mejbur bolýarlar. Kimsi Sowet Soýuzynyñ beýleki ýurtlaryna gidipdir, kimsi Gazagystana sary ýola rowana bolupdyr. Gije ýarymdan soñ pejiñ başynda üzülen monjuk ýaly çar tarapa dyr-pytrak bolýarlar. Emma ýyllar geçdigisaýy ýaragyñ nili yzyna depip başlapdyr. Gelenler birigipdir, birigenler ulalypdyr, ulalanlar özüni dürsäpdir. Wagtyñ geçmegi bilen Gazagystanda ene dilini gorap saklaýan uly kürt diasporasy emele gelipdir. Ine, bu aýdanlarymyz hakyky zulumyñ we gynançly sürgüniñ kyssasy. Şonun üçinem ýazmalydy. Ýitip-ýok bolup gitmeli däldi bolup geçenler. Şonuñ üçin şol ýerlere çenli gitdim, gören-eşidenlerimi we geçmişden geljege uzaýan hasratly başdan geçirmelerini ýazdym. Olaryñ başdan geçiren horluklarynyñ bilinmegini isledim. Egilip, şol gurruk guýydan we garañky dälizlerden gussaly ýatlamalaryny çekip çykardym, ýagty jahana gowuşdyrdym, dem berdim, dikeltmäge synanyşdym. Bularyñ hemmesini "Watanyny gözleýän halk. Gazagystan kürtleri" ady bilen bir kitapda jemledim. Soñra "Hany, indi, çar ýana dagañ, ylgañ-da, derdiñizi aýdyp beriñ" diýdim. Goý, aýtsynlar, ýatdan çykarylmasynlar. Ýatdan çykarylmasyn, goý, geljekki nesiller nämeleriñ başdan geçirlenini bilsinler, gaýdyp beýle pajygaly ýykgynçylyklar bolmaz ýaly sapak alsynlar. • Gazagystan kürtleri Gazagystan Orta Aziýada sürgün edilenleriñ emele getiren diasporalarynyñ iñ güýçli ýurdudyr. Bu ýerde ýaşaýan kürtler köp. 2017-nji ýylyñ ilat ýazuwynyñ resmi statistikasyna görä, 44 müñ 768 kürt bar, emma olar görkezilen sandan has köp bolmaly. Ýurtdaky kürt diasporasy we käbir kürt çeşmeleri bu görkezijiniñ 150 müñe golaýdygyny öñe sürýär, hatda munuñ 200 müñe ýetendigini aýdýanlaram bar. Resmi görkezijiniñ beýle az ýazylmagynyñ sebäbi-de, şonça kösençliklerden we basyşlardan soñ käbir kürtleriñ özlerini azerbaýjanly ýa-da türkiýeli diýip ýazdyrmagyndan gelip çykýar. Orta Aziýanyñ beýleki respublikalarynyñ tersine, Gazagystan kürtleri umuman alanda şäherlerde ýaşaýar we sowat derejeleri has ýokary. Ýurduñ ylym-bilim we biznes dünýäsinde görnükli wekilleri bar. Gazagystan döwletiniñ we prezidenti Nursultan Nazarbaýewiñ özlerine çemeleşişindenem diýsen hoşal ýagdaýlary bar. Ene dillerini gorap saklamak bilen birlikde, rus we gazak dillerini-de bilýärler. Ilat taýdan köp ýaşaýan ýerlerinde kürt çagalary üçin orta bilim berýän mekdeplerde kürt dili we kürt edebiýaty aýratyn sapak hökmünde okadylýar. Şol sanda käbir ýerlerde liseýi kürt dilinde okap biljek bilim ojaklary-da bar. • "Berbang", ("Şapak") we "Yekbün" ("Agzybirlik") Orta Aziýanyñ beýleki ýurtlaryna garanda, Gazagystandaky kürt intelligentleri we kürt diasporasy ýurduñ sosial durmuşynda has aktiw we guramaçylykly. Ilkinji gezek öz milli aýratynlyklary bilen Gazagystanyñ parlamentine (asly wanly Wekil Nebiýew) deputat saýladylar. Özlerine degişli "Kürdüstan" gazeti, "Berbang" atly kürt jemgyýeti ýaly raýat-jemgyýetçilik guramalary bar. Umumy guramanyñ ýer8ji tutýan "Berbang" Gazagystanyñ Kürt bileleşigine wekilçilik edýär. 1993-nji ýylda gurlan "Berbangyñ" ýurduñ ýedi aýry oblastynda filiallary bar. Garamagynda "Nûbar" edebi-çeper žurnaly we "Kürtleriñ durmuşy" atly üç dilde (gazak, rus, kürt) çykýan aýlyk gazetleri bar. 2020-nji ýylda "Yekbun" ady bilen teleýaýlym hem açdylar. Kürt dilinde berilýän bu teleýaýlum taryhy we gündelik temalarda gepleşikleri taýýarlaýar. Az wagtyñ içinde halanan we iñ köp tomaşa edilen kanallaryñ birine öwrülen "Yekbun" sowet döwründen biziñ günlerimize çenli uzaýan müddetdäki özgerişlikleriñ üstünde durup geçýär, taryhyñ çañly sahypalarynda galan käbir meseleleri orta atyp, halk köpçüligine mälim edýär. Şu çarçuwada kürt alymlaryny, ýazyjy-şahyrlaryny, taryhçylaryny, sungat işgärlerini çagyryp, gürrüñdeşlik geçirýär, kürt düşünjesini kemala getirjek we medeniýetlerini gorap saklajak boluşlary ünsi çekýär. Teleýaýlymyñ jogapkärlerinden bolan Hejare Şamil "Yekbun TW"-iñ esasy dört ugrunyñ bardygyny aýdýar: • "Ýekbunyñ" maksady: 1). Assimilizasiýanyñ öñüni almak: öñki Sowet Soýuzynyñ çäklerinde ýaşaýan hir milliona golaý kürdüñ ýarsynyñ häzire deñiç zorlukly hem-de meýletin ýagdafda assimilizasiýa uçrandygyny, munuñ öñi alynmasa galanynyñam indiki ýigrimi ýylyñ dowamynda assimilleşip gitjekdigini, taryhynyñ we diliniñ, medeniýetiniñ ýok boljakdygyny öñe sürýärler. Dogry hem aýdýarlar. 2). Agzybirligi saklamak: Kürtleriñ iñ uly meselesi agzalalygydyr. Taryhdaky ýeñlişleriniñ sebäpleriniñ birem şudur. Hejare Şamil: "Beýleki böleklerdäki partiýalar we toparlar şu ýerlere gelip, möhüm işleri bitirdiler, emma şol bir wagtyñ özünde gelen ýerlerindäki käbir agzalalyk keselini bärigem getirdiler, gynansak-da" diýýär. Häzir bir öyde ata-ene, çagalary, hersi aýry-aýry partiýanyñ agzasy, hersi aýry syýasy ugry goldaýar, ýöne bir çukura tüýkürip bilenoklar. Bu agzalalygy aradan aýyrmak üçin "Yekbun TW" umumy platformany emele getirer. 3). Sowet kürtleriniñ mirasyna eýe çykmak: Öñki Sowet Soýuzyndan şu güne çenli bir bitewi kürt mirasy galypdyr. Kürt dilinde berilýän "Ýerewan" radioýaýlymy we "Riýa Taze" gazeti ýaly köp sanly medeni organlary bar. "Medeniýet, sungat, taryh biziñ üçin iñ esasy zat. Syýasy garaýşy nähili bolsa bolubersin, bir bitewi bileleşik bolmaly. Kürt medeniýeti, taryhy sungaty şu ugurda bize ýolgörkeziji bolar" diýip, muña "Yekbun TW-niñ hyzmat etjekdigini aýdýarlar. 4). Nusgalyk organa öwrülmek: Teleýaýlymyñ ýolbaşçylary "Beýleki böleklerimizem nusga aljak modelini kämilleşdirmek isleýäris. Şeýle-de, soñabaka rus dilinde hem ýaýlym açmagy göz öñüne tutýarys. Beýtmek bilen biz hem-ä assimilizasiýanyñ öñüni almak, hemem kürtçe bilmeýänleriñ gözüni açmak isleýäris" diýýärler. Öñki sowet ýurtlarynda ýaşaýan ýüzden gowrak halk bar, olara we beýleki halklara eşitdirmek üçin telewideniýe iñ täsirli organdyr, olar bu organdan peýdalanmak isleýär. • Emele gelen diaspora Gazagystan iki million 750 müñ km² meýdany tutýan, Türkiýäniñ üç esse ululygyndaky ýurt. Paýtagty Astana täze gurlan şäher. Ýurduñ iñ uly şäheri bolsa Almaty. Gazagystanyñ meýdany uly, emma ilaty az, şonça uly territoriýada 17 million adam ýaşaýar. Ilatyñ 45%-i gazak, 40%-i rus. Galany kürtlerden, uýgurlardan, özbeklerden we ýüz otuzdan gowrak etniki topardan ybarat. Kürt diasporalarynyñ içinde Gazagystan möhüm orny eýeleýär. Her etniki azlyk jemagatyñ ýolbaşçysy bar. Bütin bu azlyklaryñam öz aralarynda saýlaýan wekilleri bar. Bu wekil konstitusion taýdan etniki toparlara ýolbaşçylyk edýär. Kürtler ücin bu wezipede ilkinji gezek Ezize Ziýo Bedirhan, soñra 1988-nji ýylda professor Nadir Nadirow işledi, 2003-nji ýylda professor Kinýas Ibragim Mirzeýew bu wezipäni aldy. Professor Ahmet Özer Ezize Ziýo Bedirhan bilen Bariýe Bala, Hezene Hejiseleman, şeýle-de häzir aramyzda ýok Eliýe Ewdilrehman, Eskere Boýik ýaly ýazyjy-şahyrlar sowet döwrüniñ kürt medeniýeti diýlende, biribhi ýada düşýän adamlardyr. 1920-nji ýylda Wan welaýatyna degişli Beýrek obasynda dünýä inen meşhur kürt ýazyjysy Eliýe Ewdilrehman ýañy alty ýaşyndaka maşgalasy bilen "paştaçuýileriñ" (yzyna gaýdanlaryñ) arasyna goşulypdyr. Ewdilrehman "Gahrymanlar obasy" ("Gunde Merxasa"), "Dagdaky söweş" ("Şeré Çiya") ýaly romanlaryñ awtorydyr. Wezire Nadiri ýaly aktiw we intellektual kürt 1946-njy ýylda kimiñ edendigi belli bolman galan syýasy jenaýatyñ gurbany boldy. Başga-da edebiýatçylaryñ arasynda Ahmede Hepo bar, şahyr Bariýe Bala hem 1937-nji ýylda Almata sürgün edilenleriñ biri. Kinýas Ibragim, Ziýo Bedirhan ýaly intelligentler, Şirine Eli, Mehmede Mejit ýaly işewürler, doktor Bari, Wizere Kinýas, Agaly, Narin Nadirowa ýaly Ezize Ziýonyñ kömekçileri býurokratlaryñ we "ak ýakalaryñ" birinji nobatda ýada düşýänleridir. Professor Ahmet Özer Narin Nadirowa kitabyny sowgat berip durka Gazagystanyñ iñ esasy işewürlerinden Ezime Şemo (Azim Abdullaýew) kürt medeniýetiniñ ösmegine goşant goşmakda tanalýan hormat-sylagly biznesmen. Ýokarda ady tutulanlar Gazagystanyñ kürtlerini bir agza bakdyryp oturan adamlardyr. Gysgaça aýdanda, Gazagystan kürtlerine edil häzir bir ýokary okuw jaýy ýetenok. Indi Gazagystanyñ kürlerine Gazagystan diasporasy diýmegiñ ýerine Gazagystan Kürdüstany diýýänlerem bar. • 1944-nji ýylyñ Ahyska sürgüni 1944-nji ýyldaky sürgün Türkiýede diñe ahyskalylaryñ sürgüni diýlip bilinýär. Ýogsam bolmasa bu sürgünde ýer alan halklaryñ birem kürtlerdir. Kürtler sowet döwründe Kawkaz ýurtlarynda - Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gürjüstanda köp ýaşaýardy. Ahyska Gürjüstanyñ çäklerinde ýerleşen we Türkiýäniñ Ardahan şäherine goñşy ýer. Ikinji jahan urşy ýyllarynsa nemesler bulen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanyp, sowet lideri Staliniñ buýrugy bilen 1944-nji ýylyñ 14-nji noýabrynda kabul edilen karar bilen Ahyskada ýaşaýan 86 müñ raýat Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara sürgün edildi. 17 müñ adamyñ şol sürgünde ölendigi aýdylýar. Müfit Ýüksel türklerden we kürtlerden başga-da, belli bir möçberde gürjiniñ we ezidiniñem sürgün edilendigini öñe sürýär. Staliniñ sürgün syýasaty şol günlerde diñe Ahyskany däl, dürli geografiýalardaky başga jemgyýetlere-de täsirini ýetiripdir. Müñlerçe çeçen, inguş, Hemşinli we Krym tatary-da Orta Aziýa ýurtlaryna zor bilen ugradylypdy. Garamañlaý kürtler... Kürtlük olara ullakan ýük bolup durka, musulmanlygam olara aýry uly ýük bolýar, olardam kän zat alynmagynyñ sebäbi bolýar. Kürtleriñ duçar bolan bu şertleriniñ we ýagdaýlarynyñ resmi maglumatlarda agzalmazlygy ünsüñi çekýär. Resmi maglumatlarda barlaram "örän gizlin" belligi urlup, sowet-rus arhiwlerinde saklanýar. Iñ gynandyrýan ýerem şu: 1944-nji ýylda sowet watanyny goramak üçin urşa giden kürt esgerleriñ uruşdan gaýdyp gelende maşgalalaryny ýerinden tapmazlygydyr. Şol sürgün edilenleriñ içinde Almatynyñ tanymal şahsyýetlerinden Ezize Ziýo Bedirhanyñam maşgalasy bar. Ezize Ziýo Bedirhan: "1944-nji ýylda kakam harby gulluga çagyrlypdyr. Rus-nemes jeñinde kakam Berline çenli gidýär. Kän horluklary görýär, ok barsyny "iýýär". Ol sowet ýurdy üçin şirin janyny orta goýan adamdy. Bäş ýyl söweşenden soñ Gürjüstana gelip görse, ejesi, aýaly, çagalary, uýasy (dogany-da uruşa gitdi, gaýdyp gelmedi)... hiç biri ýok. Aýal ýok, çaga ýok, eje ýok, uýa ýok. Oña barsynyñ Orta Aziýa ugradylandygy aýdylýar. Elbetde, dünýä başyna ýumrulýar. Kakam şonda "Gaýdyp gelmedik bolsam bolmaýamy" diýipdir. Pikir edip görüñ-ä, bir ýurt üçin uruşa gidýärsiñ, ölmän öýüñe gelýärsiñ we seredýärsiñ welin, hiç kimi ýerinden tapyp bileñok. Hökümet üçin uruşa git, gaýdyp gel, öýüñden adam tapma. Ugrunda söweşen hökümetiñ maşgalañy sürgün etsin. Bu nähili bolýar, allajanlarym?!" Gazagystanyñ Almaty şäherinde ýaşaýan intellektual işewür bolan Ezize Ziýo Bedirhan Kinýas Ibragim Mirzoýewiñ 2021-nji ýylyñ awgustynda aradan çykmagy bilen boşan Gazagystan Kürt bileleşiginiñ başlyklygyna saýlandy, şondan bärem şol wezipesinde işläp gelýär. Şeh Remezan Seýidow: "1944-nji ýylyñ uruşy dowam edýärdi. Kürt erkekleri Gyzyl Goşun üçin, mähriban watany üçin, Sowet Soýuzy üçin söweşe gidipdi we gan dökýärdi. Stalin we Sowet Soýuzy bolsa uruş gidip durka olaryñ aýallaryny, çagalaryny, garrylaeyny haýwan wagonlaryna ýükläp göçürdi. Bu örän geñ ýagdaý, mundan öñ beýle zat bolmandy. Erkekler uruşda bolmaly, döwlet olaryñ yzynda galan maşgalalaryny sürgün etmeli". Gyrgyzystanyñ Bişkek şäherinde ýaşaýan Ramazan Seýidowam Mirzoýewiñ ölüminden soñ hoşan öñki Sowet Soýuzynyñ Kürt federasiýasynyñ başlyklygyna saýlandy. Almatydaky "Dostluk öýi" • Nazarbaýewiñ halklar syýasaty Gazagystanda 130 dürli halkyñ bardygy aýdylýar. Nazarbaýew bu halklaeyñ guramalaryny we kružoklaryny Almatynyñ iñ owadan binasynda jemläpdir. "Halklaryñ öýi" ýa-da "Dostluk öýi" diýilýän bu ýerde ("Дом дружба") jemi otuza golaý halkyñ wekilhanasy bar. Olara bölünip berlen bina juda kaşañ. Hakykatdanam wekilçilik etmäge we öwgä mynasyp ululyga hem-de owadanlyga eýe. Nazarbaýewiñ ýola goýan bu işi gyzykly we ünsüñi çekiji, özleriniñ nukdaýnazaryndanam diýseñ akyllylyk bilen edilen iş. Belli bir derejede medeni awtonomiýa bilen üpjün edipdir. Şeýtmek bilen dürli etniki toparlary begendiripdir, olaram bu syýasatdan göwünleri hoş, nägilesi ýok, seslerini çykaranoklar. Ilkinji nobatda şeýle syýasy ugur bilen ol ýerde ýaşaýan halklara özlerine wekilçilik etme, ene dillerine gürleme, isleseler özlerini kämilleşdirme, öz däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna görä ýaşama azatlygy berlipdir. Şeýdibem etniki toparlardan geljek nägilelikleriñ we tankydyñ öñi baglanypdyr. Ikinjidenem, gazak hökümeti "Bizi tankyt etmäñ, näme etseñiz şony ediñ" diýýär. Başgaça aýdylanda: "Biziñ edýän işlerimize burnuñyzy sokmañ, bize garşy çykmañ, syýasatymyza, dolandyryş formamyza we nähili dolandyrýandygymyza nägilelik bildirmäñ, başga näme etseñiz şony ediñ" diýýär. Şeýlelik bilen iki tarapam biri-birinden göwnühoş, iki tarapyñam närazylygy ýok. Hem-ä etniki toparlar erkin çykyş edip bilýändikleri üçin göwnühoş, hemem hökümet etniki toparlaryñ özüne garşy çykmaýandygy, tankyt etmeýändigi üçin göwnühoş. Ýöne soñky ýyllar gazaklar närazylyklaryny we nägileliklerini azajygam bolsa bildirip başladylar. Şunça nebit-gazyñ puly nirä gidýär diýip soraýanlar köpelýär. Olar nebitiñ pulundan özlerine-de paý berilmeginu talap edýär. Nazarbaýew we onuñ hökümeti käbir düşündirişleri berýär, emma bulam olary kanagatlandyryp bilenok. Emma bular barada aýdanymda Yrak Kürdüstan Sebitleýin hökümetiniñ Bilim ministri, dostum, professor Ismet Halidiñ aýdan şu sözleri ýadyma düşýär: - Ahmdé bira, nebiti araplar baýlykdyr öýdýär, ýogsam bolmasa, ol baýlygam däl, nygmatam däl, Allanyñ olara beren iñ uly belasydyr. Nämüçin diýip soranymda, meniñem makullaýan we şol ýerlere gidenimde ýygy-ýygydan agzaýan birnäçe argumentimi yzly-yzyna sanaýar: - Ilki bilen-ä adamlary ýaltalyga iterýär, tygşytlylygy ýatdan çykardýar. Ikinjidenem, nebit sebäpli diñe döwletler däl, bir döwletiñ içinde-de adamlar biri-birine ýagy bolýar. Göreñokmy, Ýakyn Gündogar elmydama gowgaly ýer. Nämüçin? Nebit sebäpli Ýagdaý Gazagystan üçinem, nebit satýan beýleki ýurtlar üçinem şeýleligine galýar. • Netije Gazagystan barada ýazan zatlarymy soñlap barýaryn. Belkäm, soñ ýene-de ýazaryn. Ýazýaryn, çünki ýazmak ölümiñ elinden bir zatlary halas etmek diýip düşünýärin. Başdan geçirilen horluklar geljegimiz üçin taryh hakydasyna öwrülmeli, şonuñ bolup geçen zatlary ýatlap durmaly. "Lewra" - "undulmak olar üçin ölüm" diýmegi añladýar. Pikir edip görüñ: şunça horluga, şunça sürgüne sezewar edilen, ölümiñ içinden parran geçip gelen halkyñ gürrüñi gidýär, olaryñ başdan geçirenleri, ýatlamalary bilinmäge mynasyp dälmi? Ine, şonuñ üçinem ýazylmalydy we bizem olary ýazyp, ete-süñke bürendirdik. Dr. Ahmet ÖZER, sosiolog, syýasaty öwreniji alym, professor. @ahmetozer1 ahmet.ozer@toros.edu.tr Çarşenbe, 15.12.2021 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |