20:30 8-nji mart mynasybetli zenan meselesine garaýyş | |
8-nji MART MYNASYBETLI ZENAN MESELESINE GARAÝYŞ
Publisistika
• Düýp mesele Aýal-gyz babatda düýp mesele deñlik meselesidir. Deñlik diñe aýal bilen erkegiñ arasyndaky mesele däl-de, eýsem hemme ugurda duş gelýän meseledir. Kürt-türk, alawy-sünni, musulman-gaýry dinli, baý-garyp biziñ ýurdumyzda syýasata gatnaşyk, ykdysadyýetde bölünüşik, hukukda adalatyñ ýola goýluşy hakda gep açylanda kim özüniñ deñdigini öñe sürüp biler? Şeýle deñsizligiñ giñden we çuñdan ornaşan ugurlarynyñ başynda bolsa aýal-gyz meselesiniñ gelýändigi mälim. Aýal-gyz babatda deñsizligiñ iki esasy sebäbi bar: - Hemme zada garamazdan jemgyýetiniñ aglabasynda deñsizligiñ añda dowam etmegi. - Agalyk sürýän patriarhat häkimiýet(ler) sebäpli deñsizligiñ häsiýetiniñ talap edişine laýyk kapitalistik düzgünde dowam etmegi. Şu iki faktor funksional utgaşmanyñ içinde bolýar. Düzgün añyýeti zäherleýär, zäherlenen añyýetem aýlanyp-dolanyp düzgüni güýçlendirýär. Syýasat we ykdysadyýet ugurlaryna "gatnaşyk" bilen bir hatarda ýaşaýyşyñ hemme ugruna ornaşan deñsizlik umuman alanra añ-düşünje problemasydyr. Añ-düşünje üýtgemezden hiç zady üýtgedip bolmaýar, şu hususda dewizimiz şular ýaly bolmaly: "Añ-düşünjäñi üýtget, hemme zat üýtgesin". • Adamyñ gymmaty! Adam gymmatly barlyk, onuñ gymmaty özboluşlylygyndan, özboluşlylygy-da akyl-paýhasyndan (jynsyndan däl) gelip çykýar. Bizi deñleşdirýän adam bolmagymyzdyr, aýal ýa erkek bolandygymyz däl, çünki adam ilki jandar hökmünde peýda bolýar, soñra jynslara bölünýär. Jandar hökmünde adamyñ akyly, ukyp-başarnygy, ruhy, psihologiýasy bolýar. Bular adama mahsus hüý-häsiýetlerdir. Soñra jandar jynslara bölünýär, jynsyýet-de ten işi, elbetde, onuñ añ taýdan ýüze çykyş alamatlary-da ten işi. Ine, ýüpüñ üzülýän ýeri-de şu taýy. Sepgidiñ ady hemme ugurda bolşy ýaly şu ugurda-da aýal-gyzy eksplutatirleýän kapitalizmdir. • Kapitalizmiñ ten eksplutasiýasy Kapitalizmiñ adam ruhuny beýgeldýän zatlar bilen işi bolmaýar, çünki munuñ ýeke manat peýdasy ýok, ol adam teniniñ jynsy närse hökmünde satylmagyny oñlaýar. Çünki aýal-gyzyñ teni jisimleşdirilende meçew beriji we göze ýakymly haryda öwrülýär. Bu minvalde pul meselesi ara düşse, kim bolanda-da, näme bolanda-da ony ulanmakdan gaça durmaýar. Hemme zady pula alyp-satmagy adat edinen añ-düşünje añ-düşünjäniñ enesini sogan soýan ýaly soýýar, satjak el ýaly sabynyny ýalañaça tene süýkeýär, soñam tora düşürmekçi bolýan müşderisine ýüzlenip: "seret, nähili köpürjikleýär, bu sabyny hökman satyn al!" diýýär, soñra aýlanyp ele salan serişdeleri bilen deñlikden pelsepe dem urar. Düzelişiñ bir tüýsli amala aşyp gidibermezligimiñ sebäbi düzgüne agalyk ediji şeýle añyýetdir. Çünki satyljak bolunýan tender sebäpli añlara deñsizligi inžektirlän hut şonuñ özüdir. Oña pul bolsa bolýar, galan zadyñ ähmiýeti ýok. Elbetde, başga sebäpleri-de bar, ýöne esasy düýp sebäbi şudur. • Halkara Aýal-gyzlar günümi ýa-da Halkara Zähmetkeş Aýal-gyzlar günümi? Halkara Aýal-gyzlar güni BMG tarapyndan her ýylyñ 8-nji martynda gutlanýan halkara baýramçylykdyr. 1917-nji ýylda SSSR-de aýal-gyzlar saýlawlarda ses bermäge hukuk gazanandan soñ 8-nji mart döwlet derejesinde bellenýän baýramçylyga öwrülip, sosialistik ýurtlar tarapyndan bellenmäge başlandy. BMG tarapyndanam resmi taýdan ykrar edilensoñ, barha giñden ýaýrady. Häzirki wagtda Halkara Aýal-gyzlar güni käbir ýurtlarda resmi dynç alyş güni, käbir ýurtlarda bolsa umuman alanda görmezlige-bilmezlige salynýar, käbir ýurtlarda protest bildirilýän gün, käbirlerinde bolsa aýal-gyzlary gutlaýan gün. • Taryhy Aslynda bu taryhy prosesiñ belli bir senä öwrülmeginde birnäçe wakanyñ we tejribäniñ täsiri bar, ýöne biz olaryñ has öñe saýlanyp duran iki sanysyndan söz açyp bileris: 1857-nji ýylyñ 8-nji martynda ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäherindäki tekstil kombinatynda polisiýa işgärleri iş taşlaýyş yglan eden işçileriñ üstüne hüjüm etdi, işçileriñ kombinata jemlenmegi we yzyndan çykan ýangyn netijesinde 120 aýal işçi wepat boldy. Şondan soñ şu güni "Halkara Aýal-gyzlar gününe" öwürmek meselesi gozgaldy. 8-nji mart gününiñ aýratyn baýramçylyk hökmünde saýlanyp alynmagyna sebäp bolan başga bir waka-da Russiýada patyşalyk düzgüni ýykan 1917-nji ýylyñ fewral rewolýusiýasynyñ grigorian kalendary boýunça 8-nji mart gününi aýal-gyzlaryñ protest demonstrasiýalary we iş taşlaýyşlary bilen başlamagydyr. Ilki-ilkiler "Bütindünýä Zähmetkeş Aýal-gyzlar güni" ady bilen bellenýän bolsa, gelen nägileliklerden soñ BMG-nyñ Baş Assambleýasy 8-nji martyñ "Halkara Aýal-gyzlar güni" ady bilen bellenilmegini kararlaşdyrdy. • Türkiýede 8-nji mart Halkara Aýal-gyzlar gününiñ 1975-nji ýyldan başlap Türkiýede bellenip başlamagynda Öñdebaryjy aýal-gyzlar jemgyýetiniñ hyzmaty uly boldy. Şeýlelikde 8-nji mart güni ýapyk şertlerden açyk meýdanlara we köçelere çykdy. "12-nji sentýabr" döwlet agdarlyşygyndan soñ harby hunta dört ýyllap baýramçylyk bellemäge hiç hili rugsat bermedi. 1984-nji ýyldan başlap gaýtadan her ýyl dürli zenanlar guramalary tarapyndan bellenilip başlandy. Bu täze döwrüñ esasy tapawudy - öñler diñe sosialist gatlagyñ belleýän, mundan beýläk zenanlar guramalarynyñ ählisi bilen bir hatarda hamana resmi baýramçylyk ýaly döwlet ýolbaşçylary we edaralary tarapyndanam bellenmäge, hatda şereketleriñem mahabat we söwda işleri bilen muña goşulmaga başlamagydyr. • Bul iş diñe baýramçylygyny gutlanyñ bilen bolmaýar! Hawa, zenan... Biziñ zenanlarymyz. Enemiz, uýamyz, gyzymyz, söwer ýarymyz... Sözde beýgeldilýän, emma hakyky durmuşda kiçeldilýän... Kitapda deñ, emma hakyky durmuşda deñsizlige sezewar edilýän zenanlar... Deñlikden, azatlykdan, adalatdan ýeterlik paýyny almaýan, alyp bilmeýän zenanlar... Ne işde, ne syýasatda, ne ekin meýdanynda, ne býuroda deñ tutulan... Soñam jennet sözleri, "başymyzyñ täji" ýaly badyhowa gepler bilen başdansowmalyga salynýan zenanlar... Bilýän, bular biraz gödegräk sözler. Ýöne sarsmak we özümizi dürsemek üçinem az-owlak gödek söz gerek. Dünýä gaýgy-aladanyñ ähli ýüküni erkegiñ boýnuna dakmagyñ ýerine az-owlagam zenan jynsdaşlarynyñ sesindäki saññyldyny diñlesedi, duýsady... Nähili bolar öýdýäñiz? Şol sesdäki reñkleri, saññyldylary, hasraty, bagtsyzlygy görer, duýar öýdýäñizmi? Ahmal dünýä mundanam owadan bolardy. Belkäm, şular ýaly baýramçylyk we ýatlama günlerinde ýazgyly plakatlary aýallar däl-de, erkekler götererdi. Belki-de, paýlanan güller erkekleriñ elinde bolardy. Nähili pikir edýäñiz? • Ilki añ-düşünje üýtgemeli! Üýtgeşme üçin ilki añ-düşünje üýtgemeli. Çünki maddy medeniýet öğeleri maddy däl kültür öğelerinden daha hızlı değişir. O zaman arada bir boşluk oluşur, sosiologlar muña medeni boşluk (cultural gap/lag) diýýärler. Şonuñ üçin ilki añ-düşünje üýtgemeli... Yşyl Özgentürküñ aýdyşy ýaly: "Seretmäñ siz olaryñ aram-aram "Jennet eneleriñ aýaklarynyñ astyndadyr" diýýän uly gürlemelerine... Aslynda, köpçüligiñ aglaba bölegi aýal üçin şeýle diýýär: "Zenan - şeýtanyñ dünýäde gaýmalaýan keşbidir we öldürilmesi dürsdür!" Birnäçe yslam ýurdunda jynsy taýdan düşünje bermek külli günä saýylýandygyndan erkekleriñ birinji jynsy gatnaşygy ýa haýwanlar bilen ýa-da jelephanalardaky tenini satyp gün görýän ýörite jelepler bilen bolýar. Erkek şeýle ýagdaýdan utanýar, utanany bilenem çäklenmeýär, köplenç özüni ýazgarýar, ýöne belli bir wagtdan soñ bu ýazgarmasy hemme zada jogapkär hasaplaýan aýal-gyzlaryna ýönelýär. Görmezligi islär, ýöne añrybaş derejese sowatsyzdyr welin, gormonlary oña jynsy isleginiñ bardygyny ýatladyp durýar. Birnäçe zat añastynda üýşýär, soñ bir gün wagty-sagady gelende ýarylmaga başlaýar. Işe barýan adamyñ birdenkä İşe giden bir adamın birdenbire celallenip ýubkaly aýala topulmagyny başga näme bilen düşündirip bolar? Göwreli aýala topulmak bolsa has patologik ahwal dälmi? Ýogsam bolmasa, erkek milleti erkekligiñ kiçelýän zatdygyna bir düşünse we dogry-dürs bilim alsa, añ-düşünjesi hem alan bilimine görä kemala gelse hem özi rahatlyk tapardy, hem partnýory. Ynanyñ, şonda ýurt has bagtly adamlaryñ agaýana keýpihon ýaşaýan ýurduna öwrülerdi. • Gül sowgat berip başyñdan sowaýmaly husus däl bu!.. Käbir ýerde zenan zenana eýe durmaly bolsa-da, nämüçindir, eeýelik diýlende diñe erkek ýada düşýär. Onda-munda gül desseleri gaýmalaşýar. Gül sowgat bereniñ bilen, aýal-gyzlaryñ gününi gutlanyñ bilen iş bitirilmeýär, bilýänsiñiz! Sizden soraýaryn, eý, epeý-epeý adamlar: Gaýgy-hasratam bir gutlanarmy? Gutla, gül sowgat et, pul paýla, agşam öýüñe gidip gygyr, çygyr. Munuñ özi şu günüñ meselesi däl. Munuñ özi ýaşaýyş-durmuş, stil, oturym-turum meselesi. Mesele çuñda. Mesele añ-düşünje meselesi. Mesele tapawutlanmak meselesi. • Tapawutlanmagyñ tapawudyny bilmeli!.. Aslynda 8-nji mart tapawutlanmakdyr, elbetde, tapawudyny bilýäne. Galany boş paşyrdamak. Köpisi-de özüni görkezmäge meýilli. Ýa-da dostlar muhabbeti alyş-berişde görsün. "Ol edipdir, menem edýärin", serediñ görüñ, syýasatmy ýa söwda ýa-da modanyñ we mahabatyñ jadysyna özüñi aldyrmakmy... bilemok! Ýa-da kalbyñ çuñlukdaky sesidir öýtdüñizmi ol galmagaly? Ine, şonuñ üçinem zenanyñ agramyny duýmagyna gerek zat - günüñ däl-de, ähli günleriñ añüstine çykarylmagydyr. Bir günüñ däl, bütin günleriñ siññitleşdirilip aýlardan we ýyllardan urup-ýençmeleriñ, eden-etdiligiñ, jenaýatyñ kowulmagydyr. Şudur günüñ gün bolmagynyñ tapawudy. • Sözsoñy Bir zady bilmek üçin hökman başdan geçirmek gerek däl, eger olaryñ alada-gaýgysyny diñläp biljek ýüregiñ bar bolsa-da, ýeterlik. Şonuñ özem adama köp zat öwredýär. Durmuşda diñe öwrenip ýörmeli. Gynansak-da, dünýä bagtly bolmaga gelinýän ýer däl. Hemişe daşky görnüşe aldanmajak bolmaly. Şadyýanalykda bagtly ýaşap ýörendir öýdýän adamlarymyzyñ ýüki käte özlerinden başgasyny maýryp öldürip bilýändir... Emma esasy zat adamyñ adamkärçilik mertebesine ýaraşýan derejede ýaşamagydyr. Düýp mesele muny üpjün etmäge borçly adamlaryñ şu borçlaryny ýerine ýetirip-ýetirmänligidir. Şeýle sözler bilen hemmelere adam şekilli ýaşamaga mynasyp durmuş arzuw edýärin. Ýöne bu ýagşy arzuwymy hemmelere - aýal-erkek saýlamazdan dileýändirin, çünki erbetligiñ jynsy ýok, gynansak-da... Professor Ahmet ÖZER, sosyolog, syýasatşynas. @ahmetozer1 ahmet.ozer@toros.edu.tr Sişenbe, 08.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |