GYZJAGAZ WE AK GUWLAR
Gadym döwürde deňiz kenaryndaky aýlagda bir balykçy aýaly we kiçijik gyzjagazy bilen ýaşapdyr. Mele saçly gyzjagaz gurjak ýaly kiçijik bolsa-da, akly we mähri gözlerinde balkyldap duranmyş.
Köp ýyllaryň dowamynda bu sonarly aýlag ýaz we güýz pasyllarynda göç edýän guşlaryň düşläp geçýän mesgenine öwrülipdir. Olar bu ýerde dem-dynç alyp, güýç toplanlaryndan soň ýene-de uzak rowana bolýar eken.
Bir gezek balykçynyň gyzjagazy aýlagyň kenarynda awçynyň okundan ýaralanan guwa duşupdyr. Ol janawar haraý isläp, onuň ýüzüne naýynjarlyk bilen bakypdyr.
Guwy öýe alyp gelen gyzjagaz ony kakasyna seýikledip, däri-derman etdiripdir. Yhlas bilen idegi ýetirilen guş basym sagalyp, kowumdaşlaryna goşulypdyr.
Tizara ak guwlar toýnak gurap ýyly ýurtlara uçmaga taýýarlyk görüpdirler.
-- Eden ýagşylygyň üçin näme edip bileris? – diýip, süriniň serdary gyzjagazdan sorapdyr – Biz elimizden gelen haýyşyňy bitirmäge taýýardyrys.
Gyzjagaz begenip, özüni hem syýahata bile alyp gitmeklerini sorapdyr.
Serdar guwuň buýrugy boýunça guwlar derrew gargy-gamyşdan gaýym sebet örüpdirler. Içi gyzjagazly sebetiň uzyn saplaryndan çünkleri bilen mäkäm tutan guwlar al-asmana galyp, uzak ýola rowana bolupdyrlar. Gyzjagaz bolsa şol sebetden ýer-ýurtlara seredip barýarmyş.
Bir sagatlap sebeti gezekli-gezegine göterip uçan guwlar dynç almak üçin bir gury we güneşli kenarda gonupdyrlar. Gyzjagaz şol ýerde ösüp oturan hurmalardan miwe iýip, birini jübüsine salypdyr.
Emma gyzjagaz mundan aňryk gitmegem, bu ýerde galmagam islemändir. Ol ata-enesini küýsäp, aglap başlapdyr. Asylly guwlar oňa dözmändirler. Serdar guşuň buýrugy bilen süriniň iň berdaşly guwlarynyň birnäçesi gyzjagazy yzyna eltip gaýdýança, galanlary şol ýerde garaşypdyrlar.
Gyzjagaz öýlerine gelip, öz syýahaty barada gürrüň berende, hossarlary oňa birbada ynanmandyr. Olar oňa joralary bilen oýnap gelendir öýdýär ekenler. Gyzjagaz jübüsindäki hurmany çykaryp görkezende welin onuň günorta tarapda bolup gelendigine şübhe galmandyr. Ony ýitirip-tapan ýaly gujaklan ene-atasy biraz köşeşenlerinden soň:
-- Gören ýerleriň nähili eken? Näme üçin dünýäni görmän, tiz yzyňa dönüpsiň? -- diýip, gülşüp sorapdyrlar.
Akylly gyzjagazyň jogaby şeýle bolupdyr:
-- Mähriban ejem, kyblam atam! Bulutlaryň deňinden seretseň, dünýä owadan we ajaýyp eken. Onda jennet mekan ýerleriň köpdügine düşündim. Emma meniň üçin öz topragymyz ýaly mähirli, öz aýlagymyz ýaly sapaly, öz öýümiz ýaly eşretli, siziň gujagyňyz ýaly bagtyýar ýeriň ýokdugyna tiz akyl ýetirdim. Şonuň üçinem bu ýerden daşlaşman, derrewjik yzyma dolanyp geldim.
Ertekiler