11:40 Hany men, hany... | |
HANY MEN, HANY...
Oýlanmalar
Hany meniň goşganat tuwulgam – teýi guruç temirden, syrçasy – tylla, beg babamyň mirasy? Oguz iliniň Ýaşylgün toýunda, altyngabak baýragy – babalarymyň başyn goran haýhatly jeň meýdanlarynda – bu gün ol poslap ýatyrmy kümede, syrçasy synan, ganaty gyrlan?! Ak tozly, saryja ýaýym çüýredi. Aýatda ýok üç ýelekli gaýym tirden doly, otuz oklug sagdagym. Alp atama “demir donly” ismin beren, teňňe-teňňe, torgaýgöz kireýke sowudymdyr, gök polatdan çaraýnamy, demre tabşyryp, kileme-kile çalyşdym, reňklije kagyza. Bozaýgyr guýruk seçekli, jöwher başakly, altmyş tutam ala gönderimiň maşagyn goparyp, öwürdim eşek syhlanýan syryga. Gara gynly, gara polat, uz gylyjym – böwründen basyp, jomurdym-la-a bilini... Syçrap duran, alny depelli, akja sekilli, garagoç atym horgurmaýar, ýetim galan teblämde. Onuň deregine... Goýun bakýan. Towuk saklaýan. Ekin ekýän. Ojuk-bujuk çyrşan bolup, kädaýymam kompda... ...gatnap ýörün nämüçindir, nirädir bir ýerlere... ...Hany men – babalarymyň babalarynyň eýýamynda dünýä gelen, düýp babamyz Il beýgi han koýundan, asly ary, nesli ary, atarman-çaparman alp erenleriň, otda ýanyp suwda sönen, bagadyr kadynlaryň zürýady? At deregine – awtobus. Sowut deregine – penjekdir galstuk. Naýzadyr-gyljyň öwezine – gapjykdyr-smartfon. Üstümdenem demirdir gazabyň anbaryna derek, aňkaýar arzanjak atyryň ysy... Gözlerim bolsa, agtarmagyň ýerine, serden geçip döwdüleşjek duşmanym, diňe, şo-o-l garaşyp ýör aýlyga... ...howatyrly garanjaklap nämälimlikden depme-dykyn çar ýana... (Onsoň şu halyňa, nämäňe derkar bolsun, çaraýna?!). Ýalta ýürek – haýal aýlaýar goýalan gany. Biparh köňülde – çalajan arzuwlar. Höwes a:rygy guran beýnide, üfleseň tozgalaýan goňak deý yhlasjyklar we ş.m., we ş.m... Hany men, hany... Ak Mawynyň astynda, boz sähranyň üstünde, gollaryn ganat deý gerip, gyr bedewin ýüzin salyp barýan merdana... Hany sen, hany... © Öwezgeldi BEGLIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||