11:00

Ýyldyzlary ýakan ynsanlar...

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 441 | Добавил: Bagabat | Теги: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025
Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025
Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025
Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025
Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025
Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025
Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025
Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025
Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025
Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
“...Belki-de ol Köpetdagyň goýnunda
Million ýyl öň gurap,
çöl bolup giden
Dünýäň kartasynda ady ýok deňiz...”.

Has Türkmen “Ýagyş we Deňiz”


Ýer ýüzünde boldam bir bolmadam,
goý, atsyz betbagt bolmasyn,
geliň,
at goýalyň,
şol garamaňlaý Deňze!
Goý, onuň haýbatly ady,
azm ursun, biwepa dünýäň
geldi-geçer bipaýanlygyna!

© Öwezgeldi Begliýew

0
2 Haweran  
411
Şu sitatanyñ näme üçin epigraf edilip alnanyna we şol sanda aşakdaky bendiñ hem näme diýýänine hiç düşünmedim?!..

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Gepiň gerdişine görä aýtsak, ol aslynda derýa däl-de, umman bolan, adyna ylymda Tetis diýýärler. Owadan at, gadymy ýunanlarda deňiz taňryçasynyň ady (Fetidis).

Umuman, bu ummanyň gurandygyna gynanyp oturasy iş ýok: ol guramasa biziň topragymyz hem bolmazdy.

"Ýer ýüzünde hiç bir adamzat bolmasa, ol has gözel we jennet mekan bolardy" diýip ahmyr edýänler häzir az däl. Belki, şeýledir.

Emma Ýewropada, Sibirde, Afrikada, Hindistanda gury ýer we adamzat bar bolsa, emma bärde Atlantik ummandan Ýuwaş ummana çenli uzalyp, biziň ýurdumyzy hem öz düýbüne alyp ýatan bir ummanyň bolmagyny men-ä islemezdim :) Birhili adalatsyz ýaly.

Aslynda bolsa şu wagt "Biziň ýurdumyz bolmajak bolsa, dünýäniň bolany jähenneme gerekmi?" diýen garaýyş moda boldy.

0
4 Haweran  
411
Tetisdigini bilýäris. Teswiriñizde aýdylanlar bulara düýbünden dahylsyz gürrüñler. Hem şu ýerde derýa diýilýän ýeri barmy?

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Bagyşlaň, "deňiz" diýjegim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]