12:33 Hasapçynyň kömekçisiniň gündeliginden / satira | |
HASAPÇYNYŇ KÖMEKÇISINIŇ GÜNDELIGINDEN
Satiriki hekaýalar
1863 ýyl, 11 maý. Biziň altmyş ýaşan hasapçymyz Glotkin üsgürewikden halas bolmak üçin süýde konýak garyp içipdir, indi bolsa gyzgyny galyp öljek bolup ýatyrmyş. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, ertir ölmelimiş. Ahyry meň hasapçy boljak günümem geljek eken-ä. "Oň ýerini saňa bereris" diýenlerinede ençe wagt bolupdy. Bir arzaçy, kätip Kleşçýow-a býurokrat diýipdir, Kleşçýow bolsa ony suwa salma ýenjipdir. Indi işi kazyýete çekilse gerek. Bu meselede çözülene meňzeýär. Aşgazanym agyrdy, şypaly ot-çöplerden içdim. 1863 ýyl, 3 awgust. Hasapçy Glotkiniň ýene-de öýkeni agyryp başlapdyr. Üsgürewigi tutup, süýde konýak goşup içýär. Ölse, elbetde onuň ýeri meňki bolar. Umyt edýärin welin, emma umydym hasyl bolarmy, bolmazmy bilmeýärindä, çünki üsgürewikden aňsatlyga adam ölmese gerek, diýibem şübhelenýän. Kleşçýow bir ermeniniň elinden wekselini alyp, ýyrtyp taşlady. Indi hä anyk işi kazyýete çekilse gerek. Bir kempir (Gurewna) agşam maňa seň keseliň aşgazan däl, babasil diýip aýtdy. Şeýle bolmagam ähtimal. 1867 ýyl, 30 iýun. Gazetlerde ýazmaklaryna görä Arabystana weba keseli gelipdir, Russiýada geläýmezmikä? Geläýsä juda köp wezipäň ýeri boşan bolardy. Garry Glotkin öläýmedem, ölse ýerini men eýelärdim. Bu zaňňaryň jany ýamanam bir berk eken. Munça uzak ýaşamagam, meň pikirimçe hepdäki aýybam bolsa gerek. Aşgazanym agyrýar, näme içsemkam? Üzärlik gaýnadyp içip göräýsem näderkä? 1870 ýyl, 2 ýanwar. Agşam Glotkiniň agylynda iti ölüpdir. Pelageýa "it ölse, elbetde onuň eýesem öler" diýýär. Gije sagat ikä çenli men hasapçy bolamsoň gymmat baha possun bilen aňry baş köwüş aljakdygym barada gürleşip oturdyk. Hasapçy bolamsoň öýlenmegimem mümkin. Elbetde gyza öýlenmerin, çünki ýaşam bir çene bardy, dul hatyna öýlenerin. Agşam Kleşçýow klupda adamlara bolgusyz degişmeler aýdyp bereni we söwda deputatsiýasynyň agzasy Ponýuhowyň watan söýerliginiň üstünden güleni üçin klupdan kowup çykarypdyrlar. Adamlaryň aýtmaklaryna görä, Ponýuhow, Kleşçýowyň üstünden kazyýete arz etjekmiş. Aşgazanymy Botkina barlatmakçy. Gowy seredýär diýýärler. [1878 ýyl, 4 iýun.[/i] Wetlýanka weba keseli gelipdir. Gazetde ýazmaklaryna görä, adamlar bir çetden gyrylyp barýarmyş. Glotkin gorkusyna pertsowka[1] içip başlapmyş. Bular ýaly garry töňňä pertsowka kömek edermi diýsene. Eger weba bu ýerlerede gelse meniň hasapçy boljagym anyk. 1883 ýyl, 4 iýun. Glotkin agyr ýatyr. Onuň ýanyna baryp, oňa elmydama ölüm diländigimi aýtdym, gözümden boýur-boýur ýaş döküp bagyşlamagyny soradym. Olam aglap, alyjenaplyk edip günämi ötdi, soňra aşgazan üçin pissäni ezip, gaýnadyp içmegi maslahat berdi. Kleşçýowyň, kazyň öňünde dikil gazyk bolmagyna az galdy. Ol kireýine alan fortepýanosyny bir jöhide girewine goýupdyr. Şunça etmişlerine garamazdan oňa Stanislaw ordeni berildi, kollegiýaň başlygy hem boldy. Bu dünýede bolýan zatlara aklyň haýran galýar, towba. 2 miskal üzärlik, 1.5 miskal çopantelpek, 1 miskal güýçli arak, 5 miskal uzak garyndaşyň gany, barçasyny garyp bir çüýşe araga goşup aşgazan agyrydan halas bolmak üçin her gün irden bir käse içmeli eken. Şol ýylyň 7-nji iýuny. Düýn Glotkini gömdük. Wah, bu garry töňňäň ölümi maňa zerreçe hem nep getirmedi. Glotkin uzakly gije düýşüme girýär, ak kepen giýip, meni çagyrýar. Wah, gara maňlaýym gursun. Hasapçylyga meni däl-de, Çelikowy bellediler. Bu wezipe maňa däl-de, menden ençe ýaş Çelikowa nesip etdi, onuň daýzasy generaliň hatyny eken-dä. Ähli etsem-petsemlerim puç boldy. 1886 ýyl, 10 iýun. Çelikowyň hatyny ony taşlap gidipdir. Görgüli gamlanyp ýör. Gamlanyp öz janyna kast etsede geň galmaly däl. Eger öz janyna kast etse meň hasapçy boljagym anyk. Hemmede şeý diýýär. Diýmek umytlarym heniz puç bolmandyr, bu dünýede ugruny bilseň ýaşasa bolýar, gymmat baha possunam çeňňege ildi hasap. Öýlenmek meselesine gelsek, muňa garşylygym ýok, wagty sagady gelende neçýün öýlenmeli dälmişin? Öýlenmeli, emma, öňinçä akyllyrak adam bilen maslahatlaşyp görmeli, çünki öýlenmek oýun-oýunjak iş däl ahyryn. Kleşçýow gizlin sowetnik Lirmansiň köwşüni çalşyp geýip gidipdir. Ana tomaşa… Şweýtsar Paýsy aşgazan agyry üçin simap içmegi maslahat berdi. Içip göreýin, hany… [1] Pertsowka— aragyň ajyburç goşulan bir görnüşi. Anton ÇEHOW. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |