09:30 Öte geçdi / hekaýa | |
ÖTE GEÇDI
Hekaýalar
Ýer ölçeýji Gleb Gawrilowiç Smirnow «Gniluşki» menzilinde gelip düşdi. Ol bärik ýer ölçemäge çagyrylyp, ýene 30-40 çakrym ýoly atly geçmelidi. (Eger arabakeş agras, atlaram daýawja bolsa, onda 30 çakrym dagy nämejik, ýöne arabakeş ýaramaz, atlaram hor bolsa, onda ýol aşmak gaty kyn bolar). — Haýyş edýän, aýtsaňyzlaň, men poçta atlaryny nireden tapyp bilerin? — diýip, ýer ölçeýji menziliň žandarmyna ýüz tutdy. — Näme? Poçta atlaryny? Ola poçta atlary eken, siz ýüz çakrym töwerekden ýol itlerinem tapyp bilmersiňiz... Siz nirä barmaly? — Dewkino, general Hohotowyň mülküne. — Näme diýseňizläň! — diýip, žandarm pallady. — Menzilden çykan ýeriňde howly bardyr, o ýerde käwagtlar ýolagçylary gatnadýan arabakeşler bolýar. Siz şolara ýüz tutuň. Ýer ölçeýji arkaýynlaşdy hemem diýlen tarapa ýöwselläp ugrady. Uzak gözlegden, çekeleşikden, ýaýdanmalardan soň ol ýüzüni mama dişän, hyrsyz, aýakgabydyr egin-eşigi ýyrtyk daýaw bir ýigidi hakyna tutdy. — Mundanam bir araba bolarmy! — diýip, ýer ölçeýji araba münüp durşuna ýüzüni kürşertdi. — Muň öňi haýsy, yzy haýsy — biler ýaly däl. — Muň nämesini biljek? Atyň guýruk tarapa öňi bolmaly, siziň merhemetliňiziň oturjak ýerem yzy bolarda... At ýaşdy, arryk däldi, aýaklary bolsa uzyndy. Haçanda arabakeş sähelçe ýerinden galyp, tanapdan işilen gamçysy bilen aty çalanda, ol diňe kellesini yralady oňaýdy, käýinjiräp ýene bir gezek çalanda, araba jygyldap, ysytma degen ýaly titredi. Üçünji urgudan soň çalaja yrandy, dördünjiden soň ýerinden gozgandy. Arabanyň ýürek gysdyryjy ýuwaşja ýöreýşine, gaty-gaty silkinmesine hemem bu zatlary piňine alman oturan arabaça geňirgenen ýer ölçeýji: — Biz indi ýolboýy şeýdip gitmelimi? — diýip sorady. — Ýeteris! — diýip, arabaçy ony köşeşdirdi. Baýtal ýaş, dogumlyja... Toýnagy bir gyzansoň, saklajak gümanyň ýok... Çüw, jüre getirmiş! Araba menzilden çykanda iňrik garalypdy. Ýer ölçeýjiniň sag tarapy aňyrsy-bärsi görünmeýän garaňky düzlükdi... Eger şo ýana gidäýseň, nireden çykjagyň belli däldi. Düzlügiň gutaran ýeri asman bilen birigip, güýzüň sowuk şapagy çalaja ýaldyraýardy... Ýoluň çep tarapynda, agşamyň şapagynda nähilidir bir tümmekler hellewläp görünýärdi, onuň geçen ýylky küdedigem, haýsydyr bir obadygam belli däldi. Öňlerinde nämäniň bardygyny ýer ölçeýji görenokdy, sebäbi ony arabaçynyň giň, tagaşyksyz göwresi tutup durdy. Ümsümlikdi, ýöne howa sowukdy, aýazlydy. «Bärsi nähili çola! — diýip, ýer ölçeýji gulaklaryny şineliniň ýakasy bilen ýapjak bolup durşuna pikirlendi. — Gazygam ýok, howlam. Günüňem bimahal çagy, talamaklary gaty ahmal. Top okuny atsaňam, adam oglunyň eşitjek gümany ýok... Arabakeşem gaty hyrsyz adam... Ýagyrnysyny dagy görýäňmi! Bir şapbat çalsa janyň çykjak. Ýüzi-gözem wagşy haýwanyňky ýaly gaty şübheli». — Eý, gadyrdan, seň adyň näme? — diýip, ýer ölçeýji ondan sorady. — Meňmi? Klim. — Aýtsana, Klim, siziň bu ýerleriňiz imisalalykmy? Howply dälmi? Ýol urýanlar barmy? — Hudaýa şükür, hiç neneň däl... Bärde ýol urýanlar näme işlesin? — Oň ýaly bolsa gowy zat... Ýöne «birden gerek ýeri bolaýmasyn» diýip, men ýanyma sapançamy aldym — diýip, ýer ölçeýji ýalan sözledi. — Bilýäňmi näme, oň bilen oýnuň deň gelmez. Ol ýanyňda bolsa, garakçylaň sany on bolsada gorkuly däl... Garaňky düşdi. Birden araba, hamala, zorluk görýän ýaly jygyldadyda, sandyrap, çepe tarap öwrüldi. «Bu meni nirä alyp barýarka? — diýip, ýer ölçeýji pikirlendi. — Häliden bäri göni gidip barýardyda, birdenem çepe öwrüldi. Bu deýýusdan her zada garaşaýmaly. Harabalygyň birine elterde, onsoň... onsoň... Hudaý saklasyn, her hili zatlar göwnüňe gelýär!». — Gulak as — diýip, ol arabakeşe ýüzlendi. — Bu ýerleri howpsuz diýýäňmi? Bu meni diýseň gynandyrýar... Sebäbi men galtamanlar bilen darkaş gurmagy gowy görýän... Daşymdan göräýmege hor, keselli ýaly görünsemem, güýjüm iki ýaşar öküzçäniňki ýalydyr... Bir gezek daşyma üç sany talaňçy geçdi... Näme edendirin öýdýäň? Tarkyldadyp goýberdim welin... eşidýäňmi, birä şobada ýykyldy. Beýleki ikisini bolsa, Sibire sürgün etdirdim. Maňa beýle güýjüň nireden berlendiginä bilemok... Ýöne seň ýaly daýaw pyýadalary bir elimde ýatyrýan. Klim gaňrylyp ýer ölçeýjä seretdi, soňra ýüz-gözüni birhili etdide, atyna gamçy çaldy. — Hawa, gardaş... — diýip, ýer ölçeýji sözüni dowam etdi. — Garşyma çykan talaňçynyň dat gününe. Ol diňe bir elsiz-aýaksyz galman, eýsem, kazynyň öňündede somalmaly bolýar... Kazydyr polisiýa başlyklarynyň barysy meň tanşym. Sebäbi men döwlete iňňän gerekli adam... Nirede bolsamam başlyklarym gözlerinden salanok... «kimdir biri göwnüne degäýmesin» diýip, hemişe gorag astynda saklaýarlar. Ýollaň gyrasyndaky gyrymsy agaçlaryň arasy hem durşy bilen göz bolup durandyr... D... d... dur! — diýip, birden ýer ölçeýji gygyrdy. — Nirä barýaň? Meni nirä alyp barýaň? — Näme, göreňzokmy? Tokaýa! «Dogrudanam, tokaýa barýas... — diýip, ýer ölçeýji pikirlendi. — Men bolsa gorkupdyryn! Ýöne gorkýandygymy muňa bildirmeli däl... Ýöne ol eýýäm gorkýanymy aňýar öýdýän. Näme üçin garşy-garşy ýüzüme äňedýärkä? Ähtimal, bir zatlar etjek bolýan bolmaly... Öň dähedem-dessemläp, zordan barýardy, indi bolsa at çapdyryşyny görýäňmi!». — Gulak as, Klim, näme üçin aty gaty gyssaýaň? — Ony men gyssamok. Oň özi bat alýar... toýnagy bir gyzansoň, muny saklajak gümanyň ýok... Özüniň şeýle ýaradylanyna janawaryň özem begenip baranokmyka diýýän. — Goýsana, gardaş, jypdyrma! Bu görnüp dur ahyry! Eşidýäňmi, men saňa gaty sürmezligi maslahat berýän. Hany, atyň başyny birneme çek... Eşidýäňmi? Saňa diýýän, biraz jylawy çek! — Nämüçin? — Üçinimi?.. üçini, yzym bilen menzilden dört sany ýoldaşym gaýtmaly. Men olaryň yzymyzdan ýeterini isleýän... Olar şu tokaýda yzymdan ýetjekdiklerine söz beripdiler... Olar daýaw, sagdyn pyýadalar... Olar bilen gitsek gowy bolar... Klim, sen näme edil iňňäň üstünde oturan ýaly, daş-töweregiňe garanjaklaýaň? Hä? Gardaş, men neme... gardaş... Sen maňa gözüňi dikip oturma... Şu sapançam bar diýäýmeseň... mende alar ýaly zat ýok... Isleseň, çykaryp görkezeýin... Görkezeýinmi?.. Ýer ölçeýji, hamala, jübülerini sermeýän ýaly, ellerini hereketlendirip ugrady. Ine, şu ýerde-de — ol öz gorkaklygy sebäpli beýle zatlar bolar öýdenokdy — garaşylmadyk bir waka ýüze çykdy. Klim birden arabadan böküp düşdi-de, emedekläp, tokaýa tarap ýazzyny berdi. — Dady-perýat! Haý, ýeteweriň! — diýip, ol gaçyp barýarka gygyrdy. — Näletsiňen arabanam al, atam, malym saňa gurban bolsun, ýöne janyma degmeseň bolýar! Adamlar, ýeteweriň! Ädim sesleri we çöpçalamlaryň şytyrdysy daşlaşdy, birsalymdanam tapba kesildi. Beýle zatlara garaşmadyk ýer ölçeýji, ilki bilen aty saklady, soňra arabada tagaşyksyz oturdyda, oýa batdy. «Bu gaçyp gitdow... haý, züwwetdin diýsänim... Indi näme etsemkäm? Ýoly dowam edibemä bolmaz, sebäbi oňa belet däl, onsoňam aty ogurlandyr öýdüp pikir etmekleri mümkin... Näme etmeli?» Ol: — Klim! Klim! — diýip, bokurdagyna sygdygyndan gygyrdy. Oňa: — Klim!.. — diýip, ýaň sesi jogap berdi. Uzakly gije sowuk, garaňky tokaýda möjegiň uwwuldysyny, horaşaja baýtalyň pyşgyryşyny eşidip oturmak pikiri, hamala, törpi degen ýaly ýer ölçeýjiniň bilini bükdi. Ol: — Klim jan! Gadyrdanym! Sen nirede? — diýip özelendi. Ýer ölçeýji arabakeşiň adyny tutup iki sagat dagy gygyrdy. Diňe gygyryp-gygyryp halys sesi gyrlandan soň hemem «gijäni tokaýda geçirmeli bolar» diýen pikir bilen ylalaşandan soň, gowşajyk şemal oňa biriniň agy-pyganyny ýetirdi. — Klim! Bu senmi, gadyrdan?! Hany, ýanyma gelsene, bärden gidelile! — Ö... öldürmezmiň?! — Men oýun etdim ahyry, gadyrdan! Walla çynym, oýun etdim. Mende sapança näme işlesin! Muny ýöne gorkyma aýdaýdym. Rehim etde, ýanyma gel, gideli! Sowukdan ýaňa halys gatadym! Klim «eger ol ogry bolsa, arabadyr aty alyp birwagt ýitirim bolardy» diýen pikir bilen tokaýdan çykdy we ýaýdanjaňlyk bilen ýolagçysynyň ýanyna ýöneldi. — Ýeri, nämeden gorkduň? Men... ýöne oýun etdim ahyry, seň beýle züwwetdindigiňi bilmändirin... Hany, ýeriňe geç, otur! — Ýeri bolýada, baýar — diýip, araba münüp durka Klim gaharly hüňürdedi. — Eger bilen bolsadym, ýüz sany birlik berseňem äkitmezdim. Gorkujygymdan tas zähräm ýarylypdy... Klim atyna gamçy çaldy. Araba sandyrady. Ol ýene bir gezek çaldy, çala yrandy. Dördünji urgudan soň ýerinden gozgandy, ýer ölçeýji bolsa gulaklaryny ýakasy bilen ýapyp oýa batdy. Indi oňa ýoldur Klim howply däldi. Anton ÇEHOW. Terjime eden: Rüstem GURBANNEPESOW. "Dünýä edebiýaty" žurnaly. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||