21:24 Ýeke-täk alaç / hekaýa | |
ÝEKE-TÄK ALAÇ
Satiriki hekaýalar
Bir wagtlar kassirler biziň şereketimizi hem talaýardylar. Ýada salmak hem aýylganç! Olar biziň garypja kassamyzy edil ýalanan ýaly edýärdiler. Kassamyzyň içine ýaşyl mahmal çekilgidi. Şol mahmaly-da ogurladylar. Biriniň ogurlyga kellesi şeýle bir gyzypdyr welin, ol pul bilen birilikde hatda kassaň gulpy bilen agyzýapysyny hem äkidipdir. Soňky bäş ýylyň içinde bize dokuz kassir gelip geçdi, indi olaryň dokuzysy-da uly baýramçylyk günleri bize Krasnoýarskiden özleriniň wizit kartoçkalaryny iberýärler. Ähli dokuzysy hem! - Bu elhenç! Näme etmeli? – diýip, bi olaryň dokuzynjysyny suda berenimizde içimizi hümletdik. – Utanç, masgaraçylyk! Uçdantutma dokuzysy hem kezzap eken! Kassirlige kimi alsakkak? Kim kezzap dälkä? Kimiň eli egri dälkä? – diýip, biz sorag-ideg edip başladyk. Biz buhgalteriň kömekçisi Iwan Petrowiçi saýlap tutduk, ol ýuwaş, dindar bir adam, ýaşaýşy bolsa doňuzyňkam bir, oňkam bir, bisereşgen. Biz ony saýladyk we azmazlyk üçin göreşmäge ak pata berdik, şonuň bilen-de kanagatlandyk, emma... bu uzaga çekmedi! Şol günüň ertesi Iwan Petrowiç täze galstuk dakynyp geldi. Üçünji gün ol prawleniýä paýtunly geldi, bu bolsa onuň ozal hiç wagt edýän zady däldi. Bir hepde geçeninden soň: - Gördüňizmi? Täze galstuk... Pensne... Düýn doglan gününiň toýuna çagyrdy. Bir emmasy bardyr... Ýygy-ýygydan Hudaýa çokunyp başlady... ýüregi päk däl bolsa gerek... – diýip, biz hyşy-wyşy edişip başladyk. Özümiziň şübhelenýändigimiz barada alyjenabymyza habar berdik. - Beý, onunjy hem kezzap bolup çykaýarmyka? – diýip, direktorymyz uludan demini aldy. – Ýok, bu bolup bilmez... Ol bir ahlakly, ýuwaş adam... Ýogsa-da... Ýörüň, onuň ýanyna gideliň! Iwan Petrowiçiň ýanyna baryp, onuň kassasynyň daşyny gurşap aldyk. - Iwan Petrowiç, bagyşlaň! – diýip, direktorymyz oňa ýalbaryjy heňde ýüzlendi. – Biz size ynam edýäris... Ynanýarys! Hawa-da... Emma, näme diýseňiz-le... Kassany barlag etmäge ygtyýar beriň! Hawa, ygtyýar ediň! - Baş üstüne! Örän oňat! Barlap göwün-solpudan çykyň! – diýip, kassir dogumly jogap berdi. Hasaplap başladyk. Hasaplap-hasaplap, dört ýüz manadyň ýerini tapmadyk... Bu hem?! Onunjy hem?! Elhenç! Bu, birinjiden; ikinjiden bolsa, ol şonça puly bir hepdäniň içinde iýen bolsa, onda bir ýylda, iki ýylda gör, näçe ogurlar! Biz geň galmakdan, lapykeçlikden doňňara daş bolduk... Näme etmeli? Ýeri, näme etmeli? Ony suda bermelimi? Ýok, bu könelişen zat hem-de peýdasyz. On birinji hem ogurlar, on ikinji hem... Hemmesini bolsa suda berip bolmaz. Muny ýençmelimi? Ol-a bolmaz, öýkelär... Kowup, onuň ýerine başga birini almalymy? On birinji hem ogurlar ahyryn! Näme etmeli? Direktor ýüzüni çym-gyzyl edip, bizem ak-tam edip, Iwan Iwanowiçe seredýärdik we sary demir gözenege ýaplanyp, oýlanmaga durduk... Biz başymyzy agyrdyp, azap çekip oýlanýardyk... Onuň bolsa zaryna-da däl, çotuny kakyp, hut ogurlyk etmedik ýaly bolup otyr... Biz uzak wagtlap dymdyk. - Sen bu pullary nätdiň? – diýip, biziň direktorymyz, ahyrsoňy, gözlerine ýaş aýlap, sandyrap çykýan ses bilen ýüzlendi. - gerek-ýaraklara, siziň alyjenabyňyz! - Hm... Gerek-ýaraklara... Örän şat! Jyňkyňy çykarma! Men s-s-saňa... Direktor otagyň içinde gezmeläp ýörşüne sözüni dowam etdi: - Ýeri, näme etmeli? Şular ýaly ýekrunlardan nähili edip goranmaly?.. Jenaplar, siz näme dymýarsyňyz? Näme etmeli? Bu myrryhy ýenjibem-ä bolmaz (direktor pikire gitdi). Iwan Petrowiç, gulak as... Owarram, ile mälim bolup, biabraý bolup ýörmäliň, bu puly ýerinde goýaly, emma sapalak etmän, aç-açan aýt... Aýal jynsyny oňat görýärmiň, hä? Iwan Petrowiç utanjyrap ýylgyrdy. - Hawa-da, düşnükli zat, - diýip, direktor seslendi. – Kim olary söýmeýär? Ol düşnükli... Hemmeler günäli. Biziň hemmäiz söýgä suwsandyrys – diýip, bir filosof aýdypdyr... Biz seniňkä düşünýäris... Näme diýsene... Rast sen şeýle söýýän bolsaň, ygtyýar et: biriniň ýanyna barmaga men hat bereýin... Ol oňatjadyr... Sen onuň ýanyna meniň hasabyma baryber. Isleýärmiň? Başga biriniň ýanyna gitmäge-de hat bereýin... Üçünjisiniň ýanyna gitmäge-de hat bereýin!.. Olaryň üçüsi hem oňatjadyr, fransuzça hem gepleýärler... özleri-de tyňkarypjyk durlar... Şeraby hem gowy görýärmiň? - Şeraplar her dürli bolýar, siziň alyjenabyňyz... Mysal üçin, Lissabon şerabyny men agzyma-da almaryn... Siziň alyjenabyňyz, her bir içginiň özüniň tutýan orny bar... - Takal okama... Men saňa her hepdede on-on iki çüýşe şampan şerabyny iberip duraryn. Sygna, emma pul harç etme, sen bizi biabraý etme! Buýruk etmeýärin, diňe ýalbarýaryn! Teatry hem, ähtimal, gowy görýärsiň! Onsoň ýene şuňa meňzeşler... Ahyrsoňy, biz şampan şerabyndan hem başga, onuň üçin abonent boýunça tetatrdan bir kreslony almaly, aýlygyny üç esse köpeltmeli, oňa at satyn alyp bermeli, her hepdede troýka mündürip, şäheriň daşyna ugratmaly diýen karara geldik, - bularyň hemmesi-de şereketiň hasabyna bolmaly. Geýim tikmek, sigarlar, fotografiýa, benefisiantkalar üçin gül desseleri, mebel bilen üpjün etmek – bular hem şereketden bitmeli... Goý, keýp çeksin, ýöne ogurlyk etmese bolýar! Ine, onsoň nädendir öýdýäňiz? Iwan Petrowiçiň kassanyň başynda oturanyna eýýäm bir ýyl boldy, biz hem öz kassirimizi öwüp aňyrsyna çykyp bilmeýäris. Hemme zat halallyk, asyllylyk bilen edilýär... Ogurlyk etmeýär... Şeýle-de bolsa, her gezek hepdelik barlag wagtynda 10-15 manat ýetmeýär, ýöne bu pul boldugy däl-le, hiç ahyryn kassirlik instinktine garaz bir zady gurban etmeli ahyryn. Goý, sygnasyn, ýöne müňläp almasa bolýar. Biz indi gönenip galdyk... Biziň kassamyz mydama puldan doly. Dogry, kassiri saklamak bize gymmat düşýär, emma bu ozalky gidenleriň dokuzysynyň her birinden on esse arzan. Şunuň ýaly arzan kassiriň negada bir şereketde, negada bir bankda bardygyna siziň öňüňizde kepil geçip bilmerin! Biz utandyrys, şoňä görä-de, häkimiýet eýeleri, eger biziň göreldämize eýermeseňiz, çyn akmak boldugyňyzdyr! Anton ÇEHOW. Terjime eden Keşik ANNAÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1960 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |