19:02 Namysjaň adam / hekaýa | |
NAMYSJAŇ ADAM
Hekaýalar
Bu waka täjir Sinerylowyň toýunda boldy. Öýlenýän ýigidiň sahyby — möle gözli, saçy syrylan, gasynlary sallanyşyp duran frakly, şilliň Nedorezow zenanlaryň arasynda durup akyl satýardy: — Zenanlaryň ýaraşygy gözellikdir, erkek kişiden eşek ürkmese bolar. Erkegi bezeýän akyl, bilimdir, onuň üçin gözellik beýhuda zat. Sen on esse owadan, görmegeý bolaý, eger bilimiň, akylyň bolmasa, bahaň gara şaýyça bolmaz. Hawa... görmegeý erkekleri halamaýaryn. Aý, owarram bolsunlar-la! — Siz muny özüňiz görmegeý bolmaňyzsoň aýdaýýaňyz. Ol ýere serediň! Bir erkek kişi otyr welin, görmegeý diýip şoňa aýdaýsaň! Gözleriniň özi nämä degmeýär. Ajaýyp! Kimkä ol? Nedorezow goňşy otaga seredip, ýigrenç bilen seňrigini ýygyrdy. Ol ýerde gara gözli, gara saçly, görmegeý ýigit kürsüde gaýşarylyp otyrdy.Ol aýagyny aýagynyň üstüne atyp, barmagynda zynjyrjyk pyrlap, hondanbärsilik bilen myhmanlary synlap oturyşyna, dodaklarynda ýaňsyly ýylgyryş oýnaklaýardy. — Üýtgeşik zady ýokla! — diýip, sahyp aýtdy.—Aý, ýöne bolýada... hatda oňa bedroý diýseňem boljak. Ýüzem birhili samsyklaç... Boýnundaky kekirdek ýumrusy bolsa, iki arçyndan az däl. — Näme diýseňem ýakymlyja-la! — Siziň üçin owadan bolsa-da,meniň üçin-ä beýle däl. Eger owadan bolaýanda-da, samsykdyr, körsowatdyr. Ýogsada, ol kimkä? — Bilmedik... Ýöne täjirlerden-ä däl bolsa gerek... —Hümm... Jedel etmäge-de taýyn, ol hakyky samsyk bolmaly... Aýaklaryny yralaýşyny görýäňizmi... görseň myrryhyň tutýar! Häzir onuň haýsy bagyň guşjagazydygyny bileris, akylynam synap göreris. Häzir... Nedorezow üsgürinjiredide, beýleki otaga batyrgaý gadamurdy. Ol gara saçly ýigidiň öňüne geçip, ýene bir ýola üsgürindi-de, söze başlady: — Ýagdaýlaryňyz gowumy? Gara saçly ýigit oňa seretdi-de, ulumsylyk bilen gülümsiräp: — Ýuwaş-ýuwaş, boljak — diýip, göwünsiz jogap berdi. —Nämüçin ýuwaş-ýuwaş? Size öňe gitmek gerek. —Nämüçin öňe gitmeli? — Şeýle-dä. Hemme zat öňe gidýär. Ine, alyp görsek elektrikler, telegraflar, telefonlar, garasaý, ähli zat öňe barýar. Hawa! «Progres» diýleni alyp görsek... bu söz nämäni aňladýar? Ol hemmezadyň öňe gitmelidigini aňladýar. Şonuň üçinem sizem öňe gitmeli... — Onsoň men nirä gitmeli? — diýip, garagözelek ýigit ýaňsyly gülümsiredi. — Gidere ýer gytmy näme? Islegiň bolsa,ýer kän. Ine, iň bolmanda, garbanyşhana gidäýeliň. Ilkinji tanyşlygymyzyň hatyrasyna şerbetjik jyňkytsak, nähili görýäňiz, hä? — Baş üstüne — Gara gözli ýigi tylalaşdy… Olar garbanyşhana ýöneldiler. Saçy syrylan, frakly, kirli boýunbagly ofisiant iki sany bulgura şerbet guýdy. Sahyp bilen nätanyş ýigit içdi. —Oňat şerbet — diýip,sahyp aýtdy — ýöne teýlije zatlaram ýok däl…Geliň, ilkinji tanyşlygymyzyň hatyrasyna bir bulgur gyzylynyda içeliň. Gyzyl şerbetdenem hersi birbulgur jyňkytdy. — Şindi ikimiziň tanyşlygymyz üçin içdik diýsegem boljak — diýip, sahyp dodaklaryny süpürişdirip dillendi… — «Şindi» däl, «indi…— Gara saçly ýigit düzedişberdi. —Idili gepläbem bileňzok welin, telefon barada akyl satan bolýaňyz. Men siziň ýaly körsowat adam bolsam, porsap oturmazdymda, dymardym…Şindi…şindi… Hahaha! — Nämä gülýäňiz? — Sahyp öýkeledi. — Men «şindi» diýip, gülmek üçin aýtdyma, degişme bi… dişiňi syrtartmak nämä gerek! Bu gyzlara hoş ýakýanam bolsa,maňa ýaranok… Siz kim bolarsyňyz? Käriňiz näme? — Siziň işiňiz däl… — Derejäňiz? Adyňyz näme? — Siziň işiňiz däl… Men her bir öňümden çykana öz derejämi düşündirip oturar ýaly tentek däl… Men gaty namysjaň adam, çenden çyksaňyz,geçirimlik edip durman… — Gör, siz nähili adam ekeniňiz… Hümm… Diýmek, adyňyzy aýtmakçy däldä? — Aýtjak däl…men her öňýeten mahawa adymy aýdyp, özümi tanatjak bolsam, başga işem gerek däl. Men şeýle bir namysjaň adam welin,sizi hol hyzmatkär bilen desdeň görýän… Haý,nadanlar! — Gör, siz nähili adam ekeniňiz… Häzir siziň haýsy bagyň guşudygyňyzy bileris. Sahyp tumşugyny ýokary tutup,gelinliginiň ýanynda gyzyl leňňejiňki ýaly gözlerini gyrpyldadyp oturan öýlenýän ýigidiň ýanyna ýöneldi. — Nikişa!—Sahyp gara gözli ýigide ümläp, öýlenýän ýigitden sorady.— Hol ýigidiň ady näme? Öýlenýän ýigit başyny ýaýkap: — Bilemok — diýip jogap berdi.— Ol meniň tanşym däl. Kakam çagyran bolaýmasa. Ony kakamdan sora. —Wah, kakaň lülgammar bolup, öz otagynda edil wagşy haýwan ýaly hor çekip ýatyr. Sizem ony tanaňzokmy? — diýip, sahyp gelinden sorady. Gelin gara saçly ýigidi tanamaýandygyny aýtdy. Sahyp eginlerini gysyp, myhmanlardan soraşdyryp başlady. Myhmanlar ol ýigidi birinji gezek görýändiklerini aýtdylar. — Diýmek, jüwlük bolmaly. — Sahyp şeýle netijä geldi. — Çakylyksyz bärik giripdirde, edil tanyşlarynyňkyda ýaly gaýşaryp otyr.Ýeri, bolýa! Biz onuň gözüne görkezeris «şindini!» Sahypgarasaçly ýigidiň ýanynabardyda, elini bykynyna urup — Siziň çakylygyňyz barmy? Ony görmäge rugsat ediň — diýip sorady. — Men gaty namysjaň adam, şoň üçinem her öňýetene öz çakylygymy görkezmen. Üstüme abanyp durmaňda, ugraň şu ýerden… — Diýmek, çakylygyňyz ýokda? Diýmek, siz kezzap bolmaly. Indi bize siziň käriňiz belli boldy. Indi siziň kimdigiňizi oňat bilýäs, siz baryp ýatan ýalançy. — Eger bu sözleri maňa akylly-başly adam aýdan bolsa, onuň tumşugyny owradardym, ýöne siziň ýaly akmakdan gaty görüp oturasy iş ýok. Sahyp beýleki otaglara aýlandy-da, ülpetleriniň bäş-alty sanysyny ýanyna alyp, gara saçly ýigidiň ýanyna bardy. — Merhemetli hökümdar, siziň çakylygyňyzy görmäge rugsat ediň! — Görkezjek däl.Gaharym gelmänkä meni günüme goýuň… — Diýmek, çakylygyňyzy görkezmek islemeýän bolsaňyz, siz çakylyksyz giren bolmaly. Siz baryp ýatan kezzap.Häziriň özünde bärden garaňyzy saýlaň! Ýogsa sizi basgançakdan… Sahyp we onuň dostlary gara saçly ýigidiň elinden tutup, girelgä tarap süýräp ugradylar. Myhmanlar gohlaşýardy. Gara saçly ýigit bolsa özüniň hormatly adamdygyny, olaryň bolsa nadandygyny aýdyp gygyrýardy. — Merhemet ediň,görmegeý ýigit! — diýip, sahyp ony gapa idenekledip barşyna buýsançly samraýardy. — Biz siz ýaly görmegeýje ýigitleri oňat tanaýarys! Ýigidi gapyň agzyna eltip, paltosyny geýdirip,kellesine telpegini çümrüp,arkasyndan itekläp goýberdiler. Sahyp kikir-kikir edip,ýüzükli ýumrugy bilen onuň ýeňsesine kakyp goýberdide: —Hoş galyň! Soň baş egersiňiz! — diýip,şadyýan gygyrdy. Gara saçly ýigit ýerinden galyp, paltosyny kakyşdyrdy-da, başyny dik tutup, şeýle diýdi: — Akmaklar akmak adamlarýalam hereket edýär. Men namysjaň adam, şonuň üçinem siziň öňüňizde kiçelip durman. Goý, meniň kimdigimi paýtunçym aýtsyn.Hany, bärikgel, Grigoriý! — diýip,ol köçä bakan gygyrdy. Myhmanlar aşak düşdüler. Bir minutdan howla paýtunçy girdi. — Grigoriý! — diýip,myhman oňa ýüzlendi. —Men kim? —Hojaýyn, siz Semen Panteleýiç... —Meniň derejäm hemem işleýän ýerim? —Siz öz derejäňize ylmyňyz bilimiňiz bilen ýetdiňiz… — Men nirede işleýän hemem gulluk borjum näme? — Siz täjir Podşekiniň fabriginde mehanik bolup işleýärsiňiz, aýlygyňyzam üç müň… — Indi bildiňizmi? Inede, meniň çakylygym! Meni bärik öýlenýän ýigidiň kakasy, serhoş bolup ýatan täjir Sinerylow çagyrdy… — Aý, gadyrdanym, mähribanym! — Sahyp gygyrdy. — Näme üçin muny öň aýtmadyňyz? — Men namysjaň adam… Özüme göwnüm ýetýär… Hoşgalyň! — diýip, garagözelek ýigit gapa tarap ýöneldi. — Ýok, munyňyz bolmaz, aýakçekiň… Gaharyňyz gelmesin, Semen Panteleiç, bu günä bolar. Indi siziň nähili adamdygyňyzy bildik… Ýörüň, siziň sowadyňyz, pikirleriňiz üçin içeliň… Namysjaň adam gaşyny çytyp, basgançakdan ýokaryk galyp ugrady. Iki minutdan ol eýýäm bufetde durup, şerbet süzýärdi. — Namysyň bolmasa, bu ýagty ýalançyda ýaşap bolmaz — diýip, ol akyl satýardy. — Hiç haçan hiç kime eglişik etmerin! Men öz bahamy bilýändirin. Aý, siz — nadanlar, muňa düşünip durasyňyz ýok-la! Anton ÇEHOW. Terjime eden Hemra HUDAÝGULY. | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |