16:14 Her molla bilenini okamalymy? | |
HER MOLLA BILENINI OKAMALYMY?
Jemgyýetçilik tankydy
Halklary özara tapawutlandyrýan esasy alamatlaryň biri ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlardyr. Her bir halk özüniň gadymdan gelyän däbine-dessuryna çuň hormat goýýar, ony durmuşda ýol-ýörelge edinýär. Eýsem munuň bilen-de çäklenmän, öz edim-gylymynyň kämilleşmegi ugrunda çalyşýar we onuň berk ýola goýulmagyny talap edýär. Eger köneden gelyän däp-dessur bozulsa, ony il-gün halamayar, geň görýär, derrew düzetmegiň ugruna çykýar. Däp-dessur örän giň düşünje bolup, ol halkyň ýaşaýşynyň köp taraplary bilen baglanyşykly durmuş zerurlyklaryny öz içine alýar. Türkmenlerde dünyeden öten merhumy jaylamagyň-da, ol pahyryň aşyny-suwuny (belli günlerini) bermegiň-de öz düzgüni, kada-kanuny bar. Ol kada-kanun beýleki halklaryňkydan düýpli tapawutlanýar. Yöne, göwnüme bolmasa, soňky ýetmiş-segsen ýylyň dowamynda merhumyň belli günlerini bermegin tertip-düzgüni türkmenleriň hut öz arasynda-da dürli sebäplere görä üýtgedi. Özi-de her ýeriñ öz ölüsini jaýlaýşynda-da, onun aşyny-suwuny berşinde-de özara tapawut duýulýar. Diñe bu däl, eýsem öli ýuwulyşynda, merhumyň soňky ýoluna ugradylyşynda, gölegçileriñ hossarlary tarapyndan kabul edilişinde hemme yerde birmeňzeş tertip-düzgün ýola goýulmandyr. Bu ýagdaý başga yerden gelen myhmanlary geñirgendirmänem, hatda aljyratman hem durmaýar. Kyn ýagdaýa düşen ol adama onsoň töweregindakileriň hereketlerini gaýtalamakdan başga alaç galmaýar. Eýsem, merhum bilen baglanyşykly köpdürlülige eýe bolan bu adaty döwrüň talap edyän zady hökmünde oňlamalymy ýa-da hemme ýerde birmeňzeş düzgüniň girizilmegi barada alada etmelimi? Eýsem, şu möhüm däp-dessurdaky köpdürlülik nämäniň esasynda ýüze çykýar? Men şu meselede öz şahsy pikirimi halka ýetirmegi makul bildim. Meniň pikirimçe, şol bir halkda, milletde aýry-aýry däp-dessuryň ýüze çykmagy we gitdigiçe gin gerime eye bolmagy ýerlikli däl. Ýerlerdäki däp-dessurlaryň üýtgemegi we ondan beýlekileriñ bihabar bolmagy adamlaryň biri-birine bolan garaýşyny üýtgetmegi mümkin. Şu däp-dessur meselesinde ýerlerdäki ýaşulularyň, il önüne çykan mollalaryň örän oýlanyşykly iş alyp barmaklary gerek. Olaryň başga ýerlerdäki aksakgallar bilen özara ýygy aragatnaşygy ýola goýulsa, gerek bolsa, mahal-mahal däp-dessur meselesinde maslahatlar, geneşler geçirilip durulsa göwnejaý bolardy. Bu ata-baba gelyän däp-dessuryň, edim-gylymyň has berkemegine we döwrebap medeniyetleşmegine, kämilleşmegine itergi bererdi. In esasy-da taýpa-tireleriň biri-birine has ysnyşmagyna, şeýlelikde, milletiñ ösmegine getirerdi. Ýerlerde aýry-aýry däp-dessuryň ýüze çykmagyna aksakgallaryň, mollalaryň sowadynyň, dünýä-garaýşynyň kemligi, darlygy sebäp bolýar. Häzirki döwürde bolsa dini sowady pes mollalaryň sany köpelip ugrady. Olar "Her molla bilenini okar" diýen ýalñyş pikire gulluk etmek bilen, merhumyň belli günlerini berjaý etmekde-de däp-dessuryň üýtgemegine sebäp bolýarlar. Eger merhumyñ jaýynyň jennet, imanynyň hemra, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny islesek, onda ähli iliñ göwnüne jaý bolýan, dini-ygtykata tabyn bolýan kada-kanunly dessura boyun egmeli, ony goldamaly. Meniñ bilşimçe, ýagny öz töwereklerimiziñ şol dessury berjayý edişlerine görä, merhumyň üçi, ýedisi, kyrky, ýyly berilýär. Emma soňky döwürde onuň (dünýeden öteniñ otuzy, aýy, ýüzi, alty aýy-da berlip ugraldy. Şu meselede mollalaryñ arasynda-da belli bir takyk pikir yok. Elbetde, kłneden gelýän dap-dessury, edim-gylymy, onda-da merhumyň aşyny-suwuny berjaý etmek meselesini haýsydyr bir kanun esasynda berkidip bolmasa gerek. Diñe muny dini sowady bilen, ýörite okuwly mollalar hemme yerde belli bir tertip-düzgüni ýola goýmak bilen amala aşyryp bilerler. Ýöne her molla bilenini okap, gownüne gelenini etmeli däldir. Il önüne çykan aksakgallar, mollalar däp-dessuryň berk berjaý edilişine gözegçilik etmelidir. Olaryň aýdanyna hemmeler boýun bolmalydyr. Emma şu meselä-de köp ýerlerde ünssüz garaýarlar. Mysal üçin, bir bende öz merhumy üçin ýas tutup, gözýaş edip oturandyr. Goňşy köçede bolsa toý tutulýandyr. Şu adamkärçilige sygýan närse däldir. Aksakgallar, mollalar şu meselāniň öňüni almagyň aladasyny etmelidirler. Ýas mahalynda toý edýän hojalyk ýazgarylmalydyr. Ýasa barmagyñ-da, ol ýerde özüňi alyp barmagyň-da önden gelýän düzgüni bolýar. Şol düzgüni-de mollalar ýaş-ýeleñlere pugta öwretmelidir. Emma şuňa-da köp ýerlerde perwaýsyz garaýarlar. Onsoň ol ýere başy açyk, ýeňsiz köýnek geýip barýarlar. Beýle etmeli däldir, toy bilen ýasyň arasynda parh goýulmalydyr. Onsoň hem ýasa merhumyň dogan-garyndaşlarynyň "göwni" üçin barmak öte ýalňyşlykdyr. Başarsaň, eger mümkinçiligiň bolsa, tanamaýan ýeriñe-de barmalydyr, habar tutmalydyr. Belki, merhumyň hossarlary goldawa mätäçdir. Käte şeyle goldawa mätäç yerler bolayýar. Şonda olara eliñden gelen kömegi gaýgyrmaly daldir. Mollalar ýaş-ýeleňlere ýasa, ayat-töwire näme üçin barylýandygyny, nähili barylýandygyny öwretmelidir. Ýeri gelende ýene-de bir zady ýatlamakçy. Molla hemmeleriň sylaýan adamy. Ol özüni alyp barşyna, gepine-sözüne, egin-eşik geýşine içgin üns bermelidir. Iliň göwnünden turýan dini wagyz-nesihatlar aytmalydyr. Sebäbi onuň her bir hereketi ünsden düşürilmeýär, aýdan sözlerine gulak asylýar. Emma käbir molla şol kada-kanuna üns bermeýär. Arada bir pahyryň aşy-suwy berildi. Şonda ol ýerdäki molla nahar iyip bolanyndan soň, ýasama dişini çykaryp, uly iliñ gözüniň öñünde ony arassalamaga başlady. Ondan sonra bolsa aýat-töwir okady. Oturanlaryň köpüsi çykgynsyz ýagdaýda galdy, elbetde, ony hemmeler halamady. Molla perişde ýaly hemmetaraplaýyn arassa bolmalydyr. Ol adamkärçilikde-de, dini-ygtykatyň berjaý edilişinde-de, arassaçylykda-da adamlara görelde bolmalydyr. Her bir molla bilenini-de okamaly däldir. Meniñ pikirimçe, yslamyñ kada-kanunyny berjaý etmäge çalyşmalydyr. Baýram AÝNAZAROW, Aşgabat şäheri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |