23:49 Edep röwşen geljegiñ kepilidir | |
EDEP RÖWŞEN GELJEGIÑ KEPILIDIR
Jemgyýetçilik tankydy
Öñem biriniñ üsti görer ýaly dälmiş, kirmiş. Oña: - Eşigiñi ýuwaýsañ bolmaýarmy? - diýipdirler. - Ýuwsam, ýene kirlär-dä... - Sen ýene-de ýuwaý. - Näme men bu ýalança kir ýuwmak üçin gelipmişimmi? - diýip, ol ýeserligini edipdir. Ine, käbir ýaşlary göreniñde hem "Olar: "Men näme bu dünýä sakgal-murt syrmaga gelipmişimmi?" diýen pikire gulluk edýän bolaýmasyn" diýen oýlara berilýärsiñ. Özüñiz pikir edip görüñ. Ýaş, ýañy bir durmuşyñ bosagasyndan ätlän oglanlara sakgal, murt nämä derwaýyska? Men ony käbir yşnaksyz daşary ýurtlularyñ (dürli teleýaýlymlardyr internet sahypalaryndaky betsyýak sypatlaryna we) bolgusyz gep-gybatlaryna maýyl bolan işýakmaz, üpül-süpül bolup, hapa işlere ymtylýan ýaşlarda görýärin. Men köpçüligiñ gelim-gidimli ýerinde işleýärin. Käwagtlar gelýän-gidýän ýaşlara syn edýärin. Bir gezek bir saryýagyz türkmen ýigidini (ýigit diýmäge-de namys edýän) gördüm. Äñinde seýrek çokga sakgal, çekgesinde uzyn zülpler, arkasynda ýaýlyp ýatan saçlar. Pikire gitdim: bu oglan wagtly-wagtynda saçyny bir ýuwýarmyka? Ýöne saç ýuwulýana meñzeş däldi. Men onuñ ýanyna baryp, bu bolup ýörşüniñ näme lezzet berýändigini soradym. Ol bolsa: - Ýaşuly, bu zatlar şu zamanyñ modasy, bize ýaraýar, siz bolsa durmuşdan yza galýarsyñyz - diýdi. Mende onuñ bu hapysa görnüşine bolan ýigrenç döredi... Elbetde, sakgal-murtuñ öz ýeri, ýörelgesi bar. Umuman, çensiz ösgün saç asla ula-da, kiçä-de gelşip baranok. Sakgal-murtly mesele ýaşyñ bir çene baransoñ, teniñi, geýim-eşikleriñi, iñ esasy-da kalbyñy arassa saklap, bäş wagtyna namaz okap, metjide gatnap, jemgyýete haýyrly işler bilen meşgul bolsañ, onda kada laýyk gelerem. Emma ýaş oglan ösgün saçly, çöpür sakgal-murtly (tüýli aýaklaryny iliñ gelin-gyzlaryna güjeñleýän ýaly aýagy şortikli) humarhanalarda, kafedir-barlarda özleri ýalylar bilen keýp çekip, hil bir iş edýän ýaly bolup, ýörenlere adamlaryñ ýekejesi-de bolaýypdyr diýmez, gaýtam olara birhili gyýa göz bilen garalar. Egni ak köýnek, gara balaklyja, kellesi tahýalyja (ýa-da tahýasyz, tapawudy ýok) ýaş oglany göz öñüne getirip görüñ. Şol oglan arassalygyñ, sadalygyñ, durmuşa bolan höwesliligiñ, ruhubelentligiñ nusgasy ýalydyr, oña hemmeler mähir bilen garaýandyr. Ýaşlar - biziñ ertirimiz. Şolar näçe edepli, akylly, medeniýetli bolsalar, geljegimiz hem şonça röwşen bolar. Durmuşdaky bolmaýan, türkmençilige sygmadan zatlary hökman ýokardan biriniñ aýdaryna-diýerine garaşman, ýerli-ýerden (dillenibermek we) düzedibermek biziñ her birimiIñ borjumyzdyr. Baýram AÝNAZAROW, Aşgabat şäheri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |