23:16 Hetdini bilmändir / erteki | |
HETDINI BILMÄNDIR
Ertekiler
Gadym zamanlarda özüni çemenzarlygyň eýesi hasaplaýan bir gögeýin ýaşapdyr. Ol golaý-goltumyndaky jandarlara jebir çekdirip, sütem edipdir. Günleriň birinde çemenzarlyga möle gözlije kebelek gelipdir. Ol güle gonup, kinniwanja hortumjygy bilen şire sormaýarmyş. Muny daş-töweregine hüşgärlik bilen ser salýan gögeýin görüpdir—de dergazap bolupdyr. Onuň: - Menden rugsat almazdan gülleriň şiresinden datmaga neneň het edip bildiň?-diýen ýakymsyz sese kebelek tisginip gidipdir. “Dawaly ýerde ýumryk bar!” diýipdir--de, zemenzarlykdan daşlaşypdyr. Hiç kimden garaw görmedik gögeýiniň gäbi azypdyr. Bu gün çemenzarlyga göleli sygyr gelipdir. Olar dünýäsini unudyp, ter gamyşlaryň hözürini görýärdiler. Birden gahar-gazap gatyşykly hemle eşidilipdir. Degre—daşynda janly-jemende görmedik sygyr tüýlek guýrugy bilen bedenini gamçylap başlady. Şonda sygyryň sagrysynda temegini göge tutup ykjam oturan gögeýin gaýyp ýere düşüpdir. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |