00:56 Hristofor Kolumb osmanly jansyzymy? | |
HRISTOFOR KOLUMB OSMANLY JANSYZYMY?
Taryhy makalalar
Amerikany açan Hristofor Kolumb Osmanly döwletiniñ garamagyndaky Hios adasynda doglan we soñra Genuýa korollygynyñ tabynlygyna geçen deñizçidir. Ol birnäçe gezek Stambulda bolup, osmanly deñizçileriniñ kitaplaryndan dünýäniñ şar şekillidigini, günbatara tarap gidiliberse ýene başky ugran ýeriñe gelinjegini öwrendi. Iñ esasysy bolsa, Amerika syýahat etmezinden 30 ýyl öñ Gündogar Amerikanyñ kenarlaryndaky Antil adalaryna çenli giden osmanly-türkmen deñizçisi Piri Reýisiñ kartalaryny ele salmagydy. Piri Reýis kartalarynda Günbatar Afrikanyñ kenarlaryndan açyk deñze çykanlarynda gazaply deñiz gaý-tupanyna duçar bolup, birnäçe günläp gidendiklerini we arap deñizçileriniñ Antiliýa diýip atlandyran adalaryna ýetendiklerini, ol ýeriñ örän baýdygyny we adamlarynyñ ösen medeni durmuşda ýaşaýandygyny ýazypdyr. Bulary okan Kolumb ol ýeriñ Hindistana degişli adalardygyny çak edýär. Şol wagt "eli agzynda galan" we "agzy iki egnine ýetse, öz iki egnini iýjek" aç ýewropalylar añsat ýol bilen baýamak üçin uçursyz baýlygy bilen tanalan Hindistana gidesleri we ol ýeriñ baýlyklaryna eýe bolaslary gelýärdi. Ýöne bu pikir edişiñ ýaly añsat däldi. Sebäbi aralykda Osmanly döwleti bardy we onuñ üstünden geçip Hindistana aşmak mümkin däldi. Ynha, Hristofor Kolumb öwrenen ähli maglumatlaryny Genuýanyñ korolyna gürrüñ berende, oña hiç kim ynanmandyr. Kolumb bolsa Ispaniýa gidip, koroldan kömek isläp, eger özüne üç sany gämi berse, günbatar ýoluny yzarlap Hindistana aşyp biljekdigi we ol ýeriñ baýlyklaryndan oña-da getirjekdigi barada äht etdi. Ispaniýanyñ koroly Ferdinand haýyş edilen üç gämini 87 deñizçi bilen bile Kolumba berdi. Ýöne oña o diýen ynanmadygy üçin öz ynamdar adamlaryndan Žuan de la Kosany onuñ ýanyna goşupdyr. Has soñra bu täze yklyma ady dakyljak Amerigo Wespuççi hem olaryñ arasyndady. Olar birinji syýahatynda duş gelen adalaryna San-Salwador diýip at dakdylar. Ýöne olar bu ýerleri Gündogar Aziýadyr öýdýärdiler we Kuba adasyna gelenlerinde, Kubany Ýaponiýadyr öýdüp, ispan dilinde Ýaponiýa diýmekligi añladýan Jubana ("Khubana" diýip okalýar) diýip atlandyrýarlar. Syýahatçylar birinji syýahatyñ dowamynda hiç hili baýlyk gazanyp bilmän, yzlaryna dolandylar. Kolumb bu syýahatynda toplan maglumatlaryny Stambula ýetiripdir. Ikinji syýahata has köp adam dahylly edilýär. Bu ýörişe 17 gämi we 1.700 adam gatnaşypdyr. Kubanyñ kenarlaryna we golaý adalaryna barylýar. Ýöne bu gezegem tama edilşi ýaly bolup çykmaýar we hökümdara wada berilen baýlyklara duş gelinmeýär. Aslynda, olaryñ baran ýerinde baýlykdan kän zat ýokdy, ýöne Kolumb ýaragsyz ýaşaýjylara hüjüm etmegi gadagan edipdi. Netijede ispan garakçylarynyñ açgözlügi gursagynda gatap galypdy. Has köp baýlyk tapmak maksady bilen gurnalan üçünji ýörişdenem netije çykmandyr. Kolumb ýerli ýaşaýjylara zorluk ulanmak, olary talamak we öldürmek islän ispan garakçylaryna ýol bermändir. Şonuñ üçin Kolumbyñ özüni alyp baryşyndan şübhelenip we Osmanly döwletiniñ hasabyna jansyzlyk etmekde aýyplanyp ispan korolynyñ bu gezekki wekili Bobadillo tarapyndan tussag edilipdir. Onuñ ähli emlägi we kartalary elinden alynýar. Kolumb bu gezegem Amerikanyñ kenarlarynyñ kartasyny we başga-da gymmatly maglumatlary Stambula ugradyp ýetişipdi. Hut Piri Reýis özüniñ dünýä meşhur kartasyny Kolumbyñ ugradan maglumatlaryna esaslanyp düzüpdi. Hristofor Kolumb Ispaniýa gaýdyp gelende Osmanlylaryñ hasabyna jansyzlyk etmekde aýyplanyp, Sewilladaky Las Kuewas manastyryna sürgün edilýär. Ol öz garyndaşyna ýazan hatynda: "Şeýlekin kyn ýagdaýa düşdüm welin, iñ nadan adamlaram maña sögünenlerini, meni kemsidenlerini özlerine dereje bilýär. Hindistany (Amerika yklymyny göz öñüne tutýar) ele geçirip Osmanlylara tabşyran bolsam, olardan ummasyz sylag-serpaý alardym. Her näme-de bolsa, bu dünýäde şular ýaly adalatsyzlygy oñlamajak adamlaryñ bardygyna tüýs ýürekden ynanýaryn" diýip ýazypdyr. Umyt edilşi ýaly, az wagt geçensoñ kimdir biriniñ tagallasy bilen ol erkinlige çykýar. Ahmal, Kolumbdan gymmatly maglumatlary alan Osmanly deñizçileri ony boşatmak üçin tagalla edendirler... Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |