09:21 Hudaýa bolan kredit karzyñyzy üzdüñizmi? | |
HUDAÝA BOLAN KREDIT KARZYÑYZY ÜZDÜÑIZMI?
Hudaý bize ymgyr köp nazy-nygmat beripdir welin, sanap añyrsyna çykmak mümkin däl. Öwezine-de dynnym ýaljak zat isläpdir. Gurhan okap öwrenmek we ybadat etmek, namaz okamak, oraza tutmak, hüşür-zekat bermek ýaly ownuk ýumuşlar buýrupdyr. Ownuk ýumuş dìýýärin, çünki durmuşdaky wagt ölçegine seretseñiz-ä, wagtymyzyñ ondan bir bölegi-de däl. Namaz okamak günden bäş gezek on minutdan elli minuda çenli, ahmal bir sagat, aý bar iki sagat bolsun, günüñ 24 sagadyndan 22 sagadyñ galýar. Oraza tutmak üçin 12 aýdan bir aý ýa-da 365 günden 30 gün. Zekady-da kyrkdan birini bermeli. Eger ýok bolsa, olam hökman däl. Başga mysala hajat ýokmuka diýýärin. Alla bu dünýäde şolar ýaly köp nazy-nygmat berip çäklenipdirmi? Ýok, çäklenmändir, ahyret durmuşynda-da köp danly nygmat berjegini aýdypdyr. Özem nämäniñ deregine? Ýokarda sanap geçen, aslynda kyn ýaly bolup görünýän, emma akylly-başly oýlanylanda, kän zadam talap edilmeýän ybadatlaryñ deregine. Ýazgynyña adynda kredit karzy diýdik, emma biz muny mysal getirmek üçun ulandyk. Eýse, nämüçin ulandyk? Bir öý ýa-da mülk alsañyz we banka ýa-da döwlete bergiñiz bar bolsa, "ýok men muny tölejek däl" diýip bilýäñizmi? Hawa, diýip bilýänsiñiz, ýöne muny diñe dilujy diýýänsiñiz, hakykatda welin beýle mümkinçiligiñi ýok, gynansak-da. Şol sebäpli bergiñizi üzmek üçin jan edip işleýänsiñiz. Bu bergini tölemezlik ýaly ýeñilligiñiziñ ýokdugyny bilip dursuñyz. Köpimiz ertirden agşama çenli işleýäris, il deñinde öýümiz, awtoulagymyz bolsun diýip, bir zatlar edinjek bolup. Häzir siz özüñizi şumatky aýdanym bilen ýokarda aýdanymy biri-biri bilen deñeşdirip görüñ. Abstrakt zatlar üçin eden işiñiziñ netijesini alýarsyñyz. Emma ortada ýok abstrakt zatlaryñ arasynda bu ýagdaýyñ gürrüñi bolmaly dälmi? Kredit hökmünde şeýle göz öñüne getiriñ. Jennetde bir köşgüñiz bar, siz onuñ tölegini şu dünýäde ybadat edip geçirýärsiñiz. Ýa-da jennetden köşk satyn almak üçin pul üýşürýän ýaly pikir ediñ. Näçe köp ybadat etseñiz, ahyretiñiz üçin şonça-da köp girdeji gazanandygyñyzy añladýar. Bärde getirilen mysallar diñe has gowy we giñ düşünmegiñiz üçindir. Başga many çykarjak bolup kelläñizi agyrtmañ. Ferdi KORKMAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |