14:44 Öli toprak olar üçin delildir | |
ÖLI TOPRAK OLAR ÜÇIN DELILDIR
Gurhanyñ "Ýasin" süresiniñ 33-nji aýatynda Beýik Allatagala şeýle diýýär: "Öli toprak olar üçin delildir. Biz ony janlandyrýarys we ondan däneler çykarýarys, şolardanam iýýärler". Aýdylyşy ýaly, göräýmäge öli (jansyz) toprak hiç zada ýaramaýan ýalydyr. Emma oña bir tohum atýarsyñ welin, ondan nijeme dürli ajaýyp miweler çykýar. Nähili şeýle bolýandygyna düşünibem bilmeris. Şeýle seredende kiçijik bir tohumam hiç zada ýaranok. Ony topraga dürtýäñ welin, birgiden miwedir iýmiş berip durandyr. Mazlum toprak... biz oña nijeme ezýetleri çekdirýäris, horluklary görkezýäris, hapalaýarys, ulanyp bolmaz ýaly ýagdaýa düşürýäris. Allatagala aýatynda bir añyrsy-bärsi ýok uly nygmat berendigini aýdýar. Topragymyzyñ gadyr-gymmatyny bilmek we şükür etmek gerek. Ferdi KORKMAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |