14:59 Magşar gününe taýýarlygyñyz barmy? | |
MAGŞAR GÜNÜNE TAÝÝARLYGYÑYZ BARMY?
Oýlanmalar
Şu surata syn edeniñizde göz öñüñize magşar güni geldimi? Magşar meýdanynda-da edil şu suratdaky ýaly hyryn-dykynlyk bolar diýilýär. Şol gün ýagşylar we ýamanlar, ýagny jennetiler we dowzahylar biri-birinden aýrylar. Hiç kimse şu suratdaky ýaly biri-birlerini tanamazlar we hiç kimiñ biri-birine haýry degmez. Siz şol güne taýýarmy? Tarapyñyzy saýladyñyzmy? Haýsy tarapda barýarsyñyz? Şol aýgytly gün üçin taýýarmykak? Heý, şuny pikir etdiñizmi? Meñ pikirimçe, edil şu pursatda az-owlak oýlanyñ, pikir ediñ: şol gün gelende haýsy tarapda bolarys, eger dogry tarapda däldirin öýtseñiz, öz bolşuñyzy gözden geçiriñ. Çünki şol gün gelende yzyña dolanyp gelme diýen zat bolmaz. Siz - siz boluñ, şol güne taýýarkly boluñ. Allanyñ azaby diýseñ çetindir. Ol hemmelere eden işleriniñ garşylygyny iñ inçe jikme-jikligine çenli berýändir. Belki-de, ýagşylaryñ tarapyndasyñyz, ýekeje ýagşylyk siziñ jennete girmegiñize sebäp boljakdyr, şol gün sizem begenjeklerden boljaksyñyz, enşalla! Duruñ, duruñ, derrew begenjegem bolup durmañ, birden bar zat tersine bolsa näme! Egrisi-dogrusy bilen şu okanlaryñyz size şol güni az-owlak ýatladyp bilen bolsa, enşalla, şol güne taýýar bolanlardan bolarsyñyz. Ferdi KORKMAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |