HYTAÝ ROWAÝATY
Gadym zamanlarda Çyn-Maçyn ýurdunda juda dana we ençeme çarşenbäni başdan geçiren tejribeli ruhany-bilgiç ýaşap geçipdir. Günlerde bir gün ol howsala düşüp ýurduñ patyşasynyñ huzuryna barýar we oña:
- Patyşahym, ýene üç aýdan aýylganç gurakçylyk başlar. Asmandan nem dammaz. Çeşmedir derýalar gurap, dag-dereler takrap galar. Bu guraklyk üç aý dowam eder, ondan soñky üç aýda bolmam dynman ýagyş ýagar. Emma öten-geçenlerimiziñ ruhlarynyñ habar bermegine görä, bu ýagyş adaty ýagyşlara meñzemeýär. Ol ýagyşyñ suwundan kim içse akly başyndan uçjak. Şonuñ üçin patyşahym, häzirden taýýarlygymyzy göreliñ. Guraklyk döwri üçin üç aýa, adatdan daşary ýagyş döwri üçinem üç aýa ýeter ýaly agyz suw toplansyn!
Şondan soñ wagt ýitirmän ýurduñ çar künjüne jar çekdirilýär we ilatyñ agyz suwuny toplamagyna, beýleki ätiýaçlyk çäreleriniñ görülip başlanmagyna buýruk berilýär. Şeýle hem guraklyk we dyngysyz ýagyş döwründe adam başyna düşýän suwuñ mukdary ölçenipdir. Wagt gelýär, bilgijiñ aýdany birme-bir bolup başlaýar. Ilki tebsirediji guraklyk çar tarapy ýakyp-ýandyryp taşlaýar. Adamlar suwsuzlykdan şeýle bir gorkup başlaýar we öz toplan suwuny tygşytlap, biri beýlekisiniñ, goñşy goñşynyñ suwuny içmäniñ ýoluny gözläp başlaýar. Şol kynçylykly günlerde ýurduñ her ýerinde-her ýerinde nätanyş adamlar orta çykýar we gije-gündiz halkyñ arasyna aýlanyp döwrüñ özgerendigini, bilgiçlere we öten-geçenleriñ ruhuna ynanmagyñ akmaklygyny, ýagyş suwundan içeniñ bilen däliremegiñ mümkin däldigini wagyz edýärler Şeýle hem olar ylymyñ has ösendigini, özleriniñ bilgiçlerden, ruhanylardan has köp bilýändiklerini, tiz wagtdan gurakçylygyñ gutarjakdygyny, biderek alada galyp ýörmezligi, her kimiñ içesi gelen suwuny içmegi aýdýarlar. Bu näbelli adamlaryñ kimdigini we nireden gelendiklerini bilmeselerem, olaryñ patarrakylaryna ynananlar köp bolupdyr. Şonuñ üçinem entek ýagyş başlamanka toplanan suwlaryñ köp bölegi içilip gutarylypdyr. Yzy kesilmeýän ýagyşlar başlaýaram welin adamlaryñ käbiri içmäge suw galmandygy üçin, käbiri-de ruhanylara yzagalak düşünjeli diýip aýdylan ýalan-ýaşryklara ynanandyklary üçin ýagyş suwuny içmäge başlaýarlar. Netijede halkyñ aglabasy aklyndan azaşýar. Hatda ýurduñ patyşasy-da çydam edip bilmän, ýagyş suwundan bir bulgur suw içýär we beýlekileriñ güni başyna gelýär.
Emma Çyn-Maçynda halkyñ belli bir bölegi alymlary, ruhanylary diýseñ gowy görüpdirler we olaryñ aýdanlaryna hemişe eýeripdirler. Öten-geçen ata-babalaryna hem sylag-hormatlary çäksiz bolupdyr. Olar guraklyk döwründe paýlaryna düşen suwuñ bir bölegini ogurladypdyrlar, şeýle-de owurtlany däliredýän ýagyşlar başlansoñ, dözmezçilik edip suw diýip gelen goñşy-golamlaryna-da ýardam elini uzadypdyrlar. Olar ellerinde ujypsyz suw galyp, tebsiräp ölýänem bolsalar, ýagyş suwundan datmandyrlar. Keselläni keselläpdir, öleni ölüpdir. Muña garamazdan sarsmaz ynançly ol adamlar dogry hasap eden ýollaryndan dänmändirler. Köpleriñ oýnatga öwrülip giden ýurdunda az sanly akylly adamlar bolup galmagyñ hötdesinden gelipdirler. Ýañsylanypdyrlar, horlanypdyrlar, harlanypdyrlar, hatda günäkärlenipdirler...
Käbirleri: "Köpçülige eýerip, olaram ýagyş suwundan içip beýlekilere meñzän bolsadylar, belki has gowy bolardy" diýýärler. Biz bolsa beýle pikirde däl. Çyn-Maçyn ýurduny halas eden şol sarsmaz ynançly gahrymanlardyr. Olar ýagyş suwuny içen bolsalar, onda durmuşlary gaýgy-gamsyz geçerdi. Emma olar hem ebedilik bagtyýarlygy, hem Çyn-Maçyny elden gidererlerdi...
Galip ERDEM.
Ýunus Bugra ÝYLMAZYÑ arhiwinden:
"HAMLE" žurnaly, 01.08.1983-nji ýyl.
Terjime eden: © Has TÜRKMEN.
Ertekiler