HYÝANATKÄR HATYN
Markus Osborn otagyndaky kürside aýaklaryny stoluň üstüne goýup, ham-hyýala guwwas kimin çümüp otyrdy. Ol özüçe "Eger şu mahal biri otagyma girse meň başarnykly dedektiw ekenligime şübhelenmez, elbetde bu pikiri nädogry hem bolmaz" diýip oýlanýardy.
Osborn ýakynda otuza giren, boýy belent, ýüzi agras, şar-gara saçy galyň "men" diýen erkekdi. Ol özüniň owadanlygyna guwanýardy. Üç ýylyň içinde onuň hususy dedektiw agentligi şäherde uly abraýa eýe bolupdy. Ol heniz öýlenmändi, emma söýgülisi bardy. Bolmaýan tarapy onuň söýgülisi ärli hatyndy.
Gapyň yzly-yzyna üç gezek kakylmagy ony hyýalat äleminden yzyna getirdi.
Ol aýaklaryny stoluň üstünden düşürip:
— Giriberiň— diýdi.
Äýnek dakynan, kaşaň geýinen, saçlary seýrek orta ýaşlaryndaky adam gapyny açyp, içerik girdi. Dedektiw ornundan turup gelen adam bilen salamlaşdy.
— Hoş geldiňiz, oturuň! Men agentligiň direkdory Markus Osborn. Size nähili kömek edip bileris? çekinmän aýdyberiň! —Ol aýnaň öňünde telim sapar gaýtalap ýat beklän sözlerini gaýtalady.
Ol adam pessaýja ses bilen:
— Meň adym Harold Jons— diýdi— Size ýüz tutmagymy köp adam maslahat berdi. Meň bir näzyk meseläm bar, eşdişime görä, siziň agentligiňiz işi juda seresaplyk bilen amala aşyrýarmyş.
Osborn bu sözleri eşdip kemterlik bilan baş atdy.
— Hatynym maňa hyýanat edýär, diýip şüphelenýäryn, maňa hyýanat edýärmi, etmeýärmi anyk bilmek isleýärin. Siziň hatynymy yzarlamagyňyzy isleýärin. Ol öýden çykansoň nirä barýanyny, kim bilen duşuşýandygyny anyklap beriň!
— Size doly we anyk maglumat taýýarlap bereris. Maglumat näçe wagta taýýar bolmaly?
— Iki hepde arkaýyn ýetse gerek. Eger bu wagt azlyk etse uzagyrak wagt yzarlamagyňyz mümkin.
— Göreris… Emma iki hepde ýetse gerek.
— Bolýar. Ine bu meň telefon belgim. Bu bukjada bolsa hatynymyň suraty hem-de pul bar. Siziň hyzmatyňyzyň bahasyndan habarym bar, näçe pul bermeli bolsa bererin.
— Hatynyňyzyň ady näme?
— Kristin Enn.
Osborn elheder almakdan ýaňa saň-gaty boldy. Kristin Enn onuň söýgülisidi ahyryn. Diýmek bu adam onuň äri eken-dä. Ol bukjany açdy, özüni dürsemek üçin surat bilen çege sereden kişi bolup oturdy.
Jons onuň bu hereketlerini işe derrew başlamak diýip oýlady.
— Işe ünsli çemeleşýändigiňiz bildirip dur. Indiki duşuşygymyzda maňa anyk maglumat berjegiňize şek-şübhäm ýok. Hoş…
Markus ýerinden turup müşderisini ugratjak mahaly zordan:
— Hoş, jenap Jons— diýdi.
Jons gidensoň, Markus kürsüsine oturdy. Ol allanyçyksy bolup galdy. Çekmäni açyp bir çüýşe wiski bilen stakan aldy. Wiski içip näetmelidigini oýlap başlady.
Markus "Jons onçakly owadanam däl eken. Kristiniň aýrylyşyp maňa durmuşa çykmak isleýändigi ýöne ýere däl eken. Mundan daşgary, ol meni juda söýýärem" diýip oýlandy.
Elbetde müşderisine hakykaty äşgär etmek mümkin däl. Emma maglumat bermesede bolmaz.
Işi agent Skott Palmere tabşyryp iki hepde Kristin bilmen duşuşmazlyk kararyna geldi. Kristine äriniň nähili iş tabşyrandygyny iş tamamlanansoň aýdyp iki bolup heziller edinip äriniň üstünden gülmegi maksat edindi.
Iki hepdeden soňra Skott Palmer özüne tabşyrylan işi aňyr ýany bilen ýerine ýetirip Osbornyň otagyna girdi.
— Jonsyň işi tamamlandy. Ertir irden maglumat stoluňyzyň üstünde bolar.
— Juda gowy. Jonsa jaň edip ertir irden meň ýanyma gelmelidigini aýdyň!
— Bolýar. Ertire çenli hoş.
Ertesi güni irden Jons, Osbornyň otagyna girende Skott maglumaty heniz doly ýazyp ýetişmändi.
Osborn:
— Jenap Jons, ertiriňiz haýyrly bolsun. Kofe içýäňizmi— diýdi.
— Sagboluň, içerin.
Osborn plastik stakana kofe guýup, şeker bilen gaýmak garyp Jonsa berdi.
Olar kofe içip, içmänkä Skott girdi, Jons bilen salamlaşyp hojaýynyna maglumat salynan bukjany berdi. Osborn maglumatyň asyl nusgasyny alyp derrew müşderisine berdi. Maglumatyň ikinji nusgasyny bolsa öz öňünde goýdy.
Jons maglumaty ýüz-keşbinem üýtgetmän birçetden okap çykdy. Okap bolansoň Osborna:
— Üç sany— diýdi.
— Düşünmedim?
— Men şeýle bolar diýibem oýlaýardym. Bary-ýogy iki hepde-de üç adam.
— Näme barada gürrüň edýärsiňiz?
— Elbetde, siziň taýýarlan maglumatyňyz barada. Doly ýazylypdyr. Iki hepdäň içinde üç sany erkek bilen duşuşmaga ýetişipdir.
Osborn bu sözleri eşdip elheder aldy. Agzyndaky kofeni öňündäki maglumat ýazylan kagyza pürküp göýberdi.
Ol:
— Näme, nirde, haçan? Bagyşlarsyňyz— diýip, kofe dökülen kagyzlary süpürişdirip, olary okap başlady. Okap bolup ol özüni akmagyň barypýatanynyň i-iň aňyr çeti diýip hasaplady. Osborn bar güýjüni jemläp müşderisine seretdi. Müşderisi bolsa pessaýja:
— Dünýäde umuman ynam bildirip bolmajak hatynlaram bar, hä? Şeýle dälmi?— diýdi.
Tom PAÇEKO.
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI.
Hekaýalar