22:01 Iñlis dramaturgiýasy | |
IŇLIS DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Iňlis dramaturgiýasynyň ilkinji görnüşleri butparazlyk, köp hudaýlylyk (ýazyçeskiý) döwürlerinde iki adamyň (aýal we erkek) arasyndaky başlanýan aýdymdan (zapewala-heňlenmekden) başlanypdyr. Iňlis dramaturgiýasyna degişli käbir soňky ýazgylarda halk balladalaryna degişlidigem aýdylýar. Iňlis dramaturgiýasynyň edebi görnüşiniň VII asyrlarda hristiançylygyň kabul edilmegi dini buthana dramalary "liturgiýa” ("liturgiýa”- dini aýdymlar) buthanalarda dini wasp edýän aýdymlar hökmünde ýerine ýetirilipdir. XIV-XV asyrlarda drama çykyşlarynyň buthanadan kowlup çykarylmagy bilen drama çykyşlar buthanalaryň şäher bölümleriniň eline geçýär. Şol ýerlerdäki drama çykyşlar Inžildäki dini häsiýetli sýužetlerden (misteriýalardan) ybarat boupdyr. Injilden alynan dini dramalar kiçijik böleklerden bolup, olar bir pýesa birleşipdirler. Uly buthanalaryň şäher bölümlerinde saklanip galan orta asyr ýazgylarynda 48-sany Ýork, 25-sany Çester, 32-sany Taunliý, 42-sany Kowentr pýesalary bar. Şolardan, Taunliý pýe-salary golýazmanyň saklanyp galan adamsynyň familiýasyny göterýär. Galan üç pýesalar toplumlary saklanyp galan şäherleriniň atlary bilen atlandyrylypdyr. Şol pýesalaryň käbirlerinde diňe dini häsiýetler bolman durmuşy, sosial, satiriki pýesalaram saklanyp galypdyr. Durmuşy ýagdaýlara degişli "Nuhyň gämisi” ("Noýew kowçegi”), "Isaagyň gurban bermegi” ýaly pýesalar esasan Şerter toplumyna degişli, beýleki bir bölegi "çopan pýesasy” atlanlandyrylyp ýaşaýyş durmyşynyň bir näçe ugurlaryny öz içine almak bilen Taunliýa toparyna degişli hasaplanypdyr. XV asyr şäher dramalarynda täze žanrlar "moralite” (latyn dilinde "moralist”. XV-XVI Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň teatrlarynda peýda bolan göçme manyly drama. Sözlüge seret.), "interlýudi” (iki saz guralynyň arasyndaky baglanyşyk edýän pýesa ýa-da pýesanyň bir bölegi) peýda bolup ugraýar. "Moralite” žanrynda Injilden alnan rowaýatlardan, mifik sýužetlerden ara açylyp, dartgynly, howaýy (abstrakt) personažlaryň üsti bilen gowulyklar, erbetlikler ýerine ýetirilipdir. Şol döwrüň Iňlis dramaturgiýasynda "moralite” žanrynda ýazylan "Her bir adam” pýesasy iň döwrebap eser hasaplanypdyr. "Interlýudi” žanry Iňlis dramaryrgiýasynda orta asyrlar eýýamyny ýatladyp duran farslardan ybarat bolup, olaryň personažlary oba we şäher adamlarynyň gündelik durmuşyndan habar beripdir. Umuman alanyňda žanrlaryň ikisem durmuşy hesiýetleri beýan edýän degişmeleri öz içine alypdyr. Orta asyr drama žanrlaryny öz içine alýan pýesalar öz döwründe meşhurlyk gazanypdyrlar. Esasanam "Interlýudi” žanrynda buthana, dini rowaýatlardan daşlaşylyp, dünýewi häsiýete eýe bolunýandygy has-da duýulypdyr. Hakykatda bolsa, iňlis dramaturgiýasynda buthanadan, dinden doly daşlaşmak Galkynyş eýýamynda başardypdyr. XV asyryň aýaklarynda XVI asyryň başlarynda iňlis gumanistleri Dž. Rastell, Dž.Hýwud "moralite” we "interlýudi” žanrlarynda ynsanperwerçilikli wagyz-nesihatlary ýaýratmak bilen,öz möwrütini geçiren feodal gatlagyň düzgünleri suratlandyryp halky göreşe çagyrýandyrlar. Katolik düzgünine garşy göreşe çagyrýan Dž.Beýlanyň "moralite” žanrynda ýazylan "Şa Džon” (1540-nji ýyl töweregi) pýesasy ýurdyň taryhyny öz içine almak bilen iňlis dramaturgiýasynda taryhy pýesalaryň başyny başlap, ýurtda Galkynyş eýýamynyň başlanandygyndan habar beripdir. Geçiş döwri hasaplanýan iňlis dramaturgiýasyna Italiýada dörän yn-sanperwerçilikli hereketler özüniň uly täsirini ýetiripdir. Şol döwürlerde bolşy ýaly, iňlis dramaturgiýasynda-da Antik eýýamynyň nusgalaryna ýüzlenilipdir. Iňlis dramatugiýasynda bu täsirlenmä "dogry dramalar” diýmekligem peýda bolupdyr. XVI asyryň ortalarynda N.Ýudallanyň "Ralf Roýster Doýster” (155), "Gertonyň jorasynyň iňňeleri” (1556) ýaly ilkinji ýazylan (dogry dramalar) atlandyrylýan komediýalar peýda bolupdyr. Ýazylan bu komediýalaryň ikisem, esasanam birinjisi dramaturg Plawtyň eserleriniň täsiri astynda bolmak bilen Iňlis halk farslaram geregiçe goşulypdyr. "Dogry dramalar” atlandyrylýan komediýalaryň yzysüre "dogry dramalara” degişli T.Nortan bilen T.Sekwilliniň "Gorbuduk” (1961) atly ilkinji tragediýasy hem peýda bolupdyr. Awtorlar dramaturg Senekiden täsirlenip, bu tragediýany döretmekde Gadymy Britaniýanyň geçmiş taryhyna ýüzlenmek arkaly döwrüň gündelik syýasatynyň bir adam (absolýutizm-monarhiýa) tarapyndan mekezleşdirilmeginiň halka salýan zorlugyny açyp görke-zipdirler.Iňlis dramaturgiýasynda bu ýagdaý uzaga çekmän, komediýa, tragediýa žanrlary gysylyp çykarylypdyr. Iňlis dramaturgiýasyndan komediýalardyr tragediýalaryň gysylyp çykarylmagy bilen olaryň ýerlerini gülkili, gorkunçly tomaşaçy üçin diňe wagt geçirip bolaýjak belli bir manysyz žanrlar eýeläpdir. Şol döwürde T.Prestonyň 1569-njy ýylda belli bir žanra degişli bolmadyk, parslaryň şasy Kambizanyň durmuşyna degişli gülküli pýesa köp wagtlap tomaşaça hödürlenipdir. Ähli kynçylyklara garamazdan şahyr F.Sidneý we onuň pikirdeşleri öz ylmy işleriniň üsti bilen esasy ýeketäk üç birleşigiň üstünde işlemek arkaly iňlis draturgiýasyny berk düzgüne salmaklygy öňe sürüpdirler. Olardan sýužetleriň taryhy durmuşdan susulyp alynmagy, halkyň, tomaşaçynyň kabul edýän poýeziýa we nowella žanryna ünsüň çekilmegi, galyberse-de, ynsanperwerçilikli ideýalary öňe sürmekde Galkynyş eýýamyndaky Italiýan dramalaryndaky düzgünlerini kabul etmeklik aýdylýar. Şeýle ylmy ugurlardan täsirlenen Dž.Gaskoýn özüniň dramaturg Aristodan alan sýužeti esasunda "Nobatçy” (1566) komediýasynda, "Iokasta” (1566) tradediýasynda oňlis dramaturgiýasy bilen italýan ynsanperwerçilikli dramaturgiýanyň araçägindäki dellal hökmünde çykyş edipdir. 1588-nji ýyl iňlis dramaturiýasynda Galkynyş eýýamynyň gülläp ösen döwri hasaplanýar. Bu döwür buržuaz jemgyýetiň ösüp, täze dworýançylygyň emele gelmegi, şeýle hem Ispaniýa garşy milli göreşiň aýaga galmagy bilen gabat gelipdir. Şol wagtlar Londanda dramaturglaryň uly bir topary peýda bolupdyr. Şol dramaturglaryň hemmesem aýry-aýrylykda ynsanper-werçilikli drama bolan ünsi güýçlendiripdirler. Şu akymyň ugry bilen açyk ynsanperwerçilikli drama nusgalary peýda bolup başlapdyr. Şeýle ugruň ýönekeýje wekilleriniň biri J.Lili "Endimion” (1588) we başgada birnäçe pýesany ýazýar. Şeýle pýesalary ol ikä bölmek bilen birini köşk meýdançasy, birini bolsa halk teatrynyň tomaşaçysy üçin niýetläpdir. Ol şeýle etmek bilen dürli gatlakdan bolan, dürli pikirdäki tomaşaçynyň kabul ediş ugruny kesgitlemekçi bolupdyr. Iňlis dramaturgiýasy Galkynyş eýýamunda dürli tapgyrlara bölünipdir. Onuň ilkinji tapgyry iňlisleriň ispan gämi duralgasyna (1587) eden söweşi bolmak bilen XVI asyryň 90-njy ýyllaryna çenli birnäçe tapgyry başdan geçiripdir. Şol döwürlerde iňlis dramaturgiýasy uly ynam bilen ynsanperwerçilikli ideallara tarap häsiýetli ösüşlere beslenipdir. K.Marlonyň "Teýmirleň” (1587) "Faust” (1589), joşgunly degişmelere ýugrulan R.Griniň "Monah Bekon we monah Bengi” (Monah-buthananyň düzgüni boýunça ýaşaýan terkidünýä adam), "Wekfildäki meýdan garaguly”, J.Pilanyň "Enekäniň ertekileri” (takmynan 1590 ý.) T.Kidanyň "Ispan tragediýasy” (takmynan 1585 ý.) melodramasy, T.Neşanyň "Itler adasy” (1597) ýazgysy saklanmadyk satirasy iňlis dramaturgiýasynyň ýola d üşüp ugrandygyndan habar berýär. Iňlis dramaturgiýasynyň ýola düşmegi beýik iňlis dramaturgy U.Şekspiriň döredijiliginiň başlangyç tapgyry hasaplanylýar. Şol döwürlerde U.Şekspiriň "Genrih VI” (1590-1592), "Riçard III” (1593), "Iki Weronly” (1594) tomaşaça ýetirilipdir. Şol döwürde iňlis dramaturgiýasynda "ganly tragediýalar”, joşgunly komediýalar, taryhy wakalaryň ýazgysy, edebi diliň esasy görnüşi emele gelipdir. K.Marlo bilen T.Kida tarapyndan şygyrýetde ak goşgular emele gelip rifmaly (kapiýaly) goşgular gysylyp başlanýar. Orta asyrlarda höküm süren drama esrlerem ortadan aýrylypdyr. K.Marlo öz drama eserlerinde adamyň hukuklarynyň ýokarydygyny sürýän ynsanperwerçilikli ideýalary öňe sürse, R.Grin eserlerinde ähli gahrymançylyklaryň we özgerişleriň diňe halkdan çykyp bilýändigini ýazmak bilen feodal gatlagyň ýaşaýşynyň halka baglydygyny belläpdir. Olaryň eserlerinde ýurtda ýeketäk hökmirowanlygyň (absolýutizmiň) diňe feodallary goraýan güýçdigini belläpdirler. Dramatur-giýada şahsy hukuklaryň merkezde durmaklygy hakyndaky hakykaty öňe sürmeler K.Marlonyň, T.Kidanyň, U.Şekispiriň başlangyç döredijiklerinde 1590-njy ýyllarda deňeçerräk ýagdaýlary eýeläp, şahsy we jemgyýetçilik islegler pýesalaryň özeni hökmünde çykyş edipdir. Wagtyň geçmegi bilen U.Şekspiriň bu öňe sürmeleri öz aýdyňlygy, açyklylygy, tomaşaça düşnükliligi sebäpli halka has golaý bolupdyr. Iňlis dramaturgiýasynda XV asyryň aýaklarynda XVI asyryň soňky on ýyllygyna çenli pýesalardaky geljege, oňatlyga bolan ynam, owazly sazlaşyk, mylaýym utgaşyklyk höküm sürüpdir. XVII asyryň birinji on ýyllygynda Anglida sosial garşylyklaryň ösmegi, monarhiýa (ýeke-täk hökmürowanlygyň-absolýutizmiň) bilen gatnaşyklaryň çuňlaşmagy, halk bilen buržuaziýanyň arasyndaky dartgynlylygyň agyrlaşmagy, halk bilen ýokary gatlagyň arasyndaky haryt-pul dolanşygynyň ýur-da agram salmagy iňlis dramaturgiýasyndaky ösüşiň iň ýokary derejä galmagyna uly täsirini ýetiripdir. Şol döwür, esasanam XVI asyryň soňky on ýyllygyny öz içine alýan döwri iñlis dramaturgiýasyndaky Galkynyş eýýamy-nyň iň ýokary derejesi hasaplanyp, XVII asyryň başlanmagy bilen ýurtda arzuwçyllyk (romantizm) eýýamy başlanýar. Arzuwçyllyk eýýamynyň iňlis dramaturgiýasyna ornaşýan döwri beýik dramaturg U.Şekspiriň "Gamlet” (1601), "Otello” (1604), "Korol Lir” (1605), "Makbet” (1606) we beýleki dramaturglar Dž.Çapmeniň, J.Uebsteriň, S.Terneriň tragediýalary, B.Džonsonyň "Wolpone” (1606), "Warfolemeý ýarmarkasy” (1614) komediýalary sahnada peýda bolupdyrlar. XVII asyryň başlarynda iňlis dramaturgiýasynda ýiti şertleýin we synpy bölünişikler bolup geçýär. Dramaturglar T.Haýwudyň, T.Dekkeriň, Dž. Marstonyň buržuaz gatlaga, F.Bomontyň, J.Fletçeriň köşk we aristokratiýa däplerine ýykgyn edýän pýesalary ýazylypdyr. Şol döwürleriň yz ýanyndan U.Şekspiriň Arzuwçyllyk eýýamyna degişli tragikomediýalary bu žanryň ösmegine getirýär. 1613-nji ýylda beýik dramaturg U.Şekspiriň döredijiliginiň soňlanmagy bilen iñlis dramaturgiýasynda pese gaçyş möwrüti başlanýar. Şeýle pese gaçmagynyň esasy sebäpleriniň biri teatrlaryň aristokratiýalaşdyrylmagy, olaryň tomaşaçylar köpçüliginden daşlaşdyrylmagy. Görkezilýän spektakllaryň ideýa-mazmun taýdan gowşak, durmuş hakykatyndan, joşgunly pähimler-den daş bolup ýönekeýje melodramalara öwrülmegi. 1642-1630-njy ýyllarda Italiýan dramaturgiýasynda F.Messindžer, T.Midilton, Dž.Şýorli, Dž.Ford ýaly belli dramaturglaryň peýda bolmagyna gamazdan pese gaçmaklyk dowam edipdir. 1642-nji ýylda italýan dramaturgiýasyny şeýle çykgynsyz ýagdaýa salan teatrlaryň Prutan parlamenti tarapyndan ýapylmagy ýurtda dowam edip gelen gowşak dramaturgiýanyň täzeden ösüş ýoluna düşmegine şert döredipdir. 1660-njy ýyllarda monarhyýanyň dikeldimegi netijesinde teatrlar täzeden açylyp ugraýar. Teatlaryň täzeden aristokratik-köşk teatr häsiýetlerine eýe bolmagynyň, dramaturgiýanyň täze ýolunyň, täze şertlere ugrukdyrylmagynyň, klassisizmiň poetikasyna tarap öwrülmeginiň, ýokarda belläp geçen üç birlige (birleşige) tabyn bolmaklygynyň şertlerini kesgitläpdir. Şol döwrüň belli dramaturglarynyň biri Dž.Draýden Galkynyş eýýamynyň ada-ta öwrülen tragediýalary bilen klassisizm eýýamynyň tragediýalarynyň arasyndaky "aralyk” teatr žanryny döretmekligi öňe sürüpdir. Ol özüniň gahrymançylykly "Granadanyň basylyp alynmagy” (1669-1670) pýesasynda "aralyk” ugra ýykgyn edipdir. Emma, "Hemme zat söýgi üçin” (1678) pýesasynda ýene-de klassisizm ugra tarap ýüzlenipdir. Bu klassisizma ýykgyn etme ugry tragediýada döwrüň dramaturglary T.Otueý, N.Li , komediýada bolsa, Draýden, U.Kongriwa, U.Çiçerli, Dž.Wanbri, Dž.Farker dowam etdiripdirler. Olaryň dramaturgiýasynda aristokratik gatlakdan bolan gahrymanlaryň keşpleri ahlak taýdan azgyn, gylyk-häsiýetsiz, haýasyz edilip suratlandyrylypdyr. Şeýle keşplere baha bermekligem känbir başardyp durmandyr. Nähili hem bolsa, şol pýesalar hakyky reýalistik ugurdan daş bolmandyr. Ýöne, sýužetleriň mazmunylary çäklilikden, göçürmelikden çykyp bilmän klassisizm poýetikasynyň şertleine tabyn bolupdyr. 1688-1689-nji ýyllarda bolup geçen döwlet agdarylyşygyndan soň, aristokratik dramalaryň ýerini buržuaz magaryflaşdyryş dramalar eýeleýär. Magaryflaşdyryş dramalaryň emele gelmegindäki esasy maksat tomaşaçylaryň gylyk-häsiýetlerini terbiýelemekden ybarat bolupdyr. Iňlis dramaturgiýasynyň täze akyma gulluk etmeginde esasy öňde duran wezipesi XVIII asyrda doly dowam edip gelen dramadaky öňe sürmelerden daşlaşyp, tomaşaçylary täze pikirlenmä, durmuşa täzeçe garamaklygyň ýollaryny salgy bermek-lige çagyrypdyr. Magaryflaşdyryş eýýamynyň dramaturgiýasynyň ösüşi öz içine birnäçe döwri kabul etmeli bolupdyr. Ol döwürleriň birinjisinde öňki dramaturgiýanyň görnüşlerinde tomaşaçylarda täze ahlak düşünjeleri, täze döwre bap urp-adatlary terbiýeläp ýetişdirmeklik girizilipdir. Şu öňe sürmelerden ugur alan dramaturglar Dž.Addison, R.Stil, S.Džonson magaryflaşma eýýamynda klassisizmiň düzgünleşen tragediýalaryny, komediýalaryny tomaşaça hödürläp ugrapdyrlar. Az wagt geçenden soň bolsa, klassisizmiň çäklerindäki ýokary görnüşiň (stil) buržuaz durmuşy bilen bolýan wakalaryň pýesalarda suratlandyrylyşynyň gabat gelmeýändigi ýüze çykypdyr. Şol döwürde dra-maturg Dž.Lillo "buržuaz tragediýalary” ýa-da "meşançylyk dramalary” atly taglymat bilen çykyş edipdir. Ol öz öňe süren taglymaty esasynda "Londonly söwdagär” (1731) pýesasyny ýazýar. J.Lillo bu pýesasynda buržuaz gatlagy, buržuaz gatnaşyklary bolşundan has artdyryp, ýokarlan-dyryp (idealizirowat) iň ýokary derejeli gylyk-häsiýet hökmünde görkezip-dir. XVIII asyrda ýazyjylar Defonyň, Swiftiň, Fildingiň, Smolettanyň ýazan romanlarynyň okyjylar köpçüliginden örän daşda bolup, ýurtda bolup geçýän gapma-garşylykly wakalardan bihabar bolmaklary hem ýurduň ösü-şindäki yza tesmelere belli bir derejede öz täsirini ýetiripdir. Şol sebäpdenem ýurtda syýasy we sosial durmuşy paş edýän, üstüni açýan komediýalar ýörgünli bolup ugrapdyr. Şeýle komediýalaryň başyny başlan Dž.Geýiň "Gedaýlarryň operasy” (1728) atly opera-balladasy bolupdyr. Şol opera golaý opera G.Fildinga tarapyndanam goýlupdyr. Ýokary gatlak wekilleri bolan ministrleriň, mejlis agzalarynyň we beýleki wezipeli adamlaryň ýyrtyjylygynyň, parahorlygynyň, birek-biregi satmalarynyň üsti açylypdyr. Tomaşaçylary özüne çekip, ýurtda bolup geçýän pyssy-pujurlyklary açýan komediýalardan gorkan ýokary gatlak 1737-nji ýylda döwlet syrlaryny goramak barada (senzura) ýörite karar çykarypdyr. Iňlis dramaturyglary bolan magaryfçy-realistlar şeýle karardan soň, öz ugurlaryny başga tarapa sowup, sosial ugra gönükdirilen gylyk-häsiýetleri (nrawlary) beýan ediji komediýalar döretmäge başlapdyrlar. Şol döwür iñlis dramaturgiýasynda magaryfçylyk-realistik ugruň paş etmek, üstüni açmak ugrundaky ýeten iň ýokary derejesi bolup iňlis sahna sungatynda taryha giren hasaplanýar. Dramaturgiýadaky bu üýtgeşiklik öňi bilen dramaturg R.Şeridana degişli bolmagynda galýar. R.Şeridan özüniň komediýalaryň naýbaşy komediýasy hasaplanýan "Gybat mekdebi” (1777) komediýasynda dworýan jemgyýetiniň gylyk-häsiýetlerini ýok ediji berk tankyt astyna alýar. Şol döwürde dramaturg O.Goldsmit özüniň "Rehimlije” (1768), "Gijelikdäki ýalňyşlyk” (1773) pýesalaryny ýazýar. Bu pýesalaryň ikisinde-de şadyýanlyk, durmuşa bolan söýgi, gowy gylyk-häsiýetler wasp edilipdir. E.Muruň ýazan "Oýunçy” (1753) pýesasy bolsa, meşançylyk komediýalarynyň we melodramalaryň garşysyna goýlupdyr. XVIII asyryň aýaklarynda dramaturgiýada "garabasmalary we elhençlikleri” özünde jemleýän täze tragediýa emele gelipdir. Şeýle tragediýalaryň ilkinji awtorlarynyň biri dramaturg H.Uolpol hasaplanýar. Onuň bu başlangyjyna täsirlenenler we şeýle pýesalary dowam etdirijileriň sany köp bolupdyr. "Gorkunçylykly we elhençlilikleri” beýan edýän pýesalar XIX asyryň başlarynda-da dowam etdirilipdir. XVIII asyryň aýaklarynda Angliýada bolup geçen senagatdaky agdarylyşyk, Fransiýada bolup geçen buržuaz rewolýusiýasy ýurdy dolandyryjy gatlaklaryň arasynda bolup geçýän toparlanşyklaryň ösmegi, güýjemegi netijesinde edebiýatda we sungatda emele gelen arzuwçyllyk eýýamy magaryflaşdyrma eýýamyna jogap bolup hyzmat edipdir. Iňlis dramaturgiýasynda XVIII asyrdaky magaryfçylykda dörän realizm diňe bir gözbaglamaklyk hasaplanyp,onuň deregine peýda bolan arzuwçyllyk eýýamy oňa garşy barlyşyksyz göreş yglan edipdir. Magaryfçylyk eýýamynda dramaturgiýada dörän ähli durmuşy, gahrymançylykly, gapma-garşylykly wakalaryň ählisi ret edilýär. Arzuwçyllyk eýýamyna degişli dramalaryň peýda bolmagy, Angliýada täze dörän jemgyýetçilik akymlary, öňden gelýän syýasatdaky ýyrtyjylygyň garşysyna halky barlyşyksyz göreşe çagyrypdyr. Esasanam, dramaturg R.Sautiniň başky döre-den "Uot Taýler” (1792-nji ýyl, çap edilen wagty 1816-njy ýyl) pýesasy we onuň dramaturg S.Kolrijem bilen bilelikde ýazan "Robesperiň ýykylmagy” (1795) atly tragediýasyda halkyň sosial ýagdaýy örän ynandyryjylykly we hemmeler üçin düşnükli bolar ýaly edilip ýazylypdyr. Şol pýesalardan soň, arzuwçyllyk eýýamynyň dramaturglary özara aragatnaşykda bolan dramaturg U.Wordswort we beýlekiler bilen goşulşyp, başga bir syýasy garaýyşly ugra arzuwçyllyk eýýamynyň konserwatiwçilik ugruna ýykgyn edipdirler. Bu ugur dramaturglary "patriarhal” (köneçillik ugra) ugra dolanyp, onuň gylyk-häsiýetlerine, buthana wagyz-nesihatlaryny ösdürmäge, dabaralandyrmaga çagyrypdyr. Bu çagyryşlara garamazdan dramaturglaryň beýleki bir söweşjeň topary magaryflaşdyrma eýýamyna we onuň syýasy gurluşyna dolanmagy ündäpdir. Şol dramaturglaryň arasynda Dž.G.Baýron uly üstünlikden peýdalanypdyr. Dž.G.Baýronyň "Manfred” (1817), "Kain” (1821) pýesalarynda aristokratiýa gurluşa, buthana ýalanlaryna garşy berk urgyny gönükdirmegi başarypdyr. Dž.G.Baýron özüniň "italýan tragediýalaryndan” ugur alyp "Marino Falýero” (1820), "Foskarili iki adam” (1821), dramaturg P.B.Şelli bolsa, "Azat edilen Prometeý” (1818) atly liriki-dramasynda meşhur grek miflerine ýüzlenmek arkaly sosial gurluşy durşy bilen üýtgetmek wezipesini orta oklapdyrlar. P.B.Şelli "Çençi” (1819) atly başga bir pýesasynda wagşyçylyga garşy berk zarba urmaklygy, gerek bolsa güýç ulanmakdanam gaýtmaly däldigini öňe sürüpdir. Dramaturglaryň arzuwçyl-şahyranaçylyk eýýamyndaky eden tagallalary iňlis teatr sahnasynda öz ornuny tapmandyr. Oňa derek tomaşaçyny diňe güldürip bilýän meşşan komediýalary, melodramalary, ahlaksyz farslar, boş patomimler eýeläpdirler. XIX asyryň ortalaryndaky dramaturg-şahyrlar A.Tennisonyň, R.Brauningiň ahlak-psihologiýa ýugrylan pýesalarynada teatr sahnasynda ýer tapylmandyr. Hatda A.Tennisonyň taryhy sýužetleriň üstünde işläp döreden "Şa aýaly Mariýa” (1876), R.Brauningiň "Strafford” (1837) pýesalaram şol döwrüň sahnasy üçin gerek bolmandyr. Olara derek dramaturglar Ç.Dibdiniň, Dž.P.Planşäniň, F.Reýnoldyň köpçüligi güýmäp bilýän gowşajyk pýesalary ýörgünli bolupdyrlar. Iňlis edebiýatynda buržuaz jemgyýetiniň ýetmezçiliklerini açyp görkezýän Ç.Dikkensiň, U.Tekkrereýanyň sosial-tankydy romanlaram Iňlis drama-turgiýasynyň repertuarynda öz ornuny tapmandyr. Olara derek teatr sahnalarynda epigon-romantizme (epigon-romantizm-syýasy, çeperçilik, ylmy taýdan özbaşdaklygy bolmadyk ugur. Sözlüge seret.) ýykgyn edýän Ş.Noulsyň, S.Fillipsiň pýesalary hökmürowanlyk sürüpdirler. XIX asyryň ortalarynda Iňlis dramaturgy E.Bulwer-Littonyň "Lion gözeli” (1838), "Pul” (1840) pýesalary peýda bolýar. Joşgunlylygy beýan edýän sýužetlere gaplanan bu pýesalar häsiýetleri boýunça realizmiň belli bir aýratynlyklaryny açyp bilipdir. Esasanam, Iňlis dramaturgiýasynda hakykatyň "Pul” pýesasynda aýdyňlyk bilen açylmagy ýokary gatlaga ýaraman sahna hakykatyny ýapmak, oňa ýol bermezlik ugurdan syýasy göreş yglan edilipdir. Käbir döwlet syýasatyny bölekleýin açýan dramaturglar D.Busikonyň, T.Teýloryň, T.U.Robertsonyň dramaturgiýalary XIX asyryň ikinji ýarymynda öňdäki orunlary eýelemekligi başarypdyrlar. Olaryň dramaturgiýalary belli bir ýiti meseleleri gozgaman, diňe durmuşy wakalary ýaýbaňlandyrmak çäginden çykmandyrlar. Az wagt geçenden soň, T.U.Robertsonuň durmuşy ha-kykaty açýan "Jemgyýetçilik” (1865), "Kasta” (1867) pýesalarynda ýurtda bolup geçýän çydamsyz ýagdaýlary mylaýym, "buržuaz-filantronizm” (filantronizm-haýyr-nogsançy, ynsanparazlyk, ynsansöýüjilik. Sözlüge seret.) çäkden beýan etmek bilen aristokratiýanyň ulumsylygyny, tekepbirligini, hondanbärsiligini, gopbamçylygyny, öwünjeňligini (çwanstwo), meşşançylyk ikiýüzliligi, ýaranjaňlygy (hanžestrwo) tankytlapdyr. 1880-1890-njy ýyllary öz içine alýan iňlis imperealizmi ýurtda bolup geçýän garşylyklaryň, demokratik herketiň ösmegi täze adatlaryň peýda bolmagyna getiripdir. Dramaturglar G.A.Džone, A.U.Pinero maşgala we nika mazmunly pýesalar ýazmak arkaly hökmürowanlyk edýän gatlagy tankyt astyna alypdyrlar. Olar şeýle mazmunly pýesalary ýazmakda dramaturg T.U.Robertsondan täsirlenipdirler. Olar dramaturg T.U.Robertsonyň yzyny dowam etdirijiler bolmak bilen, dramaturg G.Ibsene-de ýüzlenipdirler. Şol döwürlerde dramaturg O.Uaýld sussypeslik (dekadentswo) dramalary döredip ugrapdyr. Onuň "Paduan gersogynyň aýaly” (1891), "Salomeýa” (1894) pýesalary sussypeslik žanrynda nusgalyk bolup hyzmat edipdir. O.Uaýldyň iňlis dramaturgiýasyna goşan esasy goşandy Galkynyş eýýamyndaky hakyky komizmi (komizm-gülkünçli, ýagdaýyň gülkünçliligi) döredip bilipdir. Onuň "Uindermiriň ýelpewajy” (1892), "Zenana bolan ýalan üns” (1893), "Göreldeli är” (1895), "Nähili edip salyhatly bolmak mümkin” (1995) pýesalarynda gepleşik (dialog), hereketdäki dartgynlylyk, batyrgaýlyk bilen, kabul edilen kadalara, düzgünlere, ylma, sagdyn pi-kirlere ters gelýän (paradoks), kimdir biriniň hasabyna ýaşaýan, mugthorçylygy (parazitizma), gylyk-häsiýetsiz, aýratyn hukukly adamlar we olaryň boş durmuşyny ýitilik bilen öz komediýalarynda bermegi başarypdyr. Iňlis dramaturgiýasynda hakyky realizmi we sosial-tankydy berip bilmeklik dramaturg B.Şounyň döredijiliginde onuň 1890-nji ýyllarda peýda bolup ugran "ýakymsyz pýesalarynda” (nepriýatnymi pýesami) ýüze çykypdyr. B.Şouň "Dul zenanyň öýi” (1892) "Uorreniň käri” (1893), "Sahna jemgyýeti” (1902) pýesalary özüniň ýiti tankydy bilen döwürdeşlerinden ep-esli saýlanypdyr. B.Şou Angliýanyň edebiýatynda we sungatynda ýol görkeziji, wagyz-nesihatçy bolmak bilen ol köp halatda dramaturg G.Ibseniň döredijiliginden täsirlenipdir. Iňlis dramaturglarynyň we J.T.Greýniň ýolbaşçylyk edýän "Garaşsyz teatrynyň” işgärleriniň (1891-1898) bilelikdäki göreşleri tankydy realizmiň ýeňmeginde öz netijesini beripdir. Bu ýeňiş çeperçilik taýdanam bahasyna ýetip bolmajak ýeňiş hökmünde Iňlis dramaturgiýasyny ýokary galdyrypdyr. B.Şouň dramaturgiýasy buržuaz jemgyýetiniň deňsizliklerini, "fabiýan-sosializmiň” (bu jemgyýet 1884-nji ýylda iňlis buržuaz intelgensiýasynyň döreden guramasy. Sözlüge seret.) çäkliligini, eziji synpyň gurluşyny, höküm sürüji häkimýetleriň hiç bir düzgüne gelmeýän agalygynyňüstün-den gülüpdir we berk tankyt astyna alypdyr. Iňlis dramaturgiýasynyň käbir wekilleri öz pýesalarynda sosial-durmuşy wakalary beýan etmek bilen "naturalizme” golaýlaşypdyrlar. Iňlis dramaturgiýasynda "naturalizmiň” peýda bolmagyny Mançestrdäki "Geýeti teatry” bilen baglanyşdyrýarlar. Iňlis dramaturglary Sent-Džon Henkiniň "Kaselisiň maşgalasyndaky adaglama” (1907), "De Muloinsleriň maşgalasyndan iň soňky” (1908), Sent-Jon Erwiniň "Garyşyk nika” (1911), "Jeýn Kleg” (1913), M.S.Hotonyň "Ýaş nesil” (1910), režissýor H.Grenwill-Barkeriň "Woýsynyň mirasy” (1905), "Tozama” (1907) pýesalary meşşançylyk şertleride sosial deňsizlik meselelerini, aýallary tabynlykdan azat etmeklik, maşgaladaky za-lymlygy ýok etmek ideýalary öňe sürülipdir. Iňlis dramaturgiýasynda, edebiýatynda tankydy reýalizmiň ornaşmagy belli ýazyjy-romançy Dž.Golsuorsiniň ady bilen belli bolmagynda galýar. Onuň döreden "Kümüş gapjyk” (1909), "Göreş” (1909), "Garyplyk" (1914), "Ölüm howply tutluşyk” (1920) atly sosial dramalarynda hakykat wakalary, häsiýetleri ussatlarça suratlandyryp bilmegi onuň eserlerini XX asyryň başlaryndaky iňlis dramaturgiýasynda nusgalyk hökmünde görkezmäge mümkinçilik berýär. J.Golsuorsiniň dramaturgiýasy belli dramaturg U.S.Moemiň eserlerinden özüniň mazmun taýdan artykmaçlygy bilen tapawutlanypdyr. U.S.Moemiň dramaturgiýasynda-da ýokary gatlakdaky edilýän ähli pyssy-pujyrlyklary paş edijilik, ýokary gatlak wekillerini gorka salypdyr. Onuň "Halka” (1921) pýesasynda höküm sürýän gatlagyň halka salýan zulmynyň üstüni açsada, şol hökmürowanlygy düzedip, ýola salyp boljagyna doly bir özem ynanmandyr. XX asyryň başlarynda dramaturgşahyr T.Hardiniň "Dinastiýa” ("Nebere”-1904-1908) atly düýpli eseri peýda bolýar. Ol bu düýpli eserinde bü-tin adamzat taryhyny öz içine alýan filosofiýany döretmekligi göz öňünde tutmak bilen buržuaz ösüşiniň şowly gutarjagyna ynanmandyr. XX asyryň başlarynda şahyrana "simwolizm” ("simwolizm”-buržuaz edebiýatynda we sungatynda realizme garşy akym.Sözlüge seret.) häsiýetli akyma gulluk eden dramaturglar S.Fillips, J.E.Fleker, G.Bottomli öz eserlerinde XX asyr iňlis dramaturgiýasynyň sussypeslik (dekadent₩ ganatyna (krylosyna) ýykgyn edipdirler. Dramaturglar J.Meýsfild, L.Aberkrombi bolsa, arzuwçllyk ugra ynanmandyrlar. XX asyryň başlarynda iňlis dramaturgiýasyna gulluk eden-dramaturglar özara bolup geçýän garşylyklara garamazdan 1914-1918-nji ýyllarda dowam eden 1-nji Jahan urşundan soňky geçen döwürde dürli akymlarda ýazmalaryny dowam etdiripdirler. Şol döwürde Iňlis jemgyýetinde çuň pese düşmeleriň höküm sürýändigine garamazdan ýaş dramaturg-ýazyjylaryň uly topary ösüp ýetişýär. Ýaş dramaturglardan R.Şerriffiň "Syýahatyň soňunda” (1928) atly pýesasynda uruş döwründen garaşanyňdanam (pasifistik) beter ýagdaýlaryň bolup geçendigi öz içine almak bilen adamzadyň urşa bolan ýirgenjini beýan edipdir. Başga bir taryhy dramalara ýüz uran dramaturg K.Drinkuoter özüniň "Abraam Linkoln” (1910) atly taryhy pýesasynda tomaşaçyny "liberal-filantropizm” ("Liberalizm”-feodal-kre-postoýçylyk we buržuaz rewolýusiýasy döwründe buržuaz azatlygyny, bäh-bitlerini goran ugur. "Filantroňiýa” - ynsanperwerçilik we ynsansöýüjilik./ ugra çagyrypdyr. Psihologiýa taýdan atlandyrylan "ýitirilen nesil” atly pýesalar toplumyny döretmeklige ýykgyn eden dramaturg N.Kourdň "Sowuk jaýdaky yssytma” (1925), "Kawalkada” (1931) eserlerini ýazypdyr. Dramaturg A.Miln özüniň "Mister Pim geçip barýar” (1921) pýesasynda hereket edýän bir kiçijik adamyň "buržuaz-filan-troiýasyndan” ("Filatropiýa”-ynsanperwerçilik, ynsansöýüjilik/ çykyp bilmän haýsy tarapa urunjagyny bilmen ýöreni suratlandyrylýar. Birinji, ikinji jahan uruşlarynyň arasynda peýda bolan dramaturg J.B.Pristliniň Iňlis ownuk buržuaz intelligensiýasynyň wekili bolmak bilen ol döredijiliginde-pýesalarynda biri-birine garşy gelýän adatlary şöhlelendiripdir. Buržuaz jemgyýetinde sosial we ahlak kadalarynyň bozulýandygyny özüniň "Gorkuly aýlaw” (1932), "Konweýiň maşgalasy we wagt” (1937), "Olar şähere geldiler” (1943), "Lindeniň maşgalasy” (1947), pýesalarynda aýdyň beýan edipdir. "Gijeki saz” (1938), "Iordaniýanyň asmanyndaky Džonson” (1939) pýesalarynda bolsa, sussypeslikli, syrly, jadyly görnüşler öňe sürlüpdir. Şahyr S.Spendaryň "Kazynyň üstünden edilýän sud” (1938) sahna eserinde ýiti sosial meseleleriň goýulyşy bilen zamandaşlarynyň eserlerinden tapawutlanypdyr. Dramaturgiýada öz boluşly Dž.Braýdi "Iona we kit” (1932), "Susanna we garrylar” (1937) atly pýesalarynda çylşyrymly däp-dessurlary häsiýetlendirmekde Inžiliň-Bibliýanyň sýužeterine ýüzlenip, özüne gerek temalardan peýdalanypdyr. Dramaturg T.Rettigen orta asyr sýužetlerine ýüzlenip, "Lanselot” (1945) pýesasyny ýazypdyr. Ýöne ol, bu pýesada belli bir sosial meseläni gozgamakdan saklanypdyr. Iňlis dramaturgiýasynda 1-nji, 2-nji Jahan uruşlarynyň arasynda şahyrana-dramalary döretmekde galkynyş hereketi öňe sürülipdir. Şol herekete "reaksion-modernist” (reaksion-her bir agdarylyşyga taýýar güýç. Modernizm-şekil we bezeg sungatynda geleňsiz garaýyş. Sözlüge seret.) toparynyň wekili dramaturg T.S.Eliot baştutanlyk edipdir. T.S.Eliotyň dramaturgiýasy syýasy goragy we dini-mistiki (mistika-syrly, jadyly) ideýa-mazmuny öz içine alypdyr. Onuň "Ybadathanadaky ölüm” (1935), "Maşgala ýygnanşygy” (1939), "Kokteýilli agşamlyk” (1949) pýesalarynyň esasy mazmuny ýokarda bellänlerimizi tassyklaýar. Ownuk buržuaz jemgyýetindäki gabat gelýän aýgytly geçişleri we oýnak häsiýetleri özünde jemläp bilen "Ölüm tansy” (1933), "Deriniň aşagyndaky it” (1935) pýesalaryň awtory U.Odena öz döwründe uly hormatdan peýdalanýan dramaturg hökmünde tanalypdyr. Dürli realistik adatlara, dürli akymlara gulluk edýän ýazyjylardyr dramaturglar dürli ýyllarda, dürli ýagdaýlarda Iňlis dramaturgiýasynyň dünýä belli dramaturglarynyň döremegine, şol bir wagtyň özünde dünýä belli sahna eserleriniň dünýä inmegine goşant goşandygy belläp geçmegem esasy zerurlyklaryň biri hasaplanýar. Ähli ösüşlere garamazdan belli bir galypa salynmadyk ýalan ideýalara gulluk eden, halkyň durmuşyndan, ýaşaýşyndan daşda bolan öňe sürmelerem iňlis dramaturgiýasynda azlyk etmändir. Bu bellän zatlarymyza garamazdan iňlis dramaturgiýasyndan, iňlis sahnasyndan nusga alarlyk zat azlyk edenok. Iňlis dramaturiýasynyň ösüşinde dünýä teatrlary diňe bir U.Şekspir eýýamyna ýüzlenmän, şu günüň häzirki zaman sahna sungatyndanam özleri üçin susup almalaryny dowam etdirip ýörler. Bu şeýle-de bolaýmaly. Sebäbi sungatyň dili - dünýäniñ dili. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |