15:40 Iñlis žurnalynyñ çypdyrmalary | |
IŇLIS ŽURNALYNYŇ ÇYPDYRMALARY
Publisistika
• “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasyna hat Gadyrly redaksiýa! Gürrüňini berjek bolýan faktlarym jemgyýetçiligi gyzyklandyrarmyka diýen umyt bilen, men özümiň şu hatymy gazetiňizde ýerleşdirmegiňizi haýyş edýärin. Gürrüň iňlis taryhçylarynyň käbirleriniň her edip-hesip edip biziň respublikamyza myjabat atjak bolup arryklaryny gynaýandyklary hakda barýar. “Советская этнография” žurnalynyň 1959-njy ýylyň 1-nji nomerinde meniň “Nebitdagyň nebitçi işçileriniň durmuşynyň käbir taraplary” diýen makalam çap edilipdi. Şol makalamda men türkmen nebitçileriniň şu günki durmuşyny görkezmäge çalşypdym. Angliýada iňlis dilinde çykýan “Orta Aziýa syn” diýen žurnal bolsa meniň bu makalamy öz göwnüniň gelişiçe gysgaldyp, ony “Nebitdagyň nebitçi işçileri” diýen at bilen özüniň 4-nji nomerinde çap edipdir. Birinjiden-ä, iňlis žurnaly meniň makalamyň adyny üýtgedip, ony makalanyň mazmunyndan esli daşlaşdyrypdyr. Galyberse-de, ony öz adyndan sözbaşy ýazan bolup, şol sözbaşysynda hakyky faktlary büs-bütin ýoýupdyr. “Musulman Gündogarynyň beýleki halklarynda bolşy ýaly, türkmenlerde-de öz däp-dessurlaryndan ýüz döndermezlik hyjuwy gaty güýçli. Munuň özi ol halklary öz durmuş obrazlaryny üýtgetdirmek maksady bilen Sowet režimi tarapyndan edilýän resmi zor salmalara garşy protestiň bir formasy-da bolup biler” diýip, bu žurnal öz okyjylaryny ynandyrjak bolýar. Şu getirilip görkezilen mysaldan belli bolşy ýaly, ýokarda ady tutulan žurnal hakyky faktlary tersine çöwrüp, ol faktlary sowet döwleti hakynda, türkmenlere edilýän haýsydyr bir zor salmalar hakynda, özleriniň toslap tapýan töhmetçilikli çypdyrmalaryna esas edip aljak bolýarlar. Buržuaz ideologlarynyň we käbir döwlet işgärleriniň sowet hakykatyny ýoýmaga mundan öňem ençeme sapar baş goşandyklary bize aýan. Baryp 1955-nji ýylda ABŞ-nyň Ýokary sudunyň çleni Uilýam Duglas Türkmenistana hem-de Orta Aziýanyň beýleki respublikalaryna aýlanyp görüpdi. Şonda ony nirä barsa, sowet adamlary açyk göwün bilen garşylapdylar. Şol wagt jenap Duglas “Огонёк” žurnalynda çykyş edip, Orta Aziýa respubliklarynyň özüne iňňän güýçli täsir edendigini ýazypdy. Aradan birneme wagt geçenden soňra bolsa ol “Luk” diýen amerikan žurnalynda agzyna gelenini samrap, Orta Aziýa respublikalaryna, şol sanda Türkmenistana-da atybilen myjabatyny atypdyr. Ol hatda Orta Aziýa respublikalary şol öňki kolonial agalygyndan çigit ýaljak-da üýtgemändirler diýip aýtmakdan-da çekinmändir. Meniň makalama sözbaşy ýazan iňli žurnaly-da jenap Duglasdan kem oturmandyr. Bu žurnal meniň makalamy iňlisçä terjime edende şol makaladaky hakyky taryhy-etnografiki materiallaryň üstünden böküp geçip, Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde türkmen nebitçileriniň durmuşynda maddy we medeni taýdan bolup geçen progressiw ösüşler hakyndaky beýanlary we netijeleri bilgeşleýin bozupdyr. Žurnal şonuň ýaly-da Beýik Watançylyk urşy wagtynda fronta giden nebitçileriň ornuny olaryň aýal maşgalalarynyň tutandygy, köp milletli nebitçileriň dostlukly aragatnaşyklary, türkmenlerden nebitçi kadrlaryny ösdürip ýetişdirmekde beýleki respublikalaryň berýän kömegi, Türkmenistanda leninçilik milli syýasatyň dabarasy hakyndaky maglumatlar barada sesini-de çykarmaýar. Men özümiň “Советская этнография” žurnalynda çap etdiren makalamda “Türkmenburnebit” trestiniň baş geology Iwan Nikitiç Alifan hakynda 25 ýyl mundan ozal nebitdaga gelip, türkmen oglan-gyzlaryndan ökde nebitçiler ösdürip ýetişdiren ajaýyp rus inženeri hakynda gürrüň beripdim. Meşhur türkmen nebitçisi, Iwan Nikitiçiň şägirdi, Sosilaistik Zähmetiň Gahrymany, respublikanyň Ýokary Sowetiniň deputaty Satlyk Ödäýewiň geçen durmuş ýoluny taryhy-etnografiýa taýdan jikme-jik beýan edipdim. Bu adamynyň geçen durmuş ýoly köpleri gyzyklandyryp bilerdi. Onuň ene-atasy-da, ata-babasy-da Hanmyrat sopy hem-de Yzbasak diýen baýlaryň elinde batrak bolup işläpdirler. Satlyk aganyň özi-de ýaňy on alty ýaşyna giren badyna Annadurdy baýyň gapysynda batrakçylyk edip, ine indem şeýle güne ýetipdir. Emma beýle maglumatlar-da iňlis žurnalynyň göwnünden turmadyk bolara çemeli, ondan-da beteri bu žurnal şeýle maglumatlary basyrdym-busurdym edenini kem görmändir. Men öz makalamda Nebitdag şäheriniň eteginde henizlerem türkmen we gazak obasynyň saklanyp galandygyny, şol obalarda ýaşaýan käbir işçileriň öz hususy hojalyklaryndaky mallaryny saklamakdan ötri amatly ýerleri bolansoň, kommunal jaýlara göçmekden saklanýandyklaryny görkezipdim. Soňra şol obalarda ýaşaýan käbir işçi maşgalalarynda çuwal-torba, horjun, çelek, soky, el degirmeni, gazan, ýüň darak, ýanlyk ýaly köneden gelýän öý goşlarynyň hem-de esbaplarynyň bardygyny aýdypdym. Galyberse-de, durmuşy obýektiw beýan etmegiň hatyrasyna, kabir halatda saç toýunyň, diş toýunyň, hatda oglanlary sünnete ýatyrmagyň-da duş gelýändigini görkezipdim. Iňlis žurnaly bolsa şu faktlary garbap alypdyr-da, türkmen halkynyň ykdysady we medeni taýdan gazanan ägirt uly üstünlikleri hakynda gürrüň berýän faktlary üstüne bihaýalyk bilen gara çyzypdyr. Iňlis žurnalyny çykarýan jenaplar her bir halkyň progressiw däpleriniň-de, reaksion däpleriniň-de bardygyny, şolara laýyk dessurlarynyňda bardygyny ýatlaryndan çykarmasalar gowy bolardy. Progressiw däpler we dessurlar saklanyp galýarlar, öňküden-de ösýärler, a reaksion däpler we dessurlar bolsa jemgyýetiň progressiw taryhy ösüşiniň prosesinde ýitip gidýärler. Emma öz möwritini geçiren eraksion däpler we dessurlar bada-bat ýitip gitmeýärler, iň erbedi-de aňsatlyk bilen ýitip gitmeýärler. Türkmen halky we onuň öňdebaryjy adamlary baýlar hem-de ruhanylar tarapyndan goldanan zyýanly galyndylara garşy asyrlar boýy göreşip geldiler. Munuň şeýledigini türkmen klassyk şahyrlarynyň ýalkymly çagyryşlary-da tassyklap biler, ol şahyrlaryň iň meşhurlary bolan Magtymguly, Kemine, Zelili we başgalar bolsa Angliýada tanalmaýandyr diýip aýdyp bolmaz. Ýöne türkmen halkynyň öňde baryjy adamlarynyň çagyryşlary we arzuwlary täz Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyna çenli amala aşyp bilmedi. Siz meniň makalama ýazan sözbaşyňyzda Sowet häkimiýeti türkmenleriň we Sowet Gündogarynyň beýleki halklarynyň milli däplerine garşy turuwbaşdan jeza beriji çäreler görüp başlady diýip öz okyjylaryňyzy ynandyrjak bolýarsyňyz, jenaplar. Siziň bu aýdýan tassyklamaňyzyň ýapa degmeýän çypdyrmadygyny subut edýän bir dokumente salgylanalyň. Sowet hökümetiniň häkimiýeti ele alan badyna “Russiýanyň we Gündogaryň musulman zähmetkeşleriniň ählisine” ýazan jarnamasynda şeýle diýilýär: “Siziň dini ynançlaryňyz we däpleriňiz, siziň milli we medeni edaralaryňyz indiden buýana azat we eldegrilmesiz diýip yglan edilýär. Öz milli durmuşyňyzy azat we päsgelsiz guruberiň. Russiýanyň ähli halklarynyň hukuklary ýaly, siziň hukuklaryňyzyň hem rewolýusiýanyň we onuň organlarynyň, işçiler, soldatlar hem-de daýhanlar deputatlarynyň Sowetleriniň bütin güýji bilen goralýandygyny bilip goýaýyň”. Şu taryhy jarnamany Sowet Gündogarynyň zähmetkeşleri uly şatlyk bilen garşyladylar. Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň halklarynyň taryhy geçmişi iňlis kolonizatorlarynyň hem-de beýleki gelmişekleriň özlerini dürli milletleriň milli däplerini we dessurlaryny goraýjylar edip görkezjek bolandyklaryna, iş ýüzünde bolsa olaryň şol däpleri we dessurlary diňe kolonial eksplutasiýa maksatlary üçin peýdalanandyklaryna şaýatlyk edýän müňlerçe faktlary bilýär. Şu halklaryň milli däplerini we dessurlaryny olaryň ykdysady we medeni taýdan ösmeklerine garşy ulanyp, olary rehimsiz eksplutatirläp gelen iňlis kapitalistleri dälmidi? XIX asyrda şübheli derwüş donuny geýinen iňlis agentleriniň Orta Aziýanyň şäherlerini hyryn-dykyn doldurandygy bize taryhdan mälim. Ol agentler şonda özlerini “ruhany” diýen kişi bolup, ynanjaň musulmanlary öz taraplaryna çekmäge dyrjaşypdylar. Bir wagtlar öz gazetleriniň ýüzünde rus goşunlaryuny öwen bolup, şol wagtyň özünde-de türkmen halkynyň ähli däplerini rus goşunlarynyň garşysyna türkmenleri aýaga galdyrmak üçin peýdalanmaly diýen buýruk bilen Butler, Nepir we buýanky ofiserleri Türküstana iberen, şeýdip hem rus goşunlarynyň Türkmenistana girmegini bökdemäge çalşan siziň iňlis hökümetiňiz dälmi, “Orta Aziýa syn” žurnalyndan bolan jenaplar? Özlerine galp atlar dakynyp, türkmenleriň içine aralaşan, şeýdip hem türkmenleriň däplerini we ynanjaňlygyny ulanyp, olary ruslaryň garşysyna aýaga götermäge synanyşan O’Donnowan we onlarça beýleki agentler siziňki dälmidi? 1918-nji ýylda türkmen topragyny depelemäge gelip, ahyrsoňy bolsa tumşugyna kakylan soldatlar siziňki dälmidi? XX asyr ortadan aganda – 1956-njy ýylda parahat Müsüriň milli namysyny depelemäge gelen kimdi, “däp goraýjy” jenaplar?! Haka çokunyp, namaz okap oturan müsür müftüsiniň gyrmyzy ganyny ak namazlyga akdyran kimdi, “däp goraýjy” jenaplar?! Araplaryň öz asmany dek dury Sues kanalyndan alýan täret suwuny olaryň öz gany bilen boýanyňyz siziň ýadyňyzdan eýýäm çykdymy? Bigünä arap çagasynyň garamyk ýaly garaja gözlerini sogrup alan kimdi?! Ýagşy-da bir dp goraýan ekeniňiz. Biz geçmişiň zyýanly galyndylarynyň käbirlerine henizler hem aýry-aýry maşgalalarda duş gelinýändigini hiç kimden gizläp saklamaýarys. Biz şeýle galyndylaryň garşysyna yzygiderli göreş alyp barýarys we bararys. Ýöne, siziň milli däplere garşy Sowet häkimiýeti tarapyndan görülýän haýsydyr bir “jeza beriji” çäreler hakynda aýdýan samahyllamalaryňyz gödek töhmetden başga zat däldir. Dogry, biz kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlary äre bermeklige, galyň tölemeklige, köp aýallylyga we şuňa meňzeş “däplere” garşy jeza beriş çärelerini hem ulanýarys we ulanarys. Sebäbi bu “däpler” adamlaryň mertebesini peseldýär. Emma Sowäet häkimiýeti halklaryň tüýs milli däplerini hiç haçan hem yzarlamandy, gaýtam biziň ýurdumyzyň ähli halklarynyň milli medeniýetine uly hormat goýulýar, onuň pajarlap ösmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Bizde geçmişiň zyýanly galyndylaryna garşy zähmetkeşleriň arasynda syýasy-köpçülik işleri alnyp barylýar. Şeýle zyýanly galyndylaryň indi uzak saklanyp bilmejekdigini ynamly aýtmaga bizde hemme esaslar bar. Ýaş etnograf bolan maňa öz respublikamyzyň ähli künjeklerine aýlanmak maňa miýesser bolýar. Şonda men hatda 60-70 ýaşly garrylaryň-da geçmişiň zyýanly galyndylaryndan aç-açan el çekýändiklerini görüp, begenjimden iki bolup bilemok. “Orta Aziýa syn” žurnalyndan bolan jenaplara men Türkmenistanyň häzirki durmuşyny aýnadaky ýaly görkezýän käbir sanlary hödürlesem diýýärin. Angliýada her 1100 adama bir wraç düşýän mahalynda, biziň respublikamyzda her 650 adama bir wraç düşýär. Orta Aziýa respublikalarynyň, şol sanda Sowet Türkmenistanynyň-da gazanan ösüşleri hakynda Sowet hökümetiniň baştutany ýoldaş N.S.Hruşýowyň ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň XV sessiýasynda çykyp geplän sözünde nähili ynandyryjylykly faktlar getirip görkezdi! Ine, ýekeje mysal. Bütin SSSR boýunça 1959-njy ýylda 1926-njy ýyl bilen deňeşdireniňde himiýaçy işçileriň sany dokuz esse, şol wagtyň içinde Orta Aziýa respublikalary boýunça bolsa 72 esse ösdi. Şu sana Nebitdagyň nebitçi işçileri-de girýär. Türkmen nebitçileri şol döwrüň içinde diňe bir san taýdan ösendikleri bilen-de durman, eýsem olar özleriniň düşünjelilikleri boýunça-da tanalmaz ýaly ösdi. Şu zatlary siziň görmezlik etmegiňizi, “Orta Aziýa syn” žurnalyndan bolan jenaplar, näme aklap bolar? Biz bir zady gowy bilýäris: töhmet atmaklyk siziň indi öwrenmeli zadyňyz däl. Biz muňa: “It üýrer, kerwen ýörär” diýen parasatly nakyl bilen jogap berýäris. Ş.ANNAGYLYJOW, taryh ylymlarynyň kandidaty. Aşgabat. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1960 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |