07:25 Işanyñ hakyky keşbi | |
IŞANYÑ HAKYKY KEŞBI
Taryhy makalalar
Ýaldyraýan demir ýol relsleriniñ añyrsynda, demirgazyk tarapda Gökdepäniñ kiçijik wokzalynyñ garşysynda ýüz metr çemesi ýerde wagtyñ geçmegi sebäpli üstüni tozan basyp giden Diñligalanyñ seññerleri somalyşyp dur. Birwagtlar möwç uran galanyñ ägirt uly territoriýasyny häzir üzüm agaçlary tutýar. Onuñ ortarasy bilen demirgazykdan günorta tarap barýan ýodajygyñ ugrunda biz üç adamdan - ata-eneden we olaryñ ýaş gyzyndan ybarat maşgalasynyñ yzyndan ýetdik. Biz ýaly, olar hem Aşgabada gidýän iñ soñky awtobusa ýetişmek üçin duralga tarap howlugyp barýan ekenler. Olar bilen gürrüñimiz alşyp başlaýar. Ýüzi ýadaw görünýän we saçyndan ak giren bu alçak aýal özleriniñ "keramatly" ýerde birneme eglenendigini gürrüñ berýär, olar özleriniñ gyzyny "keramatly" işan aga hassalykdan halas eder diýen umyt bilen bu ýere getiripdirler, onsoñ-da gyzyñ ejesiniñ hem nerw hassalygy bar ýaly bolup görünýär. - Kim maña ýañy kyrk ýedi ýaşyndadyr öýtjek? - diýip, gyzyñ ejesi gürrüñ berýär. Hakykatdan-da, ol özüniñ hakyky ýaşyndan on-on bäş ýaş uly ýaly görünýär. Ol wraçlara känbir ýüz tutmandyr, galyberse-de, oña şeýle bir ökde we yhlasly wraç duşmadyk bolara çemeli. Bir adamyñ hassalygynyñ we howsala düşmeginiñ sebäplerini ýol ugrunda sorap durmak hem gelşikli däl. Gyz bolsa asla syrkaw ýa-da horluk çekýäne meñzänok - uzyn boýly, gözleri ýanyp duran bu gyz gürrüñiñ arasyna goşulyp, şeýle bir amatly ýagdaý bolmasa-da, sowal baryny berdi. Şonuñ bilen bir wagtyñ özünde hem onuñ töwerekdäki "keramatly" ýerleriñ geografiýasyny şeýle bir ýaramaz bilmeýändigini onuñ sözlerinden añmak bolýardy. On alty-on ýedi ýaşly gyz üçin şunuñ ýaly geografiýany bilmek şeýle bir gelşikli zat däl bolsa gerek. Gyzyñ elli ýaş çemesindäki gujurly kakasy aşgabatly işçi eken. Onuñ geýimine we özüni alyp barşyna seredeniñde, dine ynanýan ýaşuly bolup görünmäge çalyşýandygy bildirýär, ol biziñ gürrüñimize bütinleý diýen ýaly gatyşman, birneme öñden gidip barýar. Biziñ soñra düşünişimiz ýaly, "keramatly" ýerlere telim gezek zyýarat gelmegiñ, şol sanda işan aganyñka hem gelmegiñ başyny başlaýjy hut onuñ özi eken, emma bu zatlar onuñ aýalyny hassalykdan halas etmändir. • Bu işan aga diýilýän kim eken? "Keramatly" ýere gelip gören mahalymyzda we zyýarat gelýänler bilen gürrüñdeş bolan wagtymyzda, biz Gyzylarbatdan Mara çenli bolan aralykdan bu ýere gelýänleriñ köpüsiniñ ony asla tanamaýandygyna göz ýetirdik. Her bir adamda bolşy ýaly, bu işanyñ hem özüniñ belli bir ady bolupdyr - oña Gurbanmyrat diýer ekenler. Ol gadym zamanlarda ýaşan adam däl - onuñ aradan çykaly bäri entek ýüz ýyl hem geçmändir. Türkmenistan Russiýa döwletiniñ sostawyna girmeziniñ öñinçäsi, ýagny geçen asyryñ 60-70-nji ýyllarynda ol Köpetdag etegindäki we onuñ alkymynda ýerleşýän çöllük zonadaky Ahal türkmenleriniñ jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda kiçi-girim rol oýnamandyr. Onuñ oýnan roly biçak gelşiksiz rol bolupdyr. • Taryhy çeşmelere ýüzlenip göreliñ Ýigriminji ýyllaryñ ahyrlarynda-otuzynjy ýyllaryñ başlarynda Aşgabatda neşir edilen "Туркменоведение" žurnalynyñ birinji nomerinde (1927-nji ýylda çykan 1-nji nomerinde) S.M.Öwezbaýewiñ "Gönübek" diýen hekaýasy - Gökdepe urşuna gatnaşan bir türkmeniñ - XIX asyryñ ikinji ýarymynda Ahalda iñ belli şahsyýetleriñ biri bolan Gönübekiñ ýatlamasy ýerleşdirilipdir. Gönübek obalaryñ arasyndaky oñşuksyzlyklary açmaga, gan algyly adamlary ýaraşdyrmaga, dürli-dürli jemgyýetçilik we syýasy meseleler boýunça köpçüligiñ pikirini öwrenmäge işeññir gatnaşan jemgyýetçilik işgäri bolmak bilen çäklenmän, göni gepli we dogry hereket edýän, biçak ak ýürekli adam bolanlygy üçin hem uly şöhrat gazanypdyr. Şonuñ üçin hem ol "Göni" diýen lakamy alypdyr, soñra bolsa onuñ bu lakamy onuñ Amangeldi diýen adynyñ ýerine ulanylypdyr. Mundan başga-da, Gönübek ajaýyp eserleriñ birnäçesini döreden sazanda-dutarçy hökmünde-de ägirt uly abraýa eýe bolupdyr. Bu adam aýratyn-da şol wagtlar üçin has haýran galdyryjy mertligini we öz pikirini ençeme gezek özbaşdak subut eden adam bolupdyr. Şeýle mysallaryñ biri onun teke taýpasynyñ ganjyk tiresinden bolan Gurbanmyrat işana garaýşy bilen baglanyşyklydyr. "Gönübek" diýen hekaýanyñ-oçerkiñ 24-nji sahypasynda şu aşakdakylary okaýarys: "Nurberdi han (Ahalyñ ýokary hökümdary) Mara gidenden soñ, Ahalyñ hany boljak bolan Gurbanmyrat işan bilen tersleşende, Gönübek hut şonuñ ýaly mertlik görkezdi". Bu synanyşyk tilkiler we ganjyklar obalarynyñ arasynda bolan gan döküşiklik bilen gutarypdyr, çünki tilkiler obasynyñ ilaty Gurbanmyrat işanyñ han diýlip jar edilmegine garşy bolupdyr. Hekaýanyñ awtorynyñ soñra ýazmagyna görä, Gurbanmyrat işan özüniñ synanyşygy başa barmansoñ, jemgyýetçiligiñ öñünde oñaýsyz ýagdaýa düşendigini bilip, özüni Gönübek bilen ýaraşdyrmagy tizleşdirmegi Kerimberdi işandan (şol wagtlarda Ahalda ýaşan başga bir örän täsirli bu işandan) haýyş edipdir. Şonda Gönübek halk köpçüliginiñ öñünde we Gurbanmyrat işanyñ hut öz ýanynda şeýle diýipdir: "Men Gurbanmyrada elimi bermerin we ony bu dünýäde-de, o dünýäde-de görmek islämok. Bu baradaky ýalbarmalar biderekdir". Gurbanmyrat işanyñ uzadan eli şol uzaýşyna hem galypdyr. "Meniñ hatyram üçin, şu ýerdäkileriñ hatyrasy üçin eliñi uzatmagy haýyş edýärin" diýip, Kerimberdi işan Gönübeke ýüzlenip aýdypdyr. Emma ol şeýle jogap beripdir: "Men musulmanlaryñ arasynda biderek ýere gan dökülmegine sebäp bolan zyýankeş adam bilen dünýäde hiç kimiñ hatyrasy üçin-de ýaraşmaryn. Onuñ işanlygy-ha beýlede dursun, asyl ol adam hem däl". Şondan beýleki ýalbarmalar hem hiç bir netije bermändir. Görşümiz ýaly, Gurbanmyrat işanyñ hondan bärsi boljak bolmak hereketleri, onuñ Nurberdi han bilen bäsdeşligi we Ahalda ýokary hanlyk häkimiýetini öz eline aljak bolmak synanyşyklary goñşy obalaryñ arasynda gan döküşikli çaknyşyklara getiripdir. Gurbanmyrat işan hakyndaky maglumatlary "Türkmenistanyñ Russiýa birikdirilmegi" diýen at bilen TSSR Ylymlar akademiýasynyñ neşirýaty tarapyndan 1960-njy ýylda Aşgabatda çykarylan ýygynda girizilen arhiw dokumentleriniñ arasyndan hem tapýarys. 1875-1876-njy ýyllaryñ dokumentleeinsw Gurbanmyrada Ahalyñ esasy işany diýilýär (187-nji 216-njy sahypalar). Nurberdi hanyñ, ähtimal, 1876-njy ýylda Zakaspi harby bölüminiñ naçalnigine iberen hatynda Gurbanmyradyñ ýaramaz gylygy häsiýetlendirilýär: "...geçen tomus biziñ pirimiz-işanymyz (bu ýerde Gurbanmyrat işan göz öñünde tutulýar) halky ýygnap, hemmeleriñ öñünde "men siziñ patyşañyz" diýip yglan edipdir we öz ýanyndan dört çopany (bu ýerde han-hökümdar manysynda gelýär) naýyp belläpdir, halka hem erbet darap başlapdyr. Bu bolsa biziñ şerigatymyza ters gelýär. Işan tarapyndan göwnüne deglen halk şol sebäpli güýz maña ýüz tutup, meniñ olaryñ hany bolmagymy haýyş etdi" (224-nji sah.). Teke hanlarynyñ dördüsiniñ Ahaldaky ýagdaý hakynda Zakaspi harby bölüminiñ naçalnigine 1876-njy ýylyñ 1-nji dekabrynda iberen hatynda şeýle görkezilýär: Töre goñur we Orazmämmet han bilen bilelikde Gurbanmyrat işan Ahalyñ Pöwrizä maslahata ýygnanan hökümdar ýokary gatlagyny kabul etmäge (274-nji sah.), ýagny şaýylar döwletiniñ raýatyny kabul etmäge çagyrypdyr, türkmen ruhanylary bolsa uzak wagtyñ dowamynda "sünni türkmenleriniñ kapyr şaýylara garşy göreşi" diýen galat baýdak astynda talañçylykly çozuşlara-alamançylyga pata berip gelipdirler (munuñ üçin olar olja baryny alar eken). Hut şonuñ ýaly-da şaýy ruhanylarynyñ hem hakyky musulmanlaryñ - şaýylaryñ kapyrlara - sünnülere garşy göreşi diýen bahana bilen pars otrýadlaryny türkmen obalarynyñ üstüne rehimsiz garakçylyga küşgürendiklerini aýdyp geçmek gerek. Gurbanmyrat işanyñ özüniñ hem alamançylygyñ ýakasy belli kethudasy bolandygyny-da ýeri gelende belläp geçmek gerek (607-nji sah.). Ahalyñ kethudalary patyşa goşunlarynyñ Ahala girmegi barasynda nähili pozisiýany eýelemelidigi hakyndaky meseläni ençeme gezek ara alyp maslahatlaşan mahalynda, täsirli adamlaryñ ençemesi, şol sanda Nurberdi hanyñ özi hem ýaraşyk gepleşiklerine ýykgyn edipdir. Emma olaryñ has konserwatiw, fanatik bölegi ýaragly göreşe çykmagyñ tarapyny tutupdyr, şonuñ ýaly ýaragly göreş bolsa şol wagtyñ patyşa goşunynyñ we türkmen opolçeniýesiniñ güýçleriniñ hem-de ýaraglarynyñ degişli real mynasybetinde gan döküşikli gyrgynçylyga gutulgysyz öwrüläýmelidi. Ruhanylaryñ wekilleri - ozaly bilen bolsa Gurbanmyrat işan we Kerimberdi işan biderek ýere gan dökülmeginiñ esasy ruhlandyryjylary bolupdyrlar. 1879-njy ýylyñ awgustynda olar Orazmämmet serdaryñ we Hanmämmet atalygyñ ruslar bilen ýaraşyk gepleşiklerine başlamak baradaky tekliplerine üzül-kesil otrisatel garap, bu taýpa serdarlaryny gorkaklykda aýyplapdyrlar, olar bolsa muña şeýle jogap beripdirler: "Söweş wagtynda gana boýalan ak telpekleri we gara telpekleri häli-şindi gördük welin, maslyklaryñ arasynda ak sellesi gana boýalan işanlaryñ ýatanyny henize çenli hiç mahal göremzok". Galany goraýjylary has gaýduwsyz göreşmäge itermek üçin, şol işanlaryñ talap etmegi boýunça, Gökdepäniñ Diñligalasyna oazisiñ köp ilaty, azyndan kyrk bäş müñ adam, galany goraýjylaryñ maşgalalary - aýallar, çagalar, garrylar ýygnalypdyr, hut şolar hem artilleriýa atyşygy wagtynda ilkinji nobatda heläk bolupdyrlar. Ruhanylaryñ özleri bolsa gala birinji gezek gabalanda-da, ikinji gezek gabalanda-da göz görkezmändirler. Diñligala birinji gezek, özi-de şowsuz zabt edilen mahalynda, patyşa goşunlarynyñ ýolbaşçysy general Lomakin 1879-njy ýylyñ awgustynda şeýle ýazypdyr: "...hakykatdan-da, esasy işanlaryñ we kethudalaryñ hemmesi garañky düşübildigi iljinjileriñ hatarynda gaçdy" (459-njy sah.). Galanyñ alnan mahaly bolan 1881-nji ýylyñ ýanwarynda, ýagny ikinji gezek gala zabt edilen mahalynda, Gurbanmyrat işan ýokarky güýçleriñ penalamagyna bil baglap bilmän, garañky gijeleriñ birinde özüniñ ýaranlary bilen birlikde galanyñ demirgazyk derwezesinden guma tarap gaçyp gidipdir, soñra hem Mara barypdyr. Ahalyñ täze hany Magtymguly han hem öz halkyny taşlap, Mara gaçyp gidipdir. Şunuñ ýaly ýagdaýlarda dünýewi we ruhany feodallar ýönekeý halka, galany goraýjy garamaýaklara gan ýuwutdyrypdyrlar, munuñ özi "Türkmenistan SSR-niñ taryhynda" bellenilip geçilýär (1 tom, ikinji kitap. Aşgabat, 1957 ý, 127-nji sah.). Emma sarizmiñ ekspansiýasyna biderek ýere harby gaýtawul bermegi esasy ruhlandyryjylary ýanamak sarizmiñ kolonizatorçylyk planlaryna girmeýärdi, şol biderek gan döküşiklik zerarly bolsa müñlerçe adam heläk boldy. Patyşa kolonizatorlarynyñ ýerli hanlar we ruhanylar bilen synpy raýdaşlygy hemme zatdan öñürti ýüze çykýardy. Munuñ özi milletleriñ, dilleriñ, dinleriñ, däp-dessurlaryñ tapawudyna garamazdan şeýle bolýardy. Şonuñ üçin Ahalteke oazisiniñ müdiriniñ oazisdäki ýagdaý hakynda 1881-nji ýylyñ 15-nji aprelinde Zakaspi ülkesiniñ goşunlarynyñ komanduýuşisine beren raportynda, ýagny Ahal birikdirilenden üç aý geçenden soñ beren raportynda Russiýa duşmançylykly garamagy bileb at alan we Marydan gaýdyp gelmek islemedik Gurbanmyrat işan ýeke-täk täsirli ruhany hökmünde bellenilip geçilýär. "Teke oazisiniñ ilatynyñ arasynda täsirli adamlaryñ gysgaça harakteristkaly spisogyndan" diýen dokument - Ahalteke oazisiniñ ilatynyñ müdiri, maýor Spolatbegiñ beren dokumenti bu ýagdaýy has-da äşgär görkezýär. Spisogy düzen adam käbir beýleki hanlar we serdarlar bilen bir hatarda Mara gaçyp gidenden soñ gaýdyp gelmedik Magtymguly hany we Gurbanmyrat işany agzap geçýär. Olaryñ her biri dogrusynda harakteristka "eger gaýdyp gelen bolsa, ony Russiýa ibermek zerur" diýen sözler bilem tamamlanýar (536-njy sah.). Olary Russiýa ibermegiñ maksady bolsa Russiýa döwletiniñ kuwwatyny görkezmekden, olara uly wezipe, orden we sowgat bermekden hem-de olary täze häkimiýet üçin zerur bolan ideýalary halka ýetirýän wepaly hyzmatkäre öwürmekden ybaratdy. * * * Bu işanyñ "keramaty" hakyndaky ertekiniñ soñuna çykmak üçin ýokarda getirilen maglumatlar añry ýany bilen ýeterlik bolmaly ýaly bolup görünýär. Emma, gynansak-da, zyýaratçylar hassalykdan halas bolmak, perzent edinmek, dürli-dürli gündelik işlerinde kömek almak umydy bilen "keramatly" diýilýän bu ýere şol gelip dur, gelip dur. Olar pul, önüm getirýärler, gurban eder ýaly mal getirýärler. Dini baýramçylyk günlerinde bu ýerde köp adamyñ gatnaşmagynda dini dessurlar berjaý edilýär, namaz okalýar. Soñky iki-üç ýylyñ içinde bu "keramatly" ýeriñ gapdalynda, degişli ygtyýar alynman, metjit hökmünde ulanylýan jaý gurlupdyr. Musulman baýramçylyklary günlerinde "keramatly" adamyñ mazarynyñ üstünde içi süýjüli we dürli pully düwünçekler ylaýta-da köp bolýar, şol düwünçeklerdäki zatlar bolsa soñra bu ýerde iş görýän müjewürsumaklaryñ kisesine girýär. Baryp 1958-nji ýylda Orta Aziýa we Gazagystan musulmanlarynyñ din uprawleniýesi ýörite karar kabul edip, şonda yslam dininiñ nukdaýnazaryndan garanda köp sanly "keramatly" ýerlere zyýarat etmegiñ günädigi düşündirildi, şonuñ ýaly "keramatly" ýerlerdäki müjewürleriñ, şyhlaryñ, işanlaryñ iş görmegi ýazgaryldy. 1973-nji ýylyñ iýulynda bu uprawleniýe şol karary ruhanylara we dine uýýanlara ýatlatdy. Emma "keramatly" ýerlere gelýänler şol karar hakynda-da, bu "keramatly" ýeriñ gelip çykyşy hakynda-da, kada hökmünde, hiç zat bilmeýärler. Olaryñ arasynda hakykatdan-da dine uýýan, hatda ýönekeý dindar diýip hem aýdyp bolmajak adamlar örän köp. Bu ýerde ideologiýa frontunyñ işgärleri, alymlar, ateist-praktikler, medisina işgärleri öz sözüni batyrgaýlyk, ynandyryjylyk we sypaýyçylyk bilen aýtmalydyrlar. Bular diñe bir aýtmak bilen çäklenmän, birinji nobatda "keramatly" ýerleriñ hiç bir keselden halas etmejekdigini şol ýere gelýänlere özleriniñ işi bilen, özleriniñ ýokary professional ussatlygy bilen subut etmelidirler. Gurbanmyrat işan öz halkynyñ taryhynda juda ýaramaz rol oýnapdyr. Onuñ bütin bolşy, fanatizmi we ikiýüzlüligi halkda ýigrenç döretmelidir, çünki biderek ýere gan dökülmeginiñ esasy sebäpkärleriniñ biri hut şonuñ özi bolupdyr. Medeniýetiñ, medisinanyñ praktiki netijesiniñ umuman ýokary göterilmegi we ateistleriñ yzygiderli alnyp barylmaly düşündiriş işi, diñe munuñ özi şu zeýilli "keramatly ýerlere getirýän ýodalara ýandak bitmegine getirip biler. M.ANNANEPESOW, taryh ylymlarynyñ doktory, TSSR YA-nyñ korrespondent-çleni. S.SAPAROW. "Sowet Türkmenistany" gazeti, 09.01.1982 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 11 | ||||||||||
| ||||||||||