23:39 Jadyly ýüzük / erteki | |
JADYLY ÝÜZÜK
Ertekiler
Ir döwürlerde deňiz kenaryndaky obalaryň birinde balykçylar maşgalasy agzybirlikde ýaşaýar eken. Balykçynyň köneje taýmyly bolup, ol deňizde balyk we guş awlar eken. Kenardan känbir uzaklaşyp bilmese-de, toruny suwa atdygy, dürli balyklardan dolup çykýarmyş. Howa sowanda balyklar deňziň çuň ýerinde gidýärler. Şonda balyk tutmak işi kynlaşýar. Şonda balykçy suw guşlaryny awlapdyr. Aýaly gyzy bilen haly—palas dokap, gün--güzeranlaryny dolapdyr. Howa ýylap başlanda zerur serenjamlaryny taýmyla ýüklän balykçy ýene-de deňze şikara çykypdyr. Ýöne onuň guran toruna balyk düşmändir. Balykçy günbe-günden ruhdan düşüpdir. Balyk awlamak üçin deňze höwessiz çykyp başlapdyr. Günleriň birinde onuň guran topuna bekrejik düşüpdir. Gadym döwürlerden bäri balykçylaryň arasynda dowam edip gelýän adata görä, tora düşen kiçijik balyjaklar boşadylýar. Şol däp berjaý edilmese balykçynyň maşgalasyna betbagtlyk aralaşýarmyş diýen yrym bar. Balykçy: --Awlag meýdany seniň geljek örüň, oýun oýnajak ýeriň däldir—diýipdir-de, bekrejigi tordan azat edipdir. Balykçy ertesi gün köneje taýmylyny küreklp deňze çykanda agzy ýüzükli bekrejigi görüpdir. Günüň şöhlesine ýyldyraýn şol ýüzük gözleriňi gamaşdyryp barýarmyş. Taýmylyň bir eýlesine, bir-de beýlesine geçýän bekrejik ahyryn ýüzügi halasgärine gowşuryp maksadyna ýetipdir. Soň asuda deňiz tolkunlarynyň arasyna goşulyp gözden gaýyp bolupdyr. Beýle owadan ýüzügi balykçy ömründe görmändir. Şonuň üçin iş-pişesini taşlap seredip otyrmyş. Owadan ýüzügi sypanda bolsa deňiz towlanjyrap başlapdyr. Girdap tasdanam balykçynyň köneje taýmylyny ýuwudan eken. Ol ýerden bir mahluk çykyp, dik asmana galypdyr. Ol: --Buýryň!--diýip, tagzym edende balykçy gorkusyndan aljyrap, näme ederini bilmändir—Siziň isleg-arzuwlaryňyzy berjaý etmek üçin häzirdirin. --Maňa Siziň hiç bir zadyňyzyň derkarlygy ýok—diýip, jogap beripdir--Maşgalamda saglyk, agzybirlik höküm sürse, yrsgal-döwletimizi halal zähmetimiz bilen gazanarys. Şonda mahluk özüniň ýogyn sesi bilen: -- Arzuwlaryňyz tutuşlygyna hasyl bolar—diýipdir—de, deňiz tolkunlaryna goşulyp gözden gaýyp bolupdyr. Balykçy taýmylly kenara gelip, jadyly ýüzügi dagyň düýbinde gizläp goýupdyr. Deňizdäki waka barasynda ömrüniň ahyryna deňeç hiç kimiň ýanynda dil ýarmandyr. Köneje taýmyly bilen kesp-kärini dowam etdirýän balykçynyň suwa atan tory dürli balyklardan dolup çykýarmyş. Muňa kärdeşleri haýran galýarlarmyş. Onuň maşgalasy saglykda, agzybirlikde döwran sürüp, häzir hem Hazar deňziniň kenarynda ýaşaýarmyş. | |
|
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |