20:31 Jemalym | |
JEMALYM
Goşgular
Ençe gyzlañ içinden, saýlap-seçip alanym, Gara gözli, galam gaş, nogta saçly Jemalym. Gülüp, oýnap, dalaşyp, boýnyna gol salanym, Gara gözli, galam gaş, nogta saçly Jemalym. Sala salmaz, soramaz, hergiz eden işini, Gyzyl diýip harlady, sadak dek ak dişini. Jüwdek alyp eline, ütdi kirpik, gaşyny, Gara gözli, galam gaş, nogta saçly Jemalym. Bir gün saçyn kesdirip, "medeniýet-moda" diýdi, "Dyrnak boýap, gaş ütmek, häzirki kada" diýdi. "Meñ edenme däl diýme, men asylzada" diýdi, Dodaklary gyrmyzy, jotda saçly Jemalym. Reñk görse sypdyrmaz, sary, gara, ak diýmez, Çyrşar alyp ýüzüne, ýaşyl, gyzyl, gök diýmez. Doýdumy ýok del zatdan, goýmaga ýer ýok diýmez, Gözi, gaşy sürmeli, jotda saçly Jemalym. Duşan günümden bäri dökdi dogduk etimi, Hiç bir ynsan çekmesin meñ çeken hupbatymy. Gan ýuwtduryp igletdi, işikdäki itimi, On barmagy hynaly, jotda saçly Jemalym. Hudaýberdi GURBANDURDYÝEW. "Tokmak" žurnaly, 1993 ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |