18:24 Ýoluny urduran ýezit | |
ÝOLUNY URDURAN ÝEZIT
Hormatly okyjylarymyz! Watan dönükleri Şуhmyradow, Оrazow, Наnamow, Yklуmowlar, Annanyýazow we şuňa meňzeş ýoluny urduran ýezitler barada ýazanymyzda-da, sözlänimizde-de iň bir aýylganç zada meňzedilýär welin, onsoň oturyp pikir edýärsiň, “Be-e, meňzeden iň bir erbet jandaryň bolsun, beýleki bolsun, birden näme üçin bizi şu tetelli Hakyň ýolundan çykan deýýuslara meňzetdiň, ýanadyň” diýse, nähili jogap tapjagyň belli däl. Niçikmi watan dönükleri, terrorçylar barada ýazmaga oturdygym, ilki bilen öňümdäki galamdyr ruçkalarymyň, akja arassa kagyzlarymyň: “Wah, meni bir ulanmasady” diýýän naýynjar, ýalbaryjy halyny duýýaryn. Haramylara aýdylan sözler, dönükleriň ady, familiýasy ýazylýan harplar aglaýar, özlerini şol tetellilere rowa görmän. Onsoň galam-kagyzym bilen hyýaly gürleşip, olara düşündirýärin: “Men siziň kömegiňiz bilen hakykaty ýazyp, dönük deýýuslary dünýä tanatmak hem petigulusyny bermek parzymy berjaý etmeli” diýenime mähetdel galamlarym ýitelip, kagyzlarym sürnüp, “menden başla” diýip janlanýan ýaly bolýar. Bir gezek Süleýman pygamberiň ýanyna bir adam şeýle haýyş bilen gelipdir: - Eý, Allanyň ilçisi, goňşularymyň haýys-da bolsa biri meniň gazymy ogurlapdyr, ogryny tapmaga kömek et. Süleýman pygamber jemagaty bilelikde okalýan namaza ýygnamagy tabşyrypdyr. Haçan-da jemagat jem bolanda, ol wagyz-nesihat edipdir. - Siziň biriňiz öz goňşyňyzyň gazyny ogurlapsyňyz – diýip, ol wagzynyň ahyrynda aýdypdyr. – Özem şondan soň hem ol utanman-uýalman metjidiň bosagasyndan ätläp bilýär. Serediň oňa, saçynda gazyň ýelegem galypdyr. Şol wagt oturanlaryň biri barmaklary bilen saçlaryny daraklap goýberipdir. - Saklaň ony! – diýip, Süleýman pygamber buýrupdyr. – Ogrynyň kimligi aýan boldy. Bu hekaýatda gürrüňi edilýän ogry biziň şu günki gürrüňini etjek ogrymyzdan kän ysnaply bolup görner. Ogryňam bir ynsaplysy bormy diýäýmegiňiz mümkin. Ýöne bir zad-a anyk bilýäris. Gaz ogurlan ogry, Sарar Yklуmоw atly bu deýýusyň ogurlap iýen pullary hakda eşidäýse, hakyt gaçyp gider. Ýöne kim bilýär, belki, bu näkes hem ilki ogurlyk ýoluny ownuk zatlardan başlandyr. Eden etmişlerini boýnuna goýmak üçin ony metjide salmag-a däl, köçesindenem ýöreder ýaly adam däl. Birinjiden-ä, onuň kalbynda Hudaýyň däl-de, şeýtanyň ady bar. Ikinjidenem, garşysyna toplanan maglumatlar onuň ogruja keşbini mesaňa edip dur. Saçynda bolsa, gazyň ýelegi ýaly ýeňil zat däl-de, durşuna haram pul görner. Onsiň, hekaýatdaky bende goňşusyna zelel ýetiren bolsa, bu haramzada il-halkyna, Watanyna ummasyz uly möçberde zyýan ýetirdi. Onuň böwenjiklige barýan ýoly 1970-nji ýyldan başlandy. Şol ýyl ol orta mekdebi tamamlap, Aragatnaşyk ministrliginiň ulag edarasynda, “Garagumgurluşyk” müdirliginde sürüji bolup işledi. Sürýän ulagyny lükgeligi bilen ýuwdaýanda-da, heý, ýok boljak gümany barmy oňa?! Onuň göwni iýilýänräk, özem ýumry-ýumry ýuwdulýan wezipe küýseýärdi. Hut şonuň üçinem gullugyny birýüzli edip gelensoň, ýokary bilim edindi. Soň pagta arassalaýjy zawodyň ykdysatçysy, pagta senagaty ministrliginiň baş ykdysatçysy, baş barlagçysy, Döwlet agrosenagat birleşiginde baş hünärmen, bölüm başlygy, “Türkmenagrosenagat” gaýtadan işleýän respublikan önümçilik birleşiginde bölüm başlygy, baş direktoryň orunbasary, Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagat ministriniň orunbasary bolup işledi. Gökdäki dilegi ýerde gowşan ýuwdarha tak-tak etdi, pök-pök etdi, iýdi ýördi. Ýöne her bir zadyň başlanýan nokadynyň bolşy ýaly, gutarýan nokadam bolýar. Garny doýsa-da gözi doýmadyk näkes S.Yklуmow ýaşyryn ogurlap, döwlete ýetiren zyýanynyň – süýji-süýji iýmäniň ajy-ajy gägirmesiniň bardygyna diňe yzyndan ýetilensoň göz ýetirdi. Halys harama ýugrulan deýýus şonda-da amana-toba gelmedi. Maýyny tapyp, assa gaçan namart diýenlerini etdi. Ministriň orunbasary bolup işlän döwri, ýagny 1992-nji ýyl onuň ogurlygynyň “gülläp ösen” döwri bolupdy. Doýmaz-dolmaz ýuwdarhanyň gatnaşmagynda ministrlik tarapyndan “Libra Interneýşnl Holding Grupp” argentin şereketi bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 222.32 million dollaryna barabar jemi dokuz şertnama baglaşylypdyr. Şonuň netijesinde döwletimiz ABŞ-nyň 12 million dollaryndan gowrak ykdysady zelel çekdi. S.Yklуmow Aşgabatda “Ak altyn” myhmanhanasynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin “Uçgen” türk firmasy bilen şertnama baglaşylmagynyň hem baş ýardamçysy we hemaýatçysydyr. Netijede myhmanhananyň gurluşyk-kebşirleme işleri hakyky bahasyndan bäş ýüz däl, bäş müň däl, ABŞ-nyň bäş million dollary artyk görkezilip resmileşdirildi. Bu giden ogurlyk puldan näçesiniň bu päliýamanyň jübüsine düşeni belli. Mädesi iri naýynsabyň kireýsiz kilim kakanyny gördüňizmi?! Ýöne näçe sapalak atsa-da, kärine ikilik edeni üçin, ady agzalan şereketiň sowgat hökümnde oňa Aşgabat şäheriniň 2014-nji (Ş.Rustaweli) köçesinde ikigat jaý gurup berendigini ýaşyryp bilmedi. Şeýle hem bu pälazan 1993-nji ýylda Türkmenistanyň Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagat ministrligine ABŞ-nyň 1 million 520 müň dollaryny daşary ýurt şereketeriniň hasabyna öz haram nebsini arap geçirdipdir. Häzirki güne çenli karz pul hem alnanok, görkezilen serişde hem döwlete gaýtarylyp getirilenok. Bulardan başga-da, şol ýylyň 30-njy aprelinde S.Yklуmow 09/02-4/55-nji belgili haty bilen ministrligiň hasabyndan ABŞ-nyň 30 müň dollaryny Eýran Yslam Respublikasynyň raýaty Mehrdad Gaffarä bermek hakynda görkezme beripdir. Bu adamyň ministrligiň haýsydyr bir işini ýerine ýetirendigi ýa-da geljekde ýerine ýetirjekdigi barada hiç hili şertnama, resminama ýok. Şeýtmek bilen, ol öz wezipe ygtyýarlygyndan hyýanatly peýdalanyp, döwlete aýratyn uly möçberde zelel ýetirip, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 95-nji maddasynda görkezilen jenaýaty etdi. Zandyýaman haramy watan dönüginiň eden pyssy-pyjurlyklary barada bizde başga-da anyk maglumatlar köp, ýöne alnyp barylýan derňewiň bähbitleri üçin olary häzirlikçe beýan etmekden saklanýarys. Ynha, şu agzalan etmişleri üçin beriljek agyr jezadan sypmak niýeti bilen ýüzüni garaňka tutup sumat bolan agyr jenaýatçy Sарar Yklуmowa Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan dessine gözleg yglan edilip, gulluk wezipelerinden hyýanatly peýdalanyp, döwlet emlägini aýratyn uly möçberde iýenligi, şonuň bilen birlikde aýratyn howply jenaýatçy babatda onuň gaçyp-tezip ýören ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralaryna maglumatnama iberildi. Gaçgak jenaýatçy Sаpаr Yklуmowyň kanuny jezadan sypmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň janyna kast etmek, Türkmenistanda häkimiýeti zorluk ulanyp, jenaýatçylykly basyp almak, konstitusion gurluşy zorlukly üýtgeip, jenaýatçylykly ýol bilen häkimiýeti eýelemek maksady bilen, geçen ýylyň noýabr aýyndaky waka ony guran terrorçylar Şуhmyradow, Hаnаmow, Оrazow bilen deň derejede gatnaşandygy doly subut edildi. Şonuň üçin bu ýurtýitiren päliýaman watan dönügi diýlip yglan edildi we häzirki wagtda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan gaçgak, terrorçy, agyr jenaýatçy hökmünde gözlegde. “Jähenneme giden özüne ýoldaş gözlär” diýlişi ýaly, gaçgak terrorçy Sарar Yklуmow öz guran duzagyna özi çolaşdy. Ýurdumyzyň kastyna çykmak üçin özüne “ýaran” edinen doganlary adyl suduň öňünde kelle ýalaňaçlap, ýetdik jezasyny aldylar. Neberesinde-neslinde biri wagşy iş etse, görde ýatan ýedi arkasy dik oturarmyş. Noýabr aýyndaky wakanyň esasy guramaçylarynyň biri, bolçulykdan, meslikden ýaňa garny ýognap, gözi gyzaryp, öz ýurduny terk edip giden dönük S.Yklуmowyň inisi Yklуm Yklуmow türme tussaglygynda saklamak şerti bilen azatlykdan ömürlik mahrum edildi, bu wejeralyga gatnaşan agalary Amanmuhammet Yklуmow 20 ýyl, Оrazmämmet Yklуmow 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi hem-de bu terrorçylaryň hemmesi watan dönügi diýlip yglan edildi. Jenaýatkär Saрar Yklуm, seniň ata Watanymyzyň kastyna çykan dönüklere goşulyp turzan “oýnuň” üçin girmäge deşik tapmasaň gerek, sen we seniň hapa, nejis aga-inileriň öten ýedi arkaňyz-a bir göründe dik oturtdyňyz weli, geljek ýedi arkaňyz hem märekä-toýa barybilmez ýaly, alnyna gara tagma basdyňyz. Meslikden iýeni daşyna depen, dönük aga-inileriň haram etmişleriniň üstünde tutulyp, adyl kazyýetiň bellän jeza çäresini çekip otyrlar, seniň özüň hem adyl kanunyň öňünde jogap bermeli bolarsyň. Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan zandyýaman, haramzada watan dönügi, eden agyr jenaýatlary üçin daşary ýurtlarda gaçyp-tezip ýören S.Yklуmowyň haramy jenaýatçylykly hereketlerini doly subut edýän toplanylan maglumatlar esasynda onuň yzyna berilmegi barada çäreler görülýär. Aýdyşlaryna görä, bu ýuwdarha adyl jezadan gaçyp, ýat ýurduň bir bölek buzuny ýassanyp, arzuw edip ýatyrmyş. Tüýkesme ogrudygy, watan dönügidigi ýadyna düşende öte hapa bolýarmyş we şu gün ýatyp, ertir başga adam, ogry-jümri, biwatan, ykmanda däl-de, gowy adam bolup oýanmagy ýüreginde besleýärmiş. Şeýdip ýatyrka boş kellesine bir pikir gelenmiş: “Her etmeli, hesip etmeli, günäňi boýun almaly däl. Özüňi jebir çeken edip görkezmeli. Partiýajyk-beýleki döredip bilseň-ä, oňa ýetesi zat ýok. Adynam adynam adamlaryň ünsüni özüne çeker ýaly, göz üçin “Dogry ýol” diýip atlandyraýsagam boljak...”. Ýoluny urduran ýezidiňem dogry ýoly bolarmy diýsene?! Hudaýberdi GURBANDURDYÝEW. SÖZSOŇY: şu ýazgylary, mundan öñki ýazgylary okanlaryň içinde watan dönükleriniň etmişleri bilen tanşyp: “wah, bu nejisleriň jenaýatlarynyň, haramlyklarynyň entegem hemmesini ýazmansyňyz, bu-da bärden gaýdýar” diýýänleriňiz bardyr. Watan dönükleri Şуhmуradоw, Наnamow, Оrazow we beýlekiler barada çap edilen makalalar hakynda okyjylarymyzdan entegem hatlar gelip dur. Biz bu zandyýaman, haramzada ýezitleriň eden haramy etmişlerini açyp görkezýän makalalary gazetimiziň geljekki sanlarynda yzygiderli çap etmegi göz öňünde tutýarys. Hormatly okyjylarymyz, bular barada bilýän zatlaryňyz bolsa, arkaýyn redaksiýamyza iberip bilersiňiz. “Adalat” gazeti, 26.12.2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |