09:29 "Jennete göç möwsümi" | |
"JENNETE GÖÇ MÖWSÜMI!"
Oýlanmalar
"Bu ýolagçylyk ahwaldan ahwala salýar, dostum. Belli bir ahwalda galmak mümkin däl. Baky bolup galmak Allaha mahsus zat" Bu ýylky haj parzyny ýerine ýetirmek üçin "Rahmanyñ mymany" hökmünde saýlanlarynyñ arasyndan birine sataşdym. Arap ýurtlarynyñ birinden köne dostum bolan ol adam meniñ gözüme öñ hiç görünmedik asuda, begençli, arkaýyn we göwnühoş halda göründi. Hawa, şular ýaly şatlykly görnüşde duş gelenim üçin gürrüñime däp bolan sorag bilen başladym: - Alla ybadatyñy kabul etsin, dostum. Ýeri, gürrüñ ber bakaly, hal-ahwal neneñ? Ol ýylgyryp, maña şu jogaby berdi: - Kyn sorag. Muña Nifferiniñ şu meşhur sözi bilen jogap bereýin: "Dünýägaraýşyñ näçe giñedigiçe görenleriñi gürrüñ berme mümkinçiligiñem şonça daralýar". Maña Jenaby-Hakyñ Kurany-Keriminde "Alla şeýle bir kowum getirer, Alla olary söýer, olaram Allany" ("Maide" süresi, 5/54) diýip taryp eden kowmundan bolmak miýesser etdi. Allanyñ gadyrly we at-abraýly kylan Mekgesinde, has dogrusy Käbede boldum. Ol ýerde belentlik, haýbat we mürähet bilen doly beýiklik derejesini aýlandym. Özüñem bilýänsiñ, ol ýeri belent dereje. Soñ söýgüli pygamberimiziñ (s.a.w) gözel şäheri Medinede boldum. Ol ýerde-de gowulyklar, buşluklar, begençler, sowgatlar, bereketler bilen doly gözellik derejesini aýlandym. Beýiklik we gözelligiñ arasynda daşgynlyk gazanylýar we beýgeliş bolýar. Belentlik derejesindäki ybadatlar umuman togap we Sapa-Merwe depeleriniñ arasynda ýedi gezek pyýada gidip-gelmek ýaly fiziki ybadatlar we rituallardyr. Gözellik derejesindäki ybadatlar bolsa köplenç Allany zikir etmek, tesbih sanamak, doga okamak, Resulymyza (s.a.w) salawat getirmek ýaly ruhy amallardyr. Gözellik derejesinde çuññur ruhy ýalñyzlyk bolup geçdi. Aşyklar soltany Omar bin el-Fariz aýtmyşlaýyn "Söýgüli pygamberimiz bilen başa-baş galdym we aramyzda mymyk şemaldan has inçe syr bardy". Bu ruh bilen başa-baş galma ahwalydyr. Söýgüli söýýäni üçin bu ruhy goldansoñ, Allatagalanyñ şu sözi öz ýerini tapýar: "Seni ýol bilmez halda tapyp ýol görkezdi (...) Rebbiñ saña lutf eder, senem şat bolarsyñ" ("Duha" süresi, 7-5). Taryp etmesi meniñ üçun kyn ahwaly taryp edýän ýaly şahyryñ şu sözleri gulagymda şañlady: Gözellik we belentlik içre añk bolup galdym, Erte dil-ahwalym maña habarçy bolar. Salatlar arasynda ruhy ýalñyzlykda galdym. Tesbihiñ bereketi, ystygfaryñ sowgady, pygambere salatyñ lutflary daş-töweregimi gurşap aldy we pygamberimiziñ aýratynlyklaryna, ömrüne, ahlagyna duýýan çuññur hormat-söýgim kalbymda sekuntsaýy artýardy. "Onuñ gözelliginiñ waspyna wagt ýetmez. Onda wasp edip bolmajak zatlar bar" sözüniñ manysyna şol ýerde düşündim. Medineden gaýdamda kalbymyñ çuñluklaryndan syzylyp çykan şu sözleri öz-özüm gaýtalaýardym: "Walla, gün dogup barýarka-da, batyp barýarka-da söýgiñ elmydama nepesime ýoldaş boldy". Şeýdibem "Ony nebsiñden has ileri görmek" sözüniñ manysyna düşündim. Ýolboýy şükür we hamdy-senalar bilen ýylgyryp, Allanyñ belentligi hakda pikirlenip geldim. Iman, ynjalyk, razylyk bilen doludym, çünki sözïñ doly manysynda "Muhabbet bilen özümi tapdym, muhabbet bilen Allany tanadym" syrlarynyñ çuñlugyny başdan geçirýärdim. Haj - beýgeliş, daşgynlyk, arassalyk, ýülünmek, söýgi we sag-salamatlyk ýolagçylygydyr. Onda nähoş zatlaryñ we bolgusyzlyklaryñ ýeri ýok. Eneñiziñ sizi dünýä inderen günündäki hakyky bolşuñyza gaýdyp gelýän ýaly ilki dünýä bilen göbek bagyñyzy kesersiñiz. Siz indi Rahmanyñ myhmany we Onuñ bir we baky Rebbine boýun egen gulusyñyz. Allanyñ üstüñizdäki nygmatyny aýyl-saýyl eden, bu nygmaty islänine berýänini ykrar eden biri hökmünde ybadatyñyzy doly boýunsunujylykly ýagdaýda ynanç bilen eda edersiñiz we Allatagalanyñ "Eý Pygamber! Seni şaýat, buşlukçy, ýatladyjy, rugsady bilen Allaha çagyryjy we töweregini ýagtylandyrýan yşyk hökmünde ugratdyk" ("Ahzâb" süresi, 33/45-46) diýlen Muhammet Mustapamyzyñ (s.a.w) derejesini tanarsyñyz. "Haj parzyny berjaý edibem meni görmän giden kişi menden daşlaşandyr" hadysyna eýerip, bu derejäni tanamak, gadyr-gymmatyna düşünmek, beýgeltkek we Oña (s.a.w) saýrylaşmakdan gaça durmak gerek. - Ol uludan içini çekip, sözüni şeýle tamamlady: - Bu ýolagçylyk ahwaldan ahwala salýar, dostum. Belli bir ahwalda galmak mümkin däl. Baky bolup galmak Allaha Subhanehu we Tagala mahsus zat. Haj çykarynma we terk etmedir. Haýsydyr bir zat saña eýe bolmaýança sen hiç zada eýe bolma. Soñam "Mendäki ýeriñi bilmeýän bolsañ, onda men senden däl, senem menden dälsiñ" sözüniñ manysyny öwren. Gadyrly dostum, Haj Taýib Salihiñ "Jennete göç möwsümi" ("Сезон паломничества на Север"/"Season of Migration to the North"/"Mewsimul-Hijre ileş-Şemâl") romanynyñ adyna meñzeýär. Emma merdana doganym, şuny aýtmak gerek, "eşiden deñ bolmaz, gören göz bilen"... Mazasyny gören bilýändir. Egnimdäki bar ýükümi zyñyp gelen ýaly boldum. Ýanymda kelimelerden başga zat ýok. Emma ol kelimelerem adaty kelimeler ýaly däl. Hoşlaşyk pursatynyñ sebäp bolan hasraty meni güýçli täsirine almaga başlady. Şu pursat "Wejd (ekstaz) bakydyr, gowuşmak bolsa ertä goýulýar; sabyryñ soñy bar, tapyşmak bolsa gijä galýar" sözüniñ emer-damarlaryny başdan geçirýärin. Meniñ ahwalym şeýle dost, a sen nähili?!. Hüseýin ŞUBUKŞI. Çarşenbe 05.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |