09:12 1973-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl uruşyndan elli ýyl soñ! | |
1973-nji ÝYLYÑ ARAP-YSRAÝYL URUŞYNDAN ELLI ÝYL SOÑ!
Taryhy makalalar
Oktýabr uruşy Ysraýylyñ men-menligine we at-abraýyna garşy urulan iñ uly urgy boldy we muny birinji bolup boýun alanam olaryñ özleridi. 1973-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl uruşy (Oktýabr uruşy ýa-da Ýom-Kipur uruşy) / Fotosurat: Eon Ilan / GPO 6-njy oktýabr güni 1973-nji ýylyñ oktýabr aýynda Müsüriñ we Siriýanyñ Ysraýyla garşy alyp baran uruşyna tegelek elli ýyl dolýardy. Ysraýyl 6-njy oktýabryñ öñüsyrasynda arap syýasatçylarynyñ biriniñ üsti bilen iki arap ýurdunyñ uruşa girişjekdigi hakdaky habary öñdenem bilýändigi baradaky pikiri güýçlendirýän birnäçe gizlin maglumatlary köpçüligiñ dykgatyna ýetirdi. Şol sanda bu maglumatlara görä, Tel-Awiwiñ özi üçin jansyzlyk edendigini öñe sürýän Jemal Abdynasyryñ giýewi we öñki prezident Enwer Sedatyñ ýakyn adamlarynyñ biri bolan müsürli syýasatçy Eşref Merwanyñ üsti bilen Ysraýyl özüne garşy uruş yglan ediljeginden habarly bolupdyr. Köpçülige ýetirilen gizlin maglumatlaryñ ýany bilen Ysraýylyñ şol wagtky premýer-ministri Golda Meýri Oktýabr uruşy (1973-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl uruşy ýa-da Ýom-Kipur uruşy) we netijeleri boýunça legendar gahryman kimin görkezýän täze kinofilmem görkezilişe goýberiler. Ysraýylyñ bu uruş hakda çap eden "kontra maglumatlaryñ" köplügi sözüñ doly manysynda gorag we kontrrazwedka gulluklary bilen premýer-ministriñ arasynda bolup geçen adminstratiw bulaşyklyk, konflikt ýagdaýynda dolandyryşyñ pesligi we ýeñliş betbagtçylygynyñ möçberiniñ azaldylýandygy Ysraýylyñ nukdaýnazaryna esaslanýan "alternatiw beýany" dowam etdirmegi maksat edinýär. Hut Oktýabr uruşy döwründe mälim edilen amerikan dokumentleri şol döwürde ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Genri Kissinžeriñ gowşak damaryna, ýagny jöhit gelip çykyşyna basýan Golda Meýriñ basyşyna uçrandan soñ Ysraýyly harby, diplomatiki, syýasy taýdan "halas etmekde" oýnan aýgytlaýjy roluny aç-açan görkezýär. Kissinžer döwrüniñ amerikan prezidenti Riçard Niksony Ysraýyl üçin ABŞ-nyñ taryhyndaky iñ uly goşmaça harby-howa köprüsini gurmaga razy edip bildi. Şeýle-de Müsüre we Siriýa garşy goranyp bilmegi üçin Ysraýyla tanklary, raketalary, bronly maşynlary berdirtdi. BMG-nyñ Howpsuzlyk Geñeşiniñ üsti bilenem Müsüri we Siriýany uruşy bes etmäge edilen çagyryşa eýermekleri üçin diplomatiki basyş etdi. Müsür goşunynyñ Sinaýdan çekilmedik ýagdaýynda bir ysraýyl istrebiteliniñ Kaire atom bombasyny zyñjakdygyny aýdyp, Müsüre garşy ýadro ýaragyny ulanjakdygy hakda aç-açan haýbat atmaga çekinmedi. Kissinžeriñ akyly bir wagtyñ özünde birnäçe frontda işleýärdi: Ysraýyly ýykgynçylykly ýeñlişden halas etmek. Harby enjamlar üçin SSSR-e garaşly bolan arap ýurtlaryna kurs etmek, olary haýsydyr bir peýda gazanmak babatda Sowet Soýuzyna bil baglap bolmajakdygyna ynandyrmak, şeýdibem Sowet Soýuzyny Ýakyn Gündogardan täsirli ýagdaýda çetleşdirmek üçin uruşdan peýdalanmak. Ysraýyl söweş senesine gabat gelen jöhitleriñ mukaddes gününe ýanap "Ýom-Kippur uruşy" adyny beren Oktýabr uruşy boýunça öz sözleri bilen utgaşykly maglumatlary aýan etmek we syzdyrmak bilen çäklenmedi. Ol Eşref Merwanyñ at-abraýyny hapalamakda-da öte geçdi we inuñ "Ysraýyla uly hyzmatlary eden" jansyzdygyny nygtady, emma hakykat munuñ düýbünden tersinedi. Eşref Merwan aldawa saldy we kontrrazwedka gullugy Mossadyñ dilini gysga etdi. Mossad Merwandan alýan maglumatlaryny Eli Zeýranyñ başlyklygyndaky AMAN-a (Ysraýyl harby kontrrazwedkasy) we Moşe Daýanyñ ýolbaşçylygyndaky Goranmak ministrligine berdi. Emma bularyñ ikisi-de maglumatlara intipis etmändikleri sebäpli Ysraýyl üçin gorkunç ýeñliş bolup geçdi. Şonuñ üçinem uruşdan soñ Golda Meýriñ, Moşe Daýanyñ, Eli Zeýranyñ garşysyna garaşsyz sudlar tarapyndan derñew işi açyldy. Eli Zeýra geleñsizlige we sowuk-salalyga ýol bermekde aýyplandy, bulam onuñ masgaraçylykly ýagdaýda öz islegi bilen wezipeden gitmegine getirdi. Eşref Merwana garşy gönükdirilen bu sistematiki kampaniýa Mossadyñ gorkunç kontrrazwedka şowsuzlygyny we gowşaklygyny örtmek üçin edilen zatdyr. Çünki Mossad özüni ýeñilmezek gulluk hökmünde tanadýan mediýa propogandasyny goldaýan syra we gizlinlik howasy bilen gurşalmaga öwrenişipdir. Ýogsam bolmasa, onuñ geçen ýoly juda pajygaly şowsuzlyklar bilen doly. Meselem, Müsürde onuñ haýryna jansyzlyk etmek üçin işe alynan birnäçe adamyñ paş edilmegi, Ysraýylyñ jansyzy Eli Koeniñ Damaskda tussag edilmegi we atuwa berilmegi, Norwegiýada marokkoly ofisiantyñ seresapsyzlyk bilen öldürilmeginiñ dawasy ýaly. Oktýabr uruşy Ysraýylyñ men-menligine we at-abraýyna garşy urulan iñ uly urgy boldy we muny birinji bolup boýun alanam olaryñ özleridi. Ýakynda çap edilen "Oktýabryñ on sekiz güni. Ýom-Kipur söweşi we häzirkizaman Ýakyn Gündogar nädip döredildi?" ("Eighteen Days in October - The Yom Kippur War and How It Created the Modern Middle East") kitabynyñ awtory Uri Kaufman öwrenişilmedik ysraýyl nukdaýnazary bilen uruş barada täze gyzykly pikirleri öñe sürýär. Ysraýylyñ ýalanlar we aldawlar bilen ýoýmaga synanyşýan möhüm ýeñşiniñ üstünden elli ýyl geçdi. Bütin bu ýoýulmalar ozalybetinde Müsüriñ bu uruşdaky ýeñişiniñ ähmiýetiniñ we şübhesiz amerikan ekspansiýasy bilen halas edilen ysraýyl ýeñlişiniñ kiçi-girim zat bolmandygyny subut edýär. Hüseýin ŞUBUKŞI. Çarşenbe, 11.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |