22:43 Jöhit adasy / satiriki hekaýa | |
JÖHIT ADASY
Satiriki hekaýalar
Üçünji ýadyma düşen ýer Ýahýa Kemalyñ ylahy adalary boldy… Ertesi irden ýolagçy katere münüp, ýola düşdüm. Keýpim şeýle bir kökdi welin, ýoluñ uzaklygy, kateriñ içiniñ petişligi maña hiç hili bildirmedi diýen ýaly... Ahyryn uzakdan seleñläp adalaram göründi. Topraklary sagdyn adamyñ ýüzi ýaly gyzarypjyk duran, ganly-janly adalar. Sagada seretdim: on iki bolupdyr... Öz-özüme myrryldadym: - Aç garna sümelge gözläp bolmaz... Ilki bir bulgur raki, bir tabak kelem salady we nepis omar nahary! Oteliñ mawy deñze uzaýan ýer zolagyna tarap ýöredim. Sagda daş-töweregi güle bürenip duran bir stol gözüme ildi... Şo tarapa ýöräp ugranymy gören garson ýolumy kesdi: - Bagyşlañ, ependim, ol stol Mişonaçi ependiñki... - Bolýa... Garşysynda şoña meñzeş başga bir stol bardy. Şoña tarap ýöneldim. Garson ýene garşyma dikildi: - Pardon beýim, ol stol Mösýö Beharyñkydyr. Çep tarapda başga bir stola serenjam berilýärdi. Men oña barmagymy çommaldyp görkezdim: - Eýesi barmy?... - Bar, beýim… Salamon ependi… Birdenkä aýdym aýdyp, şatlanyp duran jemende dagamaga durdy: - Moiz… viyen isi!...* - Perla… Keskö tü vö?** Garsonlar meniñ duran ýerimi taşlap, olara tarap ýelk ýasadylar... Gapynyñ agzynda, aýagy jygyldap duran bir stolda garbak-gurbak edip çykdym. Awtoulaglar hatar-hatar bolup, jöhit maşgalalaryny daşaýar... Ýanymda adanyñ garry rum dellaly: kireýne ýatar ýaly ýer gözleýäris. Sagda arça pürlerine gömülen ak guşuñ kellesi... Edil meniñ halaýan zadym-da... - Bu neneñ? - Ol eýýäm tutuldy beýim.. Arça tüçjary Barzilaý tutdy! Ýolumyza dowam edýäs... Seteran jaýlaryñ ýokarsynda ýaşyl penjiresi gözýetime bakdyrylyp gurlan owadan jaý!.. - Erbet däl eken… Bahasy näden? - Düýnjük satdym, müñ üç ýüze… Kagyzçy Kohen ependi aldy… Nizam köçesiniñ ortasyndan barýas... Çepde üçburçluk bina gözüme kaklyşdy. - Bu näme?.. Geçen ýyl ýokdy öýdýän… - Hawa, şu ýyl bir baý jöhit gurdurdy, beýim… Öñündäki goñ meýdançada grammofon çalynýar we jöhit ýaşlar rumba oýnaýar... Ýene ýolumyza dowam edýäs... Deñize uzaýan göm-gök öwrüp duran bagly-bakjaly kiçijik köşk. Çekine-çekine soradym: - Bulam gitdimi?.. - Durarmy dagy… Geçen hepde eşik satýan Mösyö Žosef aldy! Entäp-entäp, ahyryn Jami raýonynda töweregi daşdan örülen haýat bilen gurşalan harap bolup giden ýykan-ýumran çatma tapdyk. Dellal: - Ynha - diýdi. - Size ylaýyk tüýs bolaýjak ajap ýer, arassa howasyndan dem alyp ýatmaly köşk... Biraz ýoly sowarak, biraz içersi harabarak, suwy azrak, toksuz diýmeseñ, şonuñ üçin nyrhynam az keseris. Maksadyñyz adanyñ howasyndan dem almak dälmi, özi? Agşam kater bilen Köprä gaýdyp gelýärkäm, öz ýanymdan şuny pikirlendim: "Bi jöhit ildeşlerimize näçe minnetdar bolsagam az... Bize bolar ýaly gymmatbahaly ýer goýanoklar!.." ________________________________ * Viens ici - fransuzça "Bäri gel" ** Qu’est-ce que tu veux - fransuzça "Näme gerek?" Ýusuf Ziýa Ortajyñ "Çimdik" romanyndan bölek. "Akbaba" žurnaly, 10.05.1934 ý. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |