02:07 Jon Ronald Reuel Tolkien | |
DÜNÝÄ EDEBIÝATY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
▶ JON RONALD REUEL TOLKIEN Jon Ronald Reuel Tolkien professor, akademik, "Ýüzükleriñ hökümdary", "Hobbit", "Silmarillion" ýaly eserler bilen adyny dünýä edebiýatynyñ taryhyna ölmez-ýitmez edip ýazdyrmagy başaran dünýä belli iñlis ýazyjysy, şahyr. • Terjimehaly: J.R.R.Tolkien 1892-nji ýylyñ 3-nji ýanwarynda şol wagt Britaniýanyñ koloniýasy bolan Günorta Afrikanyñ Bloemfontein şäherinde bankir Artur Tolkieniñ maşgalasynda dünýä inýär. Kontinentara şertleriñ ýaramazlaşmagy bilen kakasyndan başgasy öz gelen ýerlerine Angliýa dolanýarlar. 1896-njy ýylyñ 15-nji fewralynda Günorta Afrikadan kakasynyñ aradan çykandygy barada habar gelip gowuşýar. J.Ronald Tolkieniñ ejesi Mabel çagalarynam alyp Sarehole obasyna göçýär. Az wagt ýaşanam bolsalar bu oba gelejekki ýazyjynyñ añynda çuññur yzlary goýýar. Çünki ýazyjy "Hobbit" eserindäki hobbit ýurdy Şireni döretmek üçin soñam birnäçe gezek Sareholä gelip gidýär. Sareholede Tolkiene täsir eden zat diñe ol obanyñ çemenzarlyga bürenip oturmasy däldi. Obanyñ golaýyndaky Moseleý batgalygy we dogany Hillari bilen oýnamaga giden "Cole Bank Road" degirmeni we ol ýerden hemişe diýen ýaly özlerini kowalap goýberýän "Ak Ogr" lakamly degirmençiniñ oglu-da ýazyjynyñ añynda özboluşly täsirleri goýmagy başarypdy. Ýaş Ronald soñra Birmingemdäki "King Edwards" mekdebine girýär. Has soñra ol täze göçüp gelen ýerlerine ýakyn bolan "St.Philips" mekdebine geçýär. 1904-nji ýylda ejesi Mabel süýji diabeti keseli zerarly aradan çykýar. Ýetim galan çagalara olaryñ daýzasy Beatrise we Peder Frensis Morgan hossarlyk edýär. Mekdepde okap ýörkä Ronald uçursyz ýatkeşligi bilen görenleri haýrana goýýar we ol bu döwürde özbaşdak gepleşik dilini taýýarlamagyñ üstünde işleýär. Elf dilleriniñ düýbi şeýdip tutuldy. Gelejekki ýazyjynyñ çagalyk ýyllarynda iki zat añynda berk täsir galdyrypdyr. Olaryñ biri Birmingemiñ uzynlygy 29 metre barabar we 1758-nji ýylda Jon Perrot tarapyndan gurlan "Perrotts Folly" ("Perrotyñ dälibaşlygy") diñi we ol diñiñ ýanyndaky ýene bir diñdi. Bu iki diñ gelejekde ýazyljak "Ýüzükleriñ hökümdary" eseri üçin ylham çeşmesi bolupdy. On alty ýaşynda Ediz atly bir gyz bilen halaşyp başlaýar. Emma Pedr Morgan oña gyz bilen duşuşmazlygy duýdurýar. 1911-nji ýylda Tolkien klassyk diller boýunça bilimini çuñlaşdyrmak üçin "Exeter" kolležine girýär we ol ýerde söýgülisi Edize sataşýar. Ediziñ eýýäm başga birine adaglanansygyna garamazdan, olar 1916-njy ýylyñ 22-nji martynda nikalaşýarlar. Şol wagtam Birinji jahan urşy başlaýar. Tolkiýen az wagtlygam bolsa harby gulluga gidýär we fransuz frontunda bolýar. Iñ ýakyn görýän iki dostuny söweş meýdanynda ýitiren Tolkien ýakynynda partlan bir bombadan şikes alyp Angliýa dolanýar. Uruş ýazyjynyñ añynda undulmajak ýiti yzlary goýupdy. Uruş gutaran ýyly Oksford uniwersitetinde iş tapan Tolkien ömrüniñ birnäçe ýylyny ol ýerde geçirýär. 1945-nji ýylda Oksford uniwersitetiniñ professory diýen hormatly ada eýe bolýar. Şol wagta çenli ol gelejekki döretjek eserleriniñ geografiki giñişligi bolan "Orta dünýäniñ" keşbini doly meýilleşdiripdi. Döredijilik işine terjimeden başlady. 1937-nji ýylda ilkinji eseri "Hobbiti" neşir etdirdi. Eser hem oñyn hem garşylyklaýyn tankydy bellikler aldy. Käbir tankytçylar Oksdord uniwersitetiniñ professorynyñ nädip şeýle gowşak eseri ýazmaga wagt tapyşyna geñ galýandyklaryny ýazdylar. Edilen tankydy belliklere garamazdan "Hobbit" gysga wagtyñ içinde uly meşhurlyk gazanýar. Aslynda "Hobbit" romany "Ýüzükleriñ hökümdary" romanlar tapgyrynyñ başlangyç tapgyrydyr. Ilkinji gezek "Orta dünýä" bu kitapda suratlandyrylýar. Bu eserden soñ Tolkien "Ýüzükleriñ hökümdary" ("The Lord Of The Rings") romanyny ýazmaga başlaýar. 1971-nji ýylyñ 29-njy noýabrynda ýazyjynyñ aýaly Ediz aradan çykýar. Aýalynyñ aradan çykandan soñra bary-ýogy iki ýyl ýaşan Tolkien 1973-nji 2-nji sentýabrynda Britaniýanyñ korolyndan "Commander of the Order of the British Empire (CBE)" atly korollygyñ iñ abraýly nyşanyny alandan soñra 81 ýaşynda Bornmut şäherinde aradan çykýar. • Tolkieniñ eserleri: 1). "Sir Gawain And The Green Knight", (E.W.Gordon bilen bilelikde, 1925); 2). "Beowulf: The Monsters And The Critics" (1936); 3) "Hobbit" (1937); 4). "Fairy Stories" (1939); 5). "Farmer Giles Of Ham" (1949); 6). "Ýüzükleriñ hökümdary" (1957); 7). "The Adventures Of Tom Bombadil" (1962); 8). "Smith Of Wootton Major, The Road Goes Ever On" (1967). • Aradan çykansoñ neşir edilen eserleri: 1). "The Father Christmas Letters" (1976); 2). "Silmarillion" (1977); 3). "Unfinished Tales" (1980); 4). "The Letters of J.R.R. Tolkien" 5). "Mr. Bliss" (1982); 6). "The Monsters And The Critics And Other Essays" ("Gaýyp bolan kyssalar- 1", 1983); 7). "Gaýyp bolan kyssalar - 2" (1984); 8). "The Lays Of Beleriand" (1985); 9). "The Shaping of Middle-Earth" (1986); 10). "The Lost Road and Other Writings" (1987); 11). The Return Of The Shadow (1988); 12). The Treason Of Isengard , The War Of The Ring (1989); 13). "Roverandom" (1998); 14). "Huriniñ çagalary" (2007); 15) "Howply ýurduñ hekaýatlary" (2008); 16). "Soñlanmadyk hekaýatlar" (2012). © Kitapçy | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |