18:54 Fantastiki edebiýatyñ iñ kämil iki nusgasynyñ deñeşdirmesi: "Ýüzükleriñ hökümdary" we "Tagt oýunlary" | |
Fantastiki edebiýatyñ iñ kämil iki nusgasynyñ deñeşdirmesi:
Mistika we fantastika
▶ "ÝÜZÜKLERIÑ HÖKÜMDARY" we "TAGT OÝUNLARY" J.R.R.Tolkieniñ "Ýüzükleriñ hökümdary" ("The Lord of the Rings") we Jorj R.R.Martiniñ "Buz bilen oduñ aýdymy" ("The Song of Ice and Fire" - ekranlaşdyrylandan soñky ady "Tagt oýunlary / "Игра престолов" / "Game of Thrones") romanlar tapgyryny deñeşdirip görenimizde, nämeleri aýdyp bolar? Bütin dünýäde söýlüp okalýan bu iki eser köptaraplaýyn bahany talap edýär. ■ "Ýüzükleriñ hökümdarynyñ" muşdaklarynyñ garaýşy "Ýüzükleriñ hökümdaryndaky" pelsepewi çuñluk, megerem, "Tagt oýunlarynda" ýok bolsa gerek. Ýüzügiñ ýok edilmegi ruhy röwüşli hekaýatdyr. Dini nukdaýnazardan seredilende - nebsiñ öldürilmegi, pelsepewi tarapdan seredilende - güýç eradasynyñ ýok edilmegi, Uzak Gündogar medeniýetiniñ gözi bilen seredilende - nirwana (ody söndürmek) gowuşmakdyr. "Tagt oýunlarynda" bolsa hemmeler güýjüñ yzynda kökenek we muny teswirleýän goşmaça düşündiriş berlenok (teleserialyñ söýlüp tomaşa edilmegine dogry düşünmek gerek: häzirki adamlar "Tagt oýunlarynyñ" bähbit ugrundaky çaknyşyklaryny, dowamly üýtgäp durýan temasyny, intrigalaryny "akyl-paýhas" hasap edýär, adamlar heziller edip tomaşa edýär bular ýaly gapma-garşylyklara). Başga bir tarapdan Tolkien eserinde adamzada şeýle ýüzlenýär: - Eý, adamzat! Biri-biriñiz bilen ýakalaşyp ýörmegiñizi bes ediñ. Medeni tapawutlylyklarynyzy, fiziki tapawutlylyklaryñyzy ýatdan çykaryñ. Siziñ ýeke-täk duşmanyñyz industriýa we kapitalizmdir. Çünki bu duşman tebigaty, edermenligi, batyrlygy, dini duýgulary, sungaty, mahlasy gözümiziñ görýän hemme gymmatlygyny püçege çykarýar, hemme zada baha kesýär. Hut şonuñ üçin girdenekleriñ, elfleriñ, adamlaryñ, hobbitleriñ ýaranlygy guruldy. Elden gidip barýan dünýämiziñ agysyny aglalyñ! Eseriñ soñunyñ gowy tamamlanmagy bolsa, bütin bu zatlara garamazdan, gelejege bolan umydymyzy ýitirmezlige yşarat edýär. Awtor ýüzük halas etme işini-de ähmiýetsiz ýarym-ýarpy obrazlara etdirýär. Diñe şunuñ özi hem güýjüñ (ýa-da nebsiñ) öldürilmegi üçin birgiden yşaraty özünde saklaýar. Jorj Raýmond Martin bolsa, diñe entleriñ (tebigatyñ) isengardy (industriýany) ýykmagy üçin dört kitap ýazmaly. Tolkien haýyr bilen şeriñ gapma-garşylygynda güýje kowalaşylan ýagdaýynda, fiziki taýdan däl-de hüý-häsiýet tarapdan mankurtlaşmagyñ gutulgysyzlygyny açyp görkezýär. Saruman atly perişdäniñ (maia) darkside öwrülişi hem hut şoña yşarat edýär. Eýse garyndaş-doganlarynyñ ganyna galan elfler ak jüýjemi? Ýa-da ýüzügiñ jadysyna özlerini aldyran dokuzlar (adamlaryñ patyşalary) položitel obrazlarmy näme? Ýa bolmasa elfleriñ aýagyna palta uran girdeneklerden mysal alyp görüñ. Gynansak-da "Tagt oýunlarynda" şular ýaly çuññur many-mazmun berýän metaforalaryñ birem ýok. "Tagt oýunlary" hususanam häzirki döwrüñ adamlarynyñ halaýan bähbitparazlygyny, diñe öz peýdaña çapmaklygy adatylaşdyrýar. Bu bolsa döwre görä ýaşamak diýen düşünjä duwlanan adamkärçiliksiz we mähir-mylakatsyz ideýadyr. Egoizmiñ, diñe özüñi bilmegiñ mukaddesleşdirilen häzirki ýürekbulanjy asyrynda şahsy bähbidi üçin baş goşmajak ýaramazlygynyñ we ýaranlygynyñ bolmadyk döwrümizde günde-günaşa diýen ýaly öz görüp ýören ýüzlerimizde emosional güýç döretjek bu teleserial barypýatan fantastiki porno eserdir. Şonuñ üçin bu eseriñ ideýasynyñ bir apbasylyk gymmatynyñ ýoklugyny hakykatyñ hatyrasyna belläp geçmek gerek. "Tagt oýunlarynda" "Ýüzükleriñ hökümdaryndaky" ýaly epiki ruhdan, arzuwçyllykdan we pelsepewi güýçden nam-nyşan ýok. ■ "Tagt oýunlarynyñ" muşdaklarynyñ garaýşy "Ýüzükleriñ hökümdary" J.R.R.Tolkieniñ hem öz aýdyşy ýaly eposdyr (biziñ pikirimizçe, eseriñ ahlak-didaktiki tarapy-da bar). Eser tipiki sýužetleriñ baglanşygy esasynda dowam edýär: - Adamlary howp astyna salýan ýagdaýyñ ýüze çykmagy (Sauron); - Ýüze çykan howpuñ gözbaşy hiç kimiñ gitmäge milt edip bilmeýän bir künjekdigi (Mordor); - Personažyñ ýola çykmagy (Frodo); (Bellik: eposlarda köplenç personažlar daýaw, haýbatly bolsa, eserde ýagdaý düýbünden tersine); - Ýolagça ýolda oña kömek etjek we ýoldaş boljak biriniñ sataşmagy (Sam, Aragorn, Merrin, Pippin); - Öz aralarynda oñuşmaýan "ýagşylaryñ ýamanlary ýok etmek üçin güýç birikdirmegi" (Rohan-Gondor, Legolas-Gimli), - Personaža kömek eden we adatdan daşary güýçleri bolan kişiler (Gandalf, Elrond, Arwen, Galadriel) - Dostluk we raýdaşlyk düşünjesi ("ýüzük doganlygy"); Erbetleriñ güýçli bolmagy, emma ýagşylaryñ ynançly bolmagy we sabyr-takatlylygy (Migfer we Gondor gabawy); - Hemme zat gutardy diýlen pursatda garaşylmadyk üýtgeşmeleriñ bolmagy netijesinde ýagşylaryñ üstün çykmagy (ýene-de Migfer we Gondor gabawy hem-de Samyñ yza dolanyp Frodony orklaryñ elinden halas etmegi); - Howpuñ abanýan çeşmesiniñ ýok edilmegi we ahyrynda eseriñ şatlykly soñlanyşy. "Tagt oýunlary" bolsa epos ýaly däldir. Hawa, eser fantastiki eser. - Ýöne eseriñ epiki röwüşe girmek we ahyrsoñunda ýagşylaryñ üstün çykmagyna şert döretmek ýaly aladasy ýok, ahlak-didaktiki tarapdan terbiýeçilik ähmiýeti-de ýok. - Eserde anyk "ýagşy" ýa-da "ýaman" diýen ýaly synpy bölünşik-de ýok. Megerem, teleserialyñ iñ şowly çykan tarapy hem şu bolsa gerek; - Eser diñe "adamy" suratlandyrýar (mysal üçin teleserialyñ başky iki sezonynda ýigrenç bilen garalan Jeýme soñky üç sezonda hoşniýetli seredilýär); - Wakalaryñ gidişini öñünden çaklamak mümkin däl. Bu bolsa ony real durmuşa has golaý edip görkezýär. Galyberse-de, "Ýüzükleriñ hökümdarynyñ" hakyky durmuşa golaý bolmak ýaly maksady ýok, ýañam belläp geçişimiz ýaly Tolkien ony ýönebir "epos" hasap edipdi. "Ýüzükleriñ hökümdaryna" mifologiki eser diýilse dogry bolar. Şu hususda iki eser biri-birinden görnetin tapawutlanýar. ■ Netije "Ýüzükleriñ hökümdary" kino sungatynda öwrülişik döretdi. Çeper filmiñ ekran effektlerinden başlap, onda oýnaýan aktýorlar diýjekmi, ýa-da filme döredilen sazlar diýjekmi... bularyñ her biri sungatyñ naýbaşy nusgasyna öwrüldi. "Tagt oýunlary" bolsa teleserial pudagynda effekleri bilenem, sazy bilenem, baş rollarda oýnaýan artistleri bilenem diýseñ gowy netijeleri gazandy. Teleserialyñ temasynyñ ilkibaşda esas bolup hyzmat eden kitaplaryñ mazmunyndan daşlaşan wagtyndan başlap, tomaşaçy gatlagynyñ pese düşmegi onuñ gazanan bu şowlulyklaryny üýtgedip bilmez. Kitaplary deñeşdirende bolsa, "Ýüzükleriñ hökümdary" Bu iki kinofilmiñ kitaplaryny deñeşdirenimizde bolsa: "Ýüzükleriñ hökümdary" öz janrynyñ ilkinji görkeziji nusgasydyr. Çeperçilik taýdan alanda, has arzuwçyl, has ertekiçil kyssasy bolan, suratlandyrýan dünýäsi hamala hakyky ýaly jikme-jik beýan edilýän naýbaşy eserdir. Wakalar Ortaýer ("Middle-earth") atly dünýäde bolup geçýär. Kitabyñ awtory Tolkien Oksford uniwersitetiniñ düzümindäki Merton kolležiniñ iñlis dili professorydyr. "Ýüzükleriñ hökümdary" fantastiki edebiýatyñ muşdagy bolan her kesiñ azda-kände hökmany tanyş bolan we bütin dünýäde ylahy kitaplardan soñ iñ köp okalýan kitabyna öwrüldi. "Buz we oduñ aýdymy" bolsa syýasy we intriga taraplary has agyr gelýän, fantastiki dünýäde bolup geçýändigine garamazdan, wakalaryñ özeninde fantastiki ýokundylar bolmadyk, ulanylýan fantastiki elementleriñ mukdary birnäçe fantastiki romanlara garanda has az siñdirilen, diýseñ kämil kitaplar tapgyrydyr. Heniz ýazylyp gutarylmandygyna garamazdan, edebiýat dünýäsindäki tutýan ornuny gutarnykly kesgitlemek mümkin dälem bolsa, deñesinden göz ýumup geçip bolmajak epopeýadygyny gypynçsyz aýtsa bolar. Ýazyjy Jorj Raýmond Martin käri boýunça žurnalist bolsa-da, entek çaga wagty çeper döredijilige baş goşan adam. Onuñ adynyñ ortasyndaky "Riçard" adyny "J.R.R.Tolkiene" meñzetjek bolup alandygy aýdylýar. Şeýle-de, iki göwrümli eseriñ arasyndaky iñ uly tapawudyñ hersiniñ özüne mahsus çemeleşmesiniñ bardygyny aýtsa bolar. Aslynda "Ýüzükleriñ hökümdarynyñ" aýlawly sýužetler arkaly ýagşylaryñ ýeñýän we hobbit ýaly girdenekje we ejizje bolmagyñyza garamazdan, erk-ygtyýaryñyzy güýçlendirmek bilen ähli kynçylyklary aşyp biljekdigiñize ünsi çekýän erteki röwüşli kyssasy bar. "Buz we oduñ aýdymynda" entek soñunyñ nähili gutarjagyny bilmesek-de, neşir edilen tomlaryna seredip baha bermeli bolsa, onda oýlanşykly hereket edýäniñ, intrigalary ussatlyk bilen ýöredip bilýänleriñ ýeñiş gazanýan dünýäsi, ýagny, has realistik hekaýat beýan edilýär. Jorj R.R.Martin çagalygyndan bäri "Ýüzükleriñ hökümdarynyñ" muşdagy bolup, epopeýany öwran-öwran okap çykandygyny aýdýar. Şeýle-de, ýazyjy "Buz we oduñ aýdymyny" häzirkizaman fantastiki edebiýatynda döredilýän eserlere jogap hökmünde, "bu iş eýdilenok, ynha, şeýdilýär!" diýmek üçin ýazandygyny aýdýar. Iki eseriñ hem bir meselede meñzeş gelýän tarapy bar: olam teleserial we kinofilm nusgalary añrybaş ussatlyk bilen ekranlaşdyrylandygyna garamazdan, kitap görnüşiniñ bulardan has öñde durýanlygydyr. Iki eserem diñe kinofilmlerine tomaşa edip deñesinden geçip gitmeli eserler däl, olar hökmany suratda okamaga we deñ-duşuñyza, çagalaryñyza oka diýip maslahat berilmäge degişli kämil eserlerdir. ■ Bellik: Ady agzalan eserleriñ kitaplaryny Aşgabat şäheriniñ "Gülüstan" (ors bazar) bazarynyñ 18-nji kitap dükanyndan tapyp bilersiñiz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |