22:51 Nusaý hakykaty | |
NUSAÝ HAKYKATY
Taryhy makalalar
"Nusaý" adynyň arapça "nisa" sözünden, ýagny "zenan" sözündendigini aýdýan käbir alymlaryň subut edýän aşakdaky delili tutaryk edinýän bolmaklary mümkin. Ol esassyz delili orta atan taryhçy Şeýhabeddin Abu Abdylla Ýakut Hemewi bolmaly. Çünki ol "Mo, ajm-ul-boldan" atly eserinde bu babatda şeýle ýazýar: "Musulmanlar Horasanyň şol sebitine hüjüm edýärler hem-de Nesa şäherini basyp almagyň kül-külüne düşýärler. Şäheri basyp alyp, şähere giren musulman esgerleri örän geň wakanyň şaýady bolýarlar. Ýagny, görýärler ki, şäherde musulmanlara garşy söweşen hemme şäher goraýjylary zenanlar bolup, erkekler bireýýäm şäheri terk edip giden ekenler. Bu ýagdaýy gören araplar: "Hu la nisa!", ýagny, "Bular zenanlar eken-ä!!!" diýip gygyryşypdyrlar. Şeýdip ol şäher Nisa şäheri bolupdyr...". (Seret, Şeýhabeddin Abu Abdulla Yakut Hemewi, "Mo, ajm-ul-boldan", Beýrut neşiri, 1979 ý., 23 sah.). Emma bu delil her Nusaý şäheriniň adynyň "Nusaý" bolmagynda ýapa degmeýän delildir. Sebäbi, ýokarda awtor: "Musulmanlar... Nesa şäherini basyp almagyň kül- külüne düşýärler..." diýip başlaýar. Diýmek, araplar öz basyp aljak şäheriniň adyna Nesa diýip bilýän ekenler. Eger Nusaýy entek basyp almadyk araplar onuň adyny Nesa diýip bilen bolsalar, awtoryň soňky şäheri diñe zenanlara taşlap, erkekler bolsa galadan çykyp gaçyp gidendiklerini aýdyp, araplaryň galany goraýjy aýallary görüp: "Hu la Nisa!" diýip gygyryşyp, bu şäheriň adyny Nisa diyip goýupdyrlar diýmegi ýapa degmeýän zat bolýar. Onsoňam bu yalan maglumatyň gadymy türkmen topragynyň in mübarek we şerip şähere-de, aýallara-da şek getirýän bolgusyz maglumatdygyna biziň birimiziň düşünmegimiz gerek. Eger-de talaňçylykly uruşda ýeňlen tarapyň synan şäherinde ýaşayanlaryň başyna nä günleriň salynýandygyny şol ýokardaky maglumaty il arasynda ýaýradýan alymlar bilmeýän bolsalar, biz-ä haýran! Eýranly taryhçy Kazem Sebziwari 1997-nji ýylda Aşgabatda myhmançylykda boldy hem-de şu setirleriň awtoryny özüniň ýazan: "Täwanha-i mohiti şäherestan-ä Därgiz" atly taryhy-ylmy eseriniň kompyuterden çykan golýazmasy bilen tanyşdyrdy. Bu işiň 13-nji sahypasyndan "Şähra-i mohem daşt-e Haweran" ("Gündogar düzlügindäki möhüm şäherler") diýen bölüm başlanyp, awtor Haweran düzlüginde ýerleýän şäherleriň iň gadymkysy we Möhüm Nusaý şäheri diýip belleýär hem-de: "Nusaý şäherini "Nesaýy", "Nisaýe"... ýaly atly bilen ýatlasalar-da, bu şäheriň örän uzak geçmiş taryhy bolup, taryhyň dürli eýýamynda ol şäheriň ady dürli görnüşde bolupdyr..." diyip habar berýär. Şeýle hem jenap Kazem Sebziwari özüniň şol eserinde sowet alymlarynyň Nusaý şäherini Parfiýa döwletini esaslandyryjy nesil bolan aşkanylaryň (arşakidleriň) esaslandyrandyklary baradaky çaklamalaryny ret edýär. Çünki, Parfiýa döwleti biziň eýýamymyzdan öňki 250-nji ýyllarda esaslandyrylyp, biziň eýamymyzyň 224-nji ýylynda hem synan döwlet. Eýranly alym bolsa Nusaý şäheriniň adynyň zoroastr dininiň Awesta kitabynda hem ýatlanýandygyny nygtap, ol mukaddes kitapda Nusaý şäheriniň adynyň arileriň ýurdy diýip hasaplanýan 16 ülkäniň arasynda sanaw tertibi boýunça 5- nji orunda gelýändigini ýazýar. Awesta kitaby bolsa Parfiýa döwleti esaslandyrylmazyndan ýüzlerçe däl, belki-de, müň ýyl ozal ýazylan bolmaly. Ýöne bizde hem Nusaýyň adynyň Awesta kitabynda ýatlanylyşy barada degişli maglumat bar. Has takygy, Awestanyň "Wandid” diýen bölüminde Nusaý ady bir gezek ýatlanylýar hem-de: "Nusaý şäheri Merw bilen Balhyň arasynda ýerleşýär..."diýip habar berilýär. (Ýokardaky "Balh"sözüne Balkan daglary diyip düşünmeli). Awesta kitaby jemi 21 kitapdan ybarat bolupdyr. Emma biziň günlerimize çenli Awestanyň kitaplarynyň dörtden bir bölegi gelip ýetipdir. Awesta kitaby 1990-njy ýylda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde aýratyn kitap görnüşinde rus dilinde neşir edilipdir. On dört bölümden ybarat şol kitapda gönüden-göni Nusaý şäheri barada anyk maglumat bolmasa-da, şol bir wagtyň özünde bu kitabyň "Gimn Mitre" (Yaşt 10, "Mihr-ýaşt") bölüminde türkmenlere degişli diýip hasplap boljak örän gyzykly maglumatlar bar ekeni. Türkmenler bu Awesta kitabynda käbir yerde tur(lar) görnüşinde ýazylypdyr. "Tur" sözi bolsa Öküz (Oguz) diýmäni aňladýar diýip şu setiriň awtory türkmen metbugatynda Nusaý barada ýazan önki makalalarynda ýatlapdy. Mysal üçin, "Gimn Mitre"atly bölümden käbir setirlere ýüzleneliň: Biz Mitri ýagşylykda ýatlaýarys, Ol araba eýesi... (Seret, görkezilen eser, 70 sah.) Ol (Mirt) ilkinji bolup, Asmandaky hudaýlaryň arasyndan, Nurly Günün öň ýanyndan, Hara dagynyň gerşinde görünýär. Onuň bedewleri örän ýyndam. Ol ikinji bolup, altyn Öwüsýän gerişlere ýetýär, Ol yerden ol hemme ari ülkelerini synlaýar. Ýene-de Biz Mitri ýagşylykda ýatlaýarys, Ylahy gudratlylaryň arasynda, Ilkinji bolup Hara (Gara) dagynyň gerşinden, Gün şuglasy entek Zemine ýaýramaka, Ol özüniň örän ýyndam aty bilen, Hara dagynyň ajap gerşine çykyp, Läle-reýhanlygyň içinde durup, Külli ari ülkelerini synlaýar. Ol ülkeler: gaýratlylaň ülkesi, Giň derýalarda gämiler ýüzýär Hanasyna sygmaýan ol derýalar Öz şirin suwlary bilen Par Işkatyna, Haraýwdaky Merwe barýar... (57 sah.) Mitri berer ýyndam atlary, Onda bar giň öri meýdany... (54 sah.) Sygynýaryn men gudratly Miträ Ýaradylanlaryň iň güýçli ýaradylanyna! (55 sah.) Awestanyň bu bölümindäki Mitr, biziň pikirimizçe, Oguz han Türkmen bolmaly. Sebäbi, Oguz han Türkmeniň - Öküz, Oks, O:din, Tor, Tur, Torg, Burk (Börk)..ýaly lakamlarynyň bolandygy barada awtor türkmenmetbugatynda ýazypdy. Mitr adynyň aýdylşynda bolsa Tur, Tor atlary bilen meňzeşlik, umumylyk bar. Onsaňam ýokarda Mitr "Araba eýesi" diýip nygtalýar. Mukaddes Ruhnamada bolsa Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz han Türkmeniň leşgerinde ýöriş arabasynyň taryhda ilkinji bolup oýlap tapylandygyny habar berýär. Diýmek, Oguz han Türkmen hem "Araba eýesi". Umumy german halklarynyň taryhy barada habar berýän "Kiçi Edda" kitabynda hem Asgar (Nusaý şäherinden bolan) Tor (Tur) atly gudratly we gayratly hökümdaryň lakamynyň "Eke Tor", ýagny, "Araba eýesi Tor (Tur)" bolandygy ýatlanylýar. Galyberse-de, "Kiçi Erda" kitabynda mundan müňlerçe ýyl ozal, Asmandaky "Uly Yedigen" ýyldyzlar toplumynyň "Turyň arabasy" atlandyrylandygy habar berilýär. Dogrudan, "Uly ýedigen" araba hem çalym edýär. diýip Awestada Mitr-Yeňiş Hudaýy, ýyndam bedewleriň eyesi, arileriň ülkeleriniň üstünden hökümdarlyk süren, hudaýsypat ýaradylan şahsyýet hökümünde görkezilýär. Ol Hara (Gara) dagyň çür depesine çykyp, batyr arileriň mekany Merwi hem görýär, synlaýar ekeni. Diýmek, gadymy Mary şäheri hem ariýleriň mekany bolan. Şeýlelik-de, bu bolsa biziň geçen makalalarymyzda Mary adynyň "Ma ari şah-y-jahan" diyen sözdendigi, ol sözüň bolsa "Biz Älem-jahan hökümdarlyk edýän arileridiris" diýen manysynyň bardygy barada aýdanymyza goşmaça delil bolup hyzmat edýär. Ýene-de Nusaýly meselä dolanyp gelsek, araplaryň bu şähere Nissa diýip at goýandyklary baradaky taslamanyň hakykatdan daşdadygyny aýtmakçy, araplaryň Nusaýyň basyp almaklaryndan, takmynan, 1150 ýyl töweregi ozal dünýä inen taryhçy Gerodot ýazgylarynda Nusaý babatda şeýle ýazgyny bize miras goýupdyr: "Huşýar şanyň ýunanlar (grekler) bilen bolan söweşinde, onuň söweş arabalaryny şol Nusaý atlary çekidiler...". Köp türkmen alymlary "Gerodot-Nusaý barada ýazgy goýan ilkinji taryhçy" diýip ykrar edýrler. Yöne Gerodortyň Nusaý barada ýazan ilkinji awtor däldigini aýtmalydyrys. Sebäbi 1936-njy ýylda ABŞ-nyň Nyu-York şäherinde G.Cameron atly awtoryň: "History of early Iran" diyen kitaby neşir edilipdir. Şol kitabyň 148-nji sahypasynda awtor: "Nusaý (Nesa) baradaky iň gadymy ýazuw çeşmesi assiriýaly Tiglat Pilser III niň (b.e.öňki 727-726-nji ýyllarda) Mad şäherlerine leşger süren wagtyndaky ýazgylarda duş gelýär" diyip habar berýär. Şol ýazgylarda: "Nusaý uçýan atlaryň ýetişdirilýän mekany" diýip suratlandyrylypdyr - diýip habar berýär... Diýmek, ol ýazgylar araplaryň Nusaýy basyp almaklaryndan 1370 ýyl töweregi ozal ýazylan ekeni. Hut şonuň üçin hem Nusaý şäheriniň adyny araplar goýupdyr diýmek dürs däldir. Elbetde, Nusaýyň has gadymy adynyň Asgard bolandygy barada metbugatda çap edilen öňki makalalarymda nygtap geçipdim... Hut şonuň üçin hem käbir alymlaryň "Nusaý sözi arap sözündäki "zenan" sözünden gelip çykypdyr" diýmekleri hakyky ylmy çözgütden daşdadyr. Ýewropada ýaşaýan gadymy arileriň nesil şejeresi barada beyan edilýän gadym eserler bolan "Uly Edda", "Kiçi Edda" ýaly kitaplardaky maglumatlara görä, ariler Ýewropa, Merkezi Aziýadaky iň gözel şäher bolan Asgard şäherinden gidýärler. Asgard şäheriniň ýerleşişi, ondaky köşkler... barada aýdylýan maglumatlar Nusaý şäheriniňki bilen örän gabat gelýär. Arileriň iň güýçli hökümdary, olar Yewropa ýöriş edenlerinde ýolbaşçylyk eden keramatly Odiniň hem türkmen milletiniň nesilbaşy Oguz han Türkmen bilen gaty kän umumylyklary bar. Birinjiden: Odiniň ýanynda hemişe iki sany möjegi bolupdyr. Oguz han Türkmeniň hem ýörişe gidende önüne asmandan inen nuruň içinden çykan möjek düşüpdir. Ikinjiden: Odin guşlar, haýwanlar bilen gürleşmäni başaran bolsa, Oguz han Türkmen hem möjek gürleşýän ekeni. Üçünjiden: Arileriň beýik hökümdary, keramatly Odin Yewropa ýöriş bilen baryp, ol ýerdäki ýerli halklara medeniýeti, ýazmagy öwredipdir. Oguz han Türkmeniň döreden 25 harpy bilen bolsa, keramatly Odiniň Yewropa halklaryna öwreden elipbiýiniň gabat gelmegi hem örän täsin delildir. Dördünjiden: Keramatly Odiniň hem-de Oguz han Türkmeniň bir şahsyýet bolandygyny (galyberse-de, Awestanyň "Gimn Mitre" bölüminde keramatly Mitr barada hem "Ol araba eýesi" diýip habar berilýär ahyryn), olaryň ikisiniň hem "Araba eyesi" diýen lakamlarynyň bolmagy taryhy tötänlik däldir. Onsoňam, Nusaý şäheri gadymy Änew medeniyetine degişli bolup, Merkezi Aziýada ýerleşýän, taryhy 5 müň ýyllykdanam has köpräk bolan ýeke-täk gadymy şäherdir. Elbetde, bu gürrüňi näçe dowam etseň adibermeli. Enşalla, wagty geler, şonda ýene bu gürrüňe gaýdyp geleris. Juma ATAÝEW. | |
|