22:36 Okasaňyz Massagetleň taryhyn... | |
OKASAŇYZ MASSAGETLEŇ TARYHYN...
Taryhy makalalar
Massagetler barada gadymy taryhçylar Gerodota (biziň eýýamymyzdan öňki 480-nji ýyllarda dünýä inip, 425-430-njy ýyllarda hem aradan çykan ýunan taryhçysy) hem-de Strabonda (bu hem ýunan taryhçysy, biziň eýýamymyzdan öňki 63-nji ýylda dünýä inip, biziň eýýamymyzyň 24-nji ýylynda aradan çykan) gabat gelýär. Gerodot: ''Massagetler köp sanly, batyr taýpa. Olar issedonlaryň garşysynda, Araks derýasynyň aňyrsynda, Günüň dogýan tarapynda ýaşaýarlar. Käbir taryhçylar, massagetleri skif kowumyndan hasaplaýarlar'' diýýär. Gerodotyň ýatlaýan Araks derýasy (Äroks, Äroguz) gadymy Türkmen topragyndaky Uzboýdyr. Gerodot ''Massagetler skifleriňkä meňzeş geýinýärler, olaryň durmuş adatlary hem edil şolaryňky ýaly. Massagetler, at üstünde-de, pyýada hatarda hem söweşmegiň ezberleri. Adatça, massagetlerde ýaý, naýza, aýpalta ýaly söweş ýaraglary bolup, olaryň ähli zady altyndan we bürünçden. Emma naýzalarynyň, peýkamlarynyň, aýpaltalarynyň ähli demir böleklerini olar, bürünçden ýasaýarlar. Telpeklerini, kemerlerini altyn bilen bezeýärler. Olar atlaryna hem göwüslik ýaly bürünç sowutlary geýdirýärler. Atlarynyň uýanlaryny, agzydyryklaryny, bil çeki uçlaryny hem altyn bilen haşamlaýarlar'' diýip habar berýär. Eger massagetler bilen skifler bir halkyň kowumlary bolmasa, olaryň lybaslary, adatlary meňzeş bolmazdy. Garaşsyz Türkmenistan döwleti günortada parslar, gündogar-günortada owganlar, gündogarda özbekler, demirgazyk gündogarda garagalpaklar, demirgazykda gazaklar bilen serhetleşýär. Eger parslary hasap etmeseň, ýokarda ady ýatlan halklarymyz gadymy garyndaş, türki dilli halklar. Emma ol halklaryň milli lybasy, milli däp-dessurlary türkmenleriňkiden tapawutly. Aýtmak isleýän zadymyz, massagetler bilen skifler bir halka degişli taýpalar bolup durýar. Galyberse-de, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy mukaddes Ruhnamada gadymy zamanlar saklar, massagetler, sarmatlar, skifler... diýip atlandyrylan taýpalaryň oguz neslindendigini, ýagny, türkmenlerdigini takyk aýdýar ahyryn! Türkmenler dünýä taryhynda ilkinji bolup söweşde eginlerine demir don, sowut, kellelerine polat tuwulga geýip, atlaryna hem göwüslik bürünç sowutlary ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda ýaşan rimli taryhçy Pompeý Troguň ýazgylaryna salgylanyp, parfiýa kowumynyň aslynyň skiflerdendigini, olaryň söweş esbaplarynyň hem massagetleriňkä meňzeşdigini aýdyp bolar. Massagetleriň gadymy saklaryň uly bölümleriniň biridigini ykrar eden dilçi alym, Soltanşa Atanyýazow şeýle ýazypdy: ''Garagalpak alymy Daulen Aýtmyratow bolsa, bu ady aglaba türki dillerde rowaç bolan bas, mas (ýagny, ''baş'') we altaý dilinde ''gulpak'' manysynda saklanyp galan ''kede'' sözünden hasaplap, onuň manysyny ''Depesinde saç, gulpak goýanlar'' diýip düşündirýär. Azerbeýjan we türk alymlarynyň pikirine görä, ''massaget'' sözi ''baş saklar'' diýen manydadyr (adyň yzyndaky - ''t'' goşulmasy köplügi bildirýär), ýagny, baş sakat - massakat - massaget''. Soltanşa Atanyýazow, ''Şejere'', (Türkmeniň nesil daragty), Aşgabat, 1994 ý., 159 sah.). 1950-nji ýylda Daşkent şäherinde taryhçy alym K. W. Greweriň ''Istoriýa Uzbekistana'' atly kitaby neşir edilen. Bu kitabyň 1-nji jildiniň 46-njy sahypasynda beýan edilişine görä, ''massaget'' sözüniň asyl manysy ''Saklaryň uly ordasy'' diýen manyny aňladýar. Hazar deňziniň gündogar kenaryndan başlap, tä Syrderýa sebitine çenli aralyk Ahameni şalygy döwründe (mundan 2500 ýyl töweregi ozal) Eýranyň Bisütin, Nagş-e Rostäm, Taht-e Jemşid diýen ýerlerinde daşyň ýüzüne myhy elipbiýde ýazylan ýazgylarda skalaryň ýaşan mesgenidigi hakda maglumat bar. Sak türkmenlerine, grekleriň näme üçin massagetler diýip at goýandyklary barada şeýle delili aýdyp bolar. Gafym wagtlarda Grek taryhçylarynyň öz ýazgylaryny latyn dilinde ''massa'' sözüniň aňladýan manysyny tirmegimiz gerek. ''Massa'' sözi, häzirki rus dilinde hem 6-7 manyda ulanylýar: 1. Esasy köpçülik, agdyklyk edýän köpçülik; 2. Toplum, üýşmek, çogdum; 3 Köp; 4 Halk köpçüligi. Ol sözi, bir halkyň ady hökmünde okap, türkmençä geçirsek, onuň birnäçe manysy bar. Geliň, şolaryň käbirini seljerip göreliň: 1. Bir halkyň belli bir jemlenen ýeri. 2. Halkyň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri, mekany. Diýmek, Massa + get sözüni ''getleriň (gotlaryň) köpçülikleýin ýaşaýan mekany'' diýip terjime etseň, has dogry boljak. Gadymy oguzlar bolan saklary ýewropaly taryhçylaryň getler (gotlar) diýip atlandyrmaklarynyň sebäbini hem şunuň bilen düşündirmek gerek. Ýokarda gadymy sak türkmenleriniň ata-babalarynyň grek-rim çeşmelerinde massagetler diýip atlandyrylandygy hem-de ol adyň ''massa'' hem-de ''get'' sözlerinden ýasalandygy barada öz pikirlerimizi aýtdyk. İndi bolsa, ''get'' sözüniň manysy barada seljeriş geçireliň. Abulgazy özüniň ''Şejere-ýe teräkime'' /Türkmenleriň nesil daragty/ atly eserinde Üňüz /Oguz/ derýasynyň boýunda ýaşan gadymy türkmenlerde gut diýen tiräniň bolandygyny habar berýär. Türkmen alymy Soltanşa Atanyýazow özüniň ýokarda görkezilen kitabynda (58-59 sah) ''gut'' sözi gadymy Türki dillerde ''bagt'' diýen manyny aňladypdyr. Häzirki Türkmen dilinde bu söz Gulty diýen adam adynda, bu söz Gutly diýen adam adynda, gutlamak işliginde, ''gutly bolsun'' diýen söz düzüminde we ''It geldi - gut geldi'' diýen nakylda saklanyp galypdyr'' diýip düşündirýär. Soltanşa aganyň bu aýdanlary belki-de, dogrudyr. Ýöne, ''gut'' sözi barada biziň hem öz çaklamamyzy ildeşlerimize ýetiresimiz gelýär. Oguz han Türkmeniň gudraty Taňrynyň emri bilen köp hudaýlylyga uýan kowumlary asmandaky, ýeke-täk Taňra uýmaga çagyrmak üçin magrypdan maşryga ýöriş edip, soňra bolsa Zulmat ýurduna (demirgazyk Ýewropa) ugrandygy barada, Ýewropa baran Oguz han Türkmeni ýewropalylaryň pygamberi Odin we başga-da birnäçe mertebe lakamlary bilen tanandyklary barada öňki makalalarymyzyň birinde ýatlapdyk. Şol lakamlaryň biri-de Gut. Bu mertebeli at-lakam Ýewropada ýaşaýan dürli kowumlaryň dil galypyna laýyklykda got, get, gaut görnüşlerinde üýtgäpdir. Ýokardaky ýatlanan kitabynda Soltanşa Atanyýazow ''It geldi - gut geldi'' diýen gadymy türkmen atalar sözünü getirýär. Ol nakylyň aňyrsynda taryhy waka ýatyr. Ýadyňyza düşýän bolsa, gadymy ''Oguznama'' eserinde, bir waka ýatlanylýar. Oguz han Türkmen Ýewropa ýöriş etmek niýeti bilen ýola düşüp, Ata il /Wolga/ derýasynyň kenaryna baryp ýetýär hem-de ol ýerde çadyr dikdirip dem-dynç almakçy bolýar. Oguz han Türkmen şol ýerde, öz çadyrynda otyrka, çadyryň tüýnüginden öýüň içinde bir nur inip, ol nur çal möjege (boz gurda, gök börä) öwrülýär. Ol boz gurt, Oguz han Türkmene: ''Ýörişe gideňde meni goşunyň öňüne sal! Nepim deger!'' diýipdir. Asmandan nur bilen inen ol boz gurduň ylahydygyna akyl ýetiren Oguz han Türkmen soňky ýörişlerinde şeýdip köp üstünlikler gazanýar. Diýmek, ol gurt nirede görünse, ol ýerde Oguz han Türkmen, ýagny, Gut hem peýda bolýar. Ýewropalylaryň dilinde ''gut'' sözüniň ylahy, keramat diýen manylary aňladýandygyny göz öňüne tutsak, Oguz han Türkmeniň hem Ýewropada pygamber Odin, Gut diýip ykrar edilendigini ýatlasak, onda Gut adyny ylahy diýen manyda düşündirsek dogry boljak. Oguz han Türkmeniň Ýewropa yklymynda mynasyp bolan Gut lakamy, aslynda gadymy Türkmen topragynda hem meşhur bolupdyr diýip hasaplap bolar. Gutly sözüniň gadymy manysy, biziň pikirimizçe, ylahylyk manysyny beren bolmaly. Ýewropada gotlar (getler, gautlar) ady bilen tanalan gadymy oguzlary hytaý çeşmeleri si ýuýe - çi görnüşinde ýazypdyrlar. (Filip Lozinskiý, ''Hastgah-e part ha'' iňlisçeden parsça terjime, Tähran, ''Päjuhande'' neşirýaty, 1380 h.ý., 62 sah.). Bu alymyň nygtamagyna görä, Hytaý transkripsiýasynda ýazylan ol sözi şeýle-de, Goat-si Gut ýa-da Get-li görnüşinde okap bolýar. Rus çeşmelerinde, özge halklaryň, has takygy, SSSR-iň golastynda, Merkezi Aziýadan bolan halklaryň taryhyny ýoýmaga synanyşyp geldiler. Şeýle etmek bilen, ol halklaryň ruhuny syndyrmaga çalyşdylar. Bu ýörelge, aýratynam, Türkmen milleti babatda zabun boldy. Ýekeje mysal: türkmenleriň aglabasy ''Marko Polo kim?!'' diýseň, ''Miladynyň 1254-1324-nji ýyllarynda ýaşan, italiýaly, Türkmen halyçylaryny öwen syýahatçy!'' diýip jogap bererler. Bolany! Emma onuň ''Ýewropa we Aziýa yklymlary'' diýip çyzan kartasy barada köp ildeşlerimiz habarsyzdyrlar. Ol kartada syýahatçy Marko Polo, Kıçı Aziýany, ýagny, häzirki Türkiýe Respublikasynyň eýeleýän ýeriniň adyny ''Turkomaniýa'' diýip görkezýär. Gara deňziň demirgazyk kenaryndaky iň uly ýarym ada bolsa GOTI diýip görkezilen. Ol ýarym adanyň häzirki ady Krym. Sowet çeşmeleri Krym ýarym adasy barada söz açanlarynda, onuň miladynyň XV asyryndan öňki taryhy barada barada dymyp, diňe: ''XV-XVIII asyrlarda Krym hanlygy bolupdyr diýip habar bermek bilen çäklenipdirler. (Sowetskiý ensiklopediçeskiý slowar'', M., 1989 ý., 669 şah.). Rus-sowet çeşmeleriniň Gara deňziň demirgazyk kenarynyň entek Kiýew döwleti döremänkä hem, Türkmen kowumlary - massagetleriň, sarmatlaryň, awarlaryň, skifleriň ýaşan mekany bolandygy baradaky maglumaty näçeler aýan edilmejek bolunsa-da, maglumatlar özüne ýol tapypdyr. Mysal üçin, okyjylaryň aglabasy, rus halkynyň iň gadymy eseri hasaplanýan ''Slowo o polku İgorewa'' barada eşidendirler. Ol eserde şeýle seyirler bar: ''Se bo gotskyýa krasnyýa dewy, wezpeşa na berez sinemu morýu...'' 1. Bu setirleri häzirki rus dilinde D. Lihaçew şeýle taraşlapdyr: I wot gotskiýe krasnyýe dewy, Zapeli na beregu sinego morýa... Bu ýerde, Gara deňziň demirgazyk kenarynda miladynyň XII asyrynda hem ýaşap ýören (massaget'' türkmenleriniň nesli) got gyzlary barada söz açylýar. Ol zamanlar Gara deňziň Taman ýarym adasynda rus çeşmeleriniň transkripsiýasynda ýazylyşy ýaly edip ýazsak, ''Tmutorokan'' (Tomu torakan) diýen şäher bolup, ol şäherde we onuň etraplarynda got (get) Türkmenleri ýaşapdyrlar. Tmutorokan şäheriniň ady rus çeşmelerinde ilkinji gezek miladynyň 988-nji ýylynda ''Powesti wremennyh let'' atly ýazgyda ýatlanypdyr. Tmutorokan diýip atlandyrylýan ol şäher barada nämeler aýdyp bolar?! Rus taryhçysy M. B. Rabinowiç mundan 2000 ýyldan köpräk wagt ozal, Gara deňziň demirgazyk kenarynda ýerleşen Tomy şäherinde getleriň (gotlaryň) ýaşandygyny nygtaýar. Belki-de, Tmutorokan ady ''Tomy torkan'' sözündendir?! Çünki, rus çeşmeleri türk sözüni üç görnüşde ýazýarlar. 1. Türk - bu köplenç ýagdaýda Osman soltanlygynyň türkmenlerini ýa-da Osman döwletiniň raýatlaryny aňladýar. 2. Týurki - bu türki dilde gürleýän halklary aňladýar. 3. Torki - bu söz gönüden-göni Oguz han Türkmeniň nesilleri bolan türkmenleri aňladýar. Şonuň üçin hem, Tomo-torkan (Tmutorokan) ol ''Türkmenleriň Tomy şäheri'' diýen manyny berýär. Bu şäher XI asyrda Kiýew döwletiniň eýeçiligine geçirilipdir. ''Slowo o polku Igorewe'' eserinde beýan edilişine görä, ol şäheriň golaýynsa Kaýaly diýen derýaça bar eken. Ol kitabyň içinde gabat gelýän atlara düşündiriş ýazan rus alymy L. Dmitriýew (Seret, görkezilen eser, Moskwa, 1985 ý. 201, 203 sah.) ol derýanyň adyny, rus dilindäki ''Kaýat'' sözünden, ýagny ''hasrat, ökünç'' diýen manyny berýändigini aýdýar. Ýöne, ol döwre çenli tas 1000 ýyl gowrak wagtlap gadymy oguzlaryň köpçülikleýin ýaşan ýerinde L. Dmitriýewiň aýdyşy ýaly, rus sözünden emele gelen Kaýat atly derýanyň bolmagy mümkin däl! Ol derýanyň ady gadymy Türkmen sözünden, ýagny, Gaýaly derýa. Türkmenlerde topraksow ýerde jaryň kert ýerine erňemek, dagyň kert ýerine gaýa diýýärler. Belki-de, ol derýanyň erňeginde dag jisiminden (daşdan) emele gelen kert bolup, oňa get türkmenler Gaýaly diýip at goýandyrlar? Eýýäm miladynyň III asyrynda, got (get) Türkmenleri Gara deňziň günbatar demirgazyk kenarynda Got (Get) şalygyny hem esaslandyrýarlar. Ol şalygy Aman diýen türkmeniň neslinden Herman ary atly serkerde döredýär. Ol şalyga Azow deňzinden tä Sarmat (Baltika) deňzine çenli aralykdaky sähralyk degişli bolan. Bu barada russiýaly alym, ylymlaryň doktory Myrat Ajy ýazýar. Hunlaryň (gunlaryň), sarmatlaryň, alanlaryň, awarlaryň (getleriň) hemmesiniň hem gadymy eždatlarynyň bir bolmagyna garamazdan, Rim we Wizantiýa imperiýalary olary özara agzala edip, bir-birine gižželäp durupdyrlar. Hut şonuň üçinem, miladynyň 360-njy ýylynda Wizantiýanyň we Rimiň gižželemegi hem-de hemaýaty bilen, got (get) we alan söweşjeň birikmeleri öz kowumlary bolan hunlara garşy urşa başlaýarlar. Ol uruş 10 ýyl dowam edip, hunlaryň peýdasyna tamamlanýar. Bu dowamly uruşda türkmenler ýeňmedi. Sebäbi iki tarapdan hem gyrlanlar Türkmen kowumlarydy... Şeýlelikde, gadymy grek-rim çeşmelerinde habar berlişi ýaly, Ahemeni patyşasy Kiriň garşysyna uruş eden massagetler, gadymy türkmenler bolup, olar Ahemeni patyşalarynyň Bisütin ýazgylarynda saklar görnüşinde ýatlanypdyrlar. Sebäbi makedon patyşasy Aleksandr Makedonlynyň basyp almagy netijesinde, bu sebitde bolan uly-kiçi ýerli hökümetler synýar. Aleksandr Makedonlynyň wepat bolmagy bilen, onuň bu sebitdäki agalygyna, Makedon şasynyň serkerdesi Selewki eýe bolýar hem-de bu ýerde Selewkiler hökümdarlygy döreýär. Sebitdäki sak kowumly, Selewki hökümdarlygynyň agalygyna, Makedon şasynyň serkerdesi Selewki eýe bolýar hem-de bu ýerde Selewkiler hökümdarlygy döreýär. Sebitdäki sak kowumly, Selewki hökümdarlygynyň agalygyna garşy baş göterip, ony syndyrýarlar. Garaşsyz döwlet, Parfiýa döwletini gurup, soňra ony edil Ahemeni şalygynda bolşy ýaly, daş-töwerekdäki uly-kiçi ''18 döwleti özüne birikdirip, Parfiýa imperiýasyny döreden saklardyr''. (Filip Lozinskiý, ''Hastgah-e'' part ha'', iňlisçeden parsça terjime, Tähran, ''Päjuhände'' neşirýaty, 1380 h.k., 15 sah.). ''Saklar we parfiýalylar bir kowumdan, olaryň dili hem umumy bolupdyr'' diýip, bu alym ýene-de goşmaça ýazýar. (Görkezilen eser, 59 sah.). Bu alymyň habar bermegine görä, Baktriýa ýurduny (demirgazyk Owganystany, Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň günorta sebitlerini öz içine alan gadymy döwlet, paýtagty Balh şäheri bolupdyr) grekleriň zulumyndan halas eden kowum hem sak kowumy bolmaly. Ol sak kowumyny gadymy çeşmeler sak-är-uly (sak-är-ili) görnüşinde hem ýazypdyrlar. Bu taryhy maglumatlar bize, türkmenlere gadymy Ýewropa baryp giren got (get, gout, gaut) kowumlary barada çynlakaý seljeriş geçirmegiň zerurdygyny görkezýär. Beýik Serdarymyzyň mukaddes Ruhnamada jaýdar nygtaýşy ýaly: ''Türkmen öz taryhçylaryna we özge taryhçylara Türkmen bäş müň ýyl ýaşan millet diýdireni üçin beýikdir''. Juma ATAÝEW gündogarşynas. ''EDEBIÝAT we SUNGAT'' 11 Alp Arslan 2006 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||