02:13 Arap, Ajam ilinde... | |
ARAP, AJAM ILINDE
Taryhy makalalar
✸ Türkmenleriň Bagdat halyflygyna howandarlygy hakynda Milli buýsanç, milli galkynyş öz halkyň taryhyny öwrenmekden we bilmekden başlanýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmen ruhunyň heýkeline, bu gadymy halkyň ruhyýeti hakda aýdyma öwrülip giden mukaddes kitabymyz Ruhnamada türkmeniň ýetmişden gowrak döwlet gurandygy hakda aýdylýar. Gurmak - döwrüň demine dem goşup, derdine em etmek. Türkmen bolsa hemişe gurupdyr, elmydama döwletli döwranyň ugrunda bolupdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde täzeçe, halykatçyllyk bilen öwrenilip başlanylan taryhy heňňamlar munuň şeýledigini tassyklaýar. Türkmeniň adamzat ösüşine goşan goşandy barmak büküp, ýeke-ýeke sanardan köpdür. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet ''Miras'' merkeziniň açylyş dabarasynda Bagdady müň ýyllap, türkmenleriň dolandyrandygy hakda aýdan sözleri ata-babalarymyzyň gujurly, dörediji, döwletli adamlar bolandygyny ýekeje güwäsidir. Gündogarşynas žurnalist Juma Ataýewiň ''Arap, Ajam ilinde...'' atly makalasynda türkmeniň baý ruhy, onuň şuglaly Garaşsyzlyga çenli geçen daşgynly, gaýtgynly ýollary yzarlanylýar. Asly halal millet hemişe gaýratly bolýar. Bir ajap hakykat meni buýsandyrýar. Ol hem geçmişde nijeme asyr silternenen mähriban halkymyzyň nurlanan gününi, ýagny, Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet bolandygyny gözlerimiz bilen görüp, bu ajap pursadyň janly şaýady bolmagymyzdyr. Bu bir hususy guwanç bolman, döwürdeş türkmenlerimiziň hemmesiniň buýsanjydyr. Ata-babalarymyz tas 40 arka 800 ýyl töweregi zamanda şeýle Garaşsyz döwleti gurmak barada arzuw edip ýaşadylar. Ol süýji arzuwlary gursaklarynda garran ata-babalarymyz umytly gözlerini açyp, gara topraga garylyp gitdiler. Biz bolsa ata babalarymyz umytly gözlerini açyp, gara topraga garylyp gitdiler. Biz bolsa ata-babalarymyzyň şol beýik arzuwlarynyň amala aşmagynyň şaýady bolduk. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň milletimize Garaşsyzlygy alyp bermegi, berkarar döwlet gurup bermegi, özüniň ylahy nury bilen milletimiziň geçmişini, şu gününi we ertirini şuglalandyrýan mukaddes Ruhnamany sowgat bermegi asly nurdan bolan halal milletimiziň ruhuna ruh goşdy. Millet täzeden janlandy. Geçmişde Aziýa we Ýewropa yklymlarynyň dürli künjeginde 70-den gowrak döwlet guran gadymy milletimiziň kalby nurlandy. Türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz han Türkmen döräp, asmandaky ýeke-täk Taňra uýup gelen milletimiziň ykbaly ýene-de oýandy. Şükür, Beýik Taňry ýene-de bize nazar saldy, asly ari türkmene ýene-de döwran dolandy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy mukaddes Ruhnamada: ''Oguz han türkmenleriň milli pygamberidir. Emma pygamberleriň arasynda onuň ady tutulmaýar. Ol diňe Torg ady bilen Ybrany /gadymy arap dilinde ýazylan/ kitaplarda we Töwratda gelýär'' diýip nygtaýar. Bu şerepli sözler bize Oguz han atamyz barada pikir ýöretmäge uly itergi berýär. Hut şol esasda, mundan 3574 ýyl ozal dünýä inen pygamber Hezreti Musa aleýhissalama gudratly Allatagalanyň Inderen mukaddes Töwrat kitabynyň ''Daniýalyň sapary'' babynda pygamber diýlip habar berlen, Hezreti Musa aleýhissalamdan 2140 ýyl soň dünýä inen, Hezreti Muhammet /s.a.w/ pygambere Beýik Taňrynyň inderen mukaddes Kuran-Şerifiniň ''Kehf'' /''Gowak''/ süresinde hem magrypdan-maşryga we demirgazyk zemine çenli gudratly Allatagalanyň buýrugy bilen ýöriş edip, ol ýurtlary eýeläp, ol ýerde ýaşan adamlaryň buta, oda, köphudaýlylyga uýmagyny inkär edip, diňe asmandaky ýeke-täk Taňra - Allatagala uýmaga çagyryp, ol jemagatlary dürs ýola salan adyl we rehimli, beýik hökümdar bolan Zülkarneýniň, kellesinde iki şahly tuwulgasy bolan Oguz han Türkmen bolandygyny Hezreti Muhammet /s.a.w/ pygamberiň bilendigi şeksiz. Sebäbi Zülkarneýin - Oguz han Türkmen Töwratda we Kuran-Şerifde ýatlanylýan pygamberleriň arasynda Ysraýyl ogullaryndan, araplardan başga milletden bolan ýeke-täk pygamberdir. Hut şonuň üçin hem şu ýerde käbir maglumatlary ildeşlerimize beýan edesimiz gelýär. Orsyýetli galamgär Myrat Ajynyň ýazmagyna görä, bu ýerde ýene-de bir zada üns bermek gerek. Oguz han Türkmeniň Ýewropa yklymyna leşger çekip baran neslinden, ýagny, Gün hanyň nesillerinden bütin Ýewropada şan-şöhrata eýe bolan beýik serkerde Alp Attikanyň öňünde Rim papasy Lew I çöküne düşüp: ''Size tagzym edýärin, Beýik Taňrynyň gazap gamçysy'' diýendigini hem ýatlalyň. Alp Attila Ýewropadaky Gün han Türkmeniň nesillerine milady hasabynda 436-njy ýyldan başlap, tä 453-nji ýyla çenli hökümdarlyk edýär. Onuň serkerdeliginde Gün hanyň nesilleri gündogar Rime 443, 447-448-nji ýyllarda, Galiýa 451-nji ýylda Demirgazyk Italiýa, 452-nji ýyllarda harby ýörişi amala aşyryp, köphudaýlylyga uýýan halklara gazaply darap, olary amana getirýärler. Ýewropanyň köp bölegi Alp Attilanyň gazabyndan gorkup, köphudaýlylyga terk edip, ondan soňra diňe asmandaky ýeke-täk Taňra uýup başlaýarlar. Rim Papasy Lew I Alp Attilanyň adyny: ''Beýik Taňrynyň gazap gamçysy'' diýmegini göz öňünde tutsak, hem-de ol wakadan 150-160 ýyl töweregi soňra, yslam dinini esaslandyran Hezreti Muhammet /s.a.w./ pygamberiň hem gudratly Taňrynyň adyndan türkmenler baradaky ýokarda ýatlanan sözümizi getirmegi ýöne ýerden däl bolmaly. Hezreti Muhammet /s.a.w./ pygamberiň türkmenler barada gudratly Allatagalanyň adyndan aýdan ol sözi islendik musulman üçin mukaddesdir, hem şerafatly sözdür. Şu ýerde ýene-de bir zada üns bermek gerek. Hezreti Muhammediň uýduran yslam dininde hem türkmenleriň gadymy dini bolan asmandaky ýeke-täk Taňra uýmak dininden geçen zatlar bar. Mysal üçin, gadymy Gündogar çeşmelerine görä, Taňrynyň 99 ady bar ekeni /seret, ''Mifologiçeskiý slowar'', Moskwa, 1991, 594 s./. Kurany-Şerifde hem Allatagalanyň 99 ady getirilýär. Yslam taryhynda dört çaryýarlardan soňra, yslam dünýäsinde hökümdarlyk süren halyflar emewiler nesli bolmaly. Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda hijri hasabynda 1372-nji ýylda pars dilinde neşir edilen, köp jiltden ybarat ''Lugatnama-ýe Deh Huda'' atly pars dilindäki meşhur sözlügiň ikinji jildiniň 28-/98-nji sahypasynda emewiler barada şeýle maglumat getirilýär. ''Emewiler. Bu hökümdarlygyň asly Abu Şams Kuraýşydan alyp gaýdyp, ol dört çaryýarlardan /raşidilerden/ soňra, hökümet başyna geçen ilkinji hanandanlyk. Emewileriň ilkinji hökümdary - Muawi Abu Seýfýan hijri-kamary ýyl hasabynda 132-nji /milady hasabynda 750-nji/ ýyla çenli dowam edýär''. Hawa, emewileriň yslam dünýäsinde halyflyk sürmäge başlan başky zamanasy, milady hasabynda eýýäm 675-680-nji ýyllarda olaryň goşunynda 2000 sany diýseň ezber, garadan gaýtmaz, mergen türkmen peýkamçylary bolupdyr. Halyfatyň şol wagtky paýtagty Damask şäheriniň köşklerinde türkmen harby serkerdeleriniň orny aýratyn bolupdyr. ''Türkmenlerden aýratyn tabşyryklary ýerine ýetirýän söweşjeň birikmeler entek emewi neslinden bolan halyf Al-Mamun zamanasynda döredilip başlapdyr. Milady hasabynda eýýäm 694-nji ýyllarda Kufe welaýatynyň hökümdary Hajjaj bin Ýusup türkmenlerden özüne howpsuzlygy üpjün edýän aýratyn goşun döredýär. Hökümdaryň iň aýratyn we jogapkärçilikli hökümlerini kemsiz bitirmegi başarýan ol türkmen söweşjeň goşuny Bedre Kasabasy diýen ýerde ýerleşdirilipdir'' diýip, türkiýeli alymlar, ylymlaryň doktory Ýaşar Kalafat bilen Ahmet Dogan özleriniň ''Kuzeý Irakta karşilaştirmali türk halk inançlary'' /Ankara, 1995, 7 s./ atly kitaplarynda ýazýarlar. Emewi halyfaty 750-nji ýylda synýar. Ýok, ol halyfatyň özi synmaýar, ony horasanly türkmenler syndyrýarlar. Halyf tagtyny eýelän Apbasy maşgalasyny käbir alymlar arap kowmundan diýip hasaplasalar, ýene-de käbiri olar ajamly (eýranly) diýip hasaplaýarlar. Apbasy nesliniň arap kowmundan däldigi gürrüňsiz. Ýöne alymlaryň ''ajamly'' diýen pikirlerine käbir düzedişler girizmekçi. Birinjiden, ''ajamly'' sözi eýranly diýmegi aňlatmaýar. Ikinjiden, olaryň pars kowmundan däldigi barada orsýetli Myrat Ajy hem öz kitabynda belläp, parsywanlaryň ol zamanlar halyfata hiç hili täsirini ýetirip bilmän dillerini nygtaýar. /Seret, Myrat Ajy, ''Kipçaki, Oguzy...'' OAO Tipografiýa ''Nowosti'', M., 2001, 107 s./. Şeýlelikde, Apbasy halyfatyny esaslandyranlar arap bolmasa, pars bolmasa, eýsem-de olar kim?! Apbasy nesliniň arap kowmundan bolmandygy olaryň nesil atlaryndan hem görnüp dur. Olaryň parsywan däldigini bolsa, dürli çeşmelerde ynandyryjylykly delillendirýärler. Eýsem-de olar kimlerkä?! Apbasy nesliniň şol zamanlar parsywanlaryň esasy ýaşan mekan-mesgenleri Pars welaýatyndan däl-de eýsem-de ajamlylardan, ýagny, türkmenlerden bolandygy baradaky biziň pikirimizi berkidýän ýene-de käbir delillere ýüzlenmekçi bolýarys. Sebäbi, aşakda getirmekçi bolýan delilimizi hem, türkmen alymlarynyň pikirleri bilen däl-de, hut Eýranda neşir edilýän halkara medeni-dini we jemgyýetçilik žurnal bolan ''Zaýer'' /ISSN-1561-2511/ žurnalynyň ilkinji sanyna salgylanmak bilen delillendirmekçi bolýarys. ''Zaýer'' žurnalynyň 2-nji sahypasynda ''Gadymy Horasanyň kartasy'' diýen çyzgy berlipdir. Ol karta görä, gadymy Horasan ýurdunyň çägi häzirki Eýranyň Nyşapur şäheriniň sähelçe günortasy bilen göni günbatara gidip, Eýranyň Bestam şäherini hem öz içine alyp, gündogar-demirgazyga gidýär hem-de Türkmenistanyň çägindäki Serdar /öňki Gyzylarbat/ etrabynyň töwereginden, Türkmenistanyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlaryny, häzirki Owganystanyň Hyrat, Gur, Badgis, Jowuzjan, Balh welaýatlaryny öz içine alýar ekeni. Ýokarda gadymy Horasana girýän häzirki Owganystanyň çäginde ýerleşýän Badgis /Bathyz/, Jowuzjan, Balh atlaryny hem getirdik. Aslynda ol welaýatlar gadymy wagtlaram, häzirki wagtda-da türkmenleriň ýaşan mekany bolan. Ony Owganystanyň resmi çeşmeleri hem inkär etmeýär. Has, takygy, Kabul şäheriniň demirgazygynda, günbatardan gündogara uzaýan dag gerişlerinden guzaý tarapyna häli-häzirem Owgan Türküstany diýýärler. Owgan Türküstanynyň özeni bolsa, ýokarda ady tutulan owgan welaýatlary tutup, şu günler hem ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň sany millionlarça. Puştun kowumlary ol welaýatlara soňra, geçen asyryň 30-njy ýyllarynda hökümet tarapyndan Owganystanyň günorta welaýatlaryndan köp ýeňillikler berlip göçürip getirilýärler. Sebäbi, şol wagtky owgan hökümeti özüniň Türkmenistan bilen çäkleşýän şol welaýatlarynda diňe türkmenleriň ýaşamagyndan heder edipdir. Bu mesele Hyrat welaýatynyň demirgazyk tarapy babatda hem şeýle çözülipdir. Owganystanyň Gur welaýaty barada aýtsak, türkmeniň nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalyp özüniň ''Oguznama'' atly eserinde türkmeniň halaç diýen kowmunyň örän gadym zamanda müňlerçe hojalyk bolup Gur welaýatynda ýurt tutunyp, ol ülkäniň ilatynyň özenini türkmenleriň düzwndigini habar berýär. Eýranyň Maşat şäherinden Gürgene çenli aralykda hem XVI asyra çenli türkmenler ýaşapdyrlar. 1837-1840-njy ýyllarda Eýranda ýaşan rus ofiseri I. Blamberg özüniň ''Wospominaniýa /Moskwa, 1978/ atly işinde bu mesele barada şeýle habar berýär: ''Sefewiler neslinden bolan Eýran şasy, şah Apbas I /1587-1629-njy ýyllar/ Horasanda, has takygy, Astrabat /häzirki Gürgen/ bilen Guçan şäheriniň arasyna 15 müň kürt maşgalasyny, Eýran Kürdüstanyndan göçürip getirýär''. Ondan ozal ol ýerlerde kürtleri ady-sory hem ýok ekeni. Umuman aýdanyňda, gadymy wagtlar Horasan ülkesi türkmen ülkesi bolupdyr. Bu sahypada şol kartanyň aşagynda ''Horasan - yslamyň başlangyjyndan Apbasylaryň nesline çenli'' diýen makala ýerleşdirilip, makalanyň dowamy žurnalyň 3-nji sahypasyna geçýär. Ynha, şol makaladan käbir ýerleriniň terjimesini ildeşlerimize hödürleýäris: ''Ýezdgerd Sasani Merw şäherinde ölenden soň, üçünji halyf Osman, Horasana hüjüm etmäge perman edýär. Ol tire-taýpalaryň serdarlaryna, serkerdelerine: ''Sizden kim Horasana hemmelerden öň baryp ýetse hem-de ony boýun egdirse, şol hem Horasanyň emiri bolar'' diýip nama gönderýär. Birnäçe çaknyşyklardan we söweşlerden soňra, Abdullah ibn Omar Horasana girip, bu ýurduň şäherlerini yzly-yzyna basyp alýar. Ol Merwe baryp ýetýär hem-de bu şäheri öz hökümetiniň paýtagty hökmünde saýlap alýar''. Hezreti Omar /üçünji halyf/ dünýäden gaýdandan soň, halyf ornuna Hezreti Aly geçýär. Horasanda ol wagtlar asudalyk we abadançylyk höküm sürüpdir. Hezreti Aly wepat bolandan soň, halyfat eýeçiligi emewiler nesline geçýar. Emewiler gelip çykyşlary boýunça arap kowmundandyrlar. Olar örän köp wagtlap halyfatda höküm ýöredýärler. Şol bir wagtda-da emewiler, Horasanda ýerli halk babatda örän rehimsiz syýasaty ýöredýärler. Horasanlylaryň, emewileriň edýän hyýanatçylyklaryndan ýaňa, sabyr käseleri dolup, emewi häkimlerine garşy gozgalaň turuzýarlar. Gozgalaň ilkinji nobatda Abu Al hazib Nesewiniň /Nusaýlynyň/ ýolbaşçylygynda tutaşýar. Gozgalaňçylar pitnäniň sallançagy Nusaýdan çykyp, göni Merwe çozýarlar hem-de emewilerden öçli halk tiz wagtda gadymy Merwi emewileriň dikmelerinden azat edýärler. Soňky wakalar barada bolsa, ''Zaýer'' žurnalynda şeýle habar berilýär: ''Emewileriň Merwdäki, ýagny, Horasandaky hökümdary Nasr ibn Saýar Leýsi paýtagty Merwi mejbury taşlap, Nyşapur şäherine çekilýär, ondan soň bolsa, Damgan şäherine çenli yza çekilip, ol ýerde hem ölýär... Emewi neslinden bolan iň soňky halyf Marwan ibn Muhammed Hamary bolsa, türkmen Hommat Gündoguş tarapyndan öldürilýär. Horasan halky, ady rowaýatlara giren gahryman Abu Muslim Horasaniniň ýolbaşçylygynda Yraga ýöriş edip, ol ýerde hem emewi nesliniň hökümdarlygyny syndyrýarlar. Ol ýerden horasanlylar Siriýa ýöriş edip, emewi halyfatynyň şol wagtky paýtagty Damask şäherini eýeleýärler...''. Bu wakalar milady hasabynda takmynan, 747-750-nji ýyllarda bolup geçipdir. Türkmen metbugatynda çykan makalalarymyzda Oguz han Türkmeniň Nusaý - Asgard şäherinde ýaşan pygamberdigini, ol zamanlar ylahy nur bilen şereplenen, keramatly we halatly beýik ynsanlara bu yklymda ýaşaýan halklar tarapyndan ''as'' diýip atlandyrylandygyny, Nusaýyň hem gadymy adynyň Asgard bolandygyny nijeme ýerde ýörite nygtapdyk. Ýokarda bolsa halky horlap başlan emewiler halyfatyna garşy ilkinji bolup baş göterenleriň nusaýly türkmenler bolandygyny, ýagny, Abu Al hazib Nesewiniň şol gozgalaňa başlap, gozgalaňçylaryň Merwe, emewileriň şu yklymdaky paýtagtyna ýöriş edendikleri, soňra bolsa türkmenleriň Şam ýurdunyň merkezi, emewi halyfatynyň şol wagtky paýtagty Damask şäherine kürsäp girip, emewileriň iň soňky halyfy Marwan ibn Mohammed Hamary hem türkmen Hommat Gündogusyň öldürendigini göz öňünde tutsak, onda türkmenler tarapyndan döredilen täze halyfat neslinden arap, pars ýa-da başga bir milletiň ganyny gözlemek nädogry bolardy. Onsoňam, Apbas adynyň arap ýa-da pars dilinden dörän däldigini, olara mahsus at däldigini ol ugurdan işleýän adamlar boýun alarlar. Apbas ady gadymy türkmen sözi Ab+as bolup, ol häzirki türkmen dilinde ''As nesli'' diýen manyny aňladýar ahyryn!!! Aýtmak isleýän zadym, Ab+as halyfatyny esaslandyran, nusaýly, ýagny, asgardly-nusaý türkmenlerdir. Emewiler halyfatynyň ýykylmagyna Nusaýyň, Nusaýyň gapdalynda ýerleşen Andarman diýen obanyň /bu obanyň ady Muhammet Munewweriniň ''Esrar et-towhid'' kitabynyň 1-nji jildiniň 38-41-nji sahypalarynda hem ''Nusaýyň gapdalyndaky oba'' diýip ýatlanylýar. Ol oba milady hasabynda 1000-nji ýyllarda hem bar ekeni/, Abiwerdiň, Merwiň halkynyň başlan giňişleýin gozgalaňynyň sebäp bolandygyny milady hasabynda 839-njy ýylda Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Amul şäherinde dünýä inen /rus çeşmelerinde onuň ''milleti eýranly'' diýip berilýär. ''Eýranly'' diýen bolsa millet ýok ahyryn.../ meşhur taryhçy Tabariniň arap dilinde ýazan ''Tarih er-resul wäl molk'' atly işinde açyk beýan edilýär. Bu aýdýan pikirimiz çaklama däl-de, düýpli delildir. Bu delil Ab+asy neslini öz milletinden diýmäge synanyşýan alymlar üçin hakyky hem nagt jogapdyr. XI asyra çenli ''ajam'' manysyny arap-pars çeşmeleri diňe gadymy Horasan diýip düşündiripdirler. XI asyrda ýaşap geçen meşhur alym Omar Haýýam öz ''Nowruznama'' eserinde türkmen bedewleriniň, has takygy, ahalteke bedewleriniň tarypyny edýär hem-de ''Ol ajamlylara, araplarda we parslarda bolan gowy tohum atlar getirilýär. Şeýdip, olar öz atçylyklaryny kämilleşdirýärler'' diýip habar berýär. Diýmek, ''ajamlylar'' sözi ''Nowruznamada'' araplaram däl, parsywanlar hem däl, diňe gadymy Horasanyň çäginde ýaşaýan türkmenler diýen manyda gelýär ekeni. Galyberse-de, türkmeniň beýik şahyry Mollanepesiň türkmen bagşylary tarapyndan aýdylýan meşhur halk aýdymynda ''Eýran-Turan, Arap, Ajam ilinde...'' diýen many-maňyzly setirini ýatlamak ýeterlik. Galyberse-de, ýokarda ady ýatlanylýan ''Zaýer'' žurnalynda Apbasy halyfaty barada şeýle maglumat berilýär: ''...Olar araplary döwlet, administratiw hem-de ýokary jogapkärçilikli harby wezipelerinden çetleşdirip, olaryň orunlaryna horasanlylary bellediler. Apbasy nesliniň halyfaty Horasana aýratyn ähmiýet bilen seredipdirler, çünki horasanlylar olary hökümdarlyga ýetirdiler. Apbasylar her bir jogapkärli wezipäni ýerligi horasanly bolan adamlara tabşyrdylar. Haçanda Bagdat şäheri esaslandyrylanda, onuň uly derwezelerini biri, Horasan diýip atlandyryldy. Apbasy halyfatynyň nesliniň taryhyny öwrenmek bilen, bu halyfatyň ýerligi Horasandan bolan asylzada abraýly maşgalalar bilen ýakyn garyndaşlyk gatnaşygynda bolandygyny bilmek bolýar. Sebäbi, horasanlylar diýseň paýhasly, dana we sowatly adamlar bolupdyr. Apbaslylar harby we administratiw wezipeleri diňe şol horasanly adamlara ynanypdyrlar''. Hawa, apbasylar halyfatda hemme zady üýtgedip gurmakdan başlaýarlar. Ilkinji nobatda olar halyfatyň paýtagtyny milady hasabynda 762-nji ýylda Şam ýurdundan, ýagny, Damask şäherinden Yraga geçirip, gadymy Yrak topragynda halyfatyň täze paýtagtynyň düýbüni tutup, oňa Bagdat diýip at berýärler. Näme üçin ol şähere Bagdat diýilýär?! Bu ugurdan baş çykarýan daşary ýurtly hünärmenleriň nygtamaklaryna görä, ''Bogde'' sözi gadymy türkmen dilinde Taňry sözi bilen manydaş ekeni. Bu at örän seýrek hem bolsa, häzirki zaman türkmenleriň arasynda gabat gelýär. /Mysal üçin, ýerligi EYR-nyň Gülüstan welaýatyndan türkmen-pars-türkmen dillerinde terjime etmegiň ussady Azymguly Bogdeniň familiýasyny alyp göreliň. Gülüstan welaýatynda Bogde familiýaly türkmen maşgalasy ýeterlik/. Ýöne, Apbasy halyfatynyň şejeresiniň türkmen kowmundan bolandygyna garamazdan, olar türkmene zyýanly /emma, yslam üçin belki-de, bähbitli?!/ çäreleri durmuşa geçiripdirler. Mysal üçin, ozal, emewileriň halyfaty döwründe dürli milletden bolan musulmanlar öz ene dillerinde gürlemäge öz ata-babalaryny ýatlap, öz gadymy milli baýramçylyklaryny bellemäge öz ata-babalaryny ýatlap, öz gadymy milli baýramçylyklaryny bellemäge ygtyýarly bolan bolsalar, Apbasy halyfaty musulmanlary diňe pygamberiň gürlän dili bolan arap dilinde gürlemäge mejbur edýär. Umuman, olar beýleki kowumlary mejbury ýagdaýda araplaşdyrýarlar. Özlerine arap familiýasyny alyp, arap diýip başlan başga halkyň wekilleri wagtyň geçmegi bilen öz dillerini, ata-baba däp dessurlaryny ýatdan çykaryp, hakykat ýüzünde-de araplaşýarlar. Hawa, araplardan özge musulman halklaryna zyýan ýetiren bu kanuny Apbasy halyfaty yslamyň bähbidi üçin kabul edipdir. Şeýdip, olar dürli kowumlary, halklary jemläp, täze ýeke-täk musulman halkyny döretmäge, meýil edipdir. Bu bolsa, türkmenleriň özüne-de uly zyýan ýetirýär. Gadymy türkmenler öz milli gymmatlyklaryny ýatdan çykaryp başlaýarlar. Apbasylaryň ýetiren zyýany bizde - türkmenlerde häzire çenli hem duýulýar. Birinji müňýyllykda, Orta asyrlarda ýaşan köp meşhur şahsyýetleriň türkmen milletiniň wekili bolandygyna garamazdan, olar barada hakykaty dikeltmek juda kyn. Sebäbi, olaryň köpüsinde araplara mahsus atlar bolup, üstesine-de, köp çeşmelerde olaryň milleti barada maglumatlar hem köplenç berilmeýär, berilse-de köp halatlarda bulaşyklyga salynýar. Bu zatlaryň üstesine-de, olar Apbasy halyfaty döwründe öz ýazan eserlerini arap, soňky ýüz ýyllyklarda bolsa, pars dilinde döredensoňlar, olaryň milletini tassyklamak örän kyn. Onsoň ol awtorlar arapça ýazan bolsalar, arap, parsça ýazan hem bolsalar pars diýýärler. Bize türkmenlere bolsa, örän degerli delil bolmasa, käte kibtimizi gysyp oňaýmak galýar. Birnäçe halky bir din esasynda ýa-da bir pikir esasynda birleşdirip olardan täze bir millet döretmek mümkin däl. Taryhda türkmenleriň döreden Apbasy halyfatynyň ýolbaşçylarynyň goýberen bu hatlaryny soňra, türkmen Soltany Mahmyt Gaznaly, ondan soň bolsa, XX asyrda bolşewikler gaýtalaýarlar. Bolşewiklerem ozalky rus imperiýasynyň penjesinden ýaşan 100-e golaý halkdan, halkyýetden, kowumlardan bir ýeke-täk sowet halkyny döretmek islediler. Ýöne hemme zat tersine boldy... Bu gün gadymy türkmen milleti mukaddes Garaşsyzlygyň gujagynda özüniň edil zeriň galyndysy ýlay ajaýyp däp-dessurlaryna dolanyp, 100 ýyl-da ýitiren milli zatlaryny dikeldip gelýär. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasy öz milletiniň Türkmendigine guwanyp gezýänleriň ruhy üçin edil şypa dogasy ýaly ýaňlanýar: ''Beýik Allatagaladan dilegim, türkmeni aslyna gaýdyp getir! Oguz handan başlap, Orta asyrlar yň ahyryna çenli agzybirligi, batyrlygy, watansöýüjiligi, halallygy, geçirimliligi, dini, dili, medeniýeti - Beýik Ruhy bilen tanalan halk hökmünde ýaňadan XXI asyrda milletimiziň dowamatyny ber, ýeke-täk Beýik Taňrym! Beýik Taňrymyza sygynyp, her bir türkmen asly halal ata-babalarymyzyň gylyk-häsiýetlerini eýe bolsun!'' Mähriban Serdarymyzyň bu sargydy - nesihaty, haýyr-dogasy her bir türkmeniň kalbyny heýjana getirýär. Türkmen özüniň Adyl Arkadagynyň şeýle pähimli, milleti üçin ýagşy niýetli Beýik Ynsandygyna guwanýar. Juma ATAÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |