20:31 Zoroastr pygamber kim?! | |
ZOROASTR PYGAMBER KIM?
Taryhy makalalar
• Oguz han Türkmen barada täze maglumatlar kökeni Gündogarşynas, ildeşimiz Juma Ataýew öz ýazýan taryhy makalalary bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Onuň biziň gazetimizde çap etdiren türkmen milletiniň gadymy taryhyna degişli makalalaryny okyjylar (''Buriniň yzyny çalyp'', ''Syrly ýazuw''; ''Nusaý ritonlarynyň syry''; ''Behişdi bedewler'') ady bilen gazetimiziň geçen ýyldaky 30, 33, 36, 38-nji sanlaryndan okandyrlar. Bu gün bolsa onuň Oguz han Türkmeniň otparazçylyk dinini döreden Zoroastrdygy baradaky örän geň deliller bilen esaslandyran makalasyny hödürleýäris. Makala hoşniýetli okyjy bilen awtoryň arasyndaky sowal-jogap görnüşinde taýýarlanypdyr. Awtoryň bu makalada öňe sürýän pikiri hem, türkmen taryhyny öwrenýänler üçin täsin açyş bolsa gerek. Hoşniýetli okyjy: - Siz ''Edebiýat we sungatyň'' 2002-nji ýyldaky sanlarynda çap edilen göwrümli makalalaryňyzda Oguz han Türkmeniň Orta we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna ýörişi, onuň şol yklymda keramatlylaryň keramatlysy, pygamber O:din ady bilen tanalandygy barada täze pikiri orta atdyňyz. Onuň üstesine-de, şol yklymda gadymdan galan runa harplaryny Oguz han Türkmeniň döreden elipbiýidigini subut etdiňiz. Siziň gazetde Oguz han Türkmeniň elipbiýi diýip halka hödürlän elipbiýiňiz dogrudanam, 18 çekimsiz we 7 çekimli sesden ybarat bolup, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamadaky 18-i çekimsiz, 7-si çekimli Oguz han Türkmeniň elipbiýi bilen örän gabat gelýär. Siziň bu pikiriňizi diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem Ýewropadaky meşhur alymlar hem ykrar etdiler. Ynha, bu gün bolsa, siz zoroastr-otparazlyk dinini döreden Zoroastr türkmen milletiniň nesilbaşy Oguz han Türkmen diýmäge synanyşýarsyňyz. Eger ol dini döreden Zoroastr hakykatdanam, siziň aýdyşyňyz ýaly Oguz han Türkmen bolan bolsa, ol Awestany näme üçin döreden elipbiýinde ýazmandyr?! - Ildeşim, bu sowalyňyz örän giň, şonuň üçin olaryň her birine aýratynlykda jogap bermäge synanyşaýyn. Türkmenlerimizde: ''Äriň ady köp bolar'' diýen pähim bar. Oguz han Türkmen, mundan 5000 ýyldan köpräk wagt ozal Ýewropa we Aziýa yklymlaryny öž içine alýan, ägirt uly imperiýany döredip bilipdir. Şonuň üçinem, Beýik imperiýanyň hökümdary hökmünde şol yklymlarda ýaşaýan halklaryň arasynda ony mübärekleýän, ony taryplaýan lakamlary kän bolupdyr. Mysal üçin, onuň O:din diýip tanalan Ýewropa ýyrtlarynda ýaşaýan gadymy asylzadalaryň, arileriň gadymy şejereleri barada habar berýän örän gymmatly çeşmeler bolan ''Uly Edda'', ''Kiçi Edda'', ''Zemin togalagy'' atly kitaplarda Oguz han Türkmen: ''Pygamberleriň pygamberi'', ''Keramatlylaryň keramatlysy'', ''Hemmeleriň atasy'', O:din, Herýan (ýagny, dünýäniň çar tarapynyň hökümdary) Swidur (ýagny gadymy türkmen dilindäki Söýedir, häzirki türkmen dilindäki Söýýändir) Swidrir (ýagny, türkmençe Söýdürer), Ýeňiş Hudaýy Tur, Aslaryň asylzadalaryň (Tury, Ig, Araba eýesi Tur) ýagny arabany oýlap tapany üçin/, Tor, Tek (Täk) we ş.m. tas 80 dürli lakam bilen ýatlanýar. ''Kiçi Edda'' kitabynda bu lakamlaryň ýüze çykyşy esaslandyrylýar. Has takygy, ''Bu atlaryň aglabasy dünýäde näçe dil bolsa, her bir halk ony öz diline golaý atlandyrmaga çalşypdyr ýa-da öz dillerinde eý görülýän atlary dakypdyr. Sebäbi onuň ýerli dildäki ady bilen oňa sygynmak, ondan ruhy taýdan ýagşy dilegler etmek ol halklar üçin ýakymly bolupdyr. Onuň köp atlary bolsa, hereketini sypatlandyrýan atlardyr, lakamlardyr...'' diýip habar berilýär. ("Kiçi Edda'', Leningrad, 1970-nji ý., 40-njy sah.). Beýik hökümdarlaryň öz adyndan başga-da ýene-de onlarça lakamlar bilen tanalandyklaryna taryh şaýatdyr. Ýewropadaky runa harplary diýilýän elipbiýiň Oguz han Türkmene degişlidiginiň subut edilendigi dogry. Ýöne şol elipbiýiň her bir harpynyň doga ýaly täsirleri barada ýazypdyk. Diýmek, doga häsiýeti bolan ol elipbiýde uly tekstler ýazylman, diňe şol harplaryň biri, ikisi üçüsi.., bäşisi bir ýerde ýazylypdyr. Mysal üçin, her bir maşgala gerek zatlar 1. Saglyk, 2. Agzybirlik, 3. Döwletlilik, 4. Abraý, 5. Göz-dilden pena we ş.m. Şeýlelikde, bir maşgalanyň üpjün ýaşamagy üçin kömek edýän haýyr dogasy 5 harpdan ybarat. Günbatar Ýewropada gabat gelýän Oguz han Türkmeniň elipbiýinde ýazylan uly tekst barada özümiz-ä entek maglumata gabat gelemizok. Ýöne, şol elipbiýe degişli, haýyr-doga häsiýetli (olaryň hemmesi hem güýçli doga häsiýetli) harp ýazylan gadymy tüpeňler, sowuk ýaraglar häzirki wagtda ol ýurtlaryň taryhy- milli muzeýlerini bezese, käbir harplar merhumyň o dünýäde rahat ýatmagy üçin doga hökmünde mazarlaryň başyndaky daşlarda duş gelýär. Şeýlelikde, Oguz han Türkmeniň döreden elipbiýi uly tekstleri ýazmak üçin niýetlenilmän, olar ynsanlary bela-beterden goraýan, ynsanyň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin aýry-aýry harp görnüşinde adamzada ruhy hemaýat berýän haýyr-doga hökmünde ulanylypdyr. Bu jogaby siziň ''Näme üçin Oguz han Türkmen - Zoroastr bolsa ylahy kitaby bolan Awestany öz elipbiýinde tekst görnüşinde ýazmagy we ýaýratmagy ündemändir. Belki-de, ol öz wagtlaryny, ylahy sözleriň soňra bir zaman tekst, kitap görnüşinde adamlaryň arasynda ýaýrajakdygy barada pikir hem eden däldir. Sebäbi gadymy ariler zamanasynda, ýagny, Oguz han Türkmeniň zamanasynda hat ýazyp uly tekst düzmek - otparazlaryň Hudaýy - Ahuramazdanyň garşydaşy, ýigrenji, nälet siňen (şeýtan) Anhramanyň tapan pişesi hasaplanypdyr. Belki-de, hut şonuň üçinem, Oguz han Türkmen özüniň ägirt uly imperiýanyň hökümdary bolandygyna garamazdan, öz eden taryhy ýörişleri , eýelän ýurtlary, gahryman halky barada ýanynda kätip saklap, iki yklymyň (Ýewropanyň we Aziýanyň) beýik şasy hökmünde öz şanyna mahabatlandyryjy kitaplary, senenamalary ýazdyran däldir?! Biziň türkmenlerimizde dini kyssalary ýa-da dogalary ýazyp öwretmek ýoň bolmandyr. Bu adat bolşewikleriň aýdyşlary ýaly, ''türkmenler düýpleýin sowatsyz halk bolupdyr'' diýen manyny aňlatmaýar. Ýok, sowatlylar her obada ýeterlik bolupdyr. Ýöne bizde haýyr-dogalary, dini kyssalary, şejereleri geljekki nesle kitap görnüşinde ýazyp galdyrmak rowaç bilinmän, ''diri kitaplar'' - zehinli ýat alyjylar ýörgünli bolupdyr. Yslam dini kabul edileninden soň, ''Kitap'' sözi, esasan, ''Kuran-Şerifi we ''Ähli Kitap'' sözi bolsa ýeke-täk Hudaýa ynanýanlar baradaky manyny aňladypdyr. Munuň özi türkmenleriň otparazlyk dinine, ýagny, Zoroastryň dinine bu jelegaýda ýaşaýan halklara garanyňda has wepaly bolup galandyklaryndan bir nyşandyr. Sebäbi ol dini tekst ýazmagy däl-de, islendik haýyr-dogany, dini kyssalary ýatdan bilmegi ündäpdir. Zoroastryň döreden dini öz zamanasynda din ugurdan örän belent derejä ýeten asylzadalar - ariler, dini taglymatlary, dogalary diňe ýatdan öwrenipdirler. Bu adat olar üçin kanun bolupdyr. Soňra olar öz öwrenen zatlaryny çagalara hem ýatdan öwredipler. Dini taglymatlary çagalara öwretmek usuly, soňra wagtyň geçmegi bilen musulman dinine hem geçipdir. Uly medreselerde Kuran-Şerif hat üstünden öwrediläýmese, türkmen obalarynda a:mlar süredir aýatlary aglaba dilden-ýatdan öwrenýärler. Ýene-de biz zada üns bermek gerek. Häli-häzirem ýaşy birçene baran türkmenler üçin arap elipbiýinde ýazylan islendik ýazgy misli Kuran-Şerifiň aýatlary ýa-da doga ýaly täsir edýär. Olar gürrüňsiz: ''Kuranyň her bir harpy, bütin dünýäniň genji-hazynasyna deňdir'' diýen pikire berk uýýarlar. Bu babatda öýümizde bolup geçýän gürrüňi ýatlamak ýeterlik. Kämahal elime Owganystanda ýa-da Eýranda neşir edilýän gazetdir žurnallar düşýär. Ol gazet-žurnallar bolsa, şol dillerde, ýöne arap elipbiýinde neşir edilen. Eger birdenkä, şol gazetleri okap, soňra olaryň birine bir zatlar dolaýsam, öýde ejem-kakam tarapyndan ''Utanaňokmy!!!'' diýilýän igenç başlanýar. Sebäbi olar arap elipbiýinde ýazylan islendik teksti Kuranyň aýatlary, doga ýazylandyr öýdüp pikir edýärler. Çünki, uly ýaşlylar aýat-töwiri namazlaryny dilden öwrenensoňlar, arap elipbiýindäki ýazgy görsler, beýle teksti diýseň üýtgeşik, söz bilen düşündirip bolmajak zat hasaplaýarlar. Sebäbi, dürli doga-aýatlary ýat tutmak türkmenlerimizde örän gadym wagtdan bäri dowam edip gelýän ýörelge, däp-dessur bolmaly. Dogalary ýat tutmak türkmeniň ganynda bar. Kurany-Şerifi kitabyň ýüzünden däl-de, bir ulamanyň gaýtalamagynda öwrenen türkmenler taryhda örän köp. Bu mukaddes kitaby şeýdip ýatdan öwrenenlere kary, kitap ýüzünden okap, soňra ýat tutanlara bolsa hafyz diýýärler. Dünýä taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýet bolan Zoroastr barada, onuň dünýä inişi barada dürli rowaýatlar bar. Ýöne olaryň hemmesini hakyky hakyky diýip aýdyp bolmaz. Sebäbi, olaryň hiç biri Zoroastryň döwründen galan ýazuw tekst bilen esaslandyrylmaýar. Çünki, ol zamanlar tekst ýazmak a:suran (''A:suran'' sözüniň manysy baradaky düşündirişe entek dolanarys), ýagny, şeýtany pişe diýip hasaplanypdyr ahyryn! Eger taryhda ýaşap geçen islendik şahsyýetiň ýaşaýşy, eden işleri barada ýazuw çeşmesi bolmasa, onda oňa hormat bilýän toparlar, halkyýetler, halklar ony mahabatlandyrmak, özlerine has golaý, ýagny, gandüşer hossar etmek üçin, ol beýik şahsyýet barada wagtyň geçmegi bilen dürli rowaýatlary düzüp, ol beýik şahsyýeti öz toparlaryna, halkyýetlerine, halklaryna has golaýlaşdyrmaga ymtylýarlar. Mysal üçin Zoroastr pygamberi pars çeşmeleri Zaratuştra diýip atlandyrýarlar hem-de onuň ady pars dilinde: ''Garry düýeli'' ýa-da ''Garry düýäniň eýesi'', diýen manyda diýip, Ýewropa halklaryny ynandyrmaga synanyşýarlar. Ýöne Zoroastryň adyny pars çeşmelerindäki ýaly Zaratuştra Zaratuştra diýip aýdylanda-da, onuň pars dilinde ''Garry düýeli'' ýa-da ''Garry düýäniň eýesi'' diýen manyny aňlatmaýandygyny aýdyp bileris. ''Zaratyştra'' sözüni birnäçe bogna bölen ýagdaýymyzda diňe ''ştr'' diýen bölegini türkmençe ''düýe'' diýip okap bolar. Bu adyň başyndaky ''Zar'' bölegini parsça ''garry, lagşan'' diýip hem terjime etseň bolýar. Ýöne, ol söz diňe gepleşik dilinde ulanylyp, edebi dilde rowaç däl. Edebi dilde ''Zär'' edil türkmen dilindäki ''zer, tylla'' diýen manyny berýär. Bu söz türkmen sözi bolup, hatda atalar sözünde-de ulanylýar. Mysla üçin, ''Ýa zer gerek, ýa-da zor!''. ''Zaratuştra'' sözüniň ''Zär'' diýen bölegini düşündirdik diýip hasaplasak, indi soňky bogny bolan ''atu'' pars dilinde nämäni aňladýarka?! Pars dilinde ''Atu'' sözi diňe oýnalýan kartdaky ''üstün'' ("kozyr'') diýen manyny berýär. Şol halkyň edebi dilinde bolsa, ol söz ''esas, delil'' diýen manylary aňlatsa-da, ol ''üstün, artykmaçlyk'' halk arasynda rowaç söz däl! ''Üstün, artykmaçlyk'' /kozyr'' sözüni aňlatmak üçin köplenç, pars dilinde ''barge baranam'' diýen söz düzümi ulanylýar. Diýmek, ''Zaratuştra'' adynyň pars dilinden başga dillere geçirip, ol sözi ''Garry düýeli'', ''Garry düýäniň eýesi'' diýip düşündirjek bolmak, biziň pikirimizçe, örän ýabygorly we yrga... Hoşniýetli okyjy: - Siz ony, ýagny, Zoroastr türkmen, onda-da türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz han Türkmen diýýän bolsaňyz hany bu babatda ygtybarly deliliňiz?! - Birinjiden, Zoroastr adynyň pars dilinde sezewar bolan özgertmeleri baradaky meseleden başlamakçy. Gadymy, örän gadymy türkmen dilindäki käbir atlar, pars diliniň aýdylyşyna (transkripsiýasyna) geçirilende, şol türkmen sözündäki ''s'' harpy pars dilinde ''ş'' harpyna öwrülipdir. Beýle ses özgermäniň ýagdaýyny häzirlikçe düşündirip oturman, käbir mysallara ýüzleneýin. Mysal üçin gadymy Nusaý şäheriniň ady, käbir pars çeşmelerinde Nişa görnüşinde gelýär. Gadymy Nusaýy (ylahy şäher bolan Asgardy] özleriniň paýtagty diýip ykrar eden, Parfiýa döwletini esaslandyran Ärsak nesline ''Arşak nesli'' diýip ýazýarlar, ýa-da olar Aşkaniler'' diýip ýazýarlar, ýa-da olar ''Aşkaniler'' diýlip atlandyrylýar. Görşüňiz ýaly, Ärsak nire, Arşak nire?! Şu ýerde Oguz han Türkmeniň imperiýasynyň paýtagty bolan As+gard ýaly, häzirki Nusaý şäheri barada käbir zatlary täzeden hetjikläsimiz gelýär. Ýewropada Oguz han Türkmen (O:din) hemme asylzadalaryň beýigi diýip hasaplanypdyr. ''As'' sözi gadymy türkmen dilinde ylahy, hemmelerden beýik diýen manyda ekeni. Mysal üçin, yslam dinini kabul etmänkä hem, türkmenlerde ýeke-täk Taňra uýmak ynanjy bolupdyr. Yslam dini biziň gadymy Hudaýymyzyň ady bolan ''As'' adynyň ýerine arap dilindäki ''Alla'' ady bilen tutmagy ata-babalarymyzyň arasynda ornaşdyrypdyr. Eger yslamdan ozal türkmenler ýeketäk Taňra - Asa uýan bolsalar, islendik dinde bolşy ýaly, biziň dinimizde hem haýryň garşydaşy şer hem bolan. Şonuň üçin hem türkmenleriň As (Taňry] diýen Hudaýa uýan wagtlary Hudaýyň, ýagny, haýryň duşmany bolan şeýtan Asuran diýip atlandyrylan. Häzirki türkmen dilindäki ''asyra'' sözüniň köki hem ''As+uran'', ýagny, ''Hudaýyň näletläni, Hudaý uran'' diýen manylary, yslam dininde bolsa ''Şeýtan'' diýen manyny aňladýar. Gadymy hindi pelsepesi, dini barada gürrüň berýän ''Mahabharata'' eserinde beýan edilişine görä, ''asur'' sözi gadymy zoroastr dininde, edil yslam dinindäki ''şeýtan'' manysyny aňladypdyr. Zoroastr dininiň asury - musulman dininiň şeýtanyna, gadymy ýunan dininiň iň beýik Hudaýy - Zewsiň garşysyna duşmançylyk edýän titanlaryna meňzeş bolan. Diýmek, gadymy parsywanlaryň Nusaýy (Asgardy) özlerine paýtagt edinen Ärsak şa nesline - ''Aşkani nesli'' diýmeklerini hem düşündirip bolýar. Pars dilinde türkmen dilindäki ''s'' sesiniň ''ş'' sesine öwrülýändigini göz öňünde tutsak ''Aşkany'' sözüni ''As+kane'' diýip okap bolýar. ''As+kane'' bolsa, häzirki türkmen dilinde ''Aslaryň mekany'' ýagny ''Ylahy mekan'' diýen manyny berýär. Eger biz Zoroastr pygamberiň adyny käbir beýleki milletleriňki ýaly, ýapa deger-degmez tasa getirjek bolup durman, hakyky bolşy ýaly okanymyzda hem ol tüýs türkmen ady Zor as Tur bolýar duruberýär. ''Zor'' sözüni türkmençe düşündirmegiň hajaty ýok hasaplaýarys. ''Tur'' sözüniň gadymy dünýäde (häli-häzirem käbir dillerde) ''Öküz'' manysynyň bolandygy, ''Tur+an'' sözüniň Oguz ýurdy diýen manyny berýändigi barada Oguz han Türkmeniň bolsa, Öküz han, Oks görnüşinde dünýäniň dürli dillerinde öz zamanasynda giňden tanymal bolandygy barada Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyna salgylanyp, öňki makalalarda ýazylypdy. Eger, nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň gadymy Asgarddan (Nusaýdan) yzyna düşüp Ýewropa giden, ol ýerde ''asylzada, aslar, ari'' diýlip atlandyrylan kowumlarymyzyň arasynda Tur, O:din ýaly lakamlar bilen tanalandygyny göz öňünde tutsak (Kiçi Edda''), hem-de Zoroastr adyny Zor as Tur görnüşinde ýazsak, ol at gönüden-göni türkmençe at. Onda-da türkmeniň milletiniň nesilbaşysy Oguz hanyñ ady bolýar. Şu ýerde ýene-de bir delile ýüzlenesimiz gelýär. Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy çeşmelere salgylanyp: ''Oguz han türkmenleriň milli pygamberidir. Emma pygamberleriň arasynda onuň ady tutulmaýar. Ol diňe Torg ady bilen Ybrany (gadymy arap dilinde ýazylan) kitaplarda we Töwratda gabat gelýär'' diýip habar berýär. Beýik Serdarymyzyň bu maglumaty biz üçin örän gyzykly. Sebäbi Oguz han pygamber bolupdyr. Ady hem Torg görnüşinde gadymy Ybrany çeşmelerde gabat gelýär ekeni. Onuň adynyň Töwratda, Injilde, Kuran-Şerifde ady getirilýän pygamberleriň arasynda agzalmaýany üçin ''Ol pygamber bolmandyr'' diýmek bolmaz. Birinjiden, hezreti Magtymgulynyň aýdyşyna görä, Zemin döräp 124 müň pygamber ýaşap geçipdir. Mukaddes kitaplarda bolsa, şol pygamberleriň sanaýmalysynyň ady getirilýär. Olaryň hem aglabasy asly gelip çykyşlary boýunça ýahudy ýa-da arap kowmundan bolan şahsyýetler. Beýleki kowumlardan taryhda bolan pygamberler ol kitaplarda ýatlanylmaýar. Arap dilinde bolan ''waw'' harpyny ýa-da ''otur'' belgisini ''o'' ýa-da ''u'' diýip okap bolýar. Şonuň üçin Tur adynyň Tor görnüşinde okalmagy kanuna laýyk zat. Torg adynyň yzyndaky ''g'' (''k'') sesi bolsa arap dilinde köplük sanyny aňladýar. Diýmek Tur, Tor ýaly mübärek tahalluslar bilen geçmişde at goşandygyny göz öňünde tutsak, häzirki Eýran Yslam Respublikasynda, Hazar deňziniň günorta-gündogarynda ýerleşen gadymy şäher Astrabadyň /bu ýerde owal-ahyr türkmenler ýaşaýar/ hem adynyň Tur, ýagny, Oguz han Türkmeniň ady bilen baglanyşyklydygyny aýdyp bolýar. Sebäbi ol ady As Tur Abat görnüşinde ýazsak, ol hakyky adyna eýe bolýar. Hoşniýetli okyjy: - Siziň Zoroastr pygamberiň adyny türkmenleşdirip, Zor as Tur diýmegiňiz täzelik, açyş ýaly. Dogrudanam, Zoroastr pygamberiň adyny bogna bölüp ýazsak, Zor (o) + as + Tur diýip türkmençe düşündirip bolýar. Ony türkmeniň nesilbaşysy Oguz han Türkmen diýýäniňiz bilenem ylalaşýarys welin, otparazlyk dinini esaslandyran Zoroastr gadymy hindi kowumlaryndan, ýagny, arilerden diýýärler ahyryn?! - Zor as Tur, ýagny, Oguz han Türkmen hakykatdan hem ari bolan, ýöne ol hindi kowmundan däl-de, gelip çykyşy boýunça Hindi - Ýewropa sypatyna degişli bolup, türkmen milletiniň nesilbaşydyr. ''Ari'' sözi aslynda nämäni aňladýarka? Biziň pikirimizçe ol söz ''asylzada, halal'' we şolar ýaly ýene-de birnäçe mübärek manydaky söz. Eýsem-de Oguz han Türkmen asylzada, Taňrynyň nury bilen şereplenen ynsan dälmidir?! ''Oguznama'' eseriniň Fransiýanyň paýtagty Parižde saklanýan iň gadymy diýip hasaplanýan nusgasynda Oguzyň dünýä inip bary-ýogy 40 günüň dowamynda ýöräp, ylgap, gürläp bilendigi, soňra onuň gudrat bilen asmandan nur bilen inen jenneti peri gyzyna öýlenmegi - bularyň hemmesi onuň asylzadalygyndan, Taňra ýakyn sadyk bende bolandygyndan, bu dünýä keramat we halat bilen inenliginden nyşan. Eger biziň nesilbaşymyz Oguz han Türkmen şeýle gudrat bilen dörän bolsa, onuň gelni hem jennetden inen peri (Şu ýerde Göroglynyň hem ýada salmak artykmaçlyk etmez. Sebäbi onuň ýanýoldaşy Agaýunus hem peri ahyry) bolsa, onda olaryň nesli bolan türkmenler kim bolýar?! Elbetde, ariler, elbetde, asylzadalar! Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda şeýle ajap sözler getirýär: ''Biz türk-iman-asly nur diýen ady alan türkmenlerdiris. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmendir. Oguz han özüne, milletine Türkmen - asly nurdan diýip at dakypdyr. Şondan hem hanyň nesli ýaýrap ugrapdyr...'' Bu ajaýyp bu mübärek we şerepli sözler düşündirişi talap etmeýär. Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda ary (ari) sözüniň gelip çykyşy baradaky meseläni hem çöp döwen ýaly edýär: ''Halkymyz göwni ýeten kişisine är diýýändir. Är ady her bir garadan gaýtmaza, gözsüzbatyra dakylmaýar. Är diýen ady göterýän adamda batyrlyk, edermenlik, halallyk, ynsanperwerlik, sahylyk ýaly onlarça ýagşy häsiýetler bolmaly. Är sözüniň asly ary sözünden gelip çykýar. Garajaoglan aýdýar ahyryn: ''Ary türkmendir aslymyz'' diýip. Türkmeniň är sözi dünýä ýurtlaryna ser, her, gerr görnüşinde ýaýrandyr. Galyberse-de, ''ari'' sözüniň gadymy hindi sözi däl-de, gaýtam tersine, arileriň Hindistana öz dinlerini getirendiklerini, şol diniň esasynda bolsa, indus dininiň emele gelendigi barada Hindistan döwletiniň meşhur alymlary hem gürrüňsiz ykrar edýärler. Mysal üçin, hindi taryhçylary we arheologlary D.D.Kasamba we S.K.Dikşit hem-de beýlekiler hut arileriň Hindi topragyna atçylyk we demir magdanynyň eretmek ýaly hünärleri özleri bilen alyp gelendiklerini nygtaýarlar. (Onsoňam, soňraky asyrlarda-da, türkmenler Hindistana ýönelige ýöriş eden däldir. Bu ýagdaýda berk baglanyşyk bar bolmaly. Türkmeni ol ýere elten zat ata-babalarynyň aýak yzlarydyr). Aziýada we Ýewropada atçylyk bilen ilki iş salyşyp başlanlar türkmenleriň ata-babalary. Oňa taryh şaýat. Demir magdanlaryny hem Oguz han türkmen zamanasynda türkmenler ilkinji bolup eredip, işläp başlaýarlar. Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda şeýle ýazýar: ''Magdan eredip, ondan her hili gurallary dünýäde ilkinji bolup türkmenler ýasap başladylar. ''Ergenokon'' dessany türkmeniň gadymyýeti. Onda tutuş magdan dagynyň eredilip, ýagtylyga - dünýä çykylmagynyň göçme manysy bar''. Magdandan baş çykaryp, ondan önüm taýýarlap bilsek, ol barypýatan genji-hazyna, baýlyk, döwletlilik. Magdan eredip başlamaklary bilen, gadymy ata-babalarymyzyň ýaşaýyşlary has oňatlaşan bolmaly. Türkmenleriň ata-babalarynyň dünýäde ilkinji bolup magdan eredip başlandyklary barada - keramatly O:diniň (Oguz hanyñ) guran imperiýasynyň paýtagty Asgardda (Nusaýda) dünýäde ilkinji bolup magdan eredip demir, tylla alynýan ussahanalaryň gurnalandygy barada Ýewropadaky arileriň gadymy şejeresi barada gürrüň berýän ''Kiçi Edda'' kitabynda hem habar berilýär. Rus alymy N.R.Gusewa hem (N.R.Gusewa, ''Induizm'', ''Moskwa, 1977, 79-njy sah.) arileriň Hindistana öz dini ynançlaryny, edep-ekramlylyk baradaky öz däp-dessurlaryny hem-de ol ýurtda olaryň Wed diýen dini ýörelgäni ornaşdyrandyklaryny habar berýär. Wed - bu arilerden miras galan edebi ýadygärlikler bolup, ol Hindistanda entek butparazlyk döremänkä, diýseň rowaç ýörelge bolupdyr... Hoşniýetli okyjy: - Diýmek, Ýewropada hem özlerini ari hasaplaýan kowumlaryň gadymy ata Watanlary häzirki türkmen topragy bolýar-da?! - Elbetde! Özlerini gadymy ari kowmundan hasaplaýan nemesleriň ýurduna häli-häzirem türkmenlerimizde ''Alman'' (''Alaman'') diýýärler. Nemesleriň ari kowumlarynyň ady häli-häzirem ol ýerde ''alemanlar'' diýip atlandyrylýar. ''Aleman'' sözi keramatly O:diniň - Oguz Türkmeniň Asgard (Nusaý) şäherinden Ýewropa ýörişe ugranda özi bilen äkiden ýüz müňlerçe esgerlerinden, olaryň maşgalalaryndan galan nesiller bolmaly diýip pikir edýäris. Sebäbi ''aleman': sözi gadymy türkmen dilindäki ''alaman'' sözündendir. Eger şu ýerde keramatly Oguz han Türkmeniň - O:diniň günbatar Ýewropa eden ýörişini ýatlasak, has gowy bolarmyka diýýärin. Oguz han Türkmen - keramatly O:din, Orta Ýewropany boýun egdirenden soň, ol ýerleri abadanlaşdyrmak, öz düzgünine salmak üçin ýene-de nijeme ýyl ol ýerde galýar hem-de geljekde alty aý gündiz, alty aý garaňkylyk bolýan Zulmat /Skandinaw/ ýarym adasyndaky ýurtlary/ ýurduna ýörişe taýýarlyk görüp başlaýar. Belki-de, ata Watanymyzda galan ata-babalarymyz, şol ýörişe gidenlere ''Alamana gidenler'', diýendirler?! Oguz han Türkmeniň agyr ýygyn bilen nijeme ýyl ol ýurtda ýaşamagy netijesinde, türkmen topragynda goşunyň yzyndan iberilýän her bir ýük, söweş enjamlary, täze jemlenen goşunlar Asgarddan /Nusaýdan/ Orta Ýewropa ugradylanda, kerwen aýratyn maksat üçin ugradylýan kerwen bolansoň, ony hiç ýerde saklamazlyklary üçin, ol ýüklere ''Alaman'' tagmasy basylan ýa-da degişli bellik, nyşan goýlan bolmaly. Şeýle bolansoň soň asgardly ilat bir-birinden hal-ahwal soraşyp, biri beýlekisine: ''Görünmediň-le, nirede boldum?!'' diýse, ''Alamanda'' diýip jogap berendirler diýen pikire gelip boljak. Galyberse-de, bir türkmen ikinji bir ildeşini nijeme wagtlap görmedik bolsa: ''Sen nirede boldum?!'' diýse, ol hem ''Alamanda'' diýip jogap beren bolsa, soňra türkmen dilinde Orta Ýewropa diýip tanalýan ýer ''Alaman'' ("Alman'') sözi bilen manydaş bolup galan bolsa gerek... ''Alaman'' sözi gadymy türkmen sözi bolup, ol söz sowet döwründäki alymlaryň türkmençe-rusça sözlüklerde düşündirişleri ýaly, ''talaňçylyk'' manysynda däldir. Çünki, rus dilindäki ''grabež'' sözi türkmen dilindäki ''ýol urýan'' sözi bilen manydaşdyr. ''Alaman'' sözi ''al'' we ''asuda'', ''parahat'' sözleriniň sinonimi bolan ''aman'' sözünden emele gelen sözdür. Munuň özi Oguz han Türkmeniň Magrypdan-Maşryga, Demirgazyk ýurtlara harby ýörişini aňladýan söz bolupdyr. Sebäbi, Oguz han Türkmen harby ýöriş bilen baran ýurtlaryny parahatçylyk ýoly bilen eýeläpdir. Şonuň üçin hem Oguz han Türkmeniň harby ýörişleri ''Alaman'' ýagny, islendik ýurtlara girenlerinde ol ýurtda aman-esenlik, parahatçylyk, asudalyk getirýän hökmünde gadymy taryhda galypdyr. Magtymguly akyldaryň: - Alaman öňüni serdary başlar, Namartlar mert görse amana geler. - diýen dürdäne şygyr setirleri ("Amana geler'') hem ýokarda beýan eden pikirimizi tassyk edýär. Hoşniýetli okyjy: - Ildeş, bu kyssaňy diňläp göwnüm gobsundy. Zoroastur pygamberiň Zor as Tur, ýagny Oguz han Türkmen bolandygyna, gadymy arileriň mekanynyň türkmen topragy bolandygyna gitdigiçe ynanyp barýaryn... - Pygamber Zoroastryň türkmen topragyndan bolandygyny ýene-de käbir deliller bilen berkidip bilerdim... Hoşniýetli okyjy: - Aýtsana ildeş, soňra meniň ýüregim has suwly bolar. - 1949-njy ýylda Hindistanyň Bombeý şäherinde jenap B.Anklessariýa tarapyndan ''Pehlewi Wendidad'' atly kitap iňlis dilinde neşir edilen. Şol kitapda şeýle maglumat bar: ''Merwiň sebtinde ýerleşen Nusaý şäheri barada Awesta (''Wandidad''[ kitabynda ýatlanyp, ol şäher Ahuramazdyň ýaşan mekany'' diýip habar berlipdir''. Ýeri, muňa näme diýjek?! Ahuramazda Zoroastr dininde Beýik Hudaý hasaplanýar ahyryn! Galyberse-de, Köne Nusaý galasynda Tegelek köşk bilen Inedördül köşgüň arasynda gazuw-agtaryş işini geçiren alymlar, ol ýerde otparazlar dinine degişli bolan gadymy zamanlar baky ot ýanyp duran, ybadat edilýän diýseň täsin, uly desganyň hem üstüni açypdyrlar. Ýene-de bir delil. 1990-njy ýylda, Täjigistanyň ''Adib'' neşirýaty Awesta kitabyndan ýedi gimni rusça neşir edip çykarypdyr. Ol bütin Awesta kitabynyň üçden iki bölegini öz içine alýar. Ynha, şol kitapdan häzirki türkmen diline örän golaý ýer atlaryny aýdaýyn. Manuş dagy - Änewiň günortasyndaky Manyş dagy. Watigaýs - Tejen bilen Murgap derýalarynyň arasyndaky Bathyz sährasy. Maena han - Kaka etrabynda Mäne obasy. Kakahýa - Kaka şäherçesi. Kansiwa köli - ''Känsuw'' köli. Parut Işkate - bu söz alyndy ''Parfiýa As+kane'' sözünden bolmaly. Merw - Mary şäheriniň gadymy ady. Haraýwe - bu Nusaý bilen Tejen aralygyndaky Haweran düzlüginiň ýoýulan ady bolmaly. Hoşniýetli okyjy: - Şol zamanlaryň Hudaýy Ahuramazda tarapyndan Zor as Turuň kalbyna guýlan mukaddes Awesta barada nämeler aýdyp bilersiň?! - Aýtmaga zat köp... Awesta ozal nijeme müň ýyllyklaryň dowamynda diňe halkyň aňynda ýaşap, şu yklymda ýaşan ýagşyzadalar tarapyndan, soňky nesillere hem ýatdan öwredilipdir. Käbir alymlaryň çaklamalaryna göra, bu dini akym taryhyň dürli döwürlerinde kem-käsleýin özgerişlere eýe bolupdyr. Mysal üçin, mundan 2530 ýyl töweregi ozal ahmeni şalygynyň beýik şalarynyň biri Wisitapsa /ol Behistun ýazgylarynyň miras goýup giden, biziň eýýamymyzdan öňki 522-nji ýyldan 486-njy ýyla çenli şalyk süren Dariý birinjiniň kakasydyr/ Zor as Turuň şanyň ady bolsa, Awestanyň ''Gimn Ardwi sure'' atly bölüminiň 30-njy, ýagny, iň soňky bölüminde: Wiştaspynyň esgerleri ýaly, Dolansynlar ýeňiş bilen... - diýen setirler bar. Diýmek, bu gimn hem, beýlekiler hem öz zamanasynyň hökümdaryny mahabatlandyrma üçin täzeden işlenipdir. Zor as Turuň esaslandyran dini taglymatlary, ýazuw çeşmesi hökmünde Sasani şalygy döwründe jemlenipdir hem-de oňa Awesta diýlip at goýlupdyr. Awesta sözi häzirki türkmen dilinde ''Wesýet'' diýen manyny berýär. Sasani şalary zamanasynda kitap görnüşinde jemlenen Awesta jemi 21 kitapdan ybarat bolupdyr. ''Awesta kitabynyň dili gadymy arameý we sanskrit diline golaý'' diýip, alymlar habar berýärler. Biziň zamanamyzda Awesta kitabyndan: ''Ýasna'', ''Wispered'', ''Widewdat'' we ''Ýaştlar'' /''Gimnler''/ galypdyr. ''Ýasna'' 72 bölümden ybarat ''Wispered'' 24 bölümden'', ''Widewdat'' 22 bapdan, ''Ýaştlar'' bolsa 21 ýaştdan ybarat... Hoşniýetli okyjy: - Diýmek, bu täsin kitap barada, onda gabat gelýän adam, ýer-ýurt atlaryny hem türkmen topragy bilen baglanyşdyryp gürrüň edip boljakd-a. - Elbetde! Ýöne bu gürrüňi geljege goýmasak, ony bu makalanyň çäginde düşündirmek mümkin däl. Eziz ildeş, siz bir zada düşüniň! Türkmen milleti bihal millet däl. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynda nygtaýşy ýaly, asly nurdan bolan millet. Şeýle milletiň kemala gelen topragy hem gudratly Allatagalanyň ylahy nury bilen şereplenen bolmaly. Bu bolsa hak! Biziň türkmen topragymyz Jenneti, Ylahy mekan. Juma ATAÝEW. ''Edebiýat we sungat" gazeti, 24.01.2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |