00:04 Alyslara aşyran araba | |
ALYSLARA AŞYRAN ARABA
Taryhy makalalar
- Ilkinji araba türkmenler tarapyndan döredildi. Araba goşunyň, döwletiň köp-köp işlerini ýeňilleşdirdi. Oguz hanyň beýik ýörişleri mahalynda täze guralyň - arabanyň oýlanyp tapylmagy türkmeni bütindünýä taryhy açyşlaryň üstünden eltdi. /Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasyndan/ Mähriban Serdarymyzyň araba hakyndaky ýokarky mübärek ýazgylaryny okan her bir türkmeniň kalby heýjanlanyp, gözlerinde şatlyk uçgunynyň peýda bolýandygyna şekim ýok! Sebäbi, ol ýazgylar ylahy paýhasyň jowahyr sözleridir. Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyzyň aýdýan paýhasly pikirlerini dogry-dürs bolup çykýandygyna haýran galýarsyň. Sebäbi, mähriban Serdarymyz ilkinji arabanyň türkmenler tarapyndan döredilendigini mukaddes Ruhnamanyň birinji kitabynda ýazdy. Rus arheology W. I. Sarianidi 2005-nji ýylda gadymy Merwden mundan 4000 ýyl töweregi ozal ýasalan arabany gazuw işlerini geçirip ýörkä tapdy. Bu ajaýyp tapyndy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň araba barada welilik bilen aýdanlaryna subutnamady... Gadymy türkmenleriň söweşlerde araba ulanandyklary barada gadymy hytaý çeşmeleri hem habar berýärler. Has takygy, rus alymy W. I. Awdiýewiň ''Istoriýa drewnego Wostoka'' /Moskwa, 1953, 655 sah./ diýen kitabynda habar bermegine görä, miladydan öňki 822-nji ýylda, ýa-da mundan 2828 ýyl ozal, hun türkmenleri Hytaýyň üstüne çozýarlar. W. I. Awdiýew ýokardaky kitabynda hun türkmenleriň şol ýörişi baradaky hytaýlylaryň aýdymyny terjimesini rus dilinde getiripdir. Ol aýdymyň sözme-söz terjimesi şeýleräk: Sandyraýar tomsuň gyzgyn howasy, Söweş arabalar asmana uçjak. Dört saýyrdyň atlaň kişňän owazy, Hunlaň mertligini çar ýana seçjek. Görnüşi ýaly, mundan 2828 ýyl ozal hem türkmenlerde söweş üçin, harby ýöriş üçin ulanylan ýörite iki, üç, dört at goşulan arabalaryň bolupdyr, ol barada hytaýlylar hem uly wehim bilen ýatlapdyrlar. Galyberse-de, gadymy ''oguznamalarda'' berilýän maglumatlara görä, Oguz han Türkmen Zulmat ýurduna /demirgazyk Ýewropa, has takygy, Skandinawiýa ýarym adasyna/ ýöriş edýär hem-de gymmatbaha daşlar ýüklenen arabalardan kerwen gurap, ata Watanymyza iberipdir. Ýewropadaky gadymy arylaryň pygamberi hasaplanan Odiniň - Oguz han Türkmeniň Ýewropadaky ýerli kowumlaryň arasynda ''Araba eýesi Tur'' diýen ýörite lakamy - ady hem bolupdyr. /Mladşaýa Edda'', Moskwa, 1970 ý., 41, 66, 71 sah./. Ahemeni şalygy barada gürrüň açylanda, ol şa nesli barada käbir seljeriş işlerini geçirmek gerek. Ýewropa çeşmeleri Ahemeni şa nesliniň ary kowmundan bolandygyny ykrar edýärler. Eger biz häzirki türkmenler hem özümizi gadymy ary kowmundandygymyzy ykrar edýän bolsak, (Garajaoglan: ''Ary türkmendir aslymyz'' diýmeýärmi näme?), onda Ahemeni şa nesli hem gadymy eždatlarymyzdan bolýar duruberýär. Bu aýdýanlarymyzy şekillendirmek üçin hijri-şemsi hasabynda 1382-nji yylda Eýranyň paýtagty Tähran şäherindäki ''Pazine'' neşirýaty tarapyndan daşary ýurtly eýranşynas alym Ralf Norman Şarpyň neşir edilen kitabyndan mysal ýetirýäris. ''The imseriptions in old persian kuneri form of the Akhaýemenian ýemperors'' atly ol kitaby pars dilinde ''Färman haýi şahän şahan Hähamäneşi'' /''Ahemeni neslinden bolan şahyn şalaryň permanlary''/ ady bilen neşir edipdirler. Bu kitabyň 31-nji sahypasynda ol awtor ''Ahemeni şahyn şalaryň nesil daragty'' diýen Şejere tertibini ýerleşdiripdir. Aşakda şol çyzgynyň terjimesi bilen ildeşlerimize ýetirýäris. Ahemeni /miladydan öňki 700-675-nji ýyllar/ ↓ Çiş piş /miladydan öňki 675-640-njy ýyllar/ ↓ ------------- ← → --------------------------------------- ↓ Kureş birinji/miladydan öňki 440-600 ý.ý}} Ari arman miladydan öňki 640-615ý.ý ↓ ↓ Kämboji birinji /m.ö.600-559 ý.ý}} Arşam /m.ö. 615-? ý.ý./ ↓ ↓ Beýik Kureş /m.ö. 559-528 ý.ý.}}. Wiştasp ↓ ---------------------------← → -------------------↓ ↓ Kämboji ikinji /m.ö.528-522 ý.ý./}}. Berdi ↓ (m.ö.?-522 ý) ↓ Beýik Dariuş /m.ö.522-486 ý.ý./ ↓ Hoşýar şa /miladydan öňki 486-465 ý.ý./ ↓ Ärdeşir birinji /m.ö.465-424 ý.ý./ Dariuş ikinji /m.ö. 424-404 ý.ý./ ↓ ← → ↓ Ostan. Ärdeşir II /m.ö.404-358 ý. ↓ Ärşam. ↓ ↓ Ärdeşir III m.ö. 358-338 ý. Dariuş üçünji /m.ö.332-330 ý.ý.}}. ↓ Ärsak /Arsak/ m.ö.338-336 ý.ý. Görnüşi ýaly, Ahemeni şalarynyň nesil şejeresinde Kureş birinjiniň nesilleriniň arasynda, miladydan öňki 528-nji ýylda hem diri bolan Berdi atly çowlugy bar eken. Berdi adynyň gadymy parslara mahsus at däldigini, onuň bu sebitde diňe gadymy türkmenlerde mahsusdygyny eýranşyňaslaryň hem, türkşynaslaryň hem hiç biri inkär etmese gerek. ''Berdi'' türkmen dilindäki işlik bolup, onuň parsça aňladylyşy ''dad'' bolup, ol pars dilindäki ''dadän'' işligindendir. Türkmenlerde ''Taňryberdi'' diýen at bolup, ol Hodadad. Ahemeni şa neslinden bolan şazadanyň adynyň Berdi bolmagy, türkmen alymlary tarapyndan öwrenilmeli meseledir. Ahemeni şa nesliniň ikinji bir şahasyndan gaýdýan şalaryň käbiriniň atlarynyň öňünden ''Är'' sözüniň gelmegi hem täsindir. Mysal üçin, Ärdeşir. Bu at hem gadymy türkmen ady bolup dur. Ärdeşir adyny ''Ärde şir '' görnüşinde ýazyp, ol adyň şu günki türkmen diline ''Ärleriň arasyndaky şir'' diýsek, ony hem inkär edip bilmeýärler gerek. Iň täsin delil hem, bu şejere şahasyndan gaýdýan iň soňky şanyň adynyň Ärsak /Arsak/ bolmagydyr. Bu patyşa miladydan öňki 338-336-njy ýyllar arasynda bary-ýogy 2 ýyl şalyk sürüpdir. Soňra bolsa şalygy Kureş birinjiniň neslinden bolan Dariuş üçünji eýeläpdir. Dariuş üçünji iň bolsa, Aleksandr Makedonlynyň Ahemeni şalygyna çozup gelmegi bilen, oňa dönüklik eden dikmeleriniň biri tarapyndan öldürilendigini bilýäris. Ahemeni şalarynyň arasynda Berdi, Ärdeşir, Ärsak atly şazadalaryň bolmagy, Parfiýa - Türkmen şalygyny döreden türkmeniň hem adynyň Ärsak bolmagynyň tötänlik däldigi aý-aýdyň görnüp duran zat ahyry. Ýöne Ahemeni şalygy bilen gadymy türkmenleriň garyndaşlyk gatnaşyklary barada ýene-de deliller bar. Häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň Londondaky muzeýinde Ahemeni şa neslinden bolan Beýik Dariuşyň miladydan öňki 522-486-njy ýyllar/ möhri saklanýar. Togalak /silindr görnüşinde , hrustal /bolur/ daşyň ýüzüne oýulyp ýasalan bu möhüriň uzynlygy 3,5 santimetrden ybarat. Ol möhüriň ýüzündäki şekilde Dariuş patyşa, başy şa Jygaly arabanyň üstünde, eli tir we kemanly, arabanyň öňünden çykan şiri atýar. Sary ýaýdan sypdyrylýan iki sany peýkam oky baryp şiriň garagyndan, sag penjesinden degipdir. Möhüriň çep tarapynda babyl, ilämi, hem-de Ahemenileriň gadymy köşk dilinde, ''Men Dariuş şah'' diýen ýazgy bar. Dariuş şa bilen ol şiriň arasynda /ýokarda/ başy şa jygaly, ganatlaryny gerip, söweşe taýýarlanyp duran bürgüdiň bolmagy hem oýlandyrýar. Sebäbi, Oguz han Türkmen öz 24 agtygynyň her birine döwletlilik /bagt/ nyşany hökmünde bir ýyrtyjy bürgüdiň /laçynyň/ şekilini götermegi wesýet edipdir ahyryn! /Suratda Beýik Dariuşyň möhüriniň şekili/. Umuman, Ahemeni şa neslinden bolan şazadanyň adynyň Berdi bolmagy, ol nesilden bolan patyşalaryň atlarynyň hem Ärdeşir, Ärsak bolmaklary, beýik Dariuşyň şalyk möhürinde arabanyň üstünde oturmagy, bürgüt şekili... bularyň hemmesi, Ahemeni ary şalygy bilen olardan 74 ýyl soň esaslandyrylan parfiýa-türkmen şalygynyň arasynda ýakyn garyndaşlyk gatnaşygynyň bolandygy barada pikir ýöretmäge esas berýär. Türkmenler hem-de araba barada ýene-de bir delil. 1880-nji ýylda Owganystanda ýerleşdirilen iňlis goşuny, rus imperiýasynyň ýaragly goşunynyň Hazaryň türkmen kenaryna gelip düşländigi hem-de ruslaryň bütin türkmen topragyny basyp almagy göz öňünde tutýandygy barada gizlin maglumaty ele salansoň, ruslaryň türkmen topragyny eýeländen soň, Owganystana girmegine ýol bermezlik niýeti bilen gowy ýaraglanan iňlis söweş birikmelerini Owganystan bilen Türkmenistanyň häzirki serhetýaka etraplaryna ugradýar. Beýik Britan goşunynyň kapitany Frensis Bertona uly bolmadyk söweşjeň birikmä serkerdelik edip, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş sebitine, häzirki Atamyrat /Kerki/ etrabynyň günortasyna tarap ýola düşmek perman edilýär. Iňlis ofiseri iň söweşjeň birikmesi, görkezilen ýerde ýük ýazdyryp, çadyrlaryny dikýär. Iňlis goşuny ol ordagähinde dynç alyp otyrka, olaryň ýanyna bir owgan ylgap gelýär hem-de özleriniň söwda kerwenlerine ýerli ýol urýan kakabaş ýigitleriň çozup, kerweni ýüki bilen alyp gidendiklerini habar berýär. Şeýle hem ol gaçyp baran owganly bu kerweniň ýüküniň diýseň gymmatlydygyny, ýagny, söwdagärler özleri bilen getirilen külçedir nogullarynyň, ýüpek parçalarynyň ýerine, ýerli halkdan gadymy tylla we kümüş zikgeleri, altyn bezegleri, şaý-sepleri alyp, ol gymmatlyklary Hindistana satmak üçin ugrandyklaryny hem gürrüň beripdir. Iňlis ofiseri ol owgandan, ol gadymy altyn-kümüş zikgeleri we beýleki gymmatlyklary ýerli adamlaryň /ýagny, türkmenleriň/ eline aslynda nähili düşendigi-düşmändigi bilen gyzyklanýar. Ol owgan şeýle gadymy gymmat bahaly zatlary ýerli adamlaryň Amyderýanyň suwunyň demirgazyga tarap akyp, soňra guran hanlaryndan gazyp tapýandyklaryny habar berýär... Kapitan Berton, garaňky düşýänçä garaşyp, ýanyna ot açýan ýaraglanan esgerlerinden birnäçesini hem-de ol gelen owgany alyp, kerweni talanlaryň gizlenäýjek ýerine tarap ýola düşýär. Owgan iňlislere ýolbeletlik edýär. Güman edilen ýerde, dogrudanam, ol türkmenler birnäçe bolup oturan ekenler. Ýöne iňlisler ot açýan ýaraglar bilen üpjün bolansoň, ol türkmenlerde bolsa diňe gylyç, hanjar bolansoň, türkmenler ýesir alan söwdagärlerini boşatmaga, talan zatlaryny hem yzyna bermäge mejbur bolýarlar. Ol gije owgan söwdagärleri kerwenleri bilen iňlisleriň harby ordagähinde düşläp, ertesi şol wagtky Hindistanyň Rawalpindi /häzirki Päkistan/ şäherine, ugramakçy bolanlarynda, iňlis kapitany Frensis Berton ol söwdagärlerden esli gymmatbaha zatlary satyn alýar. Ol zatlaryň içinde iki sany, kellelerinde iki şahy bolan ýarym ýolbars, ýarym bürgüt şekilli, tylladan diýseň nepis bilezigi, ýene-de arassa tylladan ýasalan, üç at goşulan araba, arabanyň üstünde kellelerine polat tuwulga, eginlerine demir sowut geýen iki sany asylzadalardan bolan skulptura şekili hem-de gadymy ary şalary ahemenileriň Bisütün ýazgylaryndaky daşyň ýüzüne çekdiren otparaz dindarynyň tylla plastinkasynyň ýüzüne güberçeklenip çekilen şekili hem bolupdyr... Umuman, gadymdan bäri, her bir döwlet tugrasynda özüni özgeleriň arasynda şan-şöhrat ýetiren zadyň şekilini goýýar. Araba hakda gürrüň edilende-de, şeýledir. Ahemeni şalarynyň tugrasynda araba şekiliniň bolmagyny hem diňe şeýle düşündirip bolar. Aslynda ''araba'' sözi görnüşde ýazylýandygyna garamazdan, ol sözi arap-pars elipbiýinde ýazsak, ar obe görnüşinde okap bolýar. Ol bolsa, häzirki pars dilinde ary /är/ kowmy diýen manyny hem berýär. Ýene-de bir delil arabanyň gadymy ary kowmundan bolan türkmenlere degişlidigini subut edýär. Ahemeni şasy Huşýar şanyň /miladydan öňki 475-nji ýylda, ýagny, mundan 2481 ýyl ozal şa tagtyna çykyp, 21 ýyllap şalyk süren/ Taht-e Jemşid diýen ýerde daşyň ýüzüne myhy elipbiýde ýazdyran bitik ýazgysynda /Taht-e Jemşid ýazgylary, belgisi ''H Ph'', 26-27-nji setirler/ şeýle maglumat bar. Bu ýazgylaryň türkmen elipbiýinde okalyşy: ''D(a)ha - s(a)khai houm h(ä)war s(a)khai tigr hod...'' Bu ýazgynyň häzirki türkmen dilinde düşündirişli terjimesi: ''(Hazar deňziniň gündogarynda ýaşaýan dahlaryň (uly taýpalary bolan) gündogar sak kowumlary (ýagny)-(tiz ýöreýän) tigirli saklar...'' Asyl nusgada ''tig(i)r'' diýen söz bar. Ol söz bolsa, hökmany ýagdaýda ýasalan ulag bilen baglanyşykly. Onsoňam ''tigir'' sözi türkmen sözi, parslar oňa ''çärh'' diýýärler. Belki-de, gadymy türkmenler öz oýlap tapan ol ulaglaryna tigir, goňşy halklar bolsa ol ulaga ''Tigir ar obe'' ary kowmunyň tigri diýip at beripdirler?! Üns beriň, ruslar tigre ''koleso'', araba bolsa ''kolesnisa'' diýýändirler. ''Kolesnisa'' sözi ''tigir'' sözünden ýasalan sözdür. Şeýlelikde, Ahemeni şasy Dariuş hem, eger öz şejeresiniň araba döretmäge gatanjy bolmasa, möhürinde ol şekili goýmazdy diýen netijä gelýäris. Amyderýanyň Türkmenistandaky guran hanalaryndan tapylýan gadymy gymmatlyklar baradaky habar, haý diýmän Angliýa ýetýär. Bu wakadan iki ýyl geçip-geçmänkä, gadymy gymmatlyklary ýygnamakdan lezzet alýan iki sany iňlis raýatlary jenap Aleksandr Kanningem Amyderýanyň şol salgy berlen guran hanalaryndan ýanyna gelip, ýerli adamlardan olaryň guran hanany gazyp tapan gadymy gymmatlyklaryndan diýseň köp zady satyn almagy başarýarlar. Olar öz satyn alan gymmatlyklaryny Angliýa äkidýärler. 1897-nji ýyldan başlap, Amyderýanyň guran hanasyndan tapylan ol gadymy gymmatlyklar ''Oksyň hazynalary'' ady bilen Britan müzeýinde görkezilip başlanýar. /''Ýunyý erudit'' žurnaly, Moskwa 2004, ý., 1, 12-14 sah./. Beýik Britaniýanyň muzeýinde saklanýan tylladan ýasalan ol gadymy gymmatlyklar barada her kim özüçe pikir edýär. Iňlis alymlary ol gymmatlyklaryň ýaşyny 2000 ýyldan aňyrda hasaplaýarlar. Olary çuňňur öwrenmek geljegiň işi. Ýöne şol ýerden tapylan tylla bilezigiň hem-de 3 at goşulan tylla araba barada - ol gymmatlyklar türkmen milletiniň taryhyna degişli diýip aýdyp bolar. Sebäbi at gadymy tylla bilezikdäki ýarym bürgüt, ýarym ýolbars şekiller gadymy Nusaýdan tapylan şirmaýy ritonlardaky şekillere örän meňzeş. Arabany hem hemişe eýesi münýär, ýagny, ol araba şekili tylla heýkeliň hem gadymy türkmenlere degişlidigi gürrüňsiz! Sebäbi, arabalaryň tigirlerindäki sekizburçluga, atlaryň billeriniň inçeligine üns beriň! Ol sekizburçluga şeýle seretseň, gadymy türkmenlerde ylahy şekil bolan çarhypelek şekili. Eger ol sekizburçlygyň her bir burçuny degişli ýagdaýda biri-biri bilen birleşdirseň, ol gadymy hem-de şu günki Türkmen döwletiniň Tugrasyna öwrülýär. Amyderýanyň türkmen çygryndan tapylan, häzirki wagtda Angliýanyň Britan muzeýinde saklanýan ol gadymy gymmatlygy grekleriň medeniýetine degişli etmäge synanyşýan alymlaryň bardygyny göz öňünde tutup, biziň elimize düşen suratlaryň içinde bir görseň-ä bürgüde, bir görseňem ýolbarsa meňzeş keşpler şekillendirilen tylla bilezigi synlap, ol bilezigiň Parfiýa ýa-da Kuşan döwletlerini guran türkmenlere degişlidigini açyk aýdyp bolar. Altyn araba hakynda bolsa, ol tylla heýkeliň Parfiýa türkmenlerine, ol sungat eseriniň azyndan 2178 ýyldan 2254 ýyla çenli ozal döredilendigini hem aýdyp bileris. Sebäbi şeýle aýtmaga esas bar, ýagny, arabanyň üstünde duranlardan kellesi polat tuwulgaly, egni demir donly kişä üns beriň! Ol kişiniň şekili, birinji nobatda, parfiýa-türkmen döwletini esaslandyran Ärsak şanyň şekiline juda meňzeýär. Galyberse-de, ol kişi parfiýa-türkmen şalygynyň mundan 2178 ýyl ozal şa tagtyny eýeläp, 33 ýyllap şalyk süren patyşasy Mitridat birinjä meňzeýändigine özüňiz göz ýetirersiňiz. /Suratda parfiýa-türkmen patyşasy Mitridat birinji/. Ildeşlerimiz, häzirki Yragyň sebitinde mundan 4500-5000 ýyl ozal döredilen şumer /sumer/ döwleti, ol döwleti hem ýewropaly taryhçy alymlaryň nygtamaklaryna görä, gadymy oguzlaryň esaslandyrandyklaryny bilýändirler. Şol şöhratly oguz döwletiniň paýtagty hasaplanýan Ur şäheri bolup, ýewropaly alymlar indi 100 ýyl töweregi ol şäheriň weýran bolan galyndylarynda arheologiýa gazuw işlerini geçirmegi dowam etdirýärler. Ol şäherden bişirilen toýun waraklaryň ýüzüne ýazylan ýazgylaryň tapylyp, ol ýazgylaryň yazylan diliniň gadymy oguz dili bilen köküniň birdigini germaniýaly taryhçylar subut edipdiler. Ur şäherinde arheologiýa gazuw işlerini geçiren britaniýaly arheolog Jeýms Wuli ol ýerden mundan 3000 ýyl töweregi ozal taýýarlanan hazynanyň üstünden barýar. Has takygy, üsti açylan guburdan tylladan guýlan dürli haýwan, ösümlik şekilleri hem-de ýüzüne tylla çaýylan tuwulganyň ... üstünden barylýar. Demir /bürünç/ magdanyndan bolsa dünýäde ilkinji bolup söweşde geçilýän demir sowutlary, demir donlary, tuwulgalary söweş atlaryny duşman okundan goraýan demir donlary, tuwulgalary söweş atlaryny duşman okundan goraýan demir lybaslary gadymy oguzlaryň oýlap tapandygyny göz öňünşe tutsaň, /seret, Filip Lozinskiý, ''Hast gah-e part ha''/ ''Parlaryň mesgeni''/ iňlis eden parsça terjime, Tähran 1380 h.ý.,24,29 sah./, onda entek Rim imperiýasy, Rim şäheri döremänkä hem türkmenlerde magdan eretmegiň kämil bolandygyna göz ýetirip bolýar. Galyberse-de, şumerler bilen türkmenleriň gadymy bir kowum bolandygyna Ur şäherinden tapylan gadymy arabaly şekil hem /suratda şaýatlyk edýär. ... Görnüşi ýaly, gadymy oguzlaryň dünýäde ilkinji bolup magdan eredip; ondan söweş arabalaryny ýaşandygy barada goja taryhda maglumatlar näçe diýseň bar. Diňe olary seljermek, ylmy esasda derňemek gerek. Sözüň şu ýerinde bu hakda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynda ýazyşy ýaly: ''Kaňly taýpasynyň öňbaşysy tarapyndan arabanyň oýlanyp tapylmagy bolsa - türkmeniň bütin adamzat üçin ikinji beden tizligini taömagydyr. Şu iki tizligi türkmenler özleriniň bütin taryhynyň içinden eriş-argaç geçirip, şu günlere ýetirdiler'' diýen paýhasly sözleri ýadyňa düşýär. * * * Häzirki Garaşsyz Türkmenistanyň halky, Türkmen döwletiniň ilkinji we baky Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aladasy bilen ata Watanymyzyň dürli künjeginde ýokary tizlikli ulaglar bilen ýoremek üçin gara ýollary, demir ýollary gurýar. Garaşsyzlykdan ozal ýa-da mundan bary-ýogy 15 ýyl ozal, ''Geljek 15 ýylyň içinde Tejen-Sarahs-Maşat Halkara demir ýoly, Türkmenabat-Atamyrat demir ýoly, Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýoly hem-de diýseň amatly gara ýol gurlar!'' diýseň kim ynanardy?! Ýöne bu aýdylanlar şu günki hakykat! Juma ATAÝEW ''EDEBIÝAT we SUNGAT'' gazeti 27.01.2006 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |