02:20 Uly iliñ soltany! | |
ULY ILIÑ SOLTANY!
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Hakykaty aýdalyñ, türkmen sährasynda ýetişýän guşgursak ak bugdaýyñ reñkem başga, tagamam başga, ysam başga! Bir sapar türkmeniñ guşgursak ak bugdaýyndan taýýarlanan undan bişirilen tamdyr çöregini iýen gaýra ýurtly, soñra ony uzak wagtlap buýsanç bilen ýatlaýar. Ýöne diñe bir türkmen çöregi däl, türkmeniñ guşgursak bugdaýynyñ hut özünden taýýarlanan tagamlay dadyp gören hem olaryñ hoştap ysyny we lezzetini uzak wagtlap ýatda saklaýar. * * * ... Halkymyzyñ arasyndaky şeýle täsin tapmaçany oglanka çözjek bolmadyk beri barmyka?! Ýere urdum paltany, Agzy gyzyl haltany, Ýerden bir oglan çykdy, Uly iliñ soltany! Türkmen çagalarynyñ hemmesi hem şol tapmaçanyñ manysynyñ türkmeniñ guşgursak bugdaýydygyny bilýändir. "Ýere palta urmak" barada düşündirsek, gadym zamanlar türkmenlerimiz tomus ýygnan bol galla hasylyndan torbadyr haltalaryny, äpet çuwallaryny gözänsoñlar, artykmaç bugdaýy saklamak üçin çuñ çukur gazypdyrlar. Ol çukuryñ diwaryny, düşegini bugdaý samanyndan alnan sypal bilen suwap, ol çukura jemlenip guradylan bugdaý hasylyny guýup, üstüni galyñ suwapdyrlar. Şol çukura türkmenlerimiz "ury" diýip at berýärler. Ynha, şol ýüzüne arassa toýun suwalan urynyñ üstüni açmak üçin berkiräk pil ýa-da teşe, palta ulanypdyrlar. Ury ammaryñ bir görnüşidir. ■ TÜMMÜL Güýzlük ekilen bugdaý soñky ýylyñ ýazynda sümbüle durýar. Sümbüle duran bugdaý däneleriniñ içindäki süýdi entäk gatap ýetişmänkä, birnäçe sümbüli alyp, ony gowy közüñ üstünde eýläk-beýläk, edil çişlik bişirilişi ýaly aýlasañ, ol bugdaý sümbüli köze gömlen mekge ýaly hoştap ys berip bişýär. Soñra ol bugdaý sümbüllerini eliñde owkalap, harpygyny üfläp goýberseñ, eliñ aýasynda doly gora (köze) bişen süýtlek däneleri galýar. Şol hoştap ysly köze (gora) bişen bugdaý sümbüline çagakak "tümmül" diýýärdiler. ■ DÄNIK Ýañy bişip ýygnalan guşgursak türkmen bugdaýyndan taýýarlanýan ýene-de bir örän datly, lezzetli tagam "dänik" diýip atlandyrylýar. Ýygnalan bugdaý hasylynyñ bir kilogramyny arassalap, ýuwup goýandan soñ, gazan ataryp, içine 6-7 litr suw guýmaly. Suw gaýnap başlansoñ, şol ýuwlan bugdaýy oña gapgaryp, gerekli derejede duz sepmeli. Gazanyñ gapagyny sähelçe ýapyp goýsañ, onuñ içindäki bugdaý dessine çişmek we ýumşamak bilen bolýar. Bir sellemden soñ gapagyny açyp, ody peseldip, gaýnatmagy dowam etmeli. Bugdaý doly çişip ýumşanda, ody öçürip, bugdaýy süzgüç bilen alyp gaplara goýmaly. Tagamy gaýnan mekgäni ýa-da salýan şorja dänigi iýseñ hezil edinýärsiñ... ■ GOWURGA Bugdaý oragy dowam edýärkä, täze ýetişen bugdaý hasylynyñ birki kilogramyny alyp, arassalap, aşagy güýçli közli gyzgyn gazana oklardylar. Ol gazandaky bugdaýy kepgir bilwn yzygiderli bulansoñlar, edil bişmeginiñ öñ ýanynda onuñ üstüne künji oklap bile gowrardylar. Ynha, şol wagt gowrulýan täze bugdaý hasyly bilen künjiniñ hoştap ysy çar tarapa ýaýraýar. Ol bişirilýän tagama türkmenlerimiz "gowurga" diýýärler. Garry eneler ol lezzetli tagamdan daş-töweregindäki çagajyklara käseläp paýlardylar. Gowurga iýmegiñ keýpi gowrulan günebakar çigdiniñ mañzyny iýmegiñ lezzeti ýalydyr. Ony şatyrdadyp iýýän çagalaryñ keýpleri kökelýärdi. ■ ÝARMA Täze ýygnalan harmandaky bugdaý açyk meýdanda guradylyp, soñra iki-üç adam ol bugdaýy pil bilen alyp, ýele garşy sowurýarlar. Oña harman sowurmak diýýärdiler. Şonda jemlenen bugdaýyñ içindäki gylçygy, harpygy, beýleki ösümlikleriñ däneleri bir gapdala aýrylyp, bugdaý däneleri arassalanýar. Ol arassa bugdaýlary jemläp, degirmene äkidip, nobata durup üwedip öýüñe getirýänçäñ, ýene-de bir aý töweregi garaşmak gerek bolýar ekeni. Şonuñ üçin ata-babalarymyz ol täze hasyldan bolan bugdaýyñ 5-10 kilogramyny el degirmeniniñ uly dişinde üwäpdirler ýa-da sokuda döwüpdirler. Ol ikä, üçe bölünen bugdaý dänelerine türkmenlerimiz "ýarma" diýýärler. Ýarym kilogram ýarmany alyp, uşakgöz elekde eleýärler. Elegiñ gözeneginde ýarma galýar, aşak bolsa bugdaýyñ uny gaçýar. Soñra gazanda käşiri, sogany, bölek-bölek eti (kellebaşaýagyñ eti bolsa, ýarma has hem datly bolýar) ýag bilen (palaw bişirilendäki ýaly) gowurmaçlaýarlar. Olar ýagşy gowrulandan soñ, gazana üç litr suw guýýarlar. Ol suw kellebaşaýagyñ gaýnan suwy bolsa, ýarma has hem lezzetli bolýar. Haýal ýanýan otda gaýnan ol gazana ýarym kilogram ýarmany guýýarlar. Soñra gazany kepgir bilen yzygiderli bulap durmaly. Sebäbi ýarmanyñ gazanyñ düýbüne ýelmeşmegi ahmal. Onsoñ 2-3 sagat yzygiderli bulanyp duran ýarma şeýle bir bişýär welin, iýsen tagamy agzyñdan gidenok. Bäş-alty adamy doýurjak guşgursak bugdaýyndan taýýarlanan ýarma ynha şeýle bişirilýär. * * * Hakykatdan hem bugdaý türkmeniñ ýaşaýşynyñ bir bölegi. Köp ýagdaýda gowy zat "bugdaýa" meñzedilýär. "Bugdaý nanyñ bolmasa, bugdaý sözüñ ýokmudy?!" diýmegiñ özi adamlara hoş sözli, sypaýyçylykly bolmagy ündew edýär. Türkmenlerimizde ýüz-gözi nurana adamy sypatlandyrsalar: "Bugdaýreñk, meñizli-mañyzly kişi" diýýärler. Diýmek, nazarkerde türkmen bolmak üçin bugdaýreñk sypatda bolmak hem şert ekeni. ■ SOÑLAMA Bugdaý - türkmen topragynyñ altyn hasyly, türkmen ojagynyñ Soltany. Bugdaý çöreginiñ saçagymyzda bol bolmagy milletiñ bagtyýarlygyndan nyşan. Ýeneki ýyllar hem bugdaý hasyly üçin bereketli, halkymyz üçin rysgallt ýyllar bolsun! Şeýle bolsa, hoştap ysly tümmül iýjek türkmene sümmül, künjüli gowurga we kellebaşaýakly ýarma iýjeklere hem bugdaý bol tapylar. Siziñ her biriñize her bir ekerançylyk ýyly türkmeniñ guşgursak däneli bugdaýyndan bişirilýän dürli tagamlary iýip, hözirini görmek miýesser etsin! Juma ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |