21:01 Zamanasynyň göwher täji | |
ZAMANASYNYŇ GÖWHER TÄJI
Taryhy makalalar
(Türkmen akyldary Nejmeddin Kubrany hatyralap) Gadymy türkmen ülkesiniň dürli sebitlerinde ýaşaýan aryf-danalar, alym-ulamalar irki orta asyrlardan bäri gadymy Gündogaryň taryhynda beýik akyldarlar hökmünde orun aldylar. Günorta Türkmenistanda Abulfazen Sarahsy (Sarahs baba — meşhur akyldarymyz Mäne babanyň piri), Haweran düzünde ýaşap geçen Abu Seýit Haýyr — Mäne baba, gadymy Horasan ülkesiniň paýtagty Merwde ýaşap geçen beýik akyldar — Hoja Ýusup Hemedany (hezreti Hoja Ahmet Ýasawynyň piri) hem-de gadymy Horezm ülkesiniň paýtagty Köneürgençde ýaşap geçen, meşhur alym, köp akyldarlaryň halypasy, hezreti Nejmeddin Kubra — gadymy Gündogaryň ruhy dünýäsiniň asmanynda, parlak ýyldyzlar ýaly nur saçyp, halky hak ýola çagyryp, ruhy hemaýat bolan beýik şahsyýetlerdir. Daşoguz welaýatynyň gadymy Köneürgenç şäheriniň goýnunda ýatan beýik akyldarymyz, ata Watanyny keseki ýurtly basybalyjylardan gahrymanlarça gorap, şehit bolan Nejmeddin Kubra hem hormatly Prezidentimiziň milli mirasy çuňňur öwrenmek, geçmişde ýaşap geçen beýik akyldarlarymyzyň döredijiligini seljerip, halka ýetirmek baradaky wezipeleri öňe sürýän zamanynda hatyralanylmaga mynasyp beýik akyldardyr... Türkmeniň şöhratly akyldary Nejmeddin Kubra 1145-1221-nji ýyllarda ýaşap geçen, aryf-danalaryň biri bolup, onuň erfançylyk ýolunda esaslandyran ugry häzirki wagtda hem Kubrawiýa diýip atlandyrylýar. Hezreti Nejmeddin Kubra ýaşlykda Köneürgençde horezm şalygynyň medresesinde bilim alan hem bolsa, ylmyny has kämilleşdirmek üçin Töwriz, Huzestan, Bagdat, Şam (Damask), Aleksandriýa (Müsür) ýaly şäherlerde nijeme ýyllap ýaşap, meşhur alymlardan dürli ugurlar boýunça düýpli sapak alyp, soňra ýene-de Köneürgenje dolanýar we ömrüniň ahyryna çenli ol ýerde ýaşap, ylma teşne watandaşlarymyza çuňňur ylym öwredip, kämilleşip, sebitiň abraýly alymlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Türkmen akyldary, ady yslam dünýäsinde şöhratlanan Nejmeddin Kubranyň pars we arap dillerinde ýazan gymmatly eserleri häzirki zamanda dünýäniň dürli ýurtlarynyň gündogarşynaslary tarapyndan uly gyzyklanma bilen içgin öwrenilýär. Elbetde, onuň ýazan ajaýyp eserleriniň hemmesi bize gelip ýetmedik hem bolsa, gelip ýetenleri öz döwrüniň naýbaşy eserleri hökmünde ykrar edilenlerdir. Geliň, olaryň käbirini ýatlalyň. 1. «Fawa'ih-al — jemel we fawateh al-jemal». («Gözelligi ýaýradyjy we ýeňşiniň şanlylygy»). Bu eserinde şeýh Nejmeddin Kubra özi hem-de piri-halypasy Ammar Ýasyr Bidlisi barada azda-kände maglumat hem berýär. Arap dilinde ýazylan bu kitap ilkinji gezek 1957-nji ýylda gündogarşynas F.Maýer tarapyndan Wisbaden şäherinde çap edilýär. Soňra bolsa Ýusup Zaýdan tarapyndan taýýarlanan nusgasy 1993-nji ýylda Kairde we Kuweýtde neşir edilýär. Hijri-şemsiniň 1369-njy (miladynyň 1990-njy) ýylynda bu eser Muhammet Bagir Saady Horasany tarapyndan arapçadan parsça geçirilip, neşir edilýär. Bu eseriň esasy mowzugy «Haka tarap ruhy ýolçulyk», ruhy seýriň (ýolçulygyň) kynçylyklary, maryfet (akyl ýetirmek), muhabbet (dostluk) we yşk (söýgi) ýaly mowzuklardan ybarat. 2. «Al-usul al-a'şara». («Haktagalla barýan ýoluň 10 şerti»). 3. «Adab us-suluk». («Terkidünýäligiň edebi»). Bu eserde sopuçylyk ýolunyň edebi barada söz açylýar. 4. «Tefsiri Kur'an». («Gurhana düşündiriş»). Bu eser 12 jiltden ybarat diýip, daşary ýurt alymlary ykrar edýärler. 5. «As-Safinat». («Hazyna»). Örän gysga bolan bu traktatda türkmen akyldary sopuçylyk ýolundaky şerigat, tarykat, maryfet, hakykat ýaly ruhy derejelere düşündiriş berýär. 6. «Şehri hadisi «Kuntu kanzan mahfiýan». («Men, bir syrly hazynadym» diýen hadysy-şerife düşündiriş»). Bu eser pars dilinde bolup, onuň nusgalary Eýran Yslam Respublikasynyň kitap hanalarynda saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň gadymy milli mirasy, öten-geçen beýik türkmen akyldarlarynyň, alymlarynyň işlerini içgin öwrenip, çuňňur seljerip, halka ýetirmek baradaky taglymatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge çalyşýan türkmen alymlary, türkmeniň beýik aryf-danasy, ata Watanyny gorap, şehit bolan hezreti Nejmeddin Kubranyň öz zamanasynyň talabyna laýyklykda, arap, pars dilinde ýazan eserlerini kämil terjime edip, milli mirasymyzy baýlaşdyrarlar hem-de halky bu beýik türkmen bilen içgin tanyşdyrarlar diýip umyt edýäris. Juma ATAÝEW Žurnalist ''Biznes reklama'' 15.06.2020. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |