03:39 Gaýtawul | |
GAÝTAWUL
Goşgular
![]() Has Türkmene bagyşlanýar Eger-de bir ýerde sataşsaň derde, Ýadyňdan çykarma, men-menlikdendir. Il bähbidi üçin tutaşsaň oda, Sahawatly köňül merdemlikdendir. Günäleme ruhum bir yşga köýse, Men daşdan başgaça, men başga öýde. Kineli kalplary kirleden öýke, Badyhowalykdan, gedemlikdendir. Hiç oýnuň deň germi namartlar bilen, Meýlis etdik sözde jomartlar bilen, Paýhasyň mizany simap bile deň, Göz ölçegiň bolsa mergenlikdendir. Bir gelip dur ýalan dünýäň toý-ýasy, Käwagtlar-a gerk-gäbe-de doýýarsyň. Goç ýigidiň başy bolmaz gowgasyz, Başa gelen emgek erdemlikdendir. Boljak zady bilmesek-de çak edip, Hata işi bolarmyka hak edip, Gahar gelse, aklymyzy tükedip, Tokmaga ýapyşsak tenteklikdendir. "Başyň gama berme, köňlüň gubara", Goýmagyl bäş günlük ömrüň humara, Bolup ýörsek iki jahan awara, Sahtalykdan ýa-da serserlikdendir. Kalbyň ýasama däl, kalbyň Köpetdag, Ynsanlykdan gözbaş alan sypat bar, Seniň uýýan taglymyňny hak edýän Söz heýkel ýasalýan mermerlerdendir. Sylapberdi MUHAMOW. 31.08.24. Aşgabat. 03:34. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||
| ||