16:16 Kol-hoz-çy / hekaýa | |
KOL-HOZ-ÇY
Hekaýalar
Ertir Oraz, Myrat, Aky, Begenç... aý, garaz, uly oglanlaryň bir toparynyň etrap merkezine alaň-çaýlaň etmäge gidýändiklerini öňünden eşitdik. Ulularyň bir ýere gitjegini eşidäýsek, biziňem dabanymyzyň aşagy gijäp ugraýar. Eýdip-beýdip daklyşmasak bolanok. Ulular bizi äkitmejek bolup, käte ýalbarýarlar, "Рylan zat getirip bereli!“ diýip, wada edýärler, käte-de haýbat atyp görýärler. Bizem, näme, olar wada berseler, – ynanan bolýarys, haýbat atsalar – gorkan bolýarys. Soňragam garama-gara yzlaryna düşüberýäris. Oraz dagy hondan bärsi bolşup ýola düşdüler, bizem olaryň yzyndan. Bizem azlyk däl. Kellämiziň gyzgynyna ädimi has gataldaýypdyrys öýdýän, bir görsek, öňdäkileriň ökjesini basyp diýen ýaly barýarys. Myratmy-biri sakga durdy-da, yzyna öwrüldi: – Heý, size näm bar, sümügiňizi sallaşyp?! Eňeginiň bir gapdalynda-da bir bölejik kagyz ülpüldäp dur. – Eý, eňegine kagyz ýelmäpdir-eý – diýip, biziňkileriň biri pyşyrdady. – Päkä kesdirendir. Meniňem agam şeýdýä päkä kesdirse... Myrat welin, kagyzyndan bihabar, biziň üstümize çişen bolup dur: – Hany, hany, marş, marş! Ýeri, biz seniň aýagyňy basýasmy diýsene. Alaç ýok, yza öwrülip, marşlamaly bolduk. Ulularyň garasy daşlaşyberende, ýene yza döndük. Merkezi men birinji gezek görmeli däl. Öň kakam bilenem, Çary daýym bilenem gelip görüpdim. Ýöne, özüňkiler bilen gelip, özbaşdak aýlanmanyň lezzeti bir başga. Ynha, Berdiniň welin bu ýerleri birinji gezek görşi. Agzyny açyp, derrew yza galaýýar. Elinde-de kiçijik düwünçek. Üç-dört sany ýumurtgasy bar içinde. "Ejem bulary daýzaňlara eltip ber diýdi“ diýip, öwnenem bolýar. Daýzalarynyň etrap merkezinde ýaşaýandygyny ýaňzydyp oturşy-da! Illeriň-ä hakyky şäherde ýaşap ýören garyndaşlaram bar welin, şonda-da Berdi ýaly paňkyldap oturanoklar. Etrap merkezimiz welin dogrusy, oňadam. Aşgabat, Moskwa diýlende-de, biz-ä ilki şu merkezimizi göz öňüne getirýäris. Şunçarak bolsa, diýmek, Aşgabat, Moskwa-da gaty üýtgeşik ýerlerdir. Ynha, merkeziň oglanlary welin ugursyzrakmyşyn. Biziň ýalylary görseler, "Kol-hoz-çy!“ diýip gygyrýamyşlar. Aslynda-ha ol "kolhozdan gelen“ diýildigi bolmaly. Ýöne nämüçindir, şeý diýseler, ýarajag-a däl. Myrad-a (uly Myrat däl, kiçisi) "Nemäňe... hä, nerwiňe degýä" diýip düşündirýär. "Şonda senem jüw-lük, jüw-lük diýip gygyrmaly“ diýýär. Ululary gözden ýitirdik. Aý, gidibersinler, şolarsyzam ýolumyzy tapýas. Anha, köwüş dükanyndan aňyrrak geçersem welin, doňgaýmak satylýan ýer... – Eý, Aşyr, sen maňa häzir ýigrimi köpük ber. Men öýlerimize baran badyma gaýtaryp bereýin – diýip, Berdi eýýäm Aşyra ýalbaryp ugrady. Doňgaýmak ýalaşyp, ýene ýola düşdük. Şap-şup, şapyrt... Bir-birimize göz üçin, baý, şapbyldadýas-a. Indi nirä barjagymyzam bilemzok. Şeýle gaýdyberesiňem gelenok... Duýdansyz çykan çirkin sykylyk tas gulaklary gapypdy. Berdi doňgaýmagyna düwündi. Iň ökde sykylykçymyz Myradyň-a doňgaýmagy elinden gaçdy öýdýän. Görsek, hol beýleräkde özümiz ýalyrak üç-dört sanysy dur, hem sygyrýarlar, hem jem bolup: – Kol-hoz-çy, kol-hoz-çy – diýip, zowladýarlar. Bir-birimiziň ýüzümize seredişdik. Berdi ýalt-ýult edip, gaçjak boldy welin, Aşyr ezeneginden ýapyşdy. "Eý, nerwiňe degýär-eý“ diýip, Myrat pyşyrdady. Bizem özümizi dürsedik. Altymy, ýedi bolup, garaz, hemmämiz birden zowladyp ugradyk: – Jüw-lük! Jüw-lük!.. Olar bärik gaýtdylar. Berdi ýene gaçjak boldy, ýene bolmady. Gelenleriň biri has öňe dykyldy: – Näme diýjek bolýaňyz-eý? Bizdenem Aşyr öňe çykdy: – Seň özüň näme diýjek bolýaň? – Kolhozçy! – Jüwlük! – Kolhozçy! – Aýtma! – Aýdýa! – Ine, aýtsaň... Aşyr elindäki doňgaýmagyny ýaňkynyň ýüzüne palçyldadyp goýberdi. Olaryň hemmesi birden üstümize topuldy, bizem hemmämiz birden berdik paýyrda. Herimiz bir tarapa. Myradyň ýeňsesini nazarlap gaçyp barýan welin, biri köýnegimiň eteginden ýapyşyp alypdyr, asyl sypdyranok. Özem ulili bilen gygyrýar. Ýeňsäme öwrülmäge-de gorkup, şol gaçyp barýan. Ahyr ýaňky el ezenegimi goýberdi. Maý tapyp yzyma seretsem, Berdi... Baý, zörledýär-ow. Elindäki düwünçekdenem jüp-jüp edip sary suw damýar. Öňden barýan Myrat birden aýak çekdi. Bizem ýetip bardyk-da, içimizi çekäýdik. Hakyt, kanalyň üstünden geläýsek nätjek. Şundan aňryk geçäýseg-ä... Aý, geçip ýetişmedik. Kowup geldiler. Has-has, haş-haş. Özlerem eýýäm on dagy bolaýypdyr. – Hä-ä, ele düşdüňizmi indi... – Me-men... men size ýumurtgalarymy bere... – diýip, Berdi sakawlap ugrady. – Neme, oglanlar... – diýip, Myrat wagtynda onuň sözüni böldi – biz ýogsa-da nämüçin beýdişip ýörüs-aý?! Gelenler sessiz-üýnsüz bir-biriniň ýüzüne seredişdiler. Öňde duran dillendi: – Sögüp gaçdyňyz... – Oň ýerine sizem sögdüňiz ahyryn – Myrat ýeňsesini gaşady – Geliň-eý, oglanlar, bir zat edeliň. Siz-ä bize sögmäň, bizem size sögmäli. Hä! Berdi, senem indi sögäýseň... – Myrat Berdä ýumrugyny görkezdi. Gelenler eginlerini gysdylar: – Aý, bolýa... – Sag boluň-eý onda! – Sag boluň! Biz kanalyň kenaryny syryp, köprä tarap ugradyk. Birneme ara açylansoň, Myrat ýene sakga durup, yzyna seretdi, bizem sakga durup, yzymyza seretdik. Kowguçylar şol duran ýerlerinde durlar. Myrat birden elhenç sygyrdy-da: – Jüw-lü-k! – diýip, gygyrdy. Soňam göterdi ökjäni. Wah, şeýtjegini bilýärdim-le. Şeýtmese, ondan Myrat bolmaz-a... Bizem Myratdan galmadyk. Bir seretsek, yzdakylar alatozan bolup gelýärler. Indi biziňkiler ýetdirjekmi diýsene... Kim näme diýse-de, merkeziňkilerem özümiz ýaly oglanlar eken. Gowy oglanlar eken. Ýogsam, şeýle sypdyrmazdylar-la! * * * Bir-biregiň içini ýakjak bolup, "Kolhozçy!“, "Jüwlük!“ diýlip gygyrylýan döwür indi geçmişe öwrülip galdy. Obamyzam özgerdi, artdyryp aýtdygym däl, ol häzir etrap merkezinden birjigem pes oturanok. Indi etrap merkeziniň oglanlary biziň obamyzy ýörite görmäge gelýärler. Ýöne ýaňky gürrüň beren wakam welin asyl-asyl ýadymdan çykanok. Käte-käteler, iş-aladadan ýadan mahalym, şol wakany ýatlaýan welin, ýadawlykdan nam-nyşan galanok. Ol wakanyň gyzyldan gymmatly çagalyk döwrüm bilen baglanyşyklydygy üçin şeýle bolmagam ahmal. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |