17:20 Milli mertebe mukamy | |
MILLI MERTEBE MUKAMY
Edebi makalalar
Çeper edebiýat näme? Edebi zehin näme? Wagt geçýär, täzeden-täze, ezberden-ezber ýazyjy-şahyrlar orta çykýar. Her täze zehiniň edebiýat meýdanyna gelmegi bilen, ýokarky soraglaryň jogaby gitdigiçe aýdyňlaşaýjak ýaly welin, tersine, ol barha çylşyrymlaşýar. Sebäbi her bir çyn zehin edebiýata heniz belli bolmadyk öwüşginler, öwrümler, tärler, keşpler getirýär. Anha, onsoň, ýaňybir çözgüdini tapdym edeňkirlän sowalyň üstüne täze sowallar münýär. ...Çärýek asyr mundan öň, ýaşajyk talypkak, «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda şol wagtky ýaş ýazyjy Agageldi Allanazarowyň «Ýedi däne» atly ilkinji powesti çap edildi. Mugallymlaryň maslahaty bilen, Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda bu eser barada pikir alyşmagy karar etdik. Maslahata ýazyjynyň özem geldi. Şonda talyp talabymyz, gögele gömelteýligimiz, jahyl jedelkeşligimiz bilen, powestiň üstüne topulyşymyz ýadyma düşýär. Ýazyjynyň bar aýdylanlary ünsli, sabyrly diňläp oturyşam ýadymda... Şeýle bir hekaýat bar: Allatagala aty ýaradansoň, beýleki janly-jandarlary ýygnap, bu işe baha bermeklerini sorapdyr. Şonda düýe birýandan çykyp: «Bu janawaryň galan ýer-ä bolýar welin, şu boýnunam has egri eden bolsaň, juda owadan boljak eken» diýipdir. Soňra eşek aýdypdyr: «Şunuň gulaklaram meniňki ýaly uzyndan salpyrak edilen bolsa, tüýs gelşigine geljek eken». Öküzem öz gezeginde bögürip, bu atyň synasynda ýekeje ýetmeziň bardygyny - iki sany şahyň kemterlik edýändigini ýaňzydypdyr. Biziňkem şol gezek şo «synçylaryňky» ýaly bolaýdy öýdýän. Eýsem, bizi şol wagt gyjyklan, öjükdiren zatlar nämedi? Ilkinji nobatda, powestiň şol wagtky edebiýat teoriýasynyň köp kada-kanunlaryna gabat gelmeýänligidi. Iň bir üşerden zatlaryň birem − powestiň diliniň ýylmanak, owadan jümlelerden ybarat däl-de, birhili, büdür-südürräkmi, tikenliräkmi, tokga-tokgarakmy, aý, garaz, başgaçalygydy... Indi görüp otursak, şo zatlar «Ýedi dänäniň» kemçiligi däl-de, eýsem, artykmaçlygy, türkmen edebiýatyndaky başgaça, üýtgeşik bir kyssanyň başlangyjy eken. Mugallymlarymyz ala-böle şol poweste biziň ünsümizi çekmäge çalyşmalaram ýöne ýerden däl eken. ...Ynha, bu gün şol «Ýedi däne» ýene elimde. Bu eser bilen bir döwürräkde, nusgalyk hökmünde öňe sürlen keşpleriň, gahrymanlaryň köpüsi möwritini ötürip, döwrebaplygyny ýitirdi. Emma esger Nazarowyň welin şol juwanlygy, şol garagol hyýalbentligi, şol açykgöwün sadalygy. Agageldi Allanazarowyň ýazyş usulam, onuň gahrymanlaram, daşyndan göräýmäge, sadalaç ýaly. Emma olaryň dünýäsine içgin aralaşdygyňça, şol sadalygyň aňyrsynda nähili çuňlugyň, nähili öwrümleriň ýatandygyny görüp, haýran galýarsyň. Ynha goja awçy bilen agtyjagy çöl içinde tirkeşip, hümürdeşip, käte bir-birlerine sala salşyp, käte-de bir-birini gižželäp gidip barýarlar. Gojanyň bu gün awy oňanok. Ol muňa öz agtygynyň ýanynda niçikler müýnürgeýär, öz-özüne käýinýär, agtygyna beren sözüniň yzynda durup bilmeýänligine örtenýär. Emma... ýaňky gojanyň yzyna düşüp gelýän oglanjygyň entek bu dünýäniň dirileriniň hatarynda ýokdugyny, onuň şindi niçe ýyllar bäri diňe gojanyň hyýalynda, arzuwynda ýaşap ýörenligini soň-soň aňşyryp galýarsyň («Goja» hekaýasy). Şeýle duýdansyz öwrümler, ýönekeý zatlaryň arasynda gizlenen çuňňur, müdimilik pikirler, pelsepeler ýazyjynyň eserleriniň islendik döwürde, islendik ýurtda höwes bilen okalmagyny üpjün edip bilýär. ...Ýazyjynyň eserlerinden çen tutup, ony haçan, näçe ýaşynda ýazanlygyny anyklamak kyn däl. Sebäbi ýazyjy diňe bir ömrüň dowamynda ençeme adamyň ömrüni ýaşamaga ýetişýär. Şonuň üçinem ol öz eserinde bir görseň, neresse çaga ýaly, bir görseňem, köpügören, pähimdar goja ýaly. Şu ýerde häzirki zamanyň iň uly ýazyjylarynyň biri Çingiz Aýtmatowyň Agageldi Allanazarowyň «şol bir gezek uçan it» atly eserine uly baha berip ýazan sözbaşysyndaky «Çagalara uly bolup görünmegiň hökman bolşy ýaly, ululara hem çaga bolup görmek hökman» diýen sözleri ýadyňa düşýär. Şu sözleri ilkinji nobatda ýazyja degişli hasap edip, ony şeýleräk düşündirmek mümkin: ýazyja çagaka-ha uly bolup, uluka-da çaga bolup, hatda, bagyşlaň weli, at ýa-da it, gurtmudyr guş bolubam görmek hökman. Eger şeýle bolmasa, «Iner ýüki», «Çat açan menzil», «Gyr atyň howalasy», «Şol bir gezek uçan it» ýaly powestleri, «Ak ýelken», «Goja», «Zenan bagty», «Urşa giden adam», «Çabdary» ýaly hekaýalary nädip ýazjak? Ynha, «Iner ýüki» uruş döwründe kakasynyň, agalarynyň, umuman, tutuş «serdarlar» neberesiniň erkekleriniň ornuna galyp, şolaryň barynyň ýüküni öz ejizje gerdenlerine alan oglanjyk. Ony okasaňyz, bu eseri ýazan adamyň uruşdan has soň, 1948-nji ýylda doglandygyna ynanmarsyňyzam. «Çat açan menzil» bolsa sizi ondanam has aňryk − XX asyryň 20-nji ýyllaryna tarap alyp gider. Ýa-da «Şol bir gezek uçan it» atly erteki-powesti okap: «Bu adam itleriň, möjekdir tilkileriň ýa-da garaguşlaryň dilini nireden bilýärkä?» diýip, geňler galmagyňyz gaty ähtimal. Hawa, hakyky ýazyjy şeýle diýdirip bilýär. Ýok, ýazyjam asmandan inäýenok. O-da iller ýaly, ýerde doglup, ilki emedekläp, soň deň-duşlary bilen basalaşyp,kowalaşyp, okap, işläp ulalýar. Ýöne şol ulalmanyň barşynda, ol köp zatlary başgaça görýär, başgaça eşidýär. Şo-ol bir gezek görlen wakalar, eşidilen sözler beýlekileriň gözüne-gulagyna ilenem däldir ýa-da ilen badyna ýatdan çykyp gidendir. Emma o zatlar geljekki ýazyjynyň welin ömürlik ýüregine ornap, beýnisine çümüp galýar. bagty gelibem köp zatlaryň täsiri bilen, şol görlen-ýeşidilenlerden täsin-täsin eserler döreýär. Ýeri gelende, ýazyjy Agageldi Allanazarowyň terjimehaly hakda-da öz bilýänlerimi aýdyp bereýin. Ol, öňde aýdyşym ýaly, 1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda dünýä inýär. Obalaryndaky orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan dessine-de Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde onuň edebiýat älemindäki ilkinji şowly ädimlerine ýol açylýar. Soňra ol goşun gullugyna çagyrylyp, desantçylaryň sapynda gulluk borjuny abraý bilen berjaý edýär. Şol wagta çenli ýazyp ýetişen goşgularydyr kyssa eserleriniň kömegi bilen, harby gullugyň yzysüre, Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyna okuwa kabul edilýär. Şol okuwy tamamlaýança-da ol özüniň özbaşdak döredijilik ýoluny diňe saýgaryp-seljermek däl, eýsem, şol ýoly ägirt-ägirt halypalar tarapyndan ykrar etdirmäge-de ýetişýär. Agageldi Allanazarowyň edebiýat meýdanyna şeýle ynamly gelip, bada-badam ol ýerde öz ornuny tapmagynyň tötänlik ýa-da «arkalylyk» däldigini ýazyjynyň soňra yzly-yzyna neşir edilen «Günüň öýi», «At gaýraty», «A» ýazýan», «Ýedi däne», «Iner ýüki», «Üç murtlak kapitan», «Çat açan menzil», «Gyr atyň howalasy» ýaly kitaplary hem-de dünýäniň dürli dillerinde çykan beýleki köp sanly eserleri subut etdi. Edebiýatda bitiren hyzmatlary üçin ýazyjy 1983-nji ýylda Türkmenistanyň edebiýat we sungat boýunça ýaşlar baýragyna mynasyp boldy. Çyn bagşyny sesinden, sazandany kakuwyndan, çyn bedewi toýnak urşundan tanap bolýar. Eýsem, hakyky ýazyjyny haýsy alamatlardan tanasa bolar? Şeýleräk bir ahwalat, belki, size-de tanyşdyr: öň bir ussadyň elinden çykan gowy goşgynyň ýa-da aýdymyň, hatda kyssa eseriniň käbir setirleri oslagsyz ýagdaýda birden hakydaňa gelýär-de, hiňleneniňi ýa-da pyşyrdanyňy duýman galýarsyň. şonda ol setirler öz kalbyň bir ýerlerinden çogup gelýän ýalam bolaýýar. Sebäbi olar ýürege şeýle bir ýakyn, şeýle bir mähriban... Golaýda men Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň tabşyrygy bilen, Ata Gowşudowyň «Dordepel» kitabyna sözbaşy ýazmak üçin kelle döwýärkäm, «Dordepel mydama biziň ganymyzda at salyp ýör» diýlen jümle dilime geldi-de, begenip muny ur-tut kagyza geçirmekçi boldum. Soňam aýdyma meňzeş bu üýtgeşik jümläniň şeýle aňsat tapylaýşyna geň galyp, gitdim iňkise. G. Ezizowdyr H.Kulyýewden başlap, öz eý görýän şahyrlarymyň barynyň diwanlaryny dörüp çykdym. Iň soňda-da... «Gulagyma özüme ýakynlap gelýän Gyr atyň güpürdisi eşidilýär. Soňundanam şol güpürdä meňzeş sazlaşykly urgular kem-kemden meniň ýüregimi eýeläp ugraýar. Her gezek ýüregim at toýnaklarynyň sesi bilen bir perdedendeň gopup ugran mahaly Gyr at dabyrdap, meniň ganymda aýlanyp ugraýar...» Bu setirler asyl Agageldi Allanazarowyň «Gyr atyň howalasy» atly powestinde öňräkden bäri lowurdap duran bolsa nätjek! Ýazyjylykda iňňän synçy göz bilen jam ýaly gulak hem duýgur ýürek örän derwaýysdyr welin, şol gözdür gulagyň hem ýüregiň tapan zatlaryny beýana salmak üçin gaty jadyly dilem gerek. Ynha, ýokarda ýatlanan powestden ýene bir parçajyk: «Gyr at her ýerden bir basyp, göwün imrindirip çapan mahaly, ony görmäge göz gerek. Agzybir inişip düşýän toýnaklaryň aşagyndan ot syçraýar. Töweregiň süňňünde maýdaja saňňyldy peýda bolýar. Gyr at şemala ýazylyp, pasyrdaýar. Ol haýsy menzile ýetse, bada-bat şol menzil özgermek bilen. Töwerek lowurdap, öýe täze gelin giren ýaly, göze ýakymly alamata öwrülýär. Gyr at seleň meýdan bilen otlary göwüsläp gelýän wagty, ol kükregi bilen tolkunlary öňüne salyp, daş-töweregine suw syçradyp, suwdan çykyp gelýän suw atyna meňzeýär». Agageldi Allanazarow näme hakda ýazsa-da, bar zada jan salyp, bar zady adamlaşdyryp hem-de... türkmenleşdirip bilýär. şu ýerde ýaşuly galamdaşlarymyzyň biriniň Agageldi Allanazarowyň döredijiligi hakda şeýleräk pikir aýdany ýadyma düşýär: Agageldi ýazan zadyna öz adyny ýazmasa-da, onuň şonuňkydygyny bir alamatdan − türkmen äheňinden, diňe türkmene mahsus bolan inçe zatlary tutuşyndan bilse bolýar. Muny başarmak üçin bolsa, ganyňda mydama Gyr at iki ýana dabyrap, at salyp ýören bolmaly. Agageldi Allanazarow, iň bärkisi, «Sallam-sajak bulutlary döw münen ýaly münüp geljek ýaz ýagmyry» diýip ýazanda-da göwnüňe, şol döwe meňzeş bulutlaryň gerşinde türkmeniň buýra-buýra silkme telpegi görnüp giden ýaly bolýar. Bu häsiýeti, bu alamaty «Millilik» diýlen söz bilen düşündirse bolar. Agageldi Allanazarowyň eserleri dünýäniň haýsy ýurdunda (Russiýada, Ýewropada, Ýaponiýada, türki dillerde) çap edilse-de, onuň tutuş döredijiligine mahsus bolan millilik öwüşgini bada-bat göze ilýär. Bu öwüşgin, bu aýratynlyk has-da gowy, aýyl-saýyl görünýän bolsa gerek. Agageldi Allanazarowyň eserleriniň Moskwada çykan ýygyndysyna belli rus edebiýatçysy, terjimeçi W.Orlowyň ýazan sözbaşysynda şeýle diýilýär: «Hatda kim-de-kim entek Türkmenistanda bolmadyk-da bolsa, onuň ýurdunyň bol çoguna çoýunmadyk, ol ýerde ýaşaýan giň göwrümli, mertebeli, zähmetsöýer halky görmedigem bolsa, Agageldi Allanazarowy okansoň, ol ýurdy söýüp, sarpalap, hormat goýup ugraýaň. Bu häsiýet diňe hakyky, milli ýazyjynyň döredijiligine mahsus...» Millilik − gaty inçe, düşünmesi kyn düşünje. Muňa öň ýazyjynyň artykmaçlygyny, ussatlygyny aňladýan söz däl-de, eýsem, onuň garşysyna ulanylýan ullakan aýypnama hökmünde seredilen wagtlaram boldy. Emma Agageldi Allanazarow ýaly çyn ýazyjylar şo döwürlerde-de milli bolmaklykdan gorkmadylar. Muny aňan Kerim Gurbannepesow ýaly ägirt halypalaram: «Buzaluwatjyk... türkmen ata çykmaly diýýär, oňa Gyr atyň howalasy gerek diýýär» diýmekden, ony goldamakdan çekinmändiler. Eýsem, eseriňe nädip «milli» diýdirip bolýar? Don-telpek bilenmi? Atdyr düýe bilenmi? Ýa-da pajarly, haýbatly, gabarak sözler bilenmi? Ýok. Ýok-la! Sen müň kerem, million gezek «Türkmen! Men − türkmen!!!» diýip gygyraý, seniň o gykylygyňa pitiwa etjek ýokdur. Emma eserleriňde ar-namys, abraý üçin, özünden on esse güýçli adamlar bilen, olaryň aždarha ýaly itleri bilen dikleşmekden gorkmaýan oglanjygyňam keşbini döredip bilseň («Iner ýüki»), onda seniňem, ol oglanjygyňam kimdigini soraman bilerler. Türkmen häsiýetiniň edil Görogly ýaly murtlaryny towlap, gözlerini alardyp, ör-boýuna galýan pursadyny siz «Çöl kanuny» atly hekaýada-da görersiňiz. Ol häsiýet bu gezek Jumagylyjyň we onuň garryja ejesiniň keşbinde jemlenipdir. Ynha, Jumagylyç öz gandar duşmany − bolşewik esgerbaşysy Semýony ölümden halas edip, ýaralaryny bejerip, indem ugradyp barýar. Duşmany ilk-ä oňa müňkürlenýär, soňam nädip minnetdarlygyny aýan etjegini bilenok. Ine-de, Jumagylyjyň iň soňky sözleri: «− Ýoluňa git, ýoluňa. Seniň bilen takal okaşyp durara mende wagt ýok. Sen meni göreňok, menem seni. Onsoňam, men seni halas edemok, seni türkmen agaň arkama-arka aýlanyp ýören, ejize eýe çykmak däbi halas etdi. ...Şuny bilip goý! Sen meni nirede görseňem, aýamagyn, gözümden urgun! Duş geläýseň, mendenem gowulyga garaşma...» Indiki duşuşykda Jumagylyç Semýonyň esgerleriniň okundan wepat bolýar. Emma diňe namartlyk däl, eýsem, mertligem ýokuşagan zat bolara çemeli. Semýon öz hereketi üçin özüne nämäň garaşýanlygyny bilip dursa-da, Jumagylyjyň jesedini çöl ýerde gurda-guşa taşlap gaýdybermäge razy däl. «Näme üçin Jumagylyja meni − gyzyl komandiri ölümden halas etmek bolýar-da, maňa onuň jesedini adam ýaly jaýlamak bolmaýarmyş? Oňa çölüň kanunyny ýatlap, ölümiň çukuryna aýak sallap oturan duşmanyny alyp galyp, ata-babalara hormat etmek bolýarmyş-da, men näme üçin hiç bir kitaba ýazylmadyk bu ýagşylygy etmeli dälmişim!? Onsoňam, galyberse-de, menem şu çölde doguldym ahyryn.» Agageldi Allanazarowyň gahrymanlarynyň aglabasy, anha, şol ýazylmadyk, ýowuz, ýöne adyl kanun boýunça hereket edýärler. Şonuň üçinem, olary öldürip, ýok edip bolýar, emma ýeňip bolanok. Ony ýazyjy hiç ýerde gönüläp aýdanok, ony okyjynyň öz-özi, öz ýanyndan pyşyrdap aýdýar. Ony aýtdyrýan − Agageldi Allanazarowyň diňe ynsan-gahrymanlaryna däl, haýwan-gahrymanlaryna-da («Şol bir gezek uçan itdäki» Möngözlüje, «Çabdarydaky» Çabdary we beýlekiler) mahsus bolan mertlik, merdanalyk sypaty. Agageldi Allanazarowyň gahrymanlary ykbal çaýkawynyň herjüre oýunlaryna sezewar bolsalar-da, şol mertlik mertebesini ýitirmän bilýärler. Şeýle gahrymanlary bolan edebiýaty, şeýle edebiýaty bolan milleti hiç güýç ýeňip bilmez. Sebäbi bu edebiýatyň, bu mertligiň aňyrsy gaty düýpden − Oguz handyr Gorkut atadan, Görogludyr Magtymguludan, Seýdidir N.Saryhanowdan... hem Agageldi Allanazarow ýaly täze güýçlerden gaýdýar. Türkmende bu güýç tükenmeýär. Türkmeni täzeden ata çykaran beýik Galkynyşlar eýýamy bu gün şeýle güýçlere, şeýle eserlere giň ýol açdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly ilbähbitli tagallalary netijesinde edebiýatyň, sungatyň iň gowy nusgalaryny goldamaga, olary halk köpçüligine ýetirmäge, ýaş nesli şol nusgalaryň ruhunda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredi. Türkmende «Sen daga dag diýseň, dagam saňa dag diýer» diýen dana söz bar. Agageldi Allanazarowyňky ýaly gowy eserlerigoldasaň, apalasaň, düşünseň hem düşündirseň, ol eserlerem öz gezeginde halkyna, Watanyna, döwrüne bimöçber nepini ýetirip, olaryň abraýyny öňküsindenem artdyryp bilýär. ...Size şu aýdan zatlarymy ýazmak üçin Agageldi Allanazarowyň eserlerini, gör, näçenji gezek gaýtadan okap çykdym. Şeýdibem, men bu ajaýyp ýazyjyny özüm üçin ýene-de bir gezek täzeden açdym. Oňa täzeçe düşündim. Şeýle bagty men, mähriban okyjylar, size-de arzuw edýärin! Kömek KULYÝEW, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |