15:45 Gürp / hekaýa | |
GÜRP
Hekaýalar
Sowet döwründe şeýleräk wakalaram bolaýýady... ...Töweregi goýun yzlaryndan doly gyrymsy agaçlygyň içinde bir düşnüksiz hereket bar. Mundan parran geçýän ýoda şekilli boş zolagyň ortarasyndan, ýeriň astyndan bajak-bajak gum zyňlyp-zyňlyp çykyp dur. Adam garasy görnenok. Soňrak, düýşden gelýän ýaly, bir ýerlerden çalaja "düňňür-düňňür“ jaň sesi eşidilip ugrady. Bu çalajan sesiň yzyna düşübem, ynha, bir uly süri yrgyldap gelýär. Hälki çukurdan gum çykmasy kesildi-de, gumuň ýerine bir adam kellesi zompuldap çykdy. Ol kelle bir ýalt-ýult etdi-de, ýene ýere girdi. Soň bir pil çykyp, çukuryň agzyna gerňeldi. Piliň sapyndan ýapyşan iki sany gujurly el, yzy bilen bir çakganja göwräni alyp çykdy. Bu piliň, elleriň, göwräniň eýesi, dogrudanam, çalasyn adam eken, ol desbi-dähel daş-töwerekden çöp-çalam çekişdirip, çukuryň üstüni basyrdy, gyra üýşen gumam töwerege pytradyp, ýaýradyp, bilinmez ýaly etdi. Şol aralykda özi bilenmi, Allatagala bilenmi ýa şeýtan bilenmi gürleşibem ýetişdi: – Ýa, bir Ýaradan... belki, bir-ýarymy düşäýedi-dä, şunça azap etdim. Dogry-da, näme iş etseňem, halallap etmeli. Maňlaý deriňi döküpjik gazanmaly, şonda halal bolýar... Ýarym günläp iş edinip, adam boýy çukur gazaňsoň, şuňa doňuz düşse-de, halal bolar. Ol ýüz-gözündäki derden, kirşenden dörän palçygy eliniň tersi bilen süpürişdirip, süriniň gelýän tarapyna, soňra-da öz gazan gürpüne seretdi. Gürp taýyn. Oňat synlamasaň, bildirenogam. Ýaňky "gürp ussasy“ gapdalda pytraşyp ýatan gumalaklardan bir gysym çöpläp aldy-da, yrymyna: "Ýa, bisimilla...“ diýip, gürpüň üstüne seçip goýberdi. Soňam pilini alyp, agaçlaryň arasynda ýitirim boldy. Iki sany ýadaw çopany itdir eşegi bilen yzyna tirkäp, süri geldi. Ýaňrak goturlykdan açylyp, entegem endamynyň gijisi gitmedik serke boýnundaky jaňyny düňňürdedip, ýene şol agaçlygyň arasyndan ýol saldy. Goýunlaryň köpüsi agaçlygyň daşyndan ýaýraw berip, aýlanybrak geçse, käsi şu daryşganlykda-da serkäniň yzyna eýerdi. Süri bir äpet tozana öwrülip, çopan-sopany bilen gözden ýitip gitdi. Bir salymdan agaçlygyň arasyndan hälki "gürp ussasy“ – Welli peýda boldy. Ol ogry pişik ýaly hüşgär basyp, töweregine garanjaklap, gürp gazan ýerine geldi. Gürpüň üstündäki çöp-çalamlar, gumlar aşak dökülipdir. Çukuryň agzy hoňkaryp görünýär. Welli çukuryň gyrasynda çöke düşüp, usullyk bilen aşak seretse, çukuryň düýbünde, ynha, bir ýagyrnysy ýasy goýun ikiýana urnup, mäläp dur. Welli ellerini owkalady: – O-how... O-ho-ho-how... Ana, ana, ana-a-a... Hudaý berse guluna-a-a, getirip goýar ýoluna-a-a... Aý, bu gün-ä rysgalymyz öz aýajygy bilen ýöräpjik agzymyza gelipdir-ow! Häý, tüweleme, tüweleme, tüweleme! – Ol çukura elini uzatdy. – Püwşeýt-püwşeýt, häýt, janawar, tigi-tigi... – Mä-ä... – Wah, sesiňe döneýin, hä-ä-ä! Welli birden dikelip oturdy-da, öz ýanyndan hümürdedi: – Bo-how, muny indi bu taýdan nädip çykaryp bor? Ýeri, çykardyňam-da, soň muny arkaňa alyp gitjekmi? Wah, ýanyňa bir gulaçjyk ýüp alaý-da, samsyk! Goýnam aşakdan onuň ýüzüne seredip durşuna, ˝hä˝ berdi. Welli töweregine ýaltaklap, eline bir syryk aldy-da, çukuryň içine sallap, galgadyp ugrady: – Hüşt, hüşt, häý, şahy döwülmiş... ýeri, indi, şeýdip, sen aşakda, men ýokarda bir-birimiziň ýüzümize seredişip oturalymy? Ýa sen ýokaryk çyk, ýa men aşak düşeýin. Elbetde, awuň-oljanyň gyzgyny, kim bolsaňam, kelläňe urýandyr-da... Welli çukuryň gyrasyndan eglip, aşaklygyna elini uzatdy: – Püwkeýt, mäh, mäh... Şol barmaşa-da, ol deňagramlygyny ýitirip, çukuryň içine güpürdäp gaýtdy. Çukuryň içi ala-tozan, goýnuň tumşugydyr Welliniň ýüzi garym-gatym boldy. Şol gyzgyna, Well-ä goýny tutjakdan, goýnam gaçarman. Ýöne bu dar çukurda nirä gaçjak? Welli ahyrsoň goýny tutdy-da, ony göterip,çukurdan çykarjak boldy. Aý, ýöne, goýun däl-de gunt eken, göterder ýaly däl. Üstesine, elde-aýakda-da duranok. Welli goýny tutaklap, has-has edip durşuna, hümürdedi: – Häýt, bir keçje mahluk ekeniň-aý... Men-ä seni çukurdan çykarjak bolýan, saňa ýagşylyk etjek bolýan, senem depirjikläp, kakynjyrap-siltenjiräp, enter-pelegimi öwürdiň, diýmäýin diýsem... Welli çukuryň içinde goýnuň bir aýagyndan tutup, biraz salym oturdy, demini dürsedi. Soň goýna ýüzlendi: – Nähili-ow? Näme pikirjik edýäň? Häzir men-ä seni ýagty jahana çykarsam, senem onsoň ümdüziňe tutduryp, sypyp giderin öýdýänsiň, hä, şeýlemi? Ýo-o-ok, men indi sypdyrmaýan seni! Meniň elim seniň aýagyňdyr. Men seni çykarmasyna çykararyn, ýöne soň senem meni çykarmaly borsuň, aýajygyň bilen çekip çykararsyň... Welli goýun bilen gürrüňe gümra bolmadyk bolsa, çukuryň düýbüniň bir gyrasyndan çalaja jaýryk açylyp, oňa ýuwaşjadan gum akyp ugranyny görse-de görerdi. Ýöne görmedi. – Hany, onda, janawar, gaýrat edeli! Bu taýda beýdişip oturanymyzdan peýda ýok ikimiz-de çykaly, gideli... Hany, ho-op, ho-o-op, ho-op-ba-a-a... Ol goýny eýdip-beýdip egnine alan wagty, goýun raslap onuň ýüzüne depdi. Tas garagyny akdyrypdy. Welli birbada gaharyna goýny başyndan agdaryp ursa-da, soňrak hyklap, käýinjiräp, çyglyp, ony ýene ýokary galdyrdy. Goýny çykardym-çykardym edende-de, bir güpürdi gopdy... Welliniň aýagynyň asty oýulyp, ol goýun bilen bilelikde öňki duran ýerindenem has aşaga güwläp gaýtdy. Welli soňrak özüne gelip, daş-töweregine seretse, kiçeňräk gowak ýaly bir ýerde ýatyr. Hol çeträkde-de goýun gözüni petredip dur. Welli hasanaklap, ýerinden galdy-da, ýokarlygyna seretdi. Hol ýokarda, asmanyň bir bölejigi, sallam-sajak bolup duran çöp-çalamlar görünýär, başga zat ýok. – Eý, Allam, Taňrym! Bu näme boldugy? Maňa näm boldy, bu ýere men nädip düşüp ýörün? Jogap ýerine, diňe goýun birki gezek "Mä-ä“ etdi. Welli goýna tarap ýumrugyny çenedi: – Aý, bela-a saňa, mere-ez saňa... Ol el-aýaklaryny, gapyrgalaryny, bilini tutuşdyryp gördi-de, ýüzüni çytyp, başyny ýaýkady, goýna seredibem hüňürdedi: – Etjegiňi edip, indi nämä gözüňi çerreldýäň? Çerreldiber, ind-ä menden seni çykaran ýok. Kim çykarsa, şo çykarsyn! Häli maňa gulak asyp, diýenim bilenjik bolan bolsaň, ikimiz häzir şu gurrukda ýatmaly däl-ä. Samsyk haýwan! Ol oturýerini ýere goýup, kellesini iki dyzynyň arasyna sokdy-da, iki eli bilenem öz depesinden basyp, yranjyrap ugrady: – Haý, Welli, samsyk Welli! Şu gezeg-ä ymyklyja duşaýdyň öýdýän. Şeýdip otyrka, birden göwnüne, ýokardan kimdir biri seredýän ýaly boldy. Ol ýalpa gözüni açyp, ýokarlygyna seredende, çukuryň gyrasyndan sallanan gamyşdyr çöpler onuň gözüne, aşak gezelip duran adam barmaklary bolup göründi. "Oňa serediň, Welli hana serediň, ogry jana serediň!˝ diýen sesler, soňam zarply bir gülki çukuryň içinde ýaňlanyp giden ýaly boldy. Ýene ümsümlik, hol çetde çukuryň diwaryna gysmyljyrap duran goýnam dymýar. Bu ümsümlige çydamadyk Welli bir ýokaryk, bir goýna seredip, özi gürläp başlady: – Ýok, men beýtjek bolmadym, beýder ýaly, men ogry däl-ä, ogurlyk meniň ýadyma-da düşenok. Ýöne geçip barýardym, birdenem, çukurdan bir goýnuň sesi gelen ýaly boldy. Seretsem, çukuryň düýbünde bir goýun dur. Menem „Gel, şu janawary çykaryp goýbereýin-de, bir sogap gazanaýyn. Ýogsam, bu janawar ölüp galar bärde“ diýdim-de, çukura sallandym. Aýagym ýere ýetmänem, aşak ýykyldym... Ol diňşirgenip oturdy-da, ýeňsesini gaşap, ajy ýylgyrdy: – Şu diýýänleriňe özüň bir ynanýaňmy, Welli?! Şo wagt goýun "Mä-ä“ etdi. Welli: – Mere-e-ez... Senden zat soraýan barmy?! Çukuryň içi garaňkyrap, jyzlanlaryň jyr-jyry eşidilip ugrady. – Beh, indi gijänem şu ýerde, şu aňkaw goýun bilen depişip geçirmeli bormuka? Içlerem-ä eljuk diýýär – Welli biraz pikirlenip oturdy. – Bu taýy näme boldugyka-how? Gurruk guýumyka ýa bir gizlin gowakmyka? Häli men gazýarkam-a, hiç hili alamat ýokdy. Ynha, birdenem, güpürt... Be-e, bu bir gizlin gowak bolup, munda-da, ynha, bir gyzylly hazyna bukulyp goýlan bolsa! Häk, häli gündizlikde eýlesine-beýlesine gowuja seretmändirinem. A-how, gyzyl-pyzyl, hazyna-pazyna bolsa, oň töwereginde ýylandanmy-aždarhadanmy, döwdenmi-jyndanmy garawulam bolýar diýýädiler-le... Welliniň ysytmalyňky ýaly sandyraýan elleri onuň jübüsini dörüp, otluçöpi zordan tapdy. Oduň yşygyna iki sany göz ýaldyrap, ýanyp göründi. – Waý, eje! Welliniň haýkylygyna odam öçdi. Birbada ümsümlik. Birdenem hälki gözüň ýanan ýerinden "Mä-ä“ diýlen ses çykdy. – Haý, sesiňe suw guýulmyş diýsänim... Gözüňi ýaldyradan bolup... Näme, bu adamlar seniň sesiňden gorkýandyr öýdýäňmi? Mäläber. Men-ä ýatjak. Soňrak ýene bir çybşyldy, şygyrdy eşidildi. Welli ýatan ýerinden zöwwe dikeldi: – Eý, kim bar? Welliniň elleri ýene töweregini sermeläp ugrady, otluçöp tapdyrmady. Şol barmaşa, onuň elleri bir tüýlek zada galtaşdy, – Waý, döw aga... maňa degme! – diýip, Welli aglamjyrap gygyrdy – Men bir ýetim... "Mä-ä“ sesi çykdy. – Ýene senm-aý, diýmäýin diýsem... Sen meni günüme goýjakmy ýa ýok? Welli ýene guýlunyp ýatdy. – Ýa, Allam! Ýa Perwerdigär! Şu taýdan sag-aman çyksam, ýoluňa bir janly sadaka! Janlymyz-a, Hudaýa şükür, bar – diýip, Welli sözüni has berkitdi. – Anha, dur mäläp... Hudaýýoluna sadakamyz bolsun... Dogry-da, gyssaga düşemizde ýa Alladan bir zat dilemeli bolanda-ha, iki elimizem serip gygyrýas, bermeli bolanda-da... Öz-özünden hümürdenip ýatyşyna, ol kem-kemden uka gitdi. Gijäniň bir mahaly, eli hasaly, ak sakgally, ak peşli bir goja peýda boldy. ol hasasyny Welliniň garagyna gezäp, gazap bilen dillendi: – Biz ol goýny "Adamlara gurbanlyk üçin“ diýip iberipdik. Indi ikiňiziň ýeriňizi çalyşmaly bolar, seniň damagyňy çalyp, seni ol goýun üçin gurbanlyk etmeli. Welli hopugyp oýanan badyna, iki eli bilen bokurdagyna, soňra kellesine ýapyşdy, ýerindemi dälmi, barlap gördi. Biraz ynjalyp, ýokarlygyna seretdi. Görse, daň atyp, jahan ýagtylypdyr. Welli ýalt-ýult edende, gapdalynda gäwüşäp ýatan goýna gözi düşdi. – Barmysyň-ow? Sag-aman ördüňmi? Bizem, ynha, ören bolduk. Ýeri, indi şu taýda, ýylan-içýanlaryň, döw-jynlaryň arasynda büküdip ýatmaly bormy? Men-ä seň ýaly bikär däl, müň bir işim, müň bir aladam bar... Eý, Allam! Ýa bir pirim! Maňa kömek ediň! Welli iki elini ýokaryk serip, biraz oturdy-da, ýene gygyrdy. Sesi ýaňlanyp gitdi. Ýene ümsümlik. Soňra Welli goýna ýüzlendi: – Senem-how, gözüňi mölerdip durma-da, gygyryber-dä! Näme, şu taýda haram öljekmi indi?! Meniň-ä ölesim gelenok. Senem merdräk bolaýarlar. Hany, bol, bile gygyraly. Senem öz piriňi çagyr, menem özümiňkini. Ýogsa-da, piriň kimdir seniň? Weýis... Weýsel... Weýsel Gara... Ýok, ol-a düýäňki bolmaly. Düýäň pirinden saňa delalat ýok, maňa-da! Ol... Nämedir... Mä-ä, Musa dälmi? Goýun çalaja mäledi. – Aý, bolýa, "mä“ diý-de, gygyryber! Nämä dursuň, agzyňa suw aldyňmy? Näme, indi men seniň ýeriňe mäläbem bereýinmi? Öz agzyndan çykan "suw“ sözi Welliniň agzyny suwartdy. Bogazy welin, gus-gury. Ol sözüne dyngy berip, kynlyk bilen ýuwdundy. Adamyň başyna iş düşende, birhili ýaňra bor eken. Adamlaryň ýanynda munça gürläp görmedik Welliniň häzir şu ýerde, goýnuň öňünde dili açyldy. Nätse-de, goýnam bolsa, öz zyndandaşyň-da... – Seniň şol pikiriň dogram bolmagy mümkin – diýip, Welli hälki gürrüňini dowam etdirdi. – Men häzir bogazyma zor salyp, zowladyp dursam, öten-geçenem bu taýda döw-söw bardyr öýdüp, ökjäni göterer. Goýnuň sesini eşitseler welin, gelmejegem geler, durmajagam durar. Hany, bol onda, mäleşeli! Mä-ä, mä-ä... Mä-ä-leý... Mä-ä-ha-a-aw! Näwagtlygy, niredenligi belli däl, bir wagt, bir ýerden jaň sesidir it sesi garyşyp, gelip ugrady. Süriniň öňünden gelýän serke bu gezek näme üçindir, agaçly oýtumdan sowlubrak, oýturaklap geçdi. Onuň ýerine, gazan kelle köpek gapdallap gelip, ilki duşan agajyň etegini ysgaşdyrdy-da, bir aýagyny ýokarrak galdyranam şoldy welin, ýene bu işi soňa goýdumy ýa başga bir zada ünsi bölündimi, seňk-seňk edip, agaçlaryň arasyna sümdi. Süriniň yzyndan aýagyny süýräp gelýän ýaş çopan bir sägindi-de, eşekli ýaşuly çopana tarap gygyrdy: – Nazar aga, it-ä şo agaçlaryň arasynda bir zat gördi öýdýän, gaty ýabşynyp-ýabşynyp üýrýär welin... Barlap geçäýelimi? – Barlasaň barlaý, Pälwan inim! Soňrak ýaş çopan agaçlaryň ýanyndan elini bulap, ýene gygyrdy: – Nazar aga, haw, Nazar aga! Nazar aga oňa tarap ugrady. ... Iki çopan çukuryň gyrasyndan aşak seredişip otyr. Nazar aga: – Beh, şunça ötsek-geçsegem, bu taýda şeýle çuň çukur baryny görmändiris. Ýöne şu ýerde bir wagt kärizmi ýa köne guýumy bir zat bolupdyr diýip, ýaşkagam gulagymyza degýärdi. Şo köne gurrukmy, kärizmi üsti açylyp, aşak hopaýdymyka? – Aşagyn-a biljek däl, Nazar aga! Ýöne ýokarsyn-a biri gara çyny bilen gazypdyr, soňam çöp-çalam bilen basyraýan ýaly, anha, hol çöplere seret! Häzir men başga bir zadam görkezeýin – diýdi-de, Pälwan ylgap gidip, agaçlaryň arasyndan bir pili alyp geldi: – Ine, agam! Nazar aga: – Hä, düşnükli! Diýmek, onda, biri bu taýdan gürpjagaz gazan bolupdyr. O-da şo köne gurrugyň üstünden düşüpdir - diýdi. Şol wagt aşakdan goýnuň "mä“ sesi eşidildi. Ýaş çopan ýene gurrugyň agzyndan aşak seretdi: – Beh, bularyň bir-ä goýun, beýlekisi kimkä? Aşakdan gyryljak ses geldi: – Bu men – Welli-i... – Hä-ä, boldy-boldy. Birki gün bäri obada towuk-towşan ýitmesi galdy diýýän weli, asyl Welli bärde ýatyr eken-ä. – Nazar aga... Agam... Kömek ediň, men ölýän... – diýip, aşakdan ýene ses geldi: - Men, ynha, goýnuňyzam tapyp goýdum. Iki gün bäri saklap otyryn, haçan idäp gelerkäňiz diýip. Ýaş çopan gülüp goýberdi: – Aý, tüweleme! Şu Welli gaty bir erbet adamam däl-how, Nazar aga! – Ýok, men erbet däl, meniň diňe adym erbet... – diýip, çukurdan ýene ses çykdy. Nazar aga dözmezlik etdi: – Aý, bor-da, Welli han! Seň bilen gep nokatlaşyp oturmaly şu wagt! Süri gidip barýar. Sen, ýöne, şol öňki edähetleriňi goýmaga söz berseň, biz seni çykaraly. – Bolýa, Nazar aga, söz näçe diýseň bereýin, ogurlygyň gyrasynda-ha hijem görünmäýin, gaýtam, biriňiziň bir zadyňyz ýitse, tapyp bereýin. Nazar aga ýaş çopana ýüzlendi: – Bar, Pälwan inim, hol eşegiň gaňňasyndaky külterlengi ýüpi çözüp al-da, biliňe daň, aşak sallan, men bärsini saklaryn... Goýnam özümiziňki, ogram. Çykaraly bulary! Dur entek, şo taýda iki ýüp bardyr, ätiýaçdan ikisinem al. Ýaş çopan diýlişi ýaly edip, aşak sallandy, bir ýüpe goýny, beýlekä-de bilinden aýlap, Wellini daňdy. Çukurdan ilki goýun çykdy, ol janawar, ýüpden boşadylan bada, mäläp, ylgap, sürä goşulyp gitdi. Soňra Nazar aga boşan ýüpi täzeden gurruga sallady-da, bilinden ýüp salnan Wellini çekip çykardy. Wellide ysgyn ýok, ýatyr hasylap. Nazar aga oňa üns bermän, çukura sallangy beýleki ýüpi çekip ugrady: – Haw, Pälwan inim, gelýäňmi? – Barýan, Nazar aga, çekiber! Nazar aga kömekçisinem çekip çykardy. Ol ikisi gürleşip durka, Welli ent-ment turup, entirekläp, ýöräp ugrady, bilinde-de ýüp. Oňa birden gözi düşen ýaş çopan: – E-eý, biziň ýüpümizi nirä alyp barýaň? – diýip gygyrdy. Nazar aga bolsa äwenogam: – Degme, gitsin! Hany, nirräge çenli giderkä?! – Aý, ol owarrama gitsin! Ýüp gidip barýar, ýüp! – diýip, Pälwan eline pili alyp, Welliniň yzyndan ylgady. Emma daň ataly bäri süriniň yzynda dabanyny gabardyp gelýän oglan bilen iki gün bäri çukurda demini raslap ýatan ogrynyň aýak urşy deň geljekmi! Welli zut gitdi. * * * Ogry görgüli: "Basymrak yzym ýitsin!“ diýe-diýe, onuň yzy ýiter gidermiş. Welliniň yzam ýitdi, özem. Ýöne ýüpem gitdi. Günler geçip, aý aýlandy. Tizara Pälwan Welliniň pili hem Nazar aganyň tabşyrygy bilen, şol gurrugy gömüp, tep-tekiz edip taşlady. Ýogsa, kim bilýä. Ine, günlerde bir günem obanyň mallaryndan bir semiz sygyr ýitdi. Ýiten sygram ýöne-möne bir sygyr däl-de, arçynyň maly bolansoň, bu habar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrap, hemmäni, şol sanda obanyň egri papak tertip goraýjysynam aýaga galdyrdy. Sygry ýer ýykyp, gözläp, ahyram şol öňki gurrukly-gürpli agaçlygyň arasyndan tapdylar. Agaja daňylgy, öňünde ot-çöp, kä gäwüşäp, kä molan bolup dur. Ogry ýa-ha üstüni basdyryp aljyrapdyr, gyssanypdyr ýa-da... Arçyn sygryny görüp begense, Pälwan sygryň boýnundaky ýüpi görüp, arçyndanam artygrak begendi: – Meniň ýüpüm-eý! Arçynyň sygryny öwüp-öwüp, eýesine berip goýberdiler, sygryň boýnyndaky ýüp bilen Pälwanam etraba alyp gitdiler. O taýda Pälwanyň gurrukly-gürpli, Wellili – ýüpli hekaýatyna hiç kim ynanmady. Onsoň ony gözenekli maşyna salyp, şol wakanyň bolan ýerine getirdiler. "Görkez!“ diýdiler. Pälwanyň "Ynha, gurruk şu taýdady, soň men ony gömdüm, ynha, biz şundan geldik, Wellem mundan çykdy...“ diýip, duran ýerinde, çar-töwerekden suratyny aldylar. Hawa-a-a... Hany gurruk? Gurruk ýok. Hany, Welli? Wellem ýok. Hany, ýüp? Ynha, ýüp! Hany Pälwan? Ynha, Pälwan! Ýüzüni ak-tam edip: "Hawa, ýüp meniňki!“ diýip otyr. Ýüp nireden çykdy? Ogurlanan sygryň boýnundan. Welli tapylaýsa, ony-muny anyklaşdyryp berse-de bererdi welin, hany, Wellini nirden tapjak?! Onda ne öý bar, ne öwzar. Üstesine arçynam şu wagta çenli obadan bir pişik ýitenem bolsa, baryny sanawa düzüp, ullakan talap bildirdi. Işiň derňewine-de entek Pälwan bilen onuň ýüpünden başga çatar ýaly zat ýok. * * * Nazar aga etrabyň bir edarasy bolsa, maňlaýyny urup, şunça zabt etse-de, alan galasy bolmady. Eşidýäni şol bir sözlerdi. "Soň gel, ýaşuly! Özümiz çagyrarys!˝. "Baýramçylyk bir geçsin!˝. Nazar aga ahyrsoňy eşegine "Ýene sen gaýrat edäýmeseň bolmady!“ diýdi-de, oba depdi. "Mally-malyňyzy alyp gidiň-how!“ diýip obadaşlaryna habar etdi. Obadaşlaram üýşüp gelip: "Nazar aga, sen şol Pälwanly işiňi bitirýänçäň, sürä gezek-gezegine özümiz seredeli! Sen onuň üçin sürini üýşürip-çaşyryp oturma!“ diýdiler. Bu-da bolýa! Onsoň Nazar aga sürini sanap, tabşyrdy-da, azyk-suwlugyny hem ýüpüni alyp, jeňňele siňip gitdi. Ýolugra-da, eşeginiň boýnuna tarap eglip, onuň gulagyna “Gürpi, bu gezek biz gazarys!“ diýip pyşyrdady. Eşegem birsyhly başyny atyp, dikgirdäp barýar. Elbetde, öňden düşüşdir-dä ikisi. Eşek janawar jeňňeliň ortarasyna eltilip daňlansoňam, urnup, dyzanyp, topalaň turuzjak bolup durmady-da, daş-töweregindäki ot-çöpler bilen boluberdi. Käte, gaty ýüregi gysyberse, tumşugyny göge tutup, jeňňeli ýaňlandyryp bir aňňyrýar, bolany. Diňe ertesimi-birigünümi, gijäniň giç wagty, bir gara, pişik basyşyny edip, ýylgyndyr petdeleriň arasyndan suwlup çykanda, diňe şonda eşek janawar ürküp, gorkusyndan aňňyrdy. Ýaňky gara, eşegiň ýüpüni çözmäge ýetişmedi. Depesinden inen tommaýly taýak ony ýere ýazdy. * * * Eli arkasyna daňylgy, boýny kement ýüpli pyýadany eşegiň yzyna tirkäp barýan ýaşuly etrap merkezine Gün dogmanka girse-de, bu görnüşi synlap aňkarara adam tapyldy. Ýöne ýaşuly agyzlaryny açyşyp, büdüreşip geçýän adamlara üns bermän, şol sürüp barşyna, etrap polisiýasynyň howlusynyň daşynda eşekden düşdi-de, goşaýak sütüniň bir aýagyna eşegini, beýlekisine-de yzyndaky pyýadany daňdy. Nazar aga eşegine: – Ýanyňdaka-da seret! – diýip, derwezä tarap ýönelende, ýeňsesinden "Ga...“ diýip, bir naýynjar ses çykdy. Bu ses çişen dodaklaryny hassa garganyň çüňki ýaly çömmeldip duran Welliden çykan eken. Nazar aga öwrülip, onuň ýanyna geldi-de, ýaňkynyň ýüp kertip gyzyl-çižžik bolan boýnuna tarap elini uzatdy. Welliniň gözlerinde öçügsije umyda çalymdaş bir ýylgyrşy peýda boldy. Nazar aga ýüpi barlap, elini yza çekende, ol ýylgyryş ýene öçdi. Welli ýene çalajadan "G-ga-a...“ diýdi. Üns berip, gulagyňy agzyňa tutup diňleseň, bu onuň "Nazar aga“ diýdigi bolmaly. Emma "Ga“ onuň ýüzüne-de seretmedi. Diňe eşegine: – Biziň ýüpümiz gaty berkdir! – diýip, lak atdy-da, howla girip gitdi. Welli şo durşuna iki dyzyny ýere urup, aşak, ýere çökäýdi. Eşek tumşugyny deger-degmez edip, güýmenere, tamşanara, iň bolmanda, ysgaşdyrara bir zat gözledi. Ýöne duran ýeri edil ýylan ýalan ýaly. Onsoň eşek janawar çök düşüp oturan Welliniň ýanyna bardy-da, onuň hüžžük saçly kellesini ysgaşdyrdy. Ysgady-da seňrigini ýygryp, dik gögüne garady-da, ýer sarsdyryp bir aňňyrdy. Pah, ogry tutan zaňňar, özüni, hamana, Isanyň eşegi däldirin öýdenok şu wagt. Bu "buşlugy“ häzir Pälwanam eşitse eşidendir. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |