14:04 Dordepel hakda dessan | |
DORDEPEL HAKDA DESSAN
Edebi makalalar
Mähriban çagalar! Siz häzir ullakan şatlygyň, ömürboýy ýatdan çykmajak bir gowy wakanyň bosagasynda dursuňyz. Bu şatlyga, bu gowulyga "Dordepel" diýilýär. Indi hasaplap otursam, siziň ýaşyňyzdakak, türkmeniň gahryman bedewi Dordepel bilen biziň ilkinji gezek tanşanymyza kyrk ýyl töweregi bolupdyr. Köneleriň aýdyşy ýaly, "Kyrk ýylda bir ýigit kemala gelermiş". Biz şol Dordepel bilen ulaldyk, kemala geldik. Ýöne entegem şol Dordepeliň üstünden ýere düşüp bilem zok, düşesimizem gelenok. Sebäbi, ”At münmek — jan üstünde jan beslemekdir'' diýipdir könelerimiz. Ony, ynha, özüňizem görersiňiz. Dordepele atlanmak nobaty indi sizden, eziz çagalar! "Dordepeli'' okarsyňyz. Okarsyňyz-da, şol adybelli Dordepeliň üstünde ýapyrylyp oturan öz ýaşytdaşyňyz, on üç-on dört ýaşlaryndaky dogumlyja oglanyň ýerine özüňiz baryp gonarsyňyz. Gonarsyňyz-da, Seýdi şahyr aýtmyşlaýyn, "Watan üçin, abraý üçin, il üçin" Alla diýip at goýarsyňyz. Şonda yzyňyzdan ýetip ýa-da öňüňizden çykyp, sizi saklap biljek güýç bolmaz. Sebäbi, siziň astyňyzda Dordepel, arkaňyzda bolsa uly umytiar bilen garaşyp galan il-ulsuňyz bardyr. Soň size ol behişdi bedewiň üstünden düşme ýokdur. Çünki, ol bedew telim-telim asyrlar bäri siziň ata-babalaryňyzy, babalaryňyzyň babalarynam öz üstünde aman saklap, ençe-ençe bela-beterleriň arasyndan sogrup çykaryp, halas edip gelýändir. Türkmeniň telim müňýyllyklar bäri, ýüzläp-müňläp milletleriňarasynda ýitip, ýok bolup gitm änliginiň bir sebäpkärem - şol Dordepellerdir. Biziň hemmämizi bu meşhur Dordepeliň üstüne atarmagy başaran ýazyjy Ata Gowşudow 1903-nj i ýylda Ahal welaýatynyň Abadan (öňki Büzmeýin) şäherinde dünýä inýär. Bary-ýogy elli ýaşap, 1953-nji ýylda-da aradan çykýar. Emma bu ussat ýazyjynyň şol aralykda döretmäge ýetişen dürdäne eserleri ("Gandym awçynyň maşgalasy", 'Köpetdagyň eteginde", "Mähri— Wepa", "Perman", galyberse-de, "Dordepel") entege-bu güne çenli ýigit ýaşynda ýaşap gelýärler. Munuň syry nämede? Geliň, ol syryň açaryny ilki "Dordepelden" gözläp göreliň! Bu eseriň many-mazmunyny öňünden aýdyp bermek meniň niýetimde ýok. Beýtmäniň siziň üçin gyzygam ýok, geregem. Eseri häzir özüňiz okarsyňyz. Ýöne eserdäki dartgynly wakalaryň haçan , nämeden başlananlygyny gysgaça ýatlamak welin, artykmaçlyk etmese gerek. Türkmenlerden ahmyrly Nasyreddin şa olaryň küren il bolup ýazlaga çykanyny eşidýär-de, türkmenleri şoi ýerde gabap ýok etmek üçin, öz serkerdesi Japarguly hanyň baştutanlygynda agyr leşger ýollaýar. Gabaw başlanýar. Bu agyr goşunyň garşysynda az güýç bilen uzak durup bolmajakdygyna gözleri ýetik türkmenler daş-töwerekdäki türkmen galalaryndan kömek soramak üçin çapar ýollamak hakda karara gelýärler. Yöne kimi ýollam aly? Ýollaýanyň-da, bu berk gabawy nädip böwsüp geçjek? Iň soňunda, hemmeleriň umytly nazary gökdepelileriň Dordepel atly iň ýyndam atynda eglenýär. Bu kyn işi şol halasgärden başga başarjak ýok. — Meniň atym çapara gitjek bolsa, şonuň bilen meniň körpe oglum gitsin, atym näme bolsa, goý, oglum hem şonuň bilen bile bolsun! Ine, bu hakyky türkmen ýaşulusynyň - Dordepeliň eýesiniň şol kyn pursatda aýdan sözleri! Ol il-günüň bähbidi üçin özüniň janyndan eý görýän iki sany mähribanyny orta goýýar. Dordepel" powestiniň baş gahrymany Dordepel eseriň dowamynda bary-ýogy iki-üç gezek orta çykýar. Ynha, biz onuň örän jogapkärli, iňňän töwekgelçilikli ýumşa gitmeziniň öň ýany, başyny dim-dik tutup, talawladyp, alma gözlerini töweregine dikip durşuny görýäris. Ol häzir at däl-de, adam! Şonuň üçinem, öz eýesiniň, onuň oglunyň, küren obanyň, tutuş il-ulsuň başyna niçiksi agyr giinüň düşenini, şu giden ilatyň, "Biziň Dordepelimiz!" diýip buýsanyp ýören mähelläniň bar umydynyň häzir özüne dikilendigini, daşyna üýşen uly-kiçi, aýalu-oglan-uşak - barçanyň ykbalynyň köp derejede özüne baglydygyny ol şol wagt ýüregi bilen syzan bolmaly. Ýöne syzmak, düşünmegem entek ýeterlik däl. Bu ýumuşuň hötdesinden gelmek üçin gaty ullakan ýürek, dogum-gaýrat gerek. Emma oda entek boldugy däl. Türkmen bedewleriniň hakyky durmuşda hatda gaplaň bilen başa-baş garpyşan halatlaram bolupdyr. Şeýle ýagdaýlarda, ol diňe batyrlygy, ýürekliligi bilen däl-de, akylly-başly, aýgytly hereketleri, başarjaňlygy arkaly üstün çykýar. Dordepelem daş-töweregi ykjam gabap duran duşman sapynyň arasyndan sap atyp, diňe ýyndamlyk däl-de, hile-al bilen, başarnyk-emel bilen geçmäni başarýar. Ýogsam, onuň üstünde oturan - köpügören bir çapyksuwar ýa-da daglara azy salýan batyr ýigit däl, on dört ýaşlaryndaky ýaşajyk oglan. Emma o-da öz aty ýaly, garadangaýtmaz. Türkmen bedewiniň bir üýtgeşik häsiýetem - onuň adam tanaýanlygy, üstünde oturanyň keýpini, duýgularyny, niýetini bada-bat aňyp, şoňa görä-de hereket edip bilýänligi. Eger-de şol aldym-berdimli pursatda, üstündäki oglanjyk özüni gorka basdyryp, sähelçe ejizlän bolsa, onda Dordepeliňem, belki, toýnak urşy üýtgärdi. Eýsem, Dordepel ýaly asylly, gylykly, düşbi, Jynsy — haýwan, akyly -ynsan" bolan bedewler nireden, nädip döreýär?Türkmeniň ahalteke atlaryna "Arşdan inen behişdi bedewler" diýilse-de, olar Ýerde döräp, esasan, Ahal topragynda önüp-ösýärler. Olaram edil adam ogluny terbiýelän ýaly, terbiýelemek gerek. Bu başarýan, haýwandan ynsan gylykly bir jandar döredýän ussada-da seýis diýilýär. Onuň öz gamynyň açlygy ýa doklugy ýadyna düşmez, emma, seýisleýän atyna bermeli höregini, iýmitine garmaly ýumurtgasyna çenli her-hesip tapar, berer. Öz saç-sakgalyny haçan syrdyryp-bejerdeninden habary ýokdur, emma atyny günde bir ýuwup-ardyp, ýallaryny perizadyň saçy ýaly şabyrdadyp daram aga ýaltanm az. Şonuň üçinem , ata-babaiarym yz "Aty at edýänçä, eýesi it bolar" diýipdirler. Bedew türkmeni gerşinde göterse, türkmen öz bedewini depesinde götermäge taýýar. Ýöne, türkmen bedewem özüne edilen ýagşylygy , ideg-yssuwadyň gadyryny gaty gowy bilýär. Ol edil asylly adamlar ýaly, şol ýagşylygy gaýtarmaga, ýanaşdyrmaga çalyşýar. Dordepeliň edermenliginiň, wepalylygynyň, gylyklylygynyň düýp sebäbini indi aňansyňyz. Şeýle ajaýyp atyň çeper keşbini döreden ussat ýazyjynyň öz ömründe hiç haçan atşynaslyk, seýisçilik bilen iş salşyp görmändigini aýtsam, geň galmagyňyz mümkin. Emma bu - hakykat. Geljekki ýazyjy on ýedi ýaşynda Aşgabatda mugallymçylyk ugrundan okap başlaýar, soň okuwyny Moskwa şäherinde dowam etdirýär. Ondan gelibem, Ýaşlar guramasynda, ýaşlar gazetinde, teatrda işleýär, emma onuň döredijilik ugrundan okuwy, tälimi has aňyrdan, çagalygyndan gaýdýar. Hawa, ýazyjynam edil at seýislän ýaly, seýisleýän, terbiýeleýän, ýetişdirýän adamlar, ýagdaýlar, şertler, sebäpler bolýar. Galyberse-de, ýazyjy hiç haçan görmedik, bilmedik, öwrenilmedik zatlarynyň syryna-da özüniň zehini, duýgulary, akyly arkaly ýetip bilýär. Ata Gowşudowyň ýaşlykdan ýazyjylyga, döredijilige gönükmeginde onuň ejesi Ogulgerek daýzanyň aýdyp beren ertekileriniň, rowaýatlarynyň, goşgularynyň täsirini öň köp alymlar, şejereçiler belläp geçdiler. Soňra A. Gowşudowyň "Görogly" eposynyň yşgyna düşüp, ilden-ile, obadan-oba aýlanyp, bu beýik eseri bapma-bap çöplemäge, ony ýygnap, özbaşdak kitap görüşinde çap etdirmäge işeňňir gatnaşyşy hakda-da kän aýdyldy. Şonda Gyratyna "Zürýat dilemedim — seni diledim'' diýýän Göroglynyň, "Gyraty bolmasa, Görogly hiç kimdir. О zaňňaryň Gyratyny elinden almak gerek, tagsyr!" diýýän duşmanlaryň sözleri, eýsem, ýaş ýazyjynyň ýüregine müdimilik çümüp galan dälmidir?!Ýene-de Görogla dolanalyň, onuň Arap Reýhana ýesir düşende, Gyratyny Çandybile çapar ýollaýşyny, Agaýunusyň öz gaşyna aglap gelen Gyratyň gözýaşyny süpürip, "Sözle, Gyrat, men gurbanyň bolaýyn!" diýip ýalbaryşyny ýatlalyň. Şu ýerde, häzirki zamanyň iň uly, meşhur seýisleriniň biriniň atlar hakda söz açyp, "Aý, gaty gyssaberseň, gürlejegem-how şular!" diýşi ýadyma düşýär. Dordepeliň aňyrsy, zanny, köki, ynha, nirelerden gaýdýar! A. Gowşudowyň döredijiligine iňňän uly täsir eden türkmen nusgawy edebiýatynda iň gowy işlenen keşpleriň biri - bedewiň obrazy bolsa gerek. Ata Gowşudowyň "Dordepel" powestem şol ajaýyp nusgalaryň mynasyp dowamydyr. Dordepel sebäpli başky söweşde paltalary daşa degen duşmanlaryň soňra her-hesip edip, Dordepeli ele salmak üçin edýän synanyşyklaram , bir tarapdan, Gyratyň ogurlanyşyny ýatlatman duranok. Munuň sebäbem, A. Gowşudowyň "Görogludan"gönüleýin täsir almasy däl-de, duşmanyň şol köne duşmanlygy, türkmen üçin bedew atyň niçiksi gymmatynyň bardygyna onuň gowy düşünýänligidir. Emma Dordepeliňem şol öňki Dordepelligi! Ol bu gezegem duşmanyň ät galmagyna sebäp bolýar. Gepiň gysgasy, Dordepeller bilen türkmenleriň agzy birkä, ýürekleri deň urýarka, olary ýeňmek mümkin däl. Häzirki Garaşsyzlyk döwründe, Beýik özgerişlikler eýýamynda türkmen bedewine aýratyn sarpa goýluşy, her ýylyň belli güni onuň hatyrasyna ullakan toý-baýram edilmegi hem öz aty bilen taryha giren ata-babalarymyzyň şöhratly däbiniň, türkmen bedewine bolan çäksiz, tükeniksiz minnetdarlygyň dowamydyr. ... Wagt geçer. Gözleri alma kimin Dordepel toýnaklarynyň astyndan ot syçradyp, edil häzirkisi ýaly juwan ýaşynda ýene siziň öňüňizden çykar. Şonda sizem özüňizi edil häzirki ýetginjek ýaşyňyzda ýaly duýarsyňyz. Ata Gowşudowyň döredijligine mahsus ýene bir aýratynlygy bellemegimiz gerek. Her bir ussat ýazyjynyň eserlerinde bolşy ýaly, A. Gowşudow at hakda ýazsa-da, tebigat barada söz açsa-da, ol zatlaryň hiç birini adamdan aýry göz öňüne getirenok. Daş-töwerekdäki zatlaryň adama täsir edişi ýaly, adamyň hem daş-töwerege, haýwanata, tebigata ýetirýän täsirini ýazyjy gaty gowy bilip suratlandyrypdyr. Şeýlelikde, ol adam häsiýetiniň döräp, kemala gelşini örän ynandyryjylykly görkezipdir. Şu babatda, ýazyjynyň «Gajar aga» atly hekaýasy has-da nusga alarlykdyr. Bu hekaýada sada, dogumly, ak ýürekli, bir söz bilen aýdynyňda, özboluşly milli türkmen häsiýetiniň kemala gelşi çeper suratlandyrylýar. Kömek KULYÝEW, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |