16:41 Jüren / hekaýa | |
JÜREN
Hekaýalar
Bu gün – baýram! Etrap merkezimiziň darajyk köçeleri adam akymyndan ýaňa ýarylaýjak bolýarlar. Töweregiň ýöne gülki, galmagal, şowhun. Adamlar gaýmalaşýarlar, tapyşýarlar, görüşýärler, gujaklaşýarlar: – O-how, Aman, senem barmydyň? – Bo-how, Berdi, sen nireden çykdyň perişde ýaljak bolup? Gaýmalaşyk birden kesildi, gowur peseldi, adamlar uzyn hatara düzüldiler. Köçäniň gyrasyndaky simagaçlara berkidilen kelleradiolardan çykýan ýogyn, labyzly ses has-da güýçlenen ýaly boldy. Tribuna tarap süýşüp başladyk. Biz – Metdi, Takgy, Geldi, Nury, Jüren – barymyz bir hatarda barýarys. Hemämizem 7-nji "B“-den. "Metdiň, Takgyň näm-aý?“ diýmäň. Biziň oglanlarymyzyň aýdyşy şeýle. Meret bolsaň – Metdi, Tagan bolsaň – Takgy, Hemra bolsaň – Hemmi diýýärler. Ýokarymyzda aýdym aýlanyp ýör: – Eý, ýoldaş, bäri gel! Bäri gel, bäri! Öňde bir ýerde endamlary dygladyp, ýürekleri sarsdyryp, dep gümmürdeýär, ýogynly-inçeli tüýdük sesleri onuň gümmürdisini basjak bolup, nähak azara galýarlar. Birden Takgy böwrüme dürtdi: – Eý, Jürene seret, Jürene! Seretdim. Bäý-bä, oglanyň bolubiläýşini. Atagzy bilen gysylan ýaly çürüje eňegi ýokary galyp, özünden hol öňde, ýüz-gözi dagysy çyp-çytyk, agras, horja göwresi dim-dik, iki elini iki gapdalyna gysyp, joňk-joňk edip barýar. Käte öňdäkiniň ökjesini basanda, göz asty bilen aşak seredäýmese, köwşüniň burnuny gözi görenok. Menem Nuryny dürtdüm. Ol-a seredenden "pyňk“ edäýdi. Jüren ýalt edip ýüzümize bakdy, ernimizi ýygnap ýetişmedik. Jüreniň gulaklaryna çenli galampyr ýaly gyzardy, şonda-da gözüni alardyp: – Näme?! – diýen bolýar. Äheň dagysam yp-yzgytsyz şo wagt. Jüren... Wiý, ýogsa-da siz Jüren onuň hakyky adydyr öýdýäňizmi? Ýo-o-ok, öz ady Juma-laý. Jüren lakamyny almagyna-da özi günäkär. Dessandamy – nämedemi Jüren kel diýip biriniň adyna gözi iläýipdir welin, görenine "Eý, Jüren!“ diýen bolup ýör, şondan soň. Bizem, näme, bir gün çydadyk, iki gün çydadyk. Aý, soň-soň jandan ötüberdi, ýaňky tapanja adyny alagadan, özüne ýelmäp goýberdik. Ilki-ilkiler lakamyna boýun bolmajak bolup, baý, çytraşd-a. Ahyr gününe kaýyl boldy öýdýän. Indi-indiler biri lakamyny tutman, säwlikden "Juma!“ diýäýse-de, hä bermezden öň özem bir diňşirgenip durýar. Hawa, bu gün... Duruň, duruň! Siz entek Jüreniň nähili oglandygynam bilýän däldiňiz. Aý, ýaňra hem jedelkeş-läý barypýatan. Näme hakda gürrüň edilsin, gapdaldan bir at goşmasa bolmaz. Özem jür-jür edip, hernä öz gepini gögertjek bolar. Şony edip bilse, ýolbarsyň guýrugyny goparançarak görýär özüni. Öňräk Spartagyň kinosyny görüpdir. Hol birwagtky gullaryň gozgalaňy hakda. Asyl şondan soň iküç günläp eňegi dynmasa nätjek. "Biziňkiler eýtdi, biziňkiler beýtdi˝ diýip gulaklary kamata getirýärdi. – A-how, o nähili biziňki boýamyş Spartak? – diýýäňem welin, müýnürgemäň ýerine, gaýta: – Duşmanlara garşy uruşýan bolsa, biziňki bor-da! – diýip, şol eňip otyr. Anha, men sizi Jüren bilen tanyşdyrýançam, baýramçylyk ýörişem gutardy. Soň, bizem iller ýaly, seýle çykdyk. Tä dabanymyzyň aşagy lap-lap gyzyberýänçä, aýlandyk. Birden ýeňsämizden: – Eý, Metdi, Geldi! – diýip, inçejik ses geldi. Seretsek, Takgynyň jigisi Altyjyk öňünden çykan bilen süsüşip, patanaklap gelýär, ýüzi duw-ak, dodajyklaram pyr-pyr edýär: – Takgyny... Takgyny u-hu-urýalar... Töweregimize garanjaklasak, dogrudanam, Takgy ýok, ýitirim bolanynam duýmandyrys. – Kim urýar? – Da-a-ýaw biri... – Näme üçin urýar? – Bilmedim. Geldi oýa batdy. Metdi gaýga gitdi. Nury ýeňsesini gaşady, meniň bolsa Takgynyň zörledişi göz öňüme gelip, gülkim tutdy. Diňe Jüren bir durkuny üýtgetmedi, aşaklyk bilen ýüzümize ýiti-ýiti seretdi-de goýdy. Soňra barymyz birden dillendik. – Takgynyň özem bir zat eden bolaýmasyn? – diýip, Geldi adatdaky paýhaslylygy bilen gürledi. – Ol Takgyny uransoň aňryk gitdimikä ýa-da bärik gaýtdymyka? – diýip, Metdi gözüni tegeledi. – Nätmeli borkan-aý? – diýip, Nury hemmämizi tolgundyrýan sowaly orta atdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, kellämize sowaldan başga gelýän zat ýok. Birden Altyjyk: – Anha, gelýär, gelýär – diýdi-de, Geldiniň arkasynda bukdy. Görsek, boýy Metdiniňkiçeräk, daýawlygy Geldiniňkiçeräk biri hondan bärsi bolup, aýagynyň aşagyna seretmän gelýär. Nätmeli, öňünden çykmalymy? Öňünden çykmaň geregi ýok, onuň özi göni üstümize gelýär. "Dur!“ diýmelimi? Durar, onsoň näme diýjek? "Gowuja bol!“ diýjekmi? "Boljak däl-ow!“ diýäýse nätjek? – Geldi, merkini bersene şoň! Gaýdyp Takga degmez ýaly etsene! – diýip, men Geldini gižželäp başladym. – Aý, baýram güni gelşikli däl-dä – diýip, Geldi gümmi-sümmi etdi-de, başyny aşak saldy. Birden garaşman durkak, Jüren gapdaldan joňkuldap çykdy-da: – Gürleşmeli! – diýen boldy. Men tas pyňkyrypdym. Öňdäki golaý geldi, anha, birimiziň, ikinjimiziň deňinden geçdi. Şeýle hezilligiň duşdan geçip barýanyny görüp, men saklanyp bilmedim: – Eý, hany dur?! Ol aýak çekdi, ulumsylyk bilen meniň ýüz-gözüme syn etdi: – Ýeri, näme? Ne Geldiden, ne Nurydan, ne Metdiden ses çykýar. "Duşman“ bolsa meniň ýüzüme seredip dur. Wah, diňe dursa oňuşjak-la, barha bäri süýşýär. Men alňasadym... Jüren tüýs wagtynda ýadyma düşäýdi. – Ynha, şunuň seň bilen gürrüňi barmyş – diýip, men Jüreni öňe itdim. Jüren biziň ýüzümize gaňrylyp, bir zatlar diýjek ýaly etdi-de, birdenem, hälki gopbamyň eňeginiň aşagyna girdi. Ol ikisiniň arasyndaky hümürdini oňly eşidip bilmedim, dogrusy, eşitjek bolup gaty bir dyzabam durmadym. Esasy howpuň öz üstümden sowlanyny göremsoň, ýene böwregim böküp başlady: – Sered-eý, seret, Jüren onuň jigisi ýaljak-laý! – diýip, Nuryny symsykladym. Şol wagtam, hiç birimiziň aklymyza sygmajak bir hadysa bolup geçdi: Jüren birhili böken ýaly etdi–de, garşysyndakynyň dulugyna suňşuryp goýberdi, "duşman“ entirekläp gitdi, ol dulugyny tutup, durdy-durdy-da, soňam wägirip, göterdi ökjäni. ...Ala-şowhun bolşup öýe gaýtdyk. Ýolboýy Jüreni taryp etdik, onuň edermenligini öwüp, aňyrsyna çykyp bilmedik. Şol pursat barymyz birden Jüreni söýmäge taýýardyk. Jüreniň welin biziň söýgimiz bilenem işi ýok, öwgimiz bilenem. Ýeňsesini tüňňerdip, hol öňden barýar. – Juma, dursana! – Juma, hondan bärsi bolmasan-ow indi... Jürenden jogap ýok, gaýtam, barha gaty ýöreýär. Men ylgaşlap diýen ýaly onuň yzyndan ýetdim, görsem, hakyt aglap barýar. – Juma, Juma, sen nämüçin aglaýaň-eý, sen ony ýeňdiň-ä, Juma! Jüren hasyr-husur gözlerini süpürişdirdi, soňra elini silkip goýberdi-de, "Aý, sizdenem bir...“ diýdi, yzynam aýtman, aýagaldygyna ylgap, bizden daşlaşyp gitdi. Onuň näme üçin aglanyna şol wagt hiç birimizem düşünmedik. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |