16:35 Meniň ýyldyzym / hekaýa | |
MENIŇ ÝYLDYZYM
Hekaýalar
Meret ikimiz bir klasda okaýarys. Sygrymyzam bile bakýarys. Okuwdan gelip, çaý-çörek iýlen badyna, her kim öz sygrynyň yzyna düşübiýr. Meret birhiliräk oglan, öýkelekmi, göribräkmi. Käte: “Seň sygryň meniňkiden köp doýupdyr” diýibem öýkeläp gidiberýär. Onsoň men sygrymy iki-üç günläp ýeke bakmaly bolýaryn. Men-ä oňuşjagam welin, sygrymyň şu Merediň sygry bilen göbegi bile gömlen ýaly, asyl şonsuz iýen oty bokurdagyndan geçmejek ýaly, töweregine garanjaklap, molap durandyr. Meniň bir bäşburç ýyldyzym, hakyky, gyzyl ýyldyzym, ýekeje-de syrym, örän gizlin syrym bar. Ikisinem Meretden ýaşyryp ýörün, öýkeledermikäm öýdüp gorkýan. Bir gün edebiýat sapagyndan gyzykly hekaýa geçdik. Baý-garyply ýurtda ýaşaýan bir hossarsyz oglanjyga biziňkileriň biri gyzyl ýyldyz berýär. Hut mendäki ýaly bäşburç, owadan ýyldyz. Soň ol ýyldyzy oglanjygyň hojaýyny görýär-de, ony elinden aljak bolýar. Oglanjyk bermeýär. Hojaýyny onuň barmaklaryny gaňryp, zordan aljak bolýar. Oglanjyk aýasyndaky ýyldyzy şeýle bir gysýar welin, ýyldyzyň burçlary eline çümüp, barmaklarynyň arasyndan gan damýar, ýöne ýyldyzy bermeýär. Ýene sygyr bakmaga gitdik. Merede ýyldyzymy görkezesim geldi. Eýgilik tapmajagyma gözüm ýetip duram welin, şonda-da görkezesim gelip, ölüp barýan-da. – Eý, Meret, bilýäňmi mende näme baryny? – Näme bar? Men goltugymdan ýyldyzy çykardym, Günüň şöhlesine lowurdap, ýanaýjak bolýar. – Nireden aldyň-eý? – Agam gullukdan gelende getirdi. – Hany göreli-le! Meret ýyldyzy eline alyp, uzak wagtlap synlady, döşüne, maňlaýyna tutup gördi. Hökman sorar öýdüp, galpyldap oturdym welin, sesini çykarman gaýtaryp beräýdi. Soňam gürlemedi, ýüzüme-de seretmedi. Men gyssandym: – Sen nämetm-eý, Meret... Isleseň, bir günlük dakynmaga beräýerin, bolýamy?! Meret? – Aý, onyňy başyma ýapaýynmy. Onyňdan hol Aýjanyň partadaşy Durdyda-da bar-a. Kepderä çalyşjagam diýip ýördi. – Durdyňky munuň ýaly däldir. – Hut seňki ýaly. – Däldir... – “Gözüm bilen gördüm” diýýän-ä! Merediň geň galmagyna, pitiwa-da etmänligine men gaty kemsindim. Onsoň ilkinji ýola Meredi öýkeledesim geldi. – Baý, bar zady görendirin, bar zady bilýändirin öýdýäň-aý. Hiç zadam bileňok sen-ä... – Nämäni bilmeýämişim? Men ýüregimi bire bagladym: – Meselem, meniň Aýsoltany gowy görýänimi bilýäňmi? Meret dogurdanam geň galdy, gözleri tegelenip gitdi: – Haýsy Aýsoltany? – Dokuzynjy “A”-dakyny. Meret geň galanlygyny bildirmejek boldumy-nätdimi, üsgürinjiredi-de, maňa manysyz bir sowal berdi: – Ony näme üçin gowy görýäň? – Aý, birinjiden-ä, gowy okaýar, onsoňam ony hemmelerem gowy görýär... Meret ýüzüme seretdi-seretdi-de, birdenem turup, göterdi ökjäni: – Mugallyma aýtjak, mugallyma aýtjak... – Dur-eý, Meret... – Ä-äjik, durjak däl. – Duraýsana, bir zat aýtjak... Meret ylgawyny kesdi-de, götinjekläp ýöräp ugrady: – Dursam, urýaň! – Duzjan kessin, urmaýyn. Meret ýene ýüzüni aňryk tutdurdy: – Mugallyma aýtjak, mugallyma aýtjak... Men durdum-da, näme edýänimi özümem bilmän, zörledip goýberdim, bogazyma sygdygyndan. Merediň maňa haýpy geldimi-nätdimi, ýuwaşja ýöräp, yzyna gaýtdy, iki ädim ýetmän, ýüzüme jiňkerilip durdy:– Bolýa, ýyldyzyňy berseň, aýtmaýyn. Merediň hilesine düşündim. Tapba sesimi goýdum, hasyr-husur goltugymy barlaşdyryp gördüm. Ýerinde. – Ýyldyz-a berjek däl. Meret ýene götinjekläp ugrady: – Mugallyma... – Dur entek, Meret, dost jan, bäş günlük bereýin, bolýamy, hä?! – Ýok, bütünleý ber! Onuň sypdyrmajagyna oňat gözüm ýetdi. Anha, meniň ýyldyzym – meniň arzylap ýören ýyldyzym Merediň elinde lowurdap dur. Şeýle bir lowurdaýar... Men: “Ýene bir gezejik elläp göreýin-dä” diýjek boldum, ýöne gürlesem aglarmykam öýdüp, dişimi mäkäm gysdym. ...Ilkinji söýgim maňa juda gymmat düşdi. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |