21:45 Bars balasy / hekaýa | |
BARS BALASY
Hekaýalar
(Goja awçynyñ hekaýaty) Bar zady ýatda saklap bolýarmy?! Bir jaýdar sözüň ýa-da nakylyň, şygyrdyr rowaýatyň ýada düşmesi üçin onuň ýeri-gezegi, ýagny, "gepiň gerdişi" gelmeli. Uniwersiteti ýaňy tamamlap, elim galam-depderli, gürrüňçil adamlaryň yzynda garagulak ýaly peýlenip, olaryň agzyndan sypan her bir del sözi ýere gaçyrman ýygnap ýören döwürlerim bir goja awçydan eşiden hekaýatym depderimde galypdyr. Her täze müçe aýlanyp, her gezek bars ýyly golaylanda, şo hekayat ýadyma düşýär. * * * - Käbir agzyboşlar «Awçy milleti öwünjeňräk bolýandyr» diýip, degýälerem welin, degse-degibersinler! diýip, goja awçy şonda ýylgyryp söze başlady. - Meniñ o wagtlar güýç-kuwwatym ýerinde, awa-sawa ýarayan wagtym. Ine, onsoň, dört bolup, kä daga, ka çöle seýil-seýrana çykýas. Awam name, bolsa-ha bolany, bolmasa-da, gury odunlardan ýygyşdyryp, eşegime ýükleýän-de, gaýdyberýän. Keýwanyň ýanyna boş barmasak bolýa-da. Ine, günleriň bir güni, ýene obaň ilersindāki daga tarap tutdurdyk. Barýan, eşejigimi dikgirdedip. Tazymyzam bir öňe, bir yza ýortup, aýagynyň eýgeligini görýär. Daglyk ýere-de, dogrusy, özüm-a eşekli gidenimi kem gõremok. Eşek diýleniň, bir-ä, geçi janawar ýaly, çykyp bilmejek ýa-da ötüp-geçmejek ýeri yok, zyndyrylyp barýar. Birem, o janawaryň özi hötjetligine tutaýmasa, ýadamasy-ýaltanmasy yok, gerşine-de name ýüküň bolsa - uruber. Has kynrak kötelräk ýerlerde eşekden düşýän-de, ony idege alýan. Şeýdip barýarkak, hol allowarralara hasanakiap giden tazymyz birden yza atylyp gaytdy-da, mendenem. eşekdenem yza geçip, hüşerilip duruberdi. «Hä, tazym! Jyn gördüňmi, al-arwah gördüňmi?» diýdim-de, dähedem-dessem ýöräberdim. Şo barmaşa, bir ýerden çyňsama çalymdaş bir zarynja ses eşidilen ýaly boldy. Ýalt-ýult edişip durkagam, gapdaldaky gyrymsylygyň içinden ullakan pişigemi ýa goýun itiniň güjüginemi meňzeşräk garaz, bir düşnüksiz jandar műňedekläp çykdy. Geişine-de, meniň çarygymy ysgaşdyryp, çyňsap, daşymdan aýlanyberdi. Görsem, hakyt, bars çagasy! Meniň aýagymdan ysgyn- deramat gitdi. Eşegim bilen tazyma «O-ho-how, dostlar, abraýymyz barka, mundan göni gelen yzymyza tarap ýelk ýasaly - diydim. - Şu töwerekde munuň enesi ýa atasam hökman bolaýmalydyr...» Şeýdip, yza donjek bolýas welin, ýaňky bars balasam halysalla ýapyşyp ýatyr. Gözem ýaňy açylypdyr. Gamam hepbik ýaly, doglaly bäri içinden öl geçene meňzánok. Meniň muña birden haýpym geldi. Öz çagalarym ýadyma düşdi. Adam başyna-da, haywan başyna-da herjüre günler düşüp biler-ä. Kim bilýä bujagazyňam ene-atasyna närme-nämeler bolanyny... Soň, «Äý, iñ bolman, suwjagaz-zat bir berip gideýini» diýip, meşikden suw aldym-da, ayama guyup tumşujagyna tutdurdym. Dökän-saçan edip, biraz bogazyny ölledi. Ýene gysmyljyrap, sypdyrarly däl. Onsoñ, ýanymdaky çöregimden bir bölejik ezip, hamyr etdim-de, barmak boýly logala ýasadym, muny emzik ýaly edip, ýaňkyjaň agzyna tutdurdym welin, sokga soraýdy. Birdenem, ýeňsämden bir arryldy gopdy. Inim jümşüldäp gitdi. «Wah, gapyl galdym-owl» diýip, ýeňsăme, eşegiň gaňňasyna bökderilgi ýekenilime tarap göz aýlasam... eşşi begimiz temegini göge galdyryp, daglary ýañlandyryp, aňňyryp dur. «Häý, bidöwlet, bisyrat diýsänim... tapdyň aňňyrjak wagtyňy!» diýip käýinjiräp, ýaňky bars çagasyna-da: «Äý, janawar, indi bizden az görme!» diýip, muny munda goýup, yza döndük. Birsalymdan seretseñ, hälkije çaga ýene-de ommak-çommak bolup, yzymyza düşüp gelýär. Aý, garaz, uzyn gepiñ gysgasy, ýüregimize daş baglap, muny alyp gaytmaly bolduk. Ýolboýam yzyma garanjaklap gelýän. Oba gelemsoňam, ertir-agşam böwrüñ bükgüldide, gözüm dag tarapda, «Birden enesi ýa atasy yzarlap gelip, obany paýhyna beräýse, näderin?!» diýýän. Yzymyzdan idäp gelen-ä bolmady. Bars çagasam, şeýtdi-de, aramyzda boluberdi. Goňşymyz çopan bolan soň, İtleri, güjüklerem kileň goýun itinden, Alabaýlardan. Bulary özüne tüýdeşräk gördümi-nätdimi, biziň barsjagazymyzam goňşyň güjükleri bilen derrew dostlaşay. Bile ýallanyp, bile oynaşyp, basalaşyp ýörler. Ýöne it güjükleri gününi sanap ulalsa, biziñ barsymyz sagadyny sanap ösýän ýalydy. Guýrugy özündenem çalt ösýäminemi-nämemi sanlyja wagtda barsymyz ers-mers bolaýdy. Öňki güjük dostlaryna-da, ikiläp-üçläp geläýmeseler, indi kän eli degenok. Özem, olar üýrüşiberseler, diňşirgenip, birhilli geñ galyp seredýär. Kem-kemden, onuň endam-jany birhili menek-menek Dolup, çyn barsa meňzăp ugrady. Guýrugam bir gulaç. Kate-kate, apaň-apaň basan bolup, köçeden eýläk beýlak geçýä welin, obaň içi dym-dyrslyk bolýar, ne eşek aññyrýar, ne it üýrýär... Biziň barsymyzyň welin pelek perwaýyna däl, mal-gara, towuk-towşan bilen işi yok, adam paga çuga-ha asla azary ýok, garaz wagşy tohumdan diýmersiñ. Berenjäňi iýýär. İşdäsi welin ýaman açyk. İküç itiñ iýjek ýalyny bir oturanda ýuwudýar. Ýuwdany ýagşy welin, biraz salymdan ýene ýüzüñe seredip, murtlaryny gymyldadyp, ýalmanyp otyr. Son-soň, «Aý, aýagyny bir ýazsyn diýip, muny kate-käte gayramyzdaky guma ýanymyz bilen alyp gidip ugradyk Şonda o janawaryň düýrülip-ýazylyp, ayaklary bilen yere galtaşman diýen ýaly süýnúp barşyny men name bilen deňäýn?! Türkmen bedewiniň ýer gyratlap uçuşyny göz öňüne getiriň, ana, şoň ýalyrak... Ýöne, bizem, barsymyzam hernăçe towşantüýlüge salsak-da, soň-soň maña: "A-haw. sen şu bedähädini bir zat et, ýogsam, haýwan - haýwandyr, bir günden bir gün wagşylygyny etmän goýmaz, sen ägäräk bolsaň nadýä?!» diyip, iňirdăp-hüňürdeýänler köpelip ugrady. Menem gitdim iňkise. "Muny indi nätse bolar? diýýän. - Yzyna, daga eltip, azaşdyryp gaýdybersem, o-da boljak däl. O taýda bu gününi görüp bilmez. Kowsa-ýetip, ursa-ýykyp, aw etmäni bu nirede görüp, kimden öwrensin?! Öz kowumdaşlaryna duşaýanda-da, olar indi muny öz aralaryna goşjakmy-goşmajakmy, Alla bilsin. Garaz, bu janawar indi ne aňrylyk, ne bärilik boldy-da!" diýýän. «Her bir janly-jandaram öz dogduk depesinden aýyrsaň, ahyry şeýle bolýa!» dlýýän. «Haý, janawar, men saña ýagşylyk etjek bolup, ýamanlyk edäýen bolmasam ýagşydyr!» diýýän... Ahyrsoñy, bu derdimi oglum bilen paýlaşdym. Ikimizem: "Be-e, dogrudanam, nätse bolar?" diýşip, ýeňsămizi gaşap otyrkak, bir gapdalda biziň gürrüňimizi diňläp duran agtyjagym çykaiga tapdy beräýdi. «Ata, bolmasa, ony şäheriñ haýwanat bagyna eltip tabşyraýaly!» diýdi. «Bizi arada mugallymymyz alyp gitdi, gaty gowy ýer eken!» diýdi. Şu pikiri dogry tapdyk. Barsymyzy şol diýilýăn ýere tabşyrdyk. Baý, bir begendiler-a. Sag bol baryny aýtdylar. Munuñ gözeneginiň agzyna Pylan awçynyň sowgady diýibem ýazarys» diýdiler. «Aý, ýok, adymy bir ýazmañ, soň bars ulalyp, nämäñ nämedigine düşünip, menden öýkelärmi-nädermi?!» diýdim. Aýlar aýlanyp, ýyllar süýşüp, bir gezek, Täze ýylyň öñýanlarynda bolsa gerek, yene agtygymy çagyrdym: - Bar, köşek, barsyñdan bir habar tutup gaýt! Men barsam-a, tanar, birahat bolar - diýdim. Agşamara agtyk geldi, ýüz-gözüni çyn adamyňky ýaly edip. Özüni haýwanat bagynyň müdiri däldirin öýdenok. - Ha, köşek? Barsyň gowumy? - diýýän. - Aý gowy-la welin... Öz öýi ýaly, girip-çykyb-a ýör - Hä, onda, "weliniñ" name? - Aý hiç «Zarow!» diýýän seredenogam, "Seniň ýylyñ geldi, günüñ geldi. Gutlaýan!" diýýän, ýüzüni kese sowup dur... Synpdaşlarymam güldüler... Nähil-aý?! - Häý köşek... Eýsem näme, ol seniň bilen saglyk-amanlygam soraşsynmy?! Häliden torsarylan bolup oturan agtyk birden «Pyňk» etdi. Menem güldüm. Bu-da entek çaga-da! Diýsemem-diýdim, gülsemem-güldüm wellin... Entek enteklerem, her gezek Bars ýyly golaýlanda, ýüregimiñ pynhanja ýerinden şol bars balasy ýaly düşnüksiz bir müýnjagaz müňedekläp çykýar-da, daşymdan aýlanyp başlaýar. Ana, şondan welin nädip sypjagymy bilemok. Böwrüm bükgüldide, gözüm dag tarapda... Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |