16:42 Ýüpekçiler / hekaýa | |
ÝÜPEKÇILER
Çagalar edebiýaty
Okuw gutardy. Iki klasdaş, iki goňşy – Gurban bilen Çary joňkuldaşyp, ýene bileje öýlerine gaýtdylar. – Öýe bararsyňam welin, gum-guklukdyr. Hemmesi gurçugyň yzyndadyr... – diýip, Gurban uly adam ýaly, uludan demini aldy. – Gowy-da şol, öýde adam bolmasa! Oýnap keýpden çykarys! – diýip, Çary ýyrşardy. – Aý, ogrynça gidip oýnamasaň, oýnuňam gyzygy ýok... Ýekelik Gurbanyň ýigrenýän zady. Ynha, şu günler obada ýüpek gurçugynyň idedilýän döwri. Her gün ertir irden gözüňi açarsyň welin, gapdalyňda ulular ýokdur. Iki-üç sanysy gurçuklara ýaprak getirmäge gidendir. Biri gurçuk saklanylýan jaýyň pejini otlajak bolup garabaşyna gaý, ýene birem gurçuklar üçin täze telär oňarmagyň aladasynda. Saňa bolsa "Haçan gitdiň, haçan geldiň?“ diýýän ýok. Oýnamaga gitjek bolsaň, "Gitme, pylan iş et!“ diýjegem ýok. Indi ozalkylar ýaly, goňşy-golam bir ýere üýşüp, gyzykly-gyzykly gürrüňler edişip oturanoklar. Käte bir üýşäýselerem, gürrüň şol bir zat – gurçuk hakyndadyr: "Meniň gurçuklarym pylanyňkydan pylança gün öňde (ýa-da yzda)“. "Biziňki şu gün ikinji ukusyna ýatdy“. "A gyz, meýdanda ýapragam galjak däl indi!“. Tä gurçuklar pile sarap, pilelerem baza tabşyrylýança, ýagdaý şeýledir. Gurbana galsa-ha, gurçuklar dört ukusyny bir günde uklap, ertesem pile saramaga duraýsalar. "Dogrudanam, gurçuklary basymrak pile sarar ýaly edip bolanokmyka?“ – diýip, Gurban pikir etdi. – Birazrak gurçuk alyp, idedip göräýseň, hä?! Ejem-ä "Köpräk iýseň, çalt ulalarsyň“ diýýär. Gurçuklaram şeýledir-dä! Beriberseň ýapragy, beriberseň ýapragy, iki günde ulalarlar-la!“ Ol şeýle pikiriň ulularyň kellesine gelmeýşine geň galdy. Özünden monça boldy. Hemmeden öňürti bir halta piläni eltip, ejesiniň öňünde goýjaklygy, ejesiniňem "Berekella, oglum! Sagja bol, oglum!“ diýip, ony bagryna basjaklygy göz öňüne gelende, Gurbanyň tas bokurdagy dolupdy. Ol pikirini Çara ýaňzytdy. Çarynyň näme, ylalaşmasy ap-aňsat, ony yrmak üçin "Bu işiň saňa hiç hili zyýany degmeýär!“ diýmek ýeterlik. Ýöne... onuň öz sözünden dänmesi ondanam aňsat. Başlanan işiň başa barmajagyny aňsa, derrew başyny gutarmak bilen. Gurbanyň bu gezekki teklibinem Çary oýlanyp durmazdan makullady, ýöne bir şertem bada-bat Gurbanyň boýnuna goýdy: – Bölüp aljak gurçuklarymyzam, gurçuklara berjek ýapraklarymyzam sizden bolmaly! – Bolýa, bar, bizden! Çary "Bü-ýä ýeňilräk boldy öýdýän?“ diýýän ýaly, biraz salym oýlanyp durdy-da: – Hemmesi seniň boýnuňadyr! – diýip, şertini has berkitdi. – Bolýa, meniň boýnuma! ...Aýdyldymy – gutardy. Iki klasdaş eglenmezden, öz arzuwlaryny amala aşyrmaga girişdiler. Ilki Gurbanlaryň melleginiň aýagujundan, gizlinje ýerden kiçeňräk, ýalpajyk çukur gazyldy, çukuryň içine gamyş, gamşyň üstündenem kagyz düşeldi. Bar zat taýýar bolansoň, Gurban öýde hiç kimiň ýok wagtyny peýläp, gurçugyň bir çetinden bölüp aldy. Getirip, çukuryň içinde rejelije ýerleşdirdi. Şondan soň iki ýüpekçi ýerli-ýerden haýdaşyp, töwerekdäki tutlardan ýaprak ýygdylar. Içi gurçukly çukuryň tä agzyna geläýýänçä ýaprakdan doldurdylar. Çukuryň üstünem basyrdylar. Gije, ýatylmazynyň öň ýany Gurbanyň ejesidir kakasy, agalary turup, telärdäki gurçuklara ýaprak bermäge durdular. Gurbanam olaryň yzy bilen assyrynja öýden çykdy. Baryp, Çaryny aýaga galdyrdy: – Tur-eý, Çary, ýaprak bermeli wagty bolupdyr öýdýän! Gurçukly çukur ýene ýaprakdan hyryn-dykyn doldy. Ertir daň bilen turup görseler, ýaňky gurçuklaryň hemmesi ýapragyň üstüne bosuşyp çykypdyr. Diňe üç-dört sanysy ýapraga güýmenen bolup ýör diýmeseň, galanlary hellewleşip, barysy ýokary dyzaýar. Okuwdan soň seretseler, ýene şol ýagdaý. – Bular suwsaýan bolaýmasyn? – Çary Gurbanyň ýüzüne soragly bakdy. Dogrudanam, ulularyň içi gurçukly tama tarap bedre-bedre suw alyp geçýänlerini Gurban telim gezek görüpdi. Öň üns bermäýşini diýsene! Iki ýüpekçi suw getirip, gurçuklaryň üstüne sepelediler. Ýöne gurçuklaryň şonda-da ýaprak iýip hezili bolmady.– Bular häzir uklaýan bolaýmasyn? – diýip, Çary täze çaklamany orta atdy. Dogrudanam-aý... Gurçuklar uklaýandyr öýdüp, iki klasdaş ýene bir güni umyt bilen geçirdiler. Bir günden soň "Ind-ä şular uklap bolandyr-ow“ diýip, çukuryň üstüni açdylar welin, iki ýüpekçiniň ikisem birden içini çekäýdi. Gurçuklaryň daşynda garynjalar bazar gurýardy. Gurçuklaryň birindenem gymyldy ýok. Muny görüp, Çary-ha: – Seniň boýnuňadyr. Seniň boýnuňa... – diýip, duran ýerinden öýlerine tarap ökjäni göterdi. Agşam Gurban gorka-gorka, gurçukly wakany ejesine gürrüň berdi. Ejesiniň ilki gaty gahary geldi. "Wah, teläriň bir çeti oýulyp duram diýdim-le! Wah, seniň edeniň bar bol-a!“ diýip, baý, jibrind-ä. – Eje, men size kömek etjek boldum ahyryn! – diýip, Gurban aglamjyrap gürledi. Ejesiniň basym gahary ýatyşdy, beýlekilere bolsa ol Gurbanyň etmişini aýdybam durmady. Gurban welin gijäniň bir wagtyna çenli uklap bilmedi. Garynjalaryň arasynda süýnüp ýatan ýüpek gurçuklary göz öňüne geldi durdy. Diňe daňdana golaý Gurban uka gitdi. Togalajyk, süýnmejik, ap-akja pileler onuň düýşüne girdi. Gurban şol pileleri ejesine görkezip, "Eje, ynha, bulary men ýetişdirdim!“ diýip durmuşyn. Şol wagt pileleriň birinden bir gurçuk kellejigini çykarýarmyş-da, "Berekella, Gurban! Sagja bol, Gurban!“ diýýärmiş. Gurban ol gurçukdan gaty hoşal boldy, tä ukudan oýanýança, ýylgyrypjyk ýatdy... Kömek KULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |