16:00 Gurban garawul / hekaýa | |
GURBAN GARAWUL
Hekaýalar
Ynha, şol Gurban garawul diýilýän. Uzynak, agaçdan ýasalan ýaly, hortap adam. Garawul lakamy oňa şeýle bir ýelmeşipdir we şeýle bir şaplaşyp dur welin, lakam onuň üçin döräpmi ýa-da ol lakam üçin – saýgarar ýaly däl. Biz oglanlykda muny lakamdyram öýtmezdik-de, onuň adyny “Gurban garawul aga!” diýip tutardyk. Göwnüňe bolmasa, onuň küýkeribräk ýöreýşi, heniz haýbat paýyny gidirmedik çap-çal murty, ýaş ýigidiňki ýaly täsin ýaldyrap duran göreçleri garawullykdan başga kärdäki adama gelişjegem däl ýaly. Bu haýbatly görnüşiň üstüni ýetirip duran ýene bir zadam onuň könelme kemini goýmadyk hyrly tüpeňi bilen ýanyndaky äpet kelleli, daýaw goýun iti. Ýöne hälki tüpeňiň Gurban garawulyň elinde “towhuldanyn-a” gören adam ýok. Gurban garawulyň edil kinolardaky ýaly saýhally-saýhally basyp, äwmän bir ýöreýşem bardyr. Käwagtam ardynjyrap, murtlaryny elleşdirip görer. Ol tertip-düzgüni gaty berk tutýar. Bagyň içine aýlanýan belli-belli wagty bar. Setanda-seýranda “adatdan daşary ýagdaý” ýüze çykaýmasa, şol wagtyndan ne eýläk, ne-de beýläk gyşarjak gümany ýok. Diýipmi ýa diýdirýärlermi, käbir dili uzynlara gulak gabartsaň-a, gijräk ýanyna gelenleriň birki sanysyna “Parol!” diýibem gygyranmyşyn. “Döwlet serhediniň bir çägini goraýan däldirin öýdenog-aý!” diýen bir gyşygrak gürrüňem gulaga degdi. Ýöne Gurban garawulyň gep-gürrüň bilen kowalaşyp ýörmäge kän elem degip duranok. Giden bir baga göz-gulak boljak bolsaň, bakyp-bejerjek bolsaň, gep-gürrüňe ýöne eliňi salgaýsaň gerek. Onsoňam diňe döwlet serhedimi näme? Uly bir kolhozyň üzüm bagyny ynanýan bolsalar, ol oýunjak iş däl. Onda-da näçe ýyllap. Şeýle zady her kime ynanybam duranoklar ahyryn! ...Men baranymda, Gurban aga bagyň bir çetinde hysyrdanyp ýören eken. Gapdalynda bolsa daýaw it gazan ýaly kellesini öň aýaklarynyň üstüne goýup, eýesiniň edýän işine üns bilen seredip ýatyr. Şo-da meniň baranymy ilki gördi. Kellesini galdyraga-da, “Dur-how, kimsiň?” diýýän ýaly, birki gezek lowh-lowh etdi. Men bir gözümi itden aýyrman, Gurban aga golaýlaşdym. It indi aýak üstüne galypdy we bir maňa, bir-de garawulyň ýüzüne seredýärdi. “Nädeýin?” diýdigidir-dä. Gurban aga itini bir gapdala itip goýberdi-de, elini gözüniň üstüne kölegeledip, maňa tarap ýöneldi. ...Tanyşlyk berenimden soň, Gurban aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi: -- Hä, hä! Hallyň ogly men diýsene! Häýt, zalym, sen meniň bir wagtky baş ogrularymdansyň. Haçan gelip ýörsüň şäherden? Öz-ä ýat bolup gitdiň-aý, zalym. Onuň daşky agraslygyndan häzir ne nam bardy, ne nyşan. Ol meniň idegläp gelenime aç-açan begenýärdi, muny onuň ýalpyldap duran gözlerindäki päkize ýylgyryş has-da äşgär edýärdi. Şol begençden, şol ýylgyryşdan meniňem ýüregime ýylylyk ýetdi. – Görsem, bir şlýapa ýetip gelýär. Häk, ýene ketderäkleriň biri üstümi basd-ow diýip pikir etdim. Her näme diýseňem, şu şlýapa diýilýän zatlarynda haýbat-a bar-aý – diýip, Gurban aga eýýäm gaýnamaga ýetişen ezberje tüňçesini demläp duran ýerinden meniň şlýapamy “kesekläp” başlady. Ýok, asyl şoňa jyny düşäýdi. – Bir wagtlar-a maňa gan gagşadansyň sen. Äl, bolsa-da betjediň-aý, zalym. Ynha, indi görseň, şlýapa geýen bolup... Gadymkyja garagolluklaryny goý-da boýnuna goýup bilseň. Ýogsa-da, şunuň ýalyjak şlýapadan diýýän-ä biz tetelli depesi ýukalan goja gerek eken biri-ýarymy. Gurban aga gürleýärdi. Meniň göwnüme bolsa, dek häzir bagyň hol çetinden gözleri ýanyp duran, dogumlyja bir oglanjyk çykagada, ümdüzine jyrralaýjak ýalydy... Dogurdanam, näme üçin şeýtdikkäk şo döwürler?! Öz melleklerimizde-de miwe gytçylygy ýokdy ahyryn. Belki, bitakat çaga ýüreginiň etdiren oýnudyr. Belki, oglanlyk döwrüň kinolaryndaky ýaly çar tarapyňy gurşap duran “kynçylyklar”, hatarly “işler” şol ýüregi heýjana salandyr. Kim bilýä... Gurban aga meniň ýüzüme seredip, çaga mekirligi bilen ýylgyryp goýberdi. Şlýapa gaty höwesiniň gidenini ýaşyrjak boldumy-nätdimi, gepiň küregini seresaplyk bilen başga kenara sowup ugrady: – Şeýle şlýapany, janlarym, men başga kimiň depesinde gördümkäm?! Hä-hä, hol Metdi mugallymda bard-ow şundan. Gurban garawul dymdy, gös-görnetin agraslandy: – Arada meniň ýanyma geldi ol, oguljygyny öňüne salyp. Elinde-de bir salkym üzüm. “Ynha, bi okuwçy – diýýä, -- ogurlyk edipdir” diýýä. “Ynha, indem garawuldan ötünç sora!” diýip, oglunyň gulagyndan bir towlaýa, neressejigiň gözünden paýyr-paýyr ýaş gidýä. Gözümiň alnynda birki şarpygam sugşuryp goýberdi welin, meniň-ä mazam gaçyberdi. “Degme oglana!” diýdim. “Oglan bar ýerde birdir-ýarymdyr garagollygam bolman bolmaz” diýdim. “Burny deşilen ýaly, agzynyň gyllygyny akdyryp ýören oglandanam oglan bolmaz” diýdim. Pah, şondan soňra meniň depämden döküläýdi ol. “Sen – diýýä, – köne düşünjeli” diýýä. “Sen çaga ters terbiýe bermegiň tarapdary” diýýä. Özem Makar diýdimi, örän ulymugallymlaryň birinden birtopar mysalam getirdi welin, gözüm depäme aýlanyp gitdi... Indi seniň özüň aýt, ol mamlamy ýa-da men? Men şu gyssagarada bir zat diýmegiň ebeteýini tapman, sowala sowal bilen jogap berdim: – A sen, Gurban aga, ondan “Eýsem, çagany urup-sögüp terbiýelemek dogry terbiýemidir?” diýip sorasaň bolmadymy? Gurban aganyň göreçleri ýene-de ýaldyrap gitdi: – Wah, şo welin, içigar, kellä gelmändir. Ýogsam, hut gözümiň alnynda... Şondan soň gürrüňiň akymy kän gezek üýtgedi. Men sypaýyçylyk bilen rugsat sorap, ýerimden galdym. – Ýogsa-da, inim diýýän-ä, seniň heý bir ýüregi gurtlurajyk ogluň-zadyň ýokmudy?! Meniň bu sowala geň galanymy aňyp, Gurban aga sözüniň soňuny ýetirmäge alňasady: – Aý, gaty kulturlaşypdyrlarmy-nämemi, häzirki oglanlar ogurlyga-zada-da geläýenok. Birhili ýüregem gysýar... Onuň oýnudygyna ýa çynydygyna düşünip bilmedim. Ep-esli arany açyp, yzyma seretsem, Gurban garawul henizem şol duran ýerinde dur. Gapdalyndaky it bolsa pessaýrak ses bilen “Haw-wa, haw-wa” diýip, nämedir bir zady üznüksiz tekrarlaýardy. Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |