16:44 Guşlara aşyk oglan / hekaýa | |
GUŞLARA AŞYK OGLAN
Çagalar edebiýaty
Perhady otrýaddan kowdular. Otrýadyň komandiri Aýmyrat ony ýanyna çagyrdy-da, “Esger Gurbanow, sen otrýaddan boş!” diýdi. Perhadyň aňk-taňk bolanyny görüp, içýakgyç ýyrşardy. “Guşlary söýýän, gurjak oýnaýan oglandan esger bolmaz. Bar-da, gurjaklaryňa güýmeniber, guşlaryň owazyny diňläber, garaz, otrýadyň golaýyna gelmeseň bolýar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Komandiriniň soňky sözleri Perhadyň ýürejigine ok bolup degdi. Ol oýlanmazdan, duran ýerinden Aýmyradyň üstüne topuldy. Ýöne komandiriň ýanynda duran iki “esger” onuň ýoluny böwetledi. Perhadyň egninden agaç tüpeňini sypyryp aldylar, soňam öňe salyp, onuň öýleriniň deňine getirip gitdiler. Perhat ýene ýeke galdy. Pioner lagerine kabul edilmän gaýtarylan günündäkisi ýaly ýeke galdy. Ol keýpsiz halda üsti höwürtgeli agajyň aşagyna bardy. Agaja söýelip goýlan merduwandan dyrmyşyp, höwürtgäniň içine seretdi. Entegem şol gugaryp ýatyşy. Bu tagta höwürtgäni Perhadyň özi elinje ýasapdy. Ýöne höwürtge guşlaryň göwnüne ýaramadymy-nätdimi, birem gelmedi. Perhat höwürtgäniň agzyny giňeldip gördi. Öňüne tagtadan meýdanjyk ýasap, däne sepip gördi. Dänänem bir topbak serçe gelip, ýeke gezek gonanda ýuwutdy gitdi, ýöne hatda şol öý-öwzarsyz serçeleriňem hiç biri höwürtgä girmedi. Perhat ilki-ilkiler her bäş-on minutdan agaja çykyp, höwürtgäni barlap görýärdi. Guşlaryň welin bary dilleşen ýaly, eger-eger, dünýäde Perhat diýip bir oglan bardyr-ow, o-da biziň üçin bir höwürtge ýasandyr-ow diýip pikirine-de has medeniýetleşdirmegi ýüregine düwdi. Höwürtgäniň agzyndaky meýdançajygy giňeltdi-de, gyz jigisiniň köneje gurjagyny getirip, meýdançajygyň bir gyrasynda oturdy. Gurjagyň bir elin-ä, hamana, guşlary çagyrýan ýaly öňe uzadyp goýdy, beýleki eli bilenem däne sepip duran şekilli etdi. Ýöne şeýle myhmansöýer görnüşde gujagyny gerip, ýylgyrypjyk oturan gurjagam höwürtgä guş getirip bilemedi. Gurjag-a şonda-da göwnüne zat alanok. Ynha, häzirem däne sepýän ýaly bolup, şol ýylgyryp oturşy Perhat gurjagyň ýeňňesinden tutup, ýokary galdyrdy, onuň bigam ýylgyryşly ýüzüne seretdi-seretdi-de, eliniň ýeten ýerine zyňyp göýberdi. Perhadyň gulagyna bir ýerden surnaýyň owazy geldi. Ol owaz eşidilen tarapa bakyp, uludan demini aldy-da, merduwandan aşaklygyna syrygdy. Pioner lagerine bu ýyl maýdagöz elekden geçiren ýaly seçip-saýlap aldylar. Ikilikçiler, işýakmaz ýaltalar lageriň howlusyny daş ýüzünde galdy. “Üçlükçilere-de” gujak açan bolmady. Ýyllyk bahalar jemlenende alan üç sany “3-lügi” Perhadyňam işini gördi, lagerden tamsyny üzdürdi. Aýmyradyň pioner lagerine alynmadyklardan otryad düzýänligini eşidende, Perhat tas ganat baglap uçupdy. Etek alty-ýeň ýedi bolup, Aýmyradyň ýanyna ýelk ýasapdy. * * * Aýmyradyň kakasy gyňyr adam. Hyýrsyz adam. Iş ýerinden käýinç-zat alsa-da, haýsydyr bir işi oňuna bolmasa-da, agşam öýlerine gelende, bar gaharyny Aýmyrat dagydan çykarýar. Aýmyrat dagy sähelçe garagolluk edäýse ýa-da tabşyrylan ýumşy bitirmese-hä, bar, onsoň! Gaýyş kemer garaşypjyk durandyr. Goňşulary “A-how, edýäniň näme, çagadyr-da!” diýip, ara düşjek bolsalar, Aýmyradyň kakasy şeý diýýär: - Çagany ýaşdan... diýipdirler. Başdan berkräk tutsaň, çaganyň başy gaty bolar. Adam bolýar. Erni hyllykly, burny sümükli çagadan zat çykmaz. Aýmyradyň iki sany bedenesi bar. Agzy ýapylyp, işikdäki garry tutdan asylan köneje sebediň içinde ýaşaýarlar. Käte-käte, ertir irden ýa-da agşamara “Bytbyldyk-bytbyldyk-bytbyldyk!” edip şeýle bir saýraýarlar. Anha, kakasy her gezek ýenjenden soň, Aýmyradam barýar-da, şol bedene janawarlary gynap başlaýar. Sebede çöp sokup, olaryň böwrüne dürtüşdürýär, kellejiklerine urýar. Bedene görgüliler garagyna gezelip gelýän çöpden gaçyp, bir eýläk-bir beýläk ylgaýarlar. “Ä-hä, ýalýagylar, ýakanokmy, hä?! Taýak süýjümi, nan süýji?” diýip, Aýmyrat kakasyna öýkünip gygyrýar, arasynda-da, heniz kepäp ýetişmedik gözýaşyny süpürýär. Şeýle “öç alyşdan” soň, bedeneler birki günläp saýranoklar. ...Bir gezek “Men guşlary söýýärin” diýen temadan düzme ýazmaly boldy. Düzme ýazylandan soň, mugallym iki-üç sany okuwça öz ýazan düzmelerni okatdy. Gezek Aýmyrada-da ýetdi. Ol ýerinden turdy-da, depderine burnuny degräýjek bolup: - Guşlar örän köpdür. Guşlar örän akyllydyr hem owadandyr. Men olary gowy görýärin hem söýýärin... – diýip, hetjikläp başlady. Şol wagt yzky hataradan: - Ýoldaş mugallym, ýalan aýdýar! – diýen ses eşidildi. Öwrülip seretseler, iň soňky partadan örboýnuna galyp, Perhat dur. Özem sandyr-sandyr edýär. Perhat şeýdip biraz durdy-da, pessaý ses bilen: - Ol... bedenlerini urýar... – diýip, aşak oturdy. Şondan soň telim günläp Aýmyrat bilen Perhat gürleşmän gezdiler. Ýöne, çaga ýüregi-de, munda kine durýarmy. Nädip ýaraşanlaryny özlerem bilmän galdy. Düzmeli, bedeneli gürrüňem köneldi gitdi. Guş bilen baglanyşykly ýene bir waka bolmadyk bolsa, belki ol gürrüň gaýdyp hiç kimiň ýadyna düşmese-de düşmezdi. Aýmyradyň otrýadam pioner lagerindäkilere öýkünip, düzgün-nyzam bilen uly ýaba suwa düşmäge gitdi. Gaýtjak bolanlarynda “Kim bar-kim ýok” etseler, esgerleriň biri ýetenok. O-da Perhat Gurbanow. Haýdan-haý onuň gözlegine çykyldy. Görseler, ynha, bir toraňňynyň aşagynda bukulypdyr-da, hol beýleräkdäki şahada däli-porhan bolup jibirdäp oturan saryja guşy synlap ýatyr, özem bir täsin ýylgyrýar. Gelenleri görüp, guş-a uçup gitdi, Perhadam üst-başyny kakyşdyran bolup, ýerinden turdy-da: - Gaty oňat saýraýar-aý... – diýip, müýnli ýylgyrdy. Onuň öňräk höwürtge ýasap, gurjak oturdyp ýöreninem görenler bar ekeni. Bu-da üstüne emek boldy. Görlen-eşdilen, toplanylan malumatlaryň ählisini üýşürip, ýetmezini dolduryp, Aýmyrada ýetirdiler. Aýmyradyňam köneje öýkesi ýadyna düşdi, gözleri uçganaklap gitdi. Ol “esger Gurbanowy” bada-bat otrýaddan çykarmak barada buýruk berdi... * * * Perhat öz mellekleriniň içinde köw-söwläp ýörkä, mellek aralygyndaky çiliň üstünde ýapyrylyp oturan goňşulary Döwlet agany gördi. Ol ýaşulynyň golaýyna baryp, edep bilen salam berdi: - Salawmaleýkim... Öňler “Aý, berekella, waleýkimessalam!” diýýän adam bu gezek bir elini galdyryp, “Çüş-ş!” etdi. Nämeniň nämädigine düşünmese-de, Perhadam aşak oturyp, diňşirgendi. Döwlet aga bir salymdan “Diňle, bilbil gelipdir, bilbil!” diýip pyşyrdady. Perhat birhili bolup gitdi. “Asyl, bu-da... Kim aýdar – urşa gatnaşan goja soldat diýip. Sakgal-murty çalaran halatyna, bilbiliň sesine keýp eden bolup otyr. Ýa-da munuň soldatlygy, urşa gatnaşanlygam ýalanmyka?! Onda, her baýramda lowurdadyp dakýan bir gujak orden-medalyna näme diýjek?! Aý, ýok, bu ýerde bir düşünmezlig-ä bar”. Perhat Döwlet aga bilen ymyklyja düşünişmekligi, bolan zatlaryň baryny oňa gürrüň bermegi ýüregine düwdi. Kimiň mamladygyny, nähili adamyň çyn esger bolup biljegini, goý, Döwlet aga aýtsyn. Bagtyň işläp, Döwlet aga ýaly adam seniň tarapyňda bolup çykaýsa, Aýmyrat dagyjygyň dymar oturyberer. Kömek KULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |