11:50 Iki hakykat arasy | |
IKI HAKYKAT ARASY
Edebi makalalar
Diňe güldürip – aglatmak däl Ine, bu kitaby ýene bir öwran gaýtalap okap otyryn. Näçenji gezek? Bilemok. Ýöne bir bilýän zadym: eger eser gaýta-gaýta okalýan bolsa, onda ol hakykydyr. Ajaýypdyr! Ýeke bir gezek okalýan kitaplar hem bar, okalýar-da, unudylýar. Emma, hakyky eserlere häli-şindi eliňi uzadanyňy duýman galýarsyň. Eseriň hili, ine, şu sypat boýunça-da kesgitlenip bilner... Ýazyjy Kömek Kulyýewiň ˝Iki sallançak arasy˝ powesti... Öz döwründe Moskwanyň iň abraýly ˝Hudožestwennaýa literatura˝ neşirýaty şol wagtky Soýuzyň çäginde ýaş ýazyjylaryň halkara bäsleşigini geçirip, onda ýeňiji bolan eserleri ýörite kitap edip çykardy. Ýaş türkmen ýazyjysy Kömek Kulyýewiň ýokarda agzalan powesti şol bäsleşikde başky orunlaryň birini eýeledi. Wagtynda bu eser barada köp gürrüňler edildi, kän zatlar aýdyldy. Ýazyjy ol eseri ýüze çykardy diýip däl-de, ol eser Kömek Kulyýewi doly kemala gelen ýazyjy hökmünde orta çykardy, ykrar etdirdi diýip, aýdasym gelýär. Powesti gaýtalap okap oturşyma, hakykatdan hem, bu eseriň edebi hadysa öwrülmegi ýöne ýere däl ekenligine göz ýetirýärin. ˝Iki sallançak arasy˝ bilen, özboluşly, aýagyny ýerden üzmeýän, biziň gündelik görüp-bilip ýören zatlarymyz barada halky dil bilen şüweleňli beýanedýän, öňki-soňky ýazyjylaryň hiç birine meňzemeýän täze bir kyssaçynyň ýüze çykmagy okyjylaryň köpüsini begendiripdi. Kitabyň ýene gaýtadan neşir edilmegi diňe gutlanylmaly ýagdaýdyr. Sebäbi, bu eserler şu güne-de, ertirki günlere-de hyzmat etmek ukybyna eýe. ... Baryp-ha mundan otuz ýyl çemesi ozal ýaş ýazyjy Kömek Kulyýew ˝Pioner˝ žurnalyna çagalar üçin ýazan ˝Dost gözleginde˝ atly bir hekaýajygyny getiripdi. Ondaky wakalar kiçijik güjüjegiň pikir ýöretmneleri arkaly beýan edilýär. Hawa, dilsiz-agyzsyz janaweriň dili bilen. Nädip beýle edip bilipdir, kim bilýär? Şeýle ynandyryjy, sada... Žurnalyň jogapkär kätibi, şahyr Azat Rahmanow hekaýany yzyna – bölüme alyp geldi: – Kömek Kulyýew diýilýän kim? Azadyň soragyna men birhili boldum: – Uniwersitetde okaýar, türkmen filologiýasynda... Meniň jogabymy soňlatman, Azat Rahmanow şeýle diýipdi: – Ondan gaty uly ýazyjy çykar! Kömegiň hekaýasyndaky şeýle täre men soň Çingiz Aýtmatowyň bir romanynda gabat geldim. Ussat ýazyjynyň gudraty bilen, iki sany möjegiň arasyndaky söhbet hakyky dilde (erteki, rowaýat däl) beýan edilýär weli, özüňi şol jübüt möjekleriň ýanynda ýaly duýýarsyň. ˝Aý, möjegem, heý, adam dilinde gürlärmi?˝ diýip, ynanmazçylyk etmeýärsiň, gaýta, ˝Yzy näderkä?˝ diýip, jansererk bolup, kitabyň ahyryna howlugýarsyň. K. Kulyýewiň ˝Iki sallançak arasy˝ powestindäki ˝Ignat˝ diýen bölüminde hem ors adamsy türkmençe gürleýär weli, edil ýanynda durana dönýärsiň: ˝– Maňa aýtdylar: ˝Halyk serçäniň ogly boldy˝. Men bardy, öýe girdi, seretdi. Ýorgan aşagynda biri ýatyr. Men pikir etdi: Neujeli. Halyk serçeden beýle uly ogul döredi. Ýorgany galdyrdy, seretdi. Halyk serçäniň özi ýatyr˝. Ýazyjynyň edebi tärleri, çeperçilik usullary syrlygynda galýar. Halypa ýazyjylaryň biri edebi seminarda: ˝Kömek Kulyýew diýen bir ýazyjy döredi. Ol oturan ýerinde, hiç zatdan eser ýasap bilýär˝ diýipdi. Hawa, K.Kulyýewiň materiallary mydama eliniň aşagynda, emgenmän ýazyp otyr. Onuň gowy görýän şygaram: ˝Men eserden deriň ysy gelse, halamaýaryn˝. Teatryň piri K.S.Stanislawskiý hem şuňa meňzeş pikiri aýdan eken: ˝Eger aktýor derleýän bolsa, sahnada köri ýok˝. Okyja-da lezzet bermeli, özüňem lezzet alyp ýazmaly. Ömrümboýy Kömek bilen tirkeşip, ondan ˝Köp işledim, ýazyp ýadadym˝ diýen sözi eşitmedim. Ol işden gelip, dynç almaly wagty ýazýar, ýazýan wagtam dynç alýar, Ol ýazyp dynç alýan ýazyjy. Tanyşlarymyň biri şeýle gürrüň beripdi: ˝Täze mellek aldyk, boş goýmak günä diýip, ony-muny sanjyşdyryp çykdyk. Iş-alada bilen aňrybaş idi-issuwat edip bilmedigem welin, hasylyny ýygyp tükedip bilmedik˝. Il içinde ˝Oýnap ekseň, boýnap biter˝ diýenem bir söz bar. Ýazyjy Kömek Kulyýew şol pähimden ugur alýan bolarly, ol çyglyp ýazmaýar, ol ˝oýnap˝,oklap-gapyp ýazýar. Gaşyny çytyp, gazabyna tutup däl-de, gülüp-güldürip, degşip-henek atyp ýazýar. Oýunlyga salybam köp pikirleri, problemalary gozgap bolýandygyna Kömegiň eserlerini okan mahalyň aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Onuň döredijiliginiň häsiýetli taraplarynyň ýene biri hem, ýazyjynyň çeper hakykar bilen durmuş hakykatynyň arasynda kän boşluk goýmazlyga çalyşýanlygydyr. Onuň eserlerinde durmuş hakykaty bilen çeper hakykatyň, gülki bilen gussanyň, oýun bilen çynyň arasyndaky böwetler ýykylyp, çäkler bozulýar. Aslynda, pikir edip otursaň, adamzat ýaşaýşam hut şol ýörelge esasynda gurnalana meňzeş. Diňe ýekeje adamyň bir gündäki başdan geçirýän wakalaryny, duýgularyny göz öňüne getirip görüň! Goý, hamana, ol öz öňünde ˝Men şu günümi diňe gülüp geçirmeli˝ ýa-da, tersine, ˝Men şu gün ýekeje zada-da gülmerin, ýylgyrmarynam˝ diýlen wezipäni goýupdyr diýeli. Bolaýarmyka? Bolmaz. Göwnüme bolmasa, Kömek Kulyýewem durmuşyň şu müdimilik gezekleşme usulyny ulanyp ýazýan ýaly. Meger, şonuň üçindir, onuň eserlerindäki wakalar, häsiýetler şeýle bir janly beýan edilýär welin, käte olaryň çeper eserdiginem ýatdan çykarýarsyň. K.Kulyýewiň ˝Oýlanmaga alty aý möhlet˝ atly powestini okan ýakyn garyndaşlarymyzyň biri: ˝A-how, Guldurdy, men öz maşgalamdaky, durmuşymdaky bolan zatlary ol ýazyjy dostyňa gürrüň ber diýip aýtmadym ahyryn!˝ diýip, igeneni ýadyma düşýär. Kömegiň ol gürrüňlerden habarynyňam ýokdugyny, her bir hakyky ýazyjynyň bir ýa-da birnäçe adatyň ömür beýanyny däl-de, ýülerçe, ýüz müňlerçe ynsanlaryň, maşgalalaryň ykbalyny umumylaşdyryp, tipleşdirip ýazýanlygyny, şonuň üçinem, onuň eseriniň her bir adama degişli ýaly bolup görünýänligini men oňa nädip düşündireýin?! K.Kulyýewiň ˝Karsaky˝ hekaýasy çap edilensoň, okyjylkaryň käsiniň ˝Ondaky wakalar durmuşda başgaça boldy ahyryn!˝ diýip, ör-gökden gelmelerem biziň şol pikirimizi tassyklaýar. Ol okyjylar bu hekaýadaky wakalaryň ýazyjynyň çeper fantaziýasydygyny ýatlaryna-da salanoklar. Hamana, gazet makalasyny okan ýaly, ˝Munda adam atlaryna çenli üýtgedilen-ä!˝ diýşip durlar. Kömek Kulyýewiň ˝Ömür kerweni˝ atly kiçijik powestinde beýan edilýän türkmen durmuşy, göýä diýersiň, bir usul bilen çapylyp alnyp, hiç ýerini bozman, şol durşuna esere geçirilen ýaly. Ondaky durmuşy wakalary okap, keseden synlamaýarsyň-da, onuň içine çümüp gideniňi duýman galýarsyň. Özüň şol powestiň bir gahrymanyna öwrülýärsiň, eseriň içinde ýaşap ugraýarsyň, begenýäň, örtenýäň. Ondaky her söz, her jümle seniň özüň bilen dahylly. Eser tamamlanýar welin, ˝Wah!˝ diýeniňi duýman galýarsyň, ondan aýrylyşasyň gelenok. Eseri şeýle derejede ýazmak ýeňil-ýelpaý iş däl.Edebiýatda epiki hem likiri žanrlar diýlen düşünje bar. Emma, Kömek Kulyýewde ol ýok, baram bolsa, garym-gatym. Sebäbi, säher guşlaryň öz endigi, öz dili, öz höwesi bilen saýraýşy ýaly, Kömegem hiç bir žanr ýa-da usul, tär hakda pikir etmän, öz isleýşiçe ýazyp gidiberýär. Şonuň üçinem, ol wakalary, adatça edilişi ýaly, başdan däl-de, orruk ortasyndan ýa-da iň soňundan başlabam bilýär. Ol her bir eserini düýpden başgaça ýazyp, şol bir wagtyň özünde-de öňküje Kömek Kulyçylyk däbini, stilini, dilini saklap bilýär. Edebiýatda sýujet gurmak diýlenem ýene bir kyn zat bar. Ol – eserdäki wakalary dartgynly, yzygiderli, sazlaşykly beýan etmegi aňladýar. Şonsuz, eseriň gyzygy ýok diýlip hasap edilýär. Emma, Kömek Kulyýewiň köp eserlerinde bu-da ýok. Şonda-da, gyzykly. Sebäbi, ýazyjy özüniň maýyl ediji, şüweleňli, diňe özüne aýan bolan tärleri bilen seniň gözüňi-başyňy aýlaýar-da, edebiýatda, asla, dünýäde sýujet diýlen zadyň bardygyny, bolmalydygyny unutdyrýar. Ine, onsoň ol näme hakda ýazsa, ˝Hä!˝ diýip otyrsyň. Çeper eserde wakany beýan etmek däl-de, ine, şuny başarmak kyn, munuň üçin gaty uly ussatlyk gerek. Şeýle täri, bütewi bir sýujetsiz ýazmak usulyny türkmen edebiýatyna ilki getirenleriň biri Kömek Kulydyr diýsem, hakykatdan gatybir daş düşdügim bolmaz. Döredijilik barada pikir alşan mahallarymyz, Kömek Kulyýew şeýle diýýär: ˝Hekaýanyň birinji sözlemini ýa ilkinji abzasyny ýazyp bilsem, yzy aňsat gidýär. Başlap bilsem, soňuny gaýgy edemok˝. Beýle diýildigi, turuwbaşdan eseriň ˝heňi˝, stili, ritmi belli edilensoň, onuň şol hasap boýunça dowam edýändigini aňladýar. Ýöne şol heňi tutmakda, ritmi dogry saýlap almakda iş bar. Kömegiň, aýratynam, eseriň adyna uly üns berýänliginiň sebäbem şolmuka diýýärin. Ol köplenç, ilki eseriň adyny tapyp, soň özüni ýazýar. Eseriň ady, hamana, bir gazyk bolsa, ondaky ähli pikirler şol gazyga baglanmaly. Üns berip görüň: ˝Iki sallançak arasy˝, ˝Ýetimleriň baýramy˝, ˝Maşyna öwrülen adam hem-de Adama öwrülen maşyn hakda hekaýat˝, ˝Ýa geler, ýa gelmez˝, ˝Eýeli jaý˝ we ş. m. Ýene-de, Kömek Kulyýewiň döredijilik ykbalyny, ýoluny kesgitlän ˝Iki sallançak arasy˝ powestine dolanasym gelýär. (Bu eseriň Moskwadaky neşirine ˝Biziň saýlan ýollarymyz˝ diýlip at goýulmagam ýönelige däl bolsa gerek). ˝Iki sallançak arasynda˝ geçen asyryň 50-60-njy ýyllaryndaky türkmen obasy, oba adamlarynyň durmuşy barada okyjylaryň geçmişe küýseg damarynyň içinden ýol ýasanyp, çeper dil bilen beýan edilen wakalar täsin surat eserleri ýaly göz öňünden geçip dur. Çakym çak bolsa, powestdäki gahrymanlaryň hiç biri hem toslanyp tapylan däl, olar durmuşdan alnyp, ussatlyk bilen syntgylanan, tipleşdirilen keşpler, hamala diýersiň, öňden bilip, tanap ýören adamlaryň hakda gürrüň edilýän ýaly, diňe adam atlary üýtgedilen, galan ýeri öz tanyşlaryň.Şu ýerde ýazyjynyň ömür ýoly barada birki agyz aýtmak zerurlygy ýüze çykýar, sebäbi, şu powest onuň hut öz terjimehaly bilen bagly. Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Esgi obasynda doglan. Orta mekdepden soň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini zybrym bäşlik bilen okap, gyzyl diplomy alan. Onuň soňraky zähmet ýoly gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Komitetidir neşirýatlarda, Türkmen radiosydyr kinostudiýada geçdi. Ol häzir Türkmen döwlet medeniýet institutyndakafedra müdiri. Talyplara döredijilik tilsimlerinden sapak berýär. ...Adatça, esere syn berenlerinde, ˝Pylan-pylan ideýalar öňe sürülýär, pylan zat aýdyljak bolunýar˝ diýilýär. Emma, biziň bu syn berýän eserimizde ˝aýdyljak bolunýan zatlar˝ onuň içinde, iň buky ýerinde gizlenen, okyjynyň özi oýlanyp, gözläp tapmaly, şol diýilýän netijelere okyjynyň özi gelmeli. Ýa-da başga sözler bilen aýtsak, K.Kulyýewde ˝Pylan zat – pismidan˝ diýilmeýär-de, ideýalar eseriň süňňünden syzylyp çykýar. Bir gezek ýazyjylaryň biri ˝Kömek bu kitabynda görýänje, eşidenje zatlaryny ýazaýypdyr˝. Global, uly pikirler ýok˝ diýende, Kömek Kuly ýylgyryp oňaýdy. Şony aýdýanyň özi görmese, duýmasa, onuň öz günäsi. Elbetde, diňe bir güldürip-aglatmak diýsek, onda çeper edebiýatyň maksadynyň ýoýuldygy bolar, çünki, çyn eserler, ondan daşgary, okyjyny oýlandyryp, pikirini ösdürmeli, durmuş barada, ýaşaýyş hakda düşünjesini giňeltmeli, derdini paýlaşmaly... Garaz, uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Aslynda, bu kitabyň ˝Iki sallançak arasy˝ adynyň hem ˝ömür˝ diýen manyny berýändigini, ýagny, ýaşaýyş bilen ölümiň arasyny aňladýandygyny ýaňzydasym, Gurhany-Kerimdäki hem-de Hezreti Magtymgulydaky ˝Ölmek hak, dogulmak hak˝ diýen sözleri ýatladasym gelýär. Ömür hakda pikirlenmeýän adam barmy? Bu kitap şol hakda oýlanýan adamlaryň syrdaşyna öwrülýär. Şeýle düýpli, agras pikirlere adam, adatça, ep-esli ýaşap, kän çarşenbäni başdan geçirensoň gelýär. Emma, Kömek Kulyýewe bu pikirler bireýýäm, ol entek ýaş ýigitkä tanyş eken. Diýmek, ol eseriň many-mazmuny, pikir ýüki babatdaky hörpi tutuwbaşdan gaty ýokary perdeden tutan eken. K.Kulyýewiň eserlerinde, öňde aýdyşym ýaly, edebi žanrlaryň, şol sanda, şygryýet bilen kyssanyň arasyndaky çäklerem ýitýär. Şygryýete ˝düşünip bolýan, ýöne nämedigini düşündirip bolmaýan zat˝ diýýärler. ˝Iki sallançak arasy˝ hem kyssa bilen ýazylan goşgy, ondaky her sözden, her jümleden owaz ýaňlanyp dur. Teýkarynda şahyr bolup, kyssaçy hökmünde-de edebiýat meýdanyna giren Kömek Kulyýew goşguda aýtsam diýip ýören oýdur-duýgularyny şu powestine siňdiripdir. Munuň şeýledigini powestiň ˝Ammardan çykan şahyr˝, ˝Kenardaky duşuşyk˝ atly bölümlerinde awtoryň özi hem tassyklaýar. Gülki bilen gussa gezek gelende-de, şeýle... ˝Derňewçi˝ ilkinji gezek sahnada goýlanda, ony görmäge Gogolyň özi hem barypdyr. Tomaşaçylar gülüşýärmişler weli, muňa dramaturgyň gahary gelip, ˝Men muny aglaplar ýazdym, siz welin gülýärsiňiz!˝ diýipdir, özüniň tragediýa däl-de, komediýa ýazanyna ol soň düşünipdir. Kömek Kulyýewem käte ˝Meniň hekaýamy okanlar ˝Gülüp hezil etdik˝ diýýärler, onda güler ýaly näme baryny özümem bilemok˝ diýip boýun alýar. Dogrudanam, ol güldürmek üçin ýazanok, ol durmuşyň öz bolşuny ýazýar. Durmuşyň bolsa, agladýan ýerem bar, güldürýän ýerem. Ýazyjynyň ˝Garaw˝ atly hekaýasyny okap otyrkaň, ýüregiň gyýlyp gidýän ýerem bar, birden pyňkyranyňy hem duýman galýarsyň. ˝Aglady – güldi siwkädi˝ diýlişi ýaly, okadygyňsaýy ber-başagaý bolup oturmaly. Çyn edebiýatyň jadysy hem şonda. ˝Emelsize em barmy?˝, ˝Ýa geler, ýa gelmez˝, ˝Söhbetdeşler˝ ýaly hekaýatlarda hem, ˝Adam bolmak kyn˝ atly erteki-powestinde hem şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň, gyýylýarsyň, şatlanýarsyň. Adamy aglatmagam, güldürmegem aňsat iş däl, ol diňe ussatlaryň elinden gelýär. Belli bir döwürlerde Kömek Kulyýewiň galamynyň astyndan ˝Ýetimleriň baýramy˝, ˝Tükenmezköne˝, ˝Gargyş mama˝ ýaly has çylşyrymly, käte pajygaly ykballary suratlandyrýan eserlerem çykdy. Ýöne, barybir, ol eserlerem seniň egniňden basyp, göwnüňi çökerenok-da, gaýtam, olardaky käbir kyn ykbally gahrymanlaram, göýä, birwagt dünýäden öten gowy adamyň ýatlanyşy ýaly, mähir bilen, ýylgyryp hem gyýlyp ýatlaýarsyň.Umuman, K.Kulyýewiň soňky döwürlerde döreden eserlerinde biz has agraslanan, pikir-duýgulary goýazylaşan, ýöne gülmek hem güldürmek ukybyny, adamlara, ýaşaýşa, ýagty jahana bolan mähir-muhabbetini birjik-de ýitirmedik ýazyjyny görýäris. Şonuň üçinem, onuň her täze eserine, göýä, iň ýakyn dostuňdan geljek gowy habara garaşan ýaly garaşýarsyň. Türkmenistanyň edebiýat we sungat boýunça Ýaşlar baýragynyň eýesi Kömek Kulyýew soňky ýyllarda – Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny alan döwründe hem öz galamyny ezber işletdi. Onuň ençeme ilhalar eserleri gazet-žurnallarymyzyň sahypalaryny bezedi. Ýazyjynyň ssenarileri boýunça ýurdumyzyň ˝Oguzhan˝ kinostudiýasynda birnäçe çeper film surata düşürildi. ˝Eýeli jaý˝, ˝Gargyş mama˝, ˝Agöýli˝, ˝Gürp˝ ýaly eserleri metbugatda çap edilensoň, ˝Şolar esasynda film döredeli!˝ diýip, Kömek Kulyýewe kinoçylaryň ençemesi ýüz tutýarlar. Munuň beýle bolmagynyň sebäbi, onuň eserleri kino we teatra hem-de... adam kalbyna juda ýakyn. Hemmämiziň göz dikip garaşan Beýik Galkynyşlar eýýamymyzda okyjylara hödürlenýän şu neşiriň diňe bir ýaşlar hem däl, giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanjakdygyna men ynanýaryn. Guldurdy SÄHETDURDYÝEW, şahyr, dramaturg. | |
|