09:47 Çarh / 1-nji kitap -14 | |
Söhbetiň soňy has uly jedele ýazdy, ortarada ýanyp duran iň soňky şemem gutardy, emma gürrüňçilik gutarmady, ala-garaňky ýagdaýda kimiň gepleýänini ýüzünden däl, biri-biriniň sesinden tanaýarlar. Keýmir şunuň ýaly çylşyrymly ýagdaýda gürrüňleriň ýaýbaňlanyp, jygba-jygly pursada ýeteninde, heniz özüniň köp babatda asgynlygyny-gamyş ganatlygyny duýup dur, bir tarapdan seretseň, ol aýdýanyňkam dogry ýaly, beýleki tarapdan bu aýdýanyňkam. Hakykatdanam, ikisiniňkiniňem ýalňyşyny çykaryp bolmajak mamla ýeri bar. Her eliňe birini alyp, öňe sürülýän iki pikrem mazaly saldarlamaly. Birini äsgermezçilik etseň, soň içiňi tutup, kösenjek ýene özüňsiň. Pikirlerem edil gatbar-gat jaý salan ýaly-da, aşakdaky kerpijiňi nädogry örseň, ýokarsam ýalňyş çykýar, onsoň galdyrýan diwaryň bir gapdala agma-gyşarma bilen, uzagyndanam ýykylma bilen. Pikirlerden nädip dogry uçlyp çykarmagy özgelerden öwrenip otyr. Danalaryň aýdyşyça, ejizligiňi duýmak – güýçlüligiň alamaty. Öwrenmek – alymlygyň nyşanasy. Bilmeýänligiňi bilmek – düşünmegiň başlangyjy. Pygamberimiz Muhammet-Mustapa aýdypdyr-a “Sallançakdan göre çenli öwren!” diýip.
Taryhy proza
Adam diýeniň – hil-hil, kim öýi-maşgalasy beýlede dursun, öz gara gaýgysyny hem edip, ýaşap bilenok – nalajedeýin. Geplemelimiş diýilse, köplüke olam samrap dur, agzyna gelenini otaryp. Adamyň beýnisi näçe ýuka boldugyça, az bildigiçe, şonça-da akyl satasy, öwredesi gelýär. Iň ýamanam, aýdylýan parasatly sözlere diş-dyrnak garşy çykyp, dogryny inkär edýär. A kimler Watan gaýgysyndan ýatyp bilenok, beýik pikirlere çümüp, şol kellesini tutup ýör. Onsoň ol ikisiniň pikirleri deň gelermi? Aratapawutlary ýer bilen asman ýaly. Bu diňe iki görnüşiniň mysaly, emma başga-başga köýlerde, başga-başga zatlaryň yşkynda ýörenleriň sany näçe? Bu sowalyň jogabyny “Näçe adam bar bolsa – şonça!” diýäýeliň. Indi olaryň hemmesiniň agyzlaryny nädip birikdirersiň? Haýsy söz olary bir maksadyň daşynda jemlär? Tekeleriň häzirki ýagdaýynda ol söz, elbet-de, – Watan! Döwletmämmet Düýegöz hanyň ýolbaşçylygynda wekiller topary, ýene-de her taýpadan halkyň öňüne düşýän han-begler, Keýmirem ýanlaryna alyp, uzak ýola şaýlandylar, ugur Türkmensähra tarap, gökleňleriň arasyna barmaly, maslahat geçirip, türkmen taýpalarynyň birigip, bileleşip, bir halky emele getirmek, döwlet gurmak meselesine garaljak. Ol maslahata ärsarylardanam, ýomutlardanam, saryklardanam, esenhan-ýazyrhanlardanam wekil gatnaşjak, ýolda jemlenişilmeli ýeri, wagty öňünden belleşilen. Maslahata her kim öz pikiri-teklibi bilen barmaly. Nämeden başlap, näme edilende göwnejaý boljak? Bir kelleden iki kelle gowy, bolmasy bir iş gopanyndan soň, puşeýmandan peýda ýok, dony biçmezden ozal ýedi gezek ölçemeli. Bu sapary iki-üç aý öňünden Hojanepes batyryň wekiller topary ýörite iş edinip gurnapdy. Hemme zat diýlen ýerinde, belleşilen wagtda amala aşdy, maslahata ýörite çagyrylanlaryň hemmesi wadalaşylan ýerde tapyşyp, agzybirlikde gojaman daglardan aşyp, Türkmensähranyň bir çetinden girdiler. Ýol diýeniňem ýagşy-ýaman wakadan doly, her hili ýagdaýlar öňüňden çykyberýär. Tüm garaňky gije. “Çyr-çyr” edip, çarlawuklaryň sesi mese-mälim eşdilýär. Oba tarapdan metjidiň ýassy namazyna çagyrýan azan sesi gulaga ölügsi kaklyşdy. Metjide ýetinçäň ep-esli aralygy geçmeli, ýaşulular namazy gijikdirmän, şu ýerde okamaly diýen karara geldiler. Keýmir çeşmäniň kenarynda täret kylyp durka Aýyň ýalkymyna bukdaklaşyp barýan dört adamynyň hyýyrsyz keşpleri gözüne kaklyşdy, olar daş-töwerege ýalt-ýult edip, örän hatyrjem. Keýmir “Şular düzüwlilige-hä barýan däldir, ynha, belli bolar, namazdan soň özüm iş edineýin” diýen netijä geldi. Ýaşulular täret-namazlary bilen bolubersinler. Biz olaryň öňlerinden çykjak wakany synlalyň. Çerkez-çalydan edilen aýmançanyň içinde rahat ýatan goýun sürüsiniň çopany goşda ýassy namazynyň iň soňky dileglerini edip dur. Bir ýerlerden-ä itiň çyňsaýan sesi gelýän ýaly. Ýöne ony çopan eşitmedik borly, ol namazlygyny ýygnap, ýanyp duran ody ölçerdi-de, üstüne ýene bir töňňäni atdy, soň ýerine geçip, kelläni ýassyga goýdy. Uzakly gün kömekçisiz ýeke özi dag jülgesinde giden süri malyň yzynda syňsyraklap gezen ýadaw adam-da, kelläni ýassyga goýanyndanam süýji uka batdy, onuň uka çümeni çekip ugran horundanam aňdyrýar. Dagda mal bakmak çölde bakan ýalam däl, çöl-dä name, süriniň öňi-ardy eliň aýasynda ýaly görnüp dur, jülgede welin mallaryňy pytratsaň, hersi bir ýaňa dargaberýär, soň olaryň başyny gowuşdyrjak bolsaň, garagörgülik. Çopanyň ýüzüniň ugruna süýji yka batmasynyň sebäbi şol – ýadawlyk. Bärde diňe ýatan mahalyň dynç bar, düzüwli dynjyňy alyp bilmeseň, ertesi işe ýaraňok. Emma onuň ýatanyna betgüman ýaňky elhenç dörtler “çüş-de - çüş” bolşup, tümlükde gizlendiler. Daşyna gyzyl gyýkyndy oralan zommak-çüri telpekleri çala saýgardýar. Olar garaşyp, amat araýarlar, çopan beýlesine agdarylyp, täzeden hor çekip başlanyndan “Indi-hä mazaly uka gitdi gerek” diýşip, çopanyň daşyna geçdiler. Dört edrenç ukuda ýatan biçäräni basyp, elin-aýagyny güýldüler. Çopan ukynyň arasynda nämäniň nämedigini-de aňşarmady, ilk-ä düýşünde gara basýandyr öýtdi, ukudan açylansoňam, gyzylbaşlaryň özüni daňyp, ýesir edip alyp gitmekçidiklerini bilip galdy. Bagly gollaryny sypdyrmak isledi, urundy, başarmady, ol ahmyrly: - A-how, golumy bir çözüp, täzeden daňyň. Munyňyz namardyň işi. Armanda goýmaň meni. Çözüp, täzeden daňyp bilseňiz, halalyňyz bolsun, “Wah” diýsem, namart ogly boldugym, özüňizem dört sany, hemmäňiziňem eliňizde ýarag bar, ýeke ýigidi uklap ýatyrka tutup, puşmanda goýmaň? Size namys dälmidir? “Suw içene ýylanam degmeýärmiş” diýen gürrüňi eidensiňiz-ä. Ýekeje haýyşym şu, çözüp, täzeden daňaýyň elimi? Şeýtseňiz, sizden iki dünýe razy bolaýyn, size gargamaýyn. Dördüň daýawy: -- Çözmeýäs-aý, çöpeý ogly! Çözsek, sen bize per berjekmi? Düş yzymyza, ýorgala-da. Çopan itini çagyrýar: “Alaman! Alaman!” Daýaw: -- Ilki itiň janyny gabyz etdik. Saňa indi itiňdenem, hiç kimiňdenem haraý ýok, sen ahmal galdyň, çopan. Diňe biziň aýdanymyzy edip, sen sessiz ýöreseň, bizem urman-ýençmän, alyp gideli. Ýogsa çabalanyp, görgi görkezseňem, janyňy jähenneme iberip, senem itiň gapdalynda süýndirýäs, halanjygyňy ed-äý. Bize olja hökmünde mallaryňy dagdan aňryk sürüp gitsegem, kekirdegimizden ýeterlik. Çopany südenekledip ugraýarlar, ol birden müňzäp, ýanyp duran oduň üstündäki töňňäni aýagy bilen batly pyzyp goýberýär, töňňe atylyp baryp, gapdaldaky ýandak küdesine ot berýär, ot dem salymda tutaşyp, asmana galýar. Ýeriň giňinde öňki şertleşige görä, dagda uly ot ýansa, ýagy döküldigi. Muny hemmeler bilýär. Duşmanlaram bilýär, olaram aljyraňňylyga düşdüler. Çopanyň depesinden ýagdyrdylar gamçyny. Ýöne eýýäm iş-işden geçipdi, indi çopany öldüreniňden nepeýda? Çaltrak bärden garaňy saýlamaly! Obada ýaňky ody görenler erewde-berewlige başladylar. -- Haý, ýagy gelendir-le, how! Atly atyňyza, ýaragly ýaragyňyza ýapyşyň. Beýewwar, han aganyň işigine jemlenişiň! Aýallar-çagalar, garry-gurtular bir ýana, atlylar başga bir ýana çalasynlyk bilen toplanyşyp ugradylar. Beýle pajygaly ýagdaý bu obada häli-şindi gaýtalanyp, endige öwrülip giden, öretme gerek däl, her kim näme etmelidigini bilýär. Dörtler çopany gamçylap, saýgylap, ata tirkäp, alyp barýarlar. Daýaw gapdalyndaka hemle urýar. --Agzyňyzy öweldişip durmaň-da, siz ikiňiz çopanyň mallaryny sürüň dagdan aňryk. Özüňizem aňryky jülgä düşüň. Iki atly süriniň üstüne depýär. Nirden geldi, nirden çykdy, belli däl, bir bölek atly jigitler çopany alyp barýan iki ýagyny orta gabap aldylar, silkme telpekli , gyrmyzdonly ýaragly batyrlary gören ýaňky ikisiniň gorkudan gözi hanasyndan çykara geldi. Jigitler çopany azat edip, ol ikisiniň gollaryny arkalaryndan bagladylar. Çopan: -- Agalar, men sürimiň yzyndan eňeýin. Çopan daýawyň bilindäki gylyjy çekip alyp, onuň atyna towsup münýär. Döwletmämmet Düýegöz han: -- Ýanyňa birküç ýigidi goşaly. Ýeke özüňe... -- Ýok, öň şulara ukudakam golumy bagladanyma namys edip, bir ölüp bilemok. Malymy sürüp giden ol iki ýagynyň hötdesinden bir özüm gelerin. Siz oba kömege baryberiň. Çopan atylyp gitdi. Obanyň ýaraglanan ilaty topar tutup, garaşyp durlar. Olaryň garşysyndaky duşmanlaram çozsakmykak-çozmasakmykak diýip, eýmenip dur. Ýagynyň maksady obany gapyl basmakdy, öňlerinden onça ýaragly adam çykar öýtmeýärdiler. Çep gapdaldan atylyp gelýän jigitleri gören ýagy birden basga düşüp, zut göterdi ökjäni. Ilat “Gaçany kowujy bolma” nakylyna eýerdi. Türkmen taýpa wekilleri hem gelip, olara goşuldylar, iki ýesiri tabşyryp hemem çopanyň süriniň yzyndan gidişini aýdyp berdiler, oba ilatam ol çopana belet ekenler: “Aý, ony gaýgy etmäň, ol bäşiňe-onyňa per berjek adam däl, mallarynam dolar, ol iki ýagynam tutup getirer” diýdiler. Oba olary bu gije myhman aldy. Ertesem säher bilen olar ýene ýola düşdüler. Obanyň ulusy-kiçisi öz myhmanlaryny alkyşlap, bir ýolbelet oglanam ýanlaryna goşup, allaýarlaşyp ugratdylar. Olar dag kemerinden, Sumbar derýasyndan aşyp, Türkmensähranyň Giňjaý diýen ýerine Akdepe obasyna barýarlar. Ýolbelet oglan “Ine, Giňjaý diýen ýeriň Akdepe obasy, hol jaýam Döwletmämmet mollanyň öýi” diýip, özi yzyna dolandy. Döwletmämmet Azadynyň öýi. Howluda erew-berewlik başlanýar. Şagurbat gelýär. Şagurbat ýaşuly adam, ol Döwletmämmediň gaýnatasy. Ýeke çagasy Orazgüli durmuşa çykaransoň, soňlugy bilen, özi hem aýaly Bibi bilen Döwletmämmetlerde boluberipdir. Döwletmämmet “Her wagt meni myhmançylyga çagyrmakçy bolanyňyzda ilki bilen molla Şagurbady çagyryň” diýipdir. Şagurbat oýnap ýören Abdyllany ýanyna çagyrýar. -- Abdyllam, bize myhman gelýärmiş – Ner bedewli hanlar, begler. Gaýraly garyndaşlar. Bar Janmämmet goňşyny çagyryp gel. Janly soýsun. Men häzir güýlüp goýaryn. Abdylla “Bolýar, babam!” diýip, ýüwrüp gitdi. Şagurbat malýataga tarap ýönelýär. Öýde Döwletmämmet molla aýaly Orazgülüň ýagdaýlaryny soraşdyrýar. Orazgül iki gat. Ol ýylgyryp öz ýakasyna seredýär. Bun-erte. Döwletmämmet gelniniň bakyşyndan many alýar: -- Geljek myhmanlaryň sany ep-esli barmyş. Türkmen taýpalarynyň abraýly ýaşulylary. Myhmanlary goňşy-golamlaram paýlaşar. Şondan şuňa gelen gonaklara öýe giriň diýmeseňem, gelşigi ýok. Aslynda-ha, şu ýagdaýdakaň sen öýden çykmaly däl welin, mertebeli myhmalary hormatlap, öýe salmaly bolar. Saňa-da mellekden bir çetden ýer düşäp bererler. Biraz gaýrat edersiň-dä. Orazgül ýene ýylgyrýar. Döwletmämmet: --Biş-düşem gaýgy etme, oba kömege geler. Orazgül ýene ýylgyrýar. Öýüň içine myhmanlaryň hemmesi ýerleşipdir. Nahar-şor çekilipdir. Her-hili miweler münderlenip dur. Döwletmämmet myhmanlaryň iň ýaşulysyna ýüzlenýär: -- Düýegöz aga, ikimiz-ä atdaşam bolýas, “Tekeleriň hany Döwletmämmet Düýegöz” diýip eşidýäris. Daşyňyzdan guwanyp ýörendiris. Ýanyňyzdaky oturan ýaş ýigidem Keýmir bolmaly, onuňam çawy bärlere ýetdi. --Hakykat, ýanymdaka Keýmir diýilýändir. Birimiz-ä Düýegöz, beýlekimezem kör lakamly. Gözliniň bilmedigini kör bilýär. Oturanlar gülüşýärler. --Bu gapdalymdaky hem ýemrelileriň hany Ugurly Gazak. Azady: -- Diňe ýemreliler däl, alili – garadaşly, mürçeli, mehinlilerem, sanap nädeýin, tutuş ýazyrhanlar Ugurly Gazagyň gepinden çykýan däldirler. Döwletmämmet Düýegöz han: -- Ine, ol ikisem Lebapdan Myrat pälwan bilen Taşpolat serdar. (olar çala baş atarýarlar). Olaryň beýlesinde oturanam gaýraň ýomutlary bilen çowdurlaryň wekili Atanepes baga. Azady: --Hojanepes batyr bilen ýigitlerin-ä aýtmasaňyzam, tanaýas. Olar öňem gelip, myhman bolup, düşläp gitdiler. Aý, hawa-da, türkmeniň han – begleri birleşip bilse, halkam birleşer. Millet birleşip, bitewi halka öwrülse, türkmenleriň azat döwletinem gurarys, enşalla! Myrat pälwan: --Biziň şu ýere – bir supranyň daşyna ýygnanyşyp bilmegimizem, eýýäm kän zady aňladýar, üýşip-bileleşip biljek ekenik-ä, gördük, tanyşdyk, ikinji ezek görşemizde garayndaş, üçünji gezekde dogana öwrülýäris. Aslynda-ha biz ozal dogan, hemmämiz bir höwürtgeden çykan. Duşman bir taýpanyň üstüne çozanda beýleki taýpalar goşulman, “Ýagyň özüňe nesip etsin!” diýip, kibtini gysyp otursa, millet bolup bilmäýäň. Bir taýpanyň üstüne çozan duşman hemme taýpanyňam duşmany. Diňe bileleşeniňde, bir-birege arka duranyňda, duşmandan rüstem gelmek mümkin. Taýpalarymyzyň arasyndaky düşünişmezlik, agzalalyk diňe duşman üçin peýdaly. Nakyllaryň dili bilen aýdylanda sygryň şahyna urlanda, endamy syzlamaly! Atanepes baga: -- Watanyň ykbaly diýip ata çykdyk. Şu maslahatda gelnen neijäni ilatymyzyň içinde düşündirip-ýaýratmagam biziň borjumyz, hemme kişiniň düşünjesi deň däl. Tutuş jemagatyň pikiri şu mukaddes maksada öwrüler ýaly etmeli! Keýmiriň şu ugurdan bitirýän işleri barada eşidip, bizem juda begenýäris. Ýekäniň çaňy çykmaýar, bu başlan işimiz tutuş halkyň agzybirlikde berjaý etmeli işi. Eger halk kürtdürip, çete çekilip dursa, bitirjek goşuň ýok. Haçanda halk yzyňa düşjegini bilseň, öňe düşmeli. Arkaňda halkyň dursa, alynmajak gala ýok. Taşpolat: --Halkymyzyň ykbal-a çakyňdan göz – gülbän, ony it görse, gözi agarjak. Talaňçylyk, baknalyk, gahatçylyk. Aý, munuň şeýledigini aýtmamyzda-da belli-le. Üýşüp, maslahat edýänimiz gowy, öz göbegimizi özümiz kesmesek, daşyndan gelip, başga kim bize döwlet gurup berer? Duşmanlarymyz-a biziň döwlet gurmagymyza kes-kelläm garşy. Näçe agzymyzy alardyp bilseler, olara bizi ezmek aňsat düşýär. Halkyň agzyny alardyp ýörenler öz türkmenlerimiziň arasynda-da bar, olar-a gaýdyp ikini islemez ýaly jeza bermeli, goý, ýegi pyşdyna sapak bolsun! Keýmir: --Ispendiýar han türkmenleri birikdirip, “Gadymy Horezm döwletem, Hywa döwletem türkmenleriň hakyky döwletidir!” diýip, şonuň ýolbaşçylygynda Hywa döwletiniň agalygy türkmenleriň eline geçýär. Soň tagt ugrundaky söweşde öz doganlarynyndan gaçyp, türkmenleriň arasynda başyny gutaran Abulgazy Bahadur han wagty gelip, Hywanyň hany bolanyndan soň, özbeklere arkalanyp, Hywadan türkmenleri kowup çykarýar. Häzirem bize Hywada durarlyk galmady. Bize ilkinji nobatda düýp goşumyza aşmak gerek. Taryhda türkmen diýen millet döräp, halka öwrülensoň, güýçli döwlet gurup, beýleki birnäçe halklaryň takdyrlaryny çözüpdirler, emma pese düşüp, dagnyklyklar başlanandan soň, olaryň özleri beýleki uly döwletleriň depgi ýassygyna öwrülipdirler. Bu hanaweýran ýagdaýdan baş alyp çykmak üçinem türkmenler hökman birleşmeli! Ugurly Gazak: -- Millet bolup bir ýumruga düwülmelidigi düşnükli zat. Üzlen hünji ýaly pytrap ýatyrys. Ýöne nädip birleşmeli? Bir taýpanyň beýleki taýpa göwni ýetenok. Döwletmämmet Düýegöz han: -- Häzirki edip oturan maslahatymyzam şol barda-da. Her haýsymyz öz ilatymyzy beýik işlere taýynlamaly! Dagnyklyk hakynda aýdýanyň hakykat, biziň tekelerimizem dargap, bir ujy Hyratda, beýlekisi Hywada, Çyn-Maçynyň Hotanynda ýörenlerem az däl. Biz ýene ýurda – Arkaja, Mara dolanmagy arzuw edýäris. Azady: -- Tekeler Mara, Ahala dolsa biz gökleň – ýomutlaram arka tapynarys. Ärsarylar bilen ýomutlaryň arasyndaky boşlugam doljak. Ýöne Eýran şasy tas mundan ýüz ozal öz döwletiniň gaýra tarapyny osal görüp, Yrakdan ýigrimi dört müň kürti göçürip, Köpetdagyň ileri ýüzüne getirýär, türkmenlere şolar iş bolsun diýip. Ikisem gaýduwsyz millet, gidişibersinler diýýär. Türkmenleriň irde-giçde öz dogduk depelerine dolanjagyny bilip otyrlar, tekeleri olaram yzarlap ýörler. Tekeleriň Buharadan gelýänini bilip, kürtlerden, alililerden, ýemrelilerden zoraýakdan agyr goşun toplap, Tejen derýasynyň günbatarynda garaşyp, häzir bolup durlar. Olar bilen siziň oýnuňyz deň geljek däl, “Ýamandan ýaý boýy” edip, ilki Wasy, Wasdanam Garagumuň jümmüşine dolsaňyz, dogry bolar. Menem Azat Watany arzuwlap, “Wagzy Azat” atly kitap ýazmagyň yşkynda gezip ýörün. Heniz-ä kän br deprenip bilemok. Döwletmämmet Düýegöz han: --Biziňem pikir edişimiz şonuň ýaly. Hanyňyzdan öňürti ahuny göreli diýip, ilki siziňkide düşlemegimiziň emmasy şu-da. Atanepes baga: --Çowdurlar-igdirler, ýagny, esenhanlar Horezminiň paýtagty Hywa geçmezden 40 ýyl owal Maňgyşlaga göçüp barýarlar, soňra olar ýene-de ol ýerdenem göçüp, Kawkaza aşýarlar. Şolary yzyna gaýtaryp getirmegem möhüm. Salyrlaryň Horezmden Tenek batyryň başlyklygynda Horosan daglaryň etegi bilen Tejen derýasynyň ýokary akymyna Saragt¬a göçüp baryşlary ýaly, emma göçmän, Horezmde galan salyrlar hem az däl. Edil şol döwür-dä ýemrelileriň, garadaşlylaryň Ahal-arkajyna göçüp baran wagtlaram. Häzir hemmesem Eýranyň tabynlygynda. Döwletmämmet Azady: --Garaçuky ýomutlary owaldan hem Eýrana tabyndyrlar. Olar Gürgende, Kümüş depede, deňiz ýakasynda we olaryň çarwalary Balkan daglarynyň ýaýlalarynda ýerleşýär. Gökleň türkmenleri - Etrek derýasynyň boýlarynda we Gürgende bolýarlar. Ärsarylaryň bilen sakarlar Buhara ýurdunda, Kerkide we Amyderýa boýunda, bulary birleşdiräýjek bolsaň, aňsat iş däl, ýöne häzirki edişiňiz ýaly ýörite ugruna çykmaly. Başlangyç-a gowy, yzam gelsin-dä... Nahar-şor iýlip bolunýar. Ortadan tabaklar-çanaklar aýrylyp, töwir galdyrylýar. Çaý başynda ýene geňeş dowam edýär. Daşarda bir başagaýlyk bar. Tüm garaňkylygyň içinde eli panusly Bibi daýza (Orazgülüň ejesi) totam ejäni alyp gelýär. Döwletmämmet Azadynyň aýaly Orazgül gyssanýan ýaly. Totam eje birki gelne Orazgülüň ýatan ýerine mata gerdirip, mytgaldan oraça ýasadýar. Şagurbada ýumuş buýurýar: -- Şagurbat, aşagyna düşär ýaly bolrak gara ýaprak alyp gel. Şagurbat baş atyp gidýär. Öýüň içi. Maslahat tamamlanar ýaly däl. Düýegöz aga: -- Atdaş, ýaňy kitaby agzadyň, hak etdiň. Biziň urug taýpalarymyzy ruhy tarapdan birleşdirýän bir keramatly kitap gerek. Keýmir kör: -- Edil dini-yslamda Kurany-Kerim ýaly, türkmeniň emerini-damaryny birikdirýän mukaddes milli diwan gerek. Diňe Watan däl, türkmeniň milletem bölek-bölek bölünen. Ilki milleti dikläp, onsoň Watanyň azatlygyny gazanmaly. Türkmen milleti tire-taýpalara bölünenok-da, tire-taýpalar bileleşip türkmen milletini döredýär. Azady: -- Millet diýmek bitewülik diýmek-dä! Myrat Pälwan: -- Nädip birleşmeli? Gep şunda! Nädeniňde, haýsy keramatly sözü aýdanyňda millet birleşýär? Azady: -- Külli türkmeni bir agza bakdyryp, uçdantutma baryna “Hä” diýdirip biljek tumarly-dogaly sözi kim taparkä? Kim? Kim? diýen sowal öýüň içinde-de, daşynda-da yzly-yzyna birnäçe gezek tiz-tizden gaýtalanýar. Hamala, şol sowala Arşy-agladan jogap gelen ýaly, ýaňy doglan bäbejigiň jägildisi jahana dolýar. - Jäk! Jäk! Jäk! Işikden Abdyllajyk bilen Mämmetsapa begenişip girýär. --Däde, ogul jigimiz boldy. Oturanlar begenişip, oglanlaryň buşlugyny berýärler. Azady “azar edinmäň” diýse-de, oglanlar gysymlaryny gyrandan-dirhemden dolduryp gidýärler. Azady: -- Geňeşimiz toýa ýazdy. Perişdeler “ämin” diýdi gerek. Öňki bäbeklerimiziň gulagyna azany Şagurbat molla okapdy, bu gezek myhman hormaty, hemem del azan Keýmir okasa, näderkä? Onuň Şirgazy han medresesini okap, tamamlanyny bilýäris. Belki, biziň bäbegimizem öz azan atasyna çekip, şol medresede ylym alsyn. Ertesi eýjejik bäbejigi kese ýatyryp, Keýmir onuň gulagyna azan aýdýar. Adyny aýtmaly ýerine gelende KeýmirAzada seredýär. Azady: -- Oglum bolsa, atamyň adyny dakardym diýip ýördüm. Ady – Magtymgulydyr! Keýmir bäbege ýüzlenip: -- Adyň Magtymgulydyr! Döwletmämmet Azadynyň oglusyň! Azady: -- Külli türkmeniň ogly bolsun! Keýmir: -- Külli adamzadyň ogly bolsun, ämin, ylaýym! Oturanlaryňam hemmesi “Ämin” diýip, gol galdyrýarlar. Älemiň ýüzi “Kim?”, “Kim?”, “Kim?” diýen sowaldan dolan çagy, “Jäk-jäk-jäk!” diýen jogap geldi, “Ämin!”, “Ämin!”, “Ämin!” diýen dilegdenem jahanyň ýüzi münewwer oldy. Dünýe ýaň bolup dur. Megerem, arşyň-kürsüň ähli melekleri-perişdeleri jem bolup, “Ämin” diýip, gol götren bolsalar gerek. Dilegler Alla-Tagalanyň dergähinde kabul boldy. (1723-nji ýylyň ýazynyň soňky aýynyň birinji güni türkmenleriň ilkinji milli şahyry Magtymguly dünýä iýndi). Şol gezekki sapardan dolanyp gelenlerinden soň, Keýmir şonda edilen gürrüňlerdir gelnen kararlaryň täsirinden çykyp bilmedi. Ýeke-täk öz gaýgyňy edip bütin gije ýatyp bilmeýän wagtyň bar, a uly iliň gaýgysyny edip, sen nädip ýatarsyň? Çünki, onuň gaýgysam-söýgüsem hiç mahal gutarmaýar – seniň tutuş ömrüňe barabar. Il ýatyp, it uklanyna garamazdan, Keýmiriň gözlerine çiş kakylan ýaly. Şol bir sowallar, şol bir jogaplar kim bilýär indi näçinji gezek yz-yza gaýtalanyp dur, gaýtalanyp dur. Şunça ýatyp dynç alara çen boldy diýse-de, teý, uklap bilenok. Ertirem etmeli işleri depesinden agdyk. Ukusyny doly almasa, ol işlere-de düzüwli ýaramaz. Şunuň ýaly hala düşende Keýmiriň ýalňyz bir alajy bar – söýgülisini ýatlaýmaly. Ol welin hemişekisi kibi juda wepaly, ýatlap bildigi, derhal hyýalyna dolýar. Kellesindäki tükeniksiz oýlardan sypmak üçin, pikirlerini näzenin Ferzane tarap sowdy: “Ferzane jan Lagly Badahşan, ýetiş dadyma, iň bolman, hyýalda bir meni jennet gujagyňa gys. Ukusyzlyk derdinden halas et, öz muştagyňa rahat ber?” Yşk bir gowy mugjyza, gyssanan çagyň hyýala dolýar, jadyly ertekilerdäki ýaly, emma ol gyz bilen ikarada bir şärikli zat – aýralyk galdy, aýralygam näme tükeniksiz ah bilen pygan. Bar ýeten paýyň hijran bolsa, onda onuň süteminem datly saýaýmak galýar, herhal, başky söýgiň bilen bagly ejir-dä. “Aýra düşen aşyklar dagy alaç tapmasalar, “Bu dünýäde jyda düşsek-de, belki, o dünýäde bir-birege gowşarys, indiki barjak dünýämiz häzirkiden kän gowumyş” diýen umytda-arzuwda ýaşaýarlar. Maňa-da diňe şeý diýäýmek galdy indi. Ýöne şu dünýäde, bir döwürde, bir ýerde bile ýaşap, bir-birini tapmadyklar asmanda gowşarlarmy? Birinjiden-ä, o dünýäniň mähellesi mundan set müň-set müň esse kän, ikinjidenem, bu dünýäde duşurmadyk Hudaý o dünýäde duşurarmy? “Başa gelenini çekmede ne bar?” diýilýär, menem bu baky aýralygy indi boýun alaýyn, yşkymdan ömürlik el üzeýin. Indi Ferzaneni görme ýok maňa”. Emma dikdüşdi ýürek keskelläm boýun egenok, Keýmir her gezek indi ýardan el çekeýin diýen karara gelende ýene ýüregi çalaja eşitdirip, pyşyrdaýar: “Aýbygadym Pelegiňem agyp-dönäýmesi bardyr-haw, aram-aram ýadyňa-oýuňa düşmeýän zatlaram ediberýär, munuň şeýledigini durmuşda näçe gezekler öz gözleriň bilen görmediňmi näme? Belki, Ferzane ikimize-de kibtine gysyp, ýygnap-ýygşyryp goýan bir sowgatjygy bardyr. Onuňam aşyk biçäreleri begendiresi gelýändir-ä. Gowy görnesi gelýändir-ä, Hudaýyň öňünde oňa-da sogap gerekdir-ä. Baýak nähilidir bir ýollar tapyp, aşyk-magşuklary duşuran şol dälmi? Kyn iş däldir-ä onuň ýanynda. Öň edenini indi gaýtalap başarmazmy? “Almany göge zyň, ýere düşýänçä, ýa Pelek!” Söýgi almalarynyň göge zyňlanyna nijeme ýyllar geçdi, kim bilýär, bir ýerden bir uç tapar, ýary-ýara gowşurar” bu umytdan tamalaram boş çykdy, alma ýere gaçmady, toýly mesele yza süýşdi, ýaşy ýigrimi bäşden alyp ugrady, Pelegem bir gudrat görkezýän bolsa, görkezerçe mahal geçdi, gudrat-da ýok, beýlekem. Kakasy Hojanepes pälwan bilen ogly Keýmiriň arasynda her näçe oňaýsyzam bolsa, öýlenmek hakda ýene bir gezek gysgajyk gürrüň edişildi, ine, şu terzde: --Ejeň-ä toýa howlugýar, saňa-da aýdandyr, yzyňdaky iniňem ýetişip gelýär. Sen sebäpli, olam kemsinip ýörmesin. Halaýanyň-göwün bereniň bar bolsa aýt, kimiň gyzy diýseňem, edineli, şükür, haýsy gapyny açsagam ýok diýilmez-ä öýdýän. Öwrenişmedik gürrüňi bolansoň, Keýmir ýene dymýar. --Aýt, ogul, soň arman galmasyn, pylanylaryň gyzyny halaýardym welin, başgasyna öýeräýdiler diýme. Türkmeniň haýsy taýpadanam bolsa, özbek, pars, gazak, owgan... parhy ýok, öýlenjek özüň, kimi tutsaň, şol bolar. “Owgan” diýende Keýmiriň ýüregi süýşip gitdi, ylla, Ferzane jana gowşana döndi. “Hih, nireden eşidildikä? Özünden özge bilýän adam ýuk-da!?!” Ýeri, Keýmir näme diýsin? Ferzaneden başga ýüreginde hiç gyz, hiç peri ýok, onam aýdanyňdan ne peýda, gowsy, dymmak. --Onda Gözel daýzaň toýa gidende bir gyzy görüp gaýdypdyr, tüýs bize mynasypmyş, gökjelerdenmiş. Hökman diýemzok, git, gör, göwnüňe ýarasa, sawçy iberjek. Halamasaň, hökman diýemzok. Başgasyny gözläbereris. Keýmir gyssandy: --Toýda Gözel daýzamyň göreni ýeterlikmi? Ýaşaşmaly men-ä. Almajagyňa sawçy ibermek nämä gerek? --Almajagyňy nä bilýäň? Daýzaň görenini alga almasaň, özüňem görüp gaýt! Gözel daýzaň “Ugruny tapyp, ikisinem görüşdireýin, eger bir görenini az görse, iküç gezegem duşuşdyraýyn” diýipdir. Belki, görseň, halarsyň. Ýaramasa, zyýany ýok, hökman şol diýemzok, gözläbereris il içinden. Köp ýaşan gojalar gürrüň edýär: “Öňler atlarymyzyň sypaty häzirkisi ýaly däl eken, juda owadan eken, Behiştden çykan ýaly, ýöne üç ýüz ýylyň aýraçylygynda soň ýeri üýtgäp, howasy, iýýän ot-çöpi üýtgäp, atlar öz ilkibaşky sypatyny kän üýtgedipdir, ýurda dolansak, atlarymyzyň keşbem ýene gaýdyp geler’. Düýp Watana bir gezek baryp-gaýdany bilen aty üýtgäsi ýok, bu düşnükli. Ýöne Keýmiriň göwnüne Meleguşy öňküsinden has owadanlanan ýaly. Gojalaryň aýdyşy kibi, at diýilýän janawaram öz topragynda açylýan gül. Tekeleriň atlary başga-başga ýurtlara baransoň, ýuwaş-ýuwaşdan toýnuklary jaýrylyp, injiklerinden sallanyp duran gara tüý çykdy. Öňki owadanlygyny, görk-görmegini ýitirdi, inçe bil, bili syk diýilýän bedewler ýognady-ýarsdy, nesip bolsa, Watana gaýdyp barylsa, atlaram öz asylky syparyna girer. Atlar öz ýaşaýan topragynyň syraty. Beýleki atlarda dört-bäş reňk duş gelýär, teke bedewlerinde welin ýüzlerçe. Bu ýagdaý adamlara-da degişli bolmagy ahmal. Her topragyň özüne kybap adamlary bardyr. Tekelelerem Garagumyň perzentleri, olaram ýurda dolansalar, ýürekleri ýerine gelip, elbet-de, desbidähelden gül-gül açylarlar. Öýlerinde yzy gelmez bol-bola, tükeniksiz zora tutansoňlar, Keýmir nätsin – mejbur, öňünden bellenilen gün göwünli-göwünsiz Meleguşyna atlandy-da, gyzy görmäge gitdi, goňşy oba. Gözel daýzasy arada durup, hosdarlary bilen ylalaşyp, ony gyz bilen görüşdirdi, göz üçin kiçiräk bir bahana bilen. Bahana diýilýänem – bir düwünçegi gyzyň eline gowşurmaly, “Şuny size iberdiler” diýmeli, “Bu näme? Kim iberdi?” diýlen sorag ýok, gepleşilişi şeýle. Ýüzüni göreňsoň, ýagdaýyny tapsaňam, ýene birki agyz ondan-mundan gepleşmeli, dagy söz tapmasaňam, gadymy dessanlardaky edilşi ýaly bir käse suwmy, çalmy sorasaňam bolýar. Ýöne gyz pyýala uzadanda, hile bilen emelläp-tilsimläp, goşaryndan tutup, Reýhanarabyň Gülendam ýeňňäni ata basyp, gygyrdyp, alyp gaçyşy ýaly etmeli diýlen zat ýok, halaşsaň, toý tutubam, beriljek, Gözel daýza çalarak osmakladanda, gyz tarapyň gudaçylyga garşy däldigini aňypdyr. Ýöne öň Ferzane jan Lagly Badahşana bolan başky söýgüsinden ýaňa dyňzap-dykyn alyp duran aşyk ýüregine indi başga bir gözeliň yşky ýerleşermikä? Aýdaly, bar, ýerleşenem eken-dä, emma ol heserli duýgular ýumrugyň içi ýaly darajyk ýerde oňşarlarmyka? Keýmiri ýaýalladýan-götinjekledýän, dilini gysga edýän birahatlygyň birem – ýüzünde şikesiniň barlygy, kör gözi bilen biriniň baýdak ýaly ulygyzynyň ýanyna duşuşjak diýip, barmaga utanýar, özüni müýnli, mynasyp däl saýýar. Ferzane bolsa – başga gep, ol Keýmiriň çep gözüniň batyldygyny asla görmeýän-duýmaýan ýaly, hamala, ýeke gezegem şeýle ekeniň diýip diline dagysyna-da çolamandy ne oýundan, ne çyndan. Birdir-ýarym gezek gepden-gep çykyp, Keýmiriň özi ol hakda dil ýaraýjagam bolanda-da, Ferzane sypaýçylyk bilen gürrüňiň ebeteýini-tärini tapyp, sözi başga ýana sowupdy. Bu ýagdaýda welin Keýmiriň göwnüne bolmasa, wäh diýläýlek ýaly, çugutdyryp, bir gysyma dönüp barýar. Üstesine-de, gyz özünden bäş-alty ýaş dagy kiçimiş, döw ýaly bolup, ýaňy göze görnen ýumruk ýaly gyzyň ýanyna jöküdikläp baryp, üstüne abanyp, ýüregini ýaraýsaň, olam bir hili, göwne jaý däl, gelşiksiz. Nedirgulyny Abywerde elten, gadymy Ahala aýlanyp, otundan-çöpünden dadyp, dury suwundan ganyp gaýdan taýpary birçak kemsiz bedew çykypdy, sygyryp, synlap oturmaly diýilýän. Görogly begiň Agaýunus perini alyp gelýärkä, Gyratyň müň dürli ýöriş tapyşy ýaly, Meleguşam nirä, näme üçin barylýanyny syzýan deý, eýesiniň nepesini durlamak üçin, gurysäpjin ýörişini edip barýar. Gurysäpjin ýörişi diýilýände atyň üstünde kürteli gelin oturan bolsa, müň düwmesiniň birindenem ses çykmaly dälmiş. Aýdyp-diýerden rahatmyş. Meleguş adynam özi dakypdy, Garagumyň çägesiniň reňkine ýanap. Garagum adam reňkinden dälmiş-de “uly” diýen sözdenmiş. “Gara” diýen sözüň “uly” diýen manysam bar diýýärler. Garagum Ulygum diýmek-dä! Keýmir babasy Döwletmämmet Düýegöz hanyň sowgat beren Meleguşyny atlanyp, öňünden alan salgysy boýunça ýalňyşman, öýüni tapyp, gelinligi bilen görme-görşe bardy. Gyz meniklije-dogumlyja eken, kibtini gysyp, ürkek mal ýaly howsala düşüp, ýüzni ters öwrüp duran maşgala meňzänok, duşuşyk mahaly, geň galmaly, ol gözel dogup-döräp, şu sagada, şu wysala garaşyp duran ýaly mähir bilen Keýmiriň ýüzüne seretdi, sen gaýra basmasaň, ol yza tesjek däl, seniň duran eriňde olam durjak. Keýmire-de geregi şol, öz-özünden gep-sözlerem alşyp-ugrugyp gidiberdi, alaçaly ýag deýin. Asyl, ol gyz Keýmiri öň birküç gaýra görenem eken, toýdamy-gelinaljydamy? Syny oturany üçinem, gaýşyp durman, bu duşuşyga özi döwtalap razylyk beripdir. Keýmir öz gözlerine ynanmady, gyzyň adam Şaperi, özem. Ýüzi – açyk, durşuna mähir. Onuň ýüzündäki bärik göwnemän geleniniň nyşanasy göz açyp-ýumasy salymda zym-zyýat. Ýeke Ferzane däl eken-ä, başga-da ýüzüňe sylaýmaly owadan gyz bar eken-ä. Keýmir ylla başga bir dünýä düşen ýaly, göwni-göwsi açylyp, melul bolup barýar, ol häzir Şaperiniň gözlerinden öz bagtyýar geljegini görýär. Gül tahýasynyň çekge tarapyndan asylan, saçlarynyň üstünden aşaklygyna goýberilen, ýüzi uly gaşly, aşagy dört şelpeli, düwmeli, gyzyl çaýylan şakäkiliniň Şaperä gelşäýşini. Gelinliginiň adynyň Şaperiligini eşidende Keýmir “Eý, waý, edil Ferzane diýen ýaly-la – Şaperizane! Ýa meniň Ferzane jan Lagly Badahşanym gaýdyp geläýdimikä şu perizada öwrülip? Içimden şeýle bolaram öýdýärdim-ä, Allajanyň gudraty kän, ol näme edende gelişmeýär, aýrybam bilýär, duşurybam”. Adynyň Şaperiligini duşuşyga gaýtmanka hem eşitmesine eşidipdi, emma kän bir pitwa-da etmän, o diýen üns bermän, gulagynyň duşundan geçirip goýberipdi, gyzyň didaryny, kaddy-kamatyny görensoň welin, Şaperi ady ýüregine nagyşlanyp, baky ýazyldy, indi hiç haçanam öçmez. Şatlyk bilen hasratyň arasy pyçakarka golaýmyka, gör-ä muny, edeýin diýibem, edip bolmaz, özünden birugsat üç gezek içinden gaýtalady: “Razy! Razy! Razy!” Keýmir gyzdan dessanlarda edilişi ýaly bir käse suw-a soramady, ýöne öňünde bir çäýnek çaý goýuldy: “Üç gezek agdarandyryn, demini alan, içibermeli, taýyn”. Keýmire Şaperiniň hyzmaty, içerileriniň arassalygy, käse-çäýnegiň tämizligi hoş ýakdy, çaýy agdaryp goýmagy gyzyň edep görenliginiň nyşany. Gepi-sözem ýerinde, kibtini gysyp duran ýaýdanjaň däl, hamala, öňden tanyş ýaly, aýdan sözüňe ýylgyryp, nagt jogap berip dur. Üçtgeşik bir gürrüň ýok, häki bir dymşyp oturmaz ýaly, Keýmir häki bir maşgalalary barda sorady. Gyzyň iň uly agasy bilen iň kiçi jigisi erkek oglan, aralykda-da dört gyz, dördüň iň kiçisem Şaperi. Keýmiriň äden ýerine olam ädip biljek. Elbet-de, Şaperiniň gyz ýüregi gaýypdan nämedir bir zady syzýandyr-da, duşuşykda ol Keýmirden sypaýçylyk bilen talapedijilikli sorady. ”Bosagaňyzda asylgy şah barmyş diýýärler, ol näme üçin goýlan?” diýip, ýöne Keýmir ol şah barada ne Şaperä, ne hiç kime öňde-soňda pylanzeýilli zat aýtmady, aýtmazam, ol onuň hususy perýady, şahsy syry. “Aý, Badahşan daglarynda öňümden çykaýdy, owadan, peşeneli, haýbatly, alyp gaýdyberdim onsoň”-dan başga hiç söz geplemedi, jogap bilen Perem kanagatlanandyr-da. Keýmiriň Şaperi gyza öýenişiniň keleplenen uzyn bir gürrüňi ýok. Iki tarapda-da hemme zat bolsady eken deý, ýetnelikli, üste-üstesine gabat geldi durdy, sähedem bellendi, toýam tutuldy, iň esasysam, Keýmir-ä Şaperini alýanyna, Şaperem Keýmire durmuşa çykýanyna begenýär, süýjüligi bilen. Bir tapawut gyz ýigitden birneme ýaşy kiçi, oňa-da hiç kim pitwa edenok, gaýta “Ýigit ulurak bolsa, kemem däl, biri beýlekisine mynasyp jübüt” diýişdiler. Şaperem öz alçajyklygy-menikliligi, dogumy, boýy bilen ol tapawudy örtýär, bildirdenok. Başda söz berlişi deý, toýuň harajaty – Hojanepes batyrdan, guramaçylygy-beýemçiligem – Altyntäçden, galamasam dogan-garyndaş, dost-ýar, goňşy-golam, il-gün bilen. Tutuljak toýa sähet alyndy diýdik, yrym üçin, ýöriteläp däl-de, tötänden düşäýdigi boldy – ýelda gijesi. Ýelda asly Siriýa (Sorýany) sözi, dogluş wagty, ýagny, hezreti Isanyň doglan wagty. Türkmençä pars diliniň üsti bilen geçen, ýylyň iň uzak we iň garaňky gijesi, hijri-şemsi ýyl hasabynyň hut aýynyň 22-si, güýzüň ahyrky we gyşyň birinji gijesine aýdylýar. Muny az-kem üýtgedip, Keýmirdir Şaperiniň mysalynda ýalňyzlygyň iň soňky, jübütligiňem birinji gijesi diýip aýtmak mümkin. Ol sözüň asylky aýdylyşy hem, türkmençe aýdylyşy hem iki hili – elda-ýelda. Ýelda gijesi baglaram gyş uka gidermiş, uklandan soň çapylan bagyň agajy dykyz bolup, ondan ýasalan gap-çanaklar soň hiç jaýrylmaýarmyş. Netjarlar-agaç ussalary öz zerurlary üçin baglary diňe gyş paslynda çapýarlar. Şahyrlar ýaryň saçyny, gözüni taryplanlarynda ýelda gijesine deňeýärler. Eneden dogma, süresokma batyl biçärelerem ýelda gijesine deňeýänler bar. Hakykatyna seredeniňde welin, kör pakyrlaryň gözleriniň garaňkylygy-tümlügi ýeldanyň-beýlekiniň çakyndan has uzyn. Ýelda öýlenýänler üçin iň gowy gije, hem-ä iň garaňkylygy üçin, çünki, ýar-ýara gowşansoň, ýar jemelyndan gaýry ýagtylyk nämä gerek, şamçyrag-da şol, hemem iň uzaklygy üçin – bäri-bärilerde gutarmasyn-la! Ilkinji gijäniň dadyndan aňsat-aňsat, eger-eger ganmak ýok, näçe uzyn bolsa, şonça gowy. Gijesin-ä çalarak ýagyş ýagdy. Säherem şeýle owadan başlandy, ak, gök, gara bulutlar garym-gatym, asmanda ýasaýan şekillerem öň görülmedik. Ýeldanyň ertesi birden gündizi bilenem garaňky, ilki jybar, yzyndan pürkaw, soňy ýene ýagyş. Howa – ýüpek. Iň bir terkidünýäniňem şu howa göwni göteriler, toý tutýanlaryňk-a baýaky. Bu ýagdaý birnäçe güne çekdi. Eý-waý, älemgoşaram çykypdyr, Nowruz başlananda öňünden-soňuundan bir hepde-on güne çekýär. Ýelda-da nowruz ýaly. Eýýäm hut aýynyň 26-sy ýöne henizem tebigatyň asman gözelligi dowam edip otyr. Şu günem howa garaldy, ýagyş ýagdy, Gün çykdy, ýene garaldy, gije-de däl, gündizem däl – gije-gündiz! Ýöne ýere “Ýeldaýa aşyk bolmuşam” diýilmändir. Bu ýaş-nowjuwanlaryň nikasynda tebigatam joşup, toý tutdy, özem ol toý-tomaşa ençeme güne çekip, älem-jahana ýaň saldy. Heniz-ä ýyldyrym çakanok, birden gyşda ýyldyrym çakaýsa, onda Penjeli pälwanyň öwredişi ýaly, hökman goşaýaz gelerdi. Goşaýazam näme gowy görülýän zatlaryň biri-dä, “goşaýaz” sözüni adamlar begençli aýdýarlar. Ýelda gijesi tutulan şol toý Keýmir bilen Şaperini goşaýaza öwürdi, olar şine ýaryp, güle durdular. Egep gep çeperleşdirilip aýdylsa, oýunçy-bazygär Pelek bu täze çatynjalaryň takdyrlarynyň küşt tagtasyndaky çöpleri öz isleýşiçe şeýle dikdi: Ferzane – perzi, Şaperi – şa. Olaryň adam atlaryndanam bildirip durandyr. Keýmirem ol näzeninleriň alnynda ýönekeý pyýadalyga razy. Küştüň düzgüni boýunça şa hiç ölmeli däl, diýmek, göçümleriň dowamynda perzi oýundan çykmaly. Galýar şa bilen pyýada, ýöne pyýada-da başarsa, perzi çykmak mümkinçiligi berlen. Keýmir bilen Şaperiniň bilelikdäli ýarysy oýun, ýarysam çyn durmuşlary başlandy, diňe oýun-çyn däl, ýarysy ajy, ýarysy süji, ýarysy şatlyk, ýarysy hasrat, ýarysy gündiz, ýarysy gije... Ýarpylar goşulyşyp, bitewilige öwrülýär. Nesip etse, Keýmir bilen Şaperem bileleşip-bitişip, haýýatyň hiç hili siltewlerine-düşünişmezliklere per bermän, aýrylyşmaz, tutuş bir bitewilige öwrülmeli. Hawa, Ýerde özleri, asmanda ýyldyzlary gowuşmaly. Bagtyň daş ýarmasa, olary gabat getirmek juda kyn mesele. Ferzane bilen sataşanlygynda, ýyldyzlarynyň gowuşjaklygy görnüp duran zat, emma Pelek oňa ýol bermedi. Indi Keýmir bilen Şaperini Pelek duşuşdyrdy, emma olaryň ýürekleri birleşip bilermikä? Şaperi gelin bolup bu öýe düşensoň, aňrysyny bakyp, kürtesini bürenip, gelinsiräp, ýaşmagyny dişläp, uz ýaşynyp oturmady, öýüň ownukly-irili işlerine goşulyp, ýuwup-ardyp, nahar bişirip, baldyzy, eltisi, gaýnenesi bilen oňşup, garylyp-gatylyp gidiberdi. Işe has gyzygybers-ä, heniz kyrk gün geçmese-de, goşategbent kürtesini başyndan aýryp, diş-dyrnak haýdaberdi. Beýle däp-dessur ýogam welin Şaperi öz ýany bilen alyp gelen gyzlyk şakäkilini baldyzy Äşä ak ýürekden sowgat berdi, onuň bu iň arzylaýan-apalaýan şaý-sepini eçilmesi gelin bolup düşen işigine yhlasynyň zorlugyny, aýry ýüreginiň ýoklugyny aňladýar. Şonda Keýmiriň uýasynyň begenäýşini, dakynyp, öýdäkileriň hemmesine görkezip çykdy “Gelişýärmi?” diýip. Keýmire gelniniň bu edişi hoş ýakdy, hakykatdanam, onuň diňe öz adamsy bilen oňşany ýeterlik däl. Tutuş maşgalada süýjülikli gatnaşyk gerek. Öýdäkileriň hemmesem Şaperini Keýmirçe gowy gördüler, ady “Gelin jan!”, “Gelneje jan!”. Keýmirem süýji dilli, Şaperem degişmä-gülüşdirmäge ökde eken. Ikisem şadyman, ikisem biri-birine mährem. Başky kyrk günde-de, çuwalgyzlykdan gaýdyp gelensoňam Keýmire onuň bilen öz kellesindäki pikirleri barada gürleşmäge maýam, sebäbem bolmady. Başda olaryň arasynda diňe hojalygyň gürrüňleri edildi. Öýde pylan zat bar, pylan zat ýok, pylanylar aş berýär... Gündizlerin-ä Şaperini günde bir ýere arzylap, çörege-myhmançylyga çagyrýarlar – dogan-garyndaşlar, goňşular, gatnaşýan ýerleri... Keýmirem işi-aladasy bilen diňe gije ýatmaga gelýär. Iş-alada diýýänimiz, ýagny, belli bir käriň başyny tutýança çaga-da okadyp başlaberdi, mollaçylygam ediberdi. Baran ýerinde medresäni gutaryp gelensoň, aýat-töwüri Keýmire sen oka diýşip durlar, mollaçylyk etseň, garaz, ondan-mundan mesele-de çözdürýärler. Keýmiriň Gurhana, şerigata, kowahada, kyýasata esaslanyp, din barada, durmuş barada berýän jogaplary ýüreklere gabyl. Onsoň her kim ony diňlejek, wagty bilen öýli-öýüne dagaslary-turaslary, sowallaryňam aňrysyna çykar ýaly däl, Keýmiri ýanlaryndan goýberesleri gelenoklar, onuň öýüne giç gelýänem şondan. Sylagly adam bolansoň gellebärem kän. Hawa, gelni bilen ine-gana gürleşip oturmaga maýam bolmady, soňam gaýdyp gitdi atasyöýüne. Indi haçanlardan bäri Şaperi – çuwalgyz. Çuwalgyzka – gelni gaýtarmaka Şaperisiz ýaşap bilmejegine Keýmiriň doly gözi ýetdi, gelniniň hamala diýersiň, yşk güzerinde öňden düzlüp goýlan daşlaryň üstüne basyp, aýagyny ezmejek bolýan deý emaý bilen seýkin ýöreýşi Keýmiri Mejnun eýledi: “Arzuwlaryňa garşy çykybam, başky söýgiňden aýryp, agladybam, Pelek seni bagtly edip bilýär eken. Şaperim çaltrak gaýdyp gelse, gözlerimi gyrpman, ýüzüne seredip oturaryn”. “Gözlerimi gyrpman” diýýäniniň manysy bar – aşyk öz magşugy bilen didarlaşanda, kirpiginiň gyrpylan sähelçejik pursatynam aýralyk hasaplaýar, uzak görýär. Ýogsa aşyk gözlerini ýuman çagy-da, söwer ýaryň kaddy-kamatyny hyýalynda-da edil ýanynda deý görýärem-le welin. Keýmir gelniniň çaltrak gaýdylyp alynaryna howlukdy, ýöne bu barada ejesine aýtmaga ejap etdi, hiç kime-de duýdurmady, utandy, içki galagoplygyny bildirmän, dokmädesirän kişi bolup ýör. Ýok gol ýukalykdan-a däl, ýöne türkmen toý tutanda baryny-ýoguny hemme zadyny orta dökgüç. Azak-tenek karz-kowalam edildi. Aslynda, toýa goşant diýip, sowgat diýip, getirilen zatlaram, pul, mal-garalaram boýnuňda duran bergiň-dä, karz-da. Gezekli çemçe – soň nobatyň ýetende şonçany senem olara eltmeli, yzyna gaýtarmaly. Keýmiriň toýunda-da şeýle boldy. Köpleşdiler, daýanyşdylar. Türkmeniň ýörelgesi şeýle. Galyňyndan-malyndan doly ýetmediginem gelin yzyna gaýdylyp alnanda eltmeli edildi-oňşuldy. Bu ýagdaýam herkimiň toýunda-da duşýan zat, geňlenenok. Depseň, deprenmez aşa baý bolsaň, başga gep. Keýmirler toý tutup, iliň öňüne çykyp bilýän ortatabrak hojalyk, garybam-baýam däl. Öz günemasyny dolandyrýan diýilýän. Eger gollary juda ýuka bolsa, Hojanepes batyr ogluny bäş ýyllap Şirgazyhan medresesinde okadyp bilmezdi ahbeti. Ýagdaýy bolandyr, okadandyr, Galyňyň galanam ýuwaş-ýuwaş toplanar, gelnem gaýdyp alarlar. Edilmesine “Galyňynyň galanynam gaýdyp almaga baranymyzda elteris” diýip, gep edilipdi, emma hemme aýdanyň hemişe laýyk gelip durmy? Aý, näme, ýetde-gütdelik ähli kişide-de bolup bilýär. Toýy toý şekilli geçirmek üçin esli çykdaýjy edildi, özüňi tutýançaňam maý zerur. Häh diýeniňde, mäh bolup durmy? Wagty bilen jemlenişilmänsoň, “Gelnimizi gaýtaraweriň” diýip, dil ýarybam, gudalaryň üstüne barybam bilmediler. Keýmirem bu agdaýy özünden görýär: “Öň-ä öýerjek diýenlerinde tykyrap gezdim, indem durmuş meniň bilen edenjämi üzlüşýär. Giýewçilejek, gelnim bilen duşuşjak diýip, ýat obada göze ilip, masgara bolup ýörmegem maňa gelşenok. Diňe diş gysmaly, çydamaly!” Keýmir dört-bäş aýyň aýraçylygyna nalaç çydamaly boldy, gözleri ýar ýolunda intizar. Hawa, Keýmir başda dünýäde taýsyz, owadan-gelşikli, göwnaçyk Şaperä öýlenenine begenjinden iki bolup bilmedi, emma olaryň düşünjeleriniň kä meselede deň gelmeýänligi çalarak syzlyp-duýlup ugrady. Şaperi artygam däl, kemem, şol bir bellänje-adaty edýänje sözleri bilen oňňut edip ýören adam, ömrüne şeýdip, bir ýasawdaky sözler bilen ýaşan, degişmesem-gazabam şolaryň içinde, başga delräk gürrüň, delräk pikir eşidäýse-de aňsat kabul edip bilenok, gözlerini alardyp, garaçygyny bir gapdala agdaryberýär. Janly-jandarlaram şeýl-ä, bogazlaryndan çykarýan şol bir sesleri bilen mydar edişip ýörler-ä! Üýrüşip-uwwuldaşyp-saýraşyp... Başda juda bir üns bermese-de, soň Keýmir gelniiň bu ýagdaýyny assa-ýuwaş aňşyryp ugrady. Nämüçindir herkimiň öz ýanýoldaşynyň ýanynda oýun edesem, degşip-gülşesem, wäşisiräsem gelýär. Emma Keýmiriň degişmelerine Şaperi ters düşündi, kelç-külç, ýuwan-suwuk hasaplady, pisindiniň oturmaýandygynam duýdurdy, täze gelin halyna adamsynyň gepinden öz närazylygyny sypaýçylyk üçin gizlemedirem öýdenok. Oňşuksyzlygyň başy gije bile ýatýan düşekçeleriniň üstünde başlandy, Keýmir-ä üşek, ol asylam şeýle, çala aýaza-da gagşap-dygdyraklaberýär. Häzir-ä daşarda aňzak gyş. Öýüň ortarasynda ýanyp duran ojar odunyň ýylysy ýok ýaly, bolanja howrunam tüýnük sorup ýatyr. Keýmir “Howa sowuk, galyňrak ýorgan ýapynaly, ýogsa bütin gijäni çigildem köwläp geçmeli edýäň, süňňüm ýylaman geçdi” diýýär. Şaperiniňem gyzgyny daşyna depýär “Boglup ýatjak däl, buýasyň ýok, ýukajyk ýorganam ýeter”. Indi bularyň haýsynyň aýdýany mamla, haýsynyňky rast däl? Şer arap edenoklar muny, ikisinňkem özüçe dogry. Düşüniş-dä, düşünişip bilýän bolsaň! Arz diňleýän adalatly kazy bolsaň, şu ýagdaýda haýsysynyň aýdýanyna tarap ýaplanmaly? Kimi bijebaşy etmeli? Käte tä daňdana deňiç bir-birege igelerini sürtüşip geçýärler. Bir düşekçäniň üstünde oňuşmadyklar onsoň, heý, öýüň içinde oňşarmy? Irden örensoňlar, ýene bir şerbaşy bahana tapylýar. Herhal, edeplilik edip, bu igeşiklerini öýüň daşyna çykarmajak bolup çytraşýarlar. Görer göze daşarda ikisem allanäme. Näme etseler, öýüň içinde edýärler. Ýöne öýüň içindäki syhalyp-çalynýan gyjagyň daşynda gowy eşidilýän wagtam bardyr öz-ä... Är-aýalyň düşekçäniň üstüne sygmadyk gaýy öýüň içine sygarmy? Diňe bümi? Keýmir ýassy namazyndan soň ýatmaga howlugýar, Şaperi welin şondan soň ony onda, muny munda edip, öýüň içinde ýüz iş tapýar, wagty bilen ýerine geçmän, hysyrdyklap geçäýýär. Keýmir irden ir oýangyç, ertir namazyna deňiç ýuwnup-ardynyp, daşarda gezmeläp, gapydaky mallaryň öňüne ot taşlap gelýär. Onuň tersine Şaperini oýarmak görgi, “Namazyňdan gijä galýaň” diýip, iki-üç gezek aýdaňsoň, zordan turýar. Keýmir öýde köne eşiklerini geýýär: --Şeýtsem dynç alýan, täze eşikde ýadaýan. Meniň köne eşiklerim “Şu eýämizden, heý, dynma ýokmuka?” diýse-diýýändir, men welin olardan köne dostlarym ýaly aýrylyşyp bilemok. Şaperi welin mydama gelnaljy gitjek ýaly täze eşik geýinmäni-bezenmäni gowy görýär. “Aý, bir söz, ýarym söz eýele-beýle bolup biler-ä, kimde ýok? Elbet-de şu gowgalaryň-hasratlaryň içinden geçmelidirin-dä. Ýogsa-da hemme taraplaýyn bir-birine şaplaşyp, laýyk gelýän adam barmy? Hany, nirde gördüň? Teniňe düşen ýara-da dyrmalasaň, ulalýar, gepden gep ýasamaýyn, gep belanyň üstünden elter” diýip, Keýmir başda biperwaýlyk edip, bu ýagdaýa kän bir üns bermezlige çalyşdy. Indi-hä rahatlanandyr-da diýip, Keýmir birsalymdan hiç zat bolmadyk ýaly ýylgyryp, gelnine ýene habar gatdy, emma Şaperi aňsat-aňsat köşeşmeýän eken, aýdýarmyňam diýmedi, ýagşydan-ýamandan jogabam bermedi, şol öýkeliligi. Onuň bir gyzansoň, aňsat köşeşmezlik häsiýetem-kitüwçilligem bar oguşýa, nätjek-dä, bile ýaşaşaýyn diýseň, bilip-öwrenip goýaýmaly. “Sen şonda pylan-pismidan diýip, ýüregimi agyrdanyň bardyr, içimden çykýan däldir” diýip, atasöýünden çuwalgyzlykdan yzyna gaýdyp gelensoňam, hamala diýersiň, ary köýen ýaly ahmyrly ýatlady. Keýmiri ýene bir köseýän-örteýän tarapam – Şaperi aşa atasöýçül. Bäbeklikdäki sallançak bagyny eline alyp gaýdan kibi. Zygyr-zygyr. Ýadamany-ýaltanmanam bilenok. Öňünden dilleşiklidir-dä, oglan jigisi – olam erjel-ilgezik, mähetdel etmän, ýola ýoldaşlyk gelýär, soňam yzyna alyp gelýär. Bir eşegi gezekleşip münýärler. Tüweleme, şol tarapyň üýşmeleň-çaşmalaňam asyl tükenenok. Biri öýlenýär, biri çykýar, biriniň bäbegi doglupdyr, biriniň sadakasy... Beýleki adaty günlerem bir hepdäni sag-aman geçirip bilse, ikinji hepde “Pylanynjy gün öýmüze gidip, ýatyp geljekdirin” diýip, adamsynyň mazasyny gaçyryp ugraýar. Onuň gitjek-gitjeginden Keýmir halys dagdy boldy, bezikdi. “Ýaňy gidip-geldiň-ä!” diýäýse-de, ine, saňa taýyn gopgun, telpegiňi ters geýdirýär. Özüniň gereksilenýänligini bildirmek üçinem atasöýüne gideninde bir gün artyk ýatyp bilse, Şaperi gelin şonça şat. Hosdarlaram gyzlaryna edýäniň näme diýmeýän borly. Ýogsa şolar “Beýdip, durmuşa çykyp gideňsoň, gelin halyňa at tezegini guratman, iki ýan gatnap ýörme, düşen ýeriň bilen bol, il-gün näme diýer, utanaňokmy?” diýäýjek ýaly-da aslynda. Ýok, gaýta olaram gelip-gitsin diýip, häli-şindi sargyt edişip durlar. Keýmiriňem näme, toýdan-nikadan soň öz gelnine mähri otugdy, kalbyny berdi, öwrenişdi, ysnyşdy, jigeri zol gelni tarapa atygsap-timisgendi durdy, Şaperi her gezek atasöýüne birki günlük ýatymlyk gitse, ýüregi gysdy, ýolunda intizar-zary girýan. Söýgi diýlen zat görgi diýen zat bilen ekiztaýmyka? Öz nikalaşan gelniňe aşyk bolsaňam, yşkyň derdi-azary bar eken. Haçan gelerkä diýip, garaşyp oturdy, gözüni dikip. Şaperi “Çagany ýaşdan, aýaly başdan” diýen sözi üýtgedip, “Äri başdan” diýip öwrenip-okadylyp gelipmi, nämemi? Onuň turuwbaşdan diýeni diýen, aýdanam aýdan, gaňryşyna gaýtmak bolanok. Hökman öz diken gepini gögerdäýmelimiş. Ýogsa bäş aý töweregi çuwalgyz bolup, atasöýinde gezip bildi-le, ýeterlk dälmi nä şol, ganarça, doýarça çak bolandyr-a? Beýle şol taýy diýip, ölüp-öçüp ýatan bolsaň, başga bir bigünäni kösäp, durmuşa çykyp, näme etjek? Oturybermeli-dä, ilde-de garrygyz gyt däl, enesiniň duluny saklap oturan, aý, näme senem biri ekeniň-dä, hamala. Peri-perizat diýilýän diňe aşa owadan kaddy-kamaty, görki-görmegi, gözi-gaşy bilen däl, mähir-muhabbeti, mylaýym adamkärçiligi, ýanýoldaşyna yhlasy bilenem beýleki gözellerden has saýlanýan ajaýyp näzeninlere diýilýär. Adyňa Şaperi dakylmagy heniz ýeterlik däl. Şol ada mynasyp bolşuň, oturşyň-turşuň, mylakatly häsiýetiňem gerek. Keçeňeklik edip, ýanýoldaşyň çepinden baryp, häli-şindi kösäp ýörseň, bir gudrat bilen gollaryňa symrug guşuň ganaty bitip, al-asmana howalanyp, uçaýanyňda-da, saňa perizat, peri-peýker diýmek hebes. Uç, ýöne äriňem uçur, bile uç! Maşgalaňda uçmah döret. Ana, şonda şol owadan ada eýe çykyp bilýäň. Şeýdip bilseň, adyň Şaperi bolmaýanda-da, goňşy-golamlar, tanaýanlar, synlanlar saňa daşyňdan guwanyp, ýüzlerine sylyp, tüýs perizat diýip, baha berer. Edil ajal ýaly, durmuşyň beýleki dertlerem hiç kimiň öýünden-hojalygyndan sowlup geçmeýär. Ol öýüň terbiýesi bilen bu öýüň terbiýesiniň oňuşýan wagtam bar, oňuşmaýan wagtam. Keýmir bilen Şaperiniň häsiýetleri deň gelenok. Keýmir gelni bilen düşünjesiniň, häsiýetiniň o diýen bir deň gelmeýänligini hernäçe “Kellämden çykaraýyn, üns bermäýin, öwrenşilýänçä wagt zerur, çydam edeýin. Onsaňam şol bir zada begenibem bolýar, gynanybam, sen begenilýän tarapyny tapjak bol. Meselem, Şaperiniň bişirýän naharlary ýaly datly tagam dünýäde ýokdur, eli süýji, bal kibi, guwan-a, buýsan-a şoňa! Ýa-da Şaperiniň bu edişi, belki, kereşmedir, onuň müň tümenlik näzlerine çoçalygymy edip, men bibaha garaýan-a däldirin, allajanlarym” diýýär öz-özüne. Oça-buça her kimde-de gabat gelýär, juda ownuk zada kän bir üns bermeli däl, ýöne, hany, ol diýeniň hemişe balaýýarmy? Ömrüňi ömre gatanyňdan soň, bir öýden bile girip, bile-de çykanyňdan soň, maşgalaňa nädip üns bermejeksiň? Keýmir bilmezlige salsa-da, gelni çaknyşjak bolup dur. Maşgalanyň meselesi dünýäniň meselesinden peslär ýaly däl, sebäbi maşgala-da özbaşyna bir dünýä. Onsaň ol bu meselede edil gözedürtme garaňkyda ýaly, haýsy tarapa ýörejegini bilenok. Maşgala-da kiçijik döwlet, onam ýöretmäni başarmaly. Şaperi Keýmiri özüne meňzetjek bolýar, Keýmirem Şaperini. Adam diýeniň welin, arman, aňsat üýtgäýýän närse däl-dä. Aýy-güni-sagady dolup, bularyň bäbekleri doguldy – oglanjyk. Başda eýjejik çagajygyň adyna däp boýunça, Keýmiriň atasynyň adyny dakjakdylar – Penjeli diýip. Hojanepes batyr “Bäşinji ogluňa dakarsyň kakamyň adyny” diýdi. Bäbejik anna güni doguldy, Penjeli diýilse, şoňa-da laýyk geljek, emma gojanyň gepinden çykyp bolýarmy? Bäbejigiň çekgejiginde garaja meňi bolansoň, adyna Annameňli diýdiler. Öňden gelýän ynanja görä, adyna ýanasaň, meň soň ulalyp gitmeýärmiş. Ogly bilen gelniniň arasynda çalak-çulak igeşigiň barlygyny Hojanepes batyra-da ýetiripdiler, onuň bäşinji çagaňyza kakamyň adyny dakarsyňyz diýýänem şondan, köp çagalaň, çaga-da maşgalanyň myhy-çüýi diýdigi. Ejap edip, goja halyna ogludyr-gelniniň aralaryndaky dawalaryna göni goşulyp durmaýar-da, daşrakdan, aýlawlyrak kakdyryp aýtdygy. “Oňuşjak boluň, köpeliň, köl boluň, orda boluň!” diýip, öwüt berdigi, düşünseň. Penjeli pälwan Keýmir medrese okap ýörkä, birden tapdan düşdi, agtygynyň yzyndan habar iberildi, “Ölsem, adym ýerde ýatmasyn diýseňiz, Keýmirden doguljak çaga dakyň” diýip sargyt etdi. Adam dünýede ýaşandyryn öýdýär, ömri welin görlen düýşe meňzedilýär, ahyrda tisginip jan bereňok-da, tisginip düýşüňden açylýaň. Oňa pälwan lakamynyň dakylmagy ýaşlykda toýlarda göreş tutany sebäpli. Obalarynd-a Penjeli diýmän, ýöne Pälwan aga diýilse-de, gürrüňiň kim hakdalygyna hemme kişi düşünýär. Penjeli pälwan eger-eger gürrüňdeşiniň gaňryşyna gaýtmaýan, ýöne ýylgyryp näme diýse, diňläp oturmany gowy görýän adam. Onuň şol gürrüňdeşlik mahalam köp gaýtalaýan sözi dogry. Şol dogry-dogry diýip, tassyklap otyr. Oňa şu häsiýeti üçin Penjeli makul, Penjeli tassyk, Penjeli dogry diýiläýjek ýaly welin, emma Pälwan ady galypdyr. “Dogry-dogry” diýip, tassyklap oturansoň, her kimiň şoňa gürrüň beresi gelýär. “Aý, pälwan aga, ýanyňa iki adam gelip, hersi bir zat diýse-de, ikisinden eşden gürrüňiňe-de dogry diýip, tassyklap dursuň “Seňkem dogry, seňkem dogry” diýip, iki garşylykly pikiriň ikisem dogry bolup bilmez-ä, arasynda dogry däl ýerem bardyr-a” diýseler, “Aý, hawa, inim seniňkem dogry” diýipdir. Penjeli Pälwan ýalançy dünýäni dogry diýip, tassyklap gitdi, göýä-ki bir Hak gaşynda etmişli Pelegiň aklawjysy kibi. Daşyndan görene üç arka – Penjeli pälwan. Hojanepes batyr, Keýmir, bir zadyň üç gezek gaýtalanmasy ýaly, şol bir zat ýaly. Emma Penjeli pälwan ýagşy diý, ýaman diý, hä berip, diňlemäge ökde, aýdanyňy rasdyr diýip, tassyklap otyr, bar piki-oýy, eşden gürrüňlerine garaýşy wlin içinde – pynhan. Kä adamlar öwretseň, gahary gelgiç, Hojanepes batyr welin tersine, öwrenmäge ökde, aýdylýan pikirlerden çuňňur many çykaryp otyr. Ol “Gerek bolsa, çagadanam, dälidenem peýdaly ýerini öwrenibermeli, durmuş – medrese, biziň hemmämizem müritleridiris” diýýär. Keýmir içindäki oý-pikirlerini, garaýyşlaryny, gelen netijelerini daşyna-halka çykarmaga çalyşýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |